Ýyllyk ýygnagynyň hasabaty
Agzybirligiň we ägirt uly taslamalaryň duşuşygy
PENSILWANIÝADAKY Garawul diňi, Mukaddes Ýazgylar we kitapça jemgyýetiniň her ýyl geçirýän duşuşygy tolgundyryjy bolýar. 2011-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda, şenbe güni geçirilen 127-nji ýyllyk duşuşygy-da örän tolgundyryjy boldy! Dünýäniň dürli künjeginden çagyrylan dogan-uýalar Jersi-Sitidäki (ABŞ, Nýu-Jersi ştaty) Ýehowanyň Güwäçileriniň kongres zalynda ýygnanyşdylar.
Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy Gerrit Lýoş 85 ýurtdan gelen dogan-uýalary mähirli garşylady we imandaşlarymyzyň arasyndaky bütindünýä doganlyk agzybirligini belläp geçdi. Bu agzybirlik gowy güwälik bolup, Ýehowany şöhratlandyrýar. Hawa, duşuşykda agzybirlik temasy birnäçe gezek gaýtalanypdy.
MEKSIKADAN GELEN GOWY HABAR
Duşuşygyň birinji bölüminde Ýehowanyň halkynyň agzybirligi barada gürrüň edildi. Baltasar Perla Meksikadan gelen üç sany Beýtel agzasyndan interwýu aldy. Perla dogan olardan Merkezi Amerikadaky alty sany filialyň Meksikadaky filial bilen birleşişi hakynda sorady. Bu özgerişlik sebäpli Meksikanyň Beýtel maşgalasynda dürli medeniýetli we milletli dogan-uýalar köpeldi. Olar eginme-egin işleşip, birek-biregi ruhlandyrdylar. Bu, göräýmäge, döwletler arasyndaky araçägi Ýehowanyň eli bilen aýrylan ýaly boldy.
Şeýle özgerişlikden soňra, her bir ýygnak filial bilen habarlaşyp durar ýaly, howpsuz elektron poçtasy döredildi. Bu aragatnaşyk filiallaryň ýapylan ýerlerindäki dogan-uýalara Ýehowanyň guramasyndan daşlaşmandygyny duýmaga kömek etdi.
ÝAPONIÝADAKY TÄZELIKLER
Ýaponiýadaky filialdan gelen Jeýms Linton atly dogan 2011-nji ýylyň mart aýynda bolan ýer titremäniň we sunaminiň (ägirt suw tolkunlary) dogan-uýalara ýetiren zyýany hakynda gürrüň berdi. Güwäçileriň köpüsi öz dogan-garyndaşlaryndan we emläginden mahrum bolupdy. Ýaponiýanyň başga künjeklerinde ýaşaýan dogan-uýalar heläkçilige uçran imandaşlaryna 3 100-den gowrak jaýlary we müňlerçe ulaglary hödürlediler. Regional gurluşyk komitetlerinde gulluk edýän meýletin gullukçylar dogan-uýalaryň jaýlaryny dikeltmek üçin dyngysyz işlediler. 1 700-den gowrak meýletin gullukçylar bolsa, zerurlygy bolan ýerlere kömek etdiler. 575 sany meýletin gullukçylar Patyşalyk zallarynyň dikeldiş işlerine ýardam berdiler. Bu işe ABŞ-dan gelen dogan-uýalar hem gatnaşdylar.
Ejir çeken dogan-uýalara, esasan-da, ruhy we duýgy taýdan kömek berildi. Şeýle kömege mätäç dogan-uýalara 400-den gowrak ýaşuly kömek etdi. Betbagtçylyga uçran dogan-uýalara göwünlik bermek üçin Bütindünýä baş edaradan iki zonal gözegçisi gelende, Ýolbaşçylyk maslahatynyň imandaşlary barada alada edýändigi aýdyň göründi. Bütin dünýädäki Güwäçileriň beren kömegi we duýgudaşlyk sözleri Ýaponiýadaky dogan-uýalary örän ruhlandyrýardy.
GAZANYLAN ÝEŇIŞLER
Diňleýjiler Britaniýadaky filialdan gelen doganymyz Stiwen Hardiniň ýakynda kazyýetde gazanylan ýeňişleri hakynda beren gürrüňini höwes bilen diňlediler. Meselem, Fransiýanyň hökümeti şol ýurtdaky guramamyzdan salgyt hökmünde 82 million amerikan dollaryny talap etdi. Emma Ýewropanyň adam hukuklary boýunça kazyýeti (ÝEAHBK) Fransiýa hökümetiniň halkara şertnamasynyň, ýagny Ýewropanyň konwensiýasynyň adamlaryň islendik dine uýmaga haklydygyny görkezýän 9-njy maddasyny bozandygyny aýdyp, bu işi biziň peýdamyza çözdi. Kazyýetiň aýtmagyna görä, Fransiýa döwletiniň esasy maksady pul almak däldi. Çykarylan kararda şeýle diýilýär: «Fransiýa hökümeti Guramany din hökmünde kabul etmezlik üçin, olaryň ýerine ýetirýän işlerine garşy çykdy we kemsidiji sözleri aýdyp, guramany ýatyrmak isledi. Şeýdip, ol Ýewropanyň konwensiýasynyň 9-njy maddasyny bozdy».
Şeýle-de ÝEAHBK Ermenistanda ýüze çykan meseläni biziň peýdamyza çözdi. 1965-nji ýyldan bäri ÝEAHBK-nyň aýtmagyna görä, Ýewropanyň konwensiýasy adamy harby gullugyna gitmek borjundan goramaýardy. Emma Ýewropa kazyýetiniň ýokary palatasy Ýewropanyň konwensiýasynyň adamyň dini garaýşy we ynsabyny göz öňünde tutup, harby gullugyna gitmek borjundan boşatmaklyk kararyny girizmelidigini aýtdy. Kazyýetiň gelen kararyny Ermenistan bilen bilelikde Azerbaýjan we Türkiýe döwletleriniň-de kabul etmelidigi aýdyldy.
GURLUŞYK TASLAMALARY
Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy Gaý Pirs zalda oturanlaryň ählisiniň Nýu-Ýork ştatyndaky gurluşyk işleri barada gyzyklanýandyklarygyny belläp geçdi. Ol ýakynda Uolkillde, Pattersonda, Uorwik we Taksido (Nýu-Ýork ştaty) ýer satyn alnandygyny aýtdy we ol ýerlerde edilen hem-de ediljek işler hakynda film görkezdi. Uolkillde 300 otagly ýaşaýyş jaýynyň gurluşyk işleri 2014-nji ýylda tamamlanjakdygy barada aýdyldy.
Uorwikde 100 gektarly ýerde gurluşyk işleri planlaşdyrylýar. Pirs doganymyz şeýle diýdi: «Biz Uorwikde ediljek zatlar babatda Ýehowanyň nähili niýetiniň bardygyny entek bilemizok, ýöne Ýehowanyň Güwäçileriniň bütindünýä baş edarasyny şol ýere geçirmek maksady bilen, biz gurluşyk işlerini dowam edýäris». Gurluşyk işleri üçin gerekli tehnikany we materiallary Uorwikden 10 kilometr demirgazykda 20 gektarly meýdançada ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar. Doganymyz Pirs sözüni şeýle dowam etdi: «Gurluşyga başlamaga rugsat alanymyzdan soň, ähli taslama işlerini dört ýylyň içinde amala aşyrarys diýip umyt edýäris. Şondan soň Bruklindäki emlägimizi satyp bileris».
Doganymyz Pirs sözüni şeýle jemledi: «Bu taslamalar Ýolbaşçylyk maslahatyň uly muşakgaty soňa goýandygyny görkezýärmi? Elbetde, ýok! Eger uly muşakgat biziň goýan maksadymyzy bozsa, örän gowy, juda gowy bolar!».
ARLAÝJY ARSLANDAN HABARDAR BOLUŇ
Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy Stiwen Lett 1 Petrus 5:8-e esaslanyp çykyş etdi. Bu aýatda şeýle diýilýär: «Hüşgär boluň, oýanyň; ýagyňyz bolan iblis arlaýjy arslan kimin aýlanyp, ýuwutjagyny agtaryp ýörendir». Doganymyz Lett Iblis bilen arslanyň arasyndaky umumy meňzeşligiň birnäçesini belläp geçdi.
Şeýtan arslan ýaly güýçli hem-de çalt hereket edýär. Şol sebäpli biz Şeýtan bilen söweşenimizde ýa-da ondan gaçjak bolanymyzda öz güýjümize daýanmaly däl. Bize Ýehowanyň kömegi gerek (Iş. 40:31). Arslan awuny tutmak üçin assyrynlyk bilen hereket edýär. Şeýtan hem oljasyny ruhy garaňkylykdan gözleýär. Şol sebäpli biz ol garaňkylyga düşmez ýaly, örän seresap bolmaly. Arslanyň jereni ýa-da uklap ýatan zebranyň çagasyny zalymlyk bilen awlaýşy ýaly, Şeýtan hem bizi rehimsizlik bilen daraýar we öldürmek isleýär. Arslan gerk-gäbe doýandan soňra, köplenç onuň penjesine düşen haýwany tanar ýaly bolmaýar. Şeýtanyň oljasy bolan mesihçiniň hem «soňky ýagdaýy öňküden-de erbet» bolýar (2 Pet. 2:19). Şol sebäpli biz Şeýtana garşy durup, Mukaddes Ýazgylardan bilen prinsiplerimize görä ýaşamaly (1 Pet. 5:9).
ÝEHOWANYŇ ÖÝÜNDÄKI ORNUŇYZY GYMMAT SAÝYŇ
Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy Semýuel Hýord dokladyny şeýle sözler bilen başlady: «Ýehowanyň öýünde biziň her birimiziň ornumyz bar». Bu «öý» Hudaýyň ruhy ybadathanasyny, ýagny Mesihiň töleg gurbany esasynda sežde etmekligi aňladýar. Ol ýerde bolmak biziň üçin uly hormat. Biz hem Dawut ýaly «ömrümiziň ähli günlerini Rebbiň (Ýehowanyň) öýünde» geçirmek isleýäris (Zeb. 27:4).
Doganymyz Hýord diňleýjileriň ünsüni Zebur 92:12—14-nji aýatlara çekip, olara şeýle sorag berdi: «Ýehowa bize ruhy taýdan ösmäge nädip kömek edýär?» Soňra ol soragyna jogap berip, şeýle diýdi: «Hudaý bizi ruhy jennetde mähri bilen çoýýar, goraýar we hakykat suwundan gandyrýar». Doganymyz Hýord diňleýjilere: «Geliň, bu zatlar üçin Hudaýa minnetdar bolalyň. Ýehowanyň öýünde ornumyzyň bardygyna begeneliň we onda az wagtlaýyn däl-de, ebedilik galalyň» diýip, ruhlandyryjy sözleri aýtdy.
MESIHÇILER HUDAÝYŇ SÖZÜNE HORMAT GOÝÝARLAR
Şeýle-de Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy Deýwid Spleýn mesihçileriň hemişe Hudaýyň Sözüne hormat goýýandygy barada çykyş etdi. I asyrdaky mesihçiler sünnetlenmek meselesini çözmeli bolanda, Mukaddes Ýazgylara bil baglapdylar (Res. iş. 15:16, 17). Emma II asyrda özlerini mesihçi hasaplan käbir adamlar grek filosofiýasynyň tarapyny tutup, öz bilimini Hudaýyň Sözünden ýokary saýdylar. Soňra Mukaddes Ýazgylaryň taglymatlaryna derek, Buthana Atalarynyň we Rim imperatorlarynyň pikirlerini öňe sürüp, ýalan taglymatlary döretdiler.
Doganymyz Spleýn diňleýjileriň ünsüni Isanyň getiren mysalyna çekip, ýer ýüzünde hakykaty gorajak mesh edilen mesihçileriň boljakdygyny belläp geçdi (Mat. 13:24—30). Biz olaryň kimdigini anyk bilemizok. Emma asyrlar boýy Mukaddes Ýazgylara esaslanmadyk taglymatlary we işleri ýazgaran adamlar bolupdyr. Olaryň arasynda ruhany Agobard Lion (IX asyr), Petrus de Brýu, Genrih Lozann we Waldes ýa-da Waldo (XII asyr), Jon Uiklif (XIV asyr), Uilýam Tindal (XVI asyr) hem-de Genri Gru bilen Jorj Storrz (XIX asyr) dagylar bardy. Şu günler hem Ýehowanyň Güwäçileri Mukaddes Ýazgylaryň kadalaryna görä ýaşaýarlar we ony hakykatyň özeni hasaplaýarlar. Şol sebäpli-de Ýolbaşçylyk maslahaty Ýahýa 17:17-ni 2012-nji ýylyň ýyllyk aýady hökmünde saýlady. Bu aýatda şeýle diýilýär: «Seniň sözüň hakykatdyr».
BILIM BERMEKDE WE WAGYZ ETMEKDE AJAÝYP ÖZGERIŞLIKLER
Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy Entoni Morris missionerler we ýörite pionerler üçin edilen özgerişlikleri yglan etdi. 2012-nji ýylyň sentýabr aýyndan başlap, käbir ýurtlarda Mesihçi är-aýallar üçin mekdep geçirilip başlar. Şeýle-de Gilead mekdebi babatda özgerişlikler kabul edildi. 2011-nji ýylyň oktýabr aýyndan başlap, bu mekdebe diňe ýörite doly wagtly gulluga gatnaşýan wagyzçylar, meselem, Gilead mekdebinde okamadyk missionerler, ýörite pionerler, aýlanýan gözegçiler we Beýtel maşgalasynyň agzalary çagyrylýar. Mekdebi tamamlanlar filiallara, aýlanýan gözegçilik gullugyna hem-de köp adamly ýerlerdäki ýygnaklara belleniler. Şeýlelikde, olar Hudaýyň halkynyň ruhy taýdan berkemegine we hoş habary yhlasly wagyz etmegine ýardam ederler.
2012-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Sallah doganlar üçin we Mesihçi är-aýallar üçin mekdebi tamamlanlaryň käbiri wagyzçylaryň ýok ýerinde bir ýyllyk wagtlaýyn ýörite pioner hökmünde belleniljekdigi bildiriş edildi. Emma olaryň gullugy üç ýyla-da çekip biler. Gullugyny üstünlikli ýerine ýetirenler hemişelik ýörite pioner bolup belleniler.
Hawa, 2011-nji ýylda geçirilen ýyllyk ýygnagy şatlykly boldy. Hoş habary has-da üstünlikli wagyz etmek we doganlyk agzybirligini berkitmek üçin edilen özgerişlikleri Ýehowanyň patalamagyna garaşýarys. Goý, bu edilen işler Hudaýa öwgi we şöhrat getirsin!
[18-nji we 19-njy sahypalardaky çarçuwa/suratlar]
HAS ÝAKYNDAN TYNYŞ BOLALYŇ
Duşuşykda Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalarynyň aýallaryndan interwýu alyndy. Bäş sany dul galan uýalar Marina Sidlik, Edit Sýuter, Melita Ýaraç, Melba Berri we Sidni Barber hakykaty nädip bilendiklerini hem-de doly wagtly gullugyna nädip başlandyklary barada gürrüň berdiler. Olaryň her biri ýanýoldaşy barada we olar bilen alan bereketleri hakynda gymmatly ýatlamalaryny paýlaşdylar. Bu täsirli interwýu «Hudaýa wepaly aýallar we uýalar» diýen 86-njy aýdymy bilelikde aýtmak bilen tamamlandy.
[Suratlar]
(Ýokarda) Deniýel we Marina Sidlik; Grant we Edit Sýuter; Teodor we Melita Ýaraç
(Aşakda) Lloýd we Melba Berri; Kerri we Sidni Barber
[16-njy sahypadaky karta]
(Teksti doly görmek üçin edebiýata serediň)
Alty sany filial Meksikadaky filial bilen birleşdirildi
MEKSIKA
GWATEMALA
GONDURAS
SALWADOR
NIKARAGUA
KOSTA-RIKA
PANAMA
[17-nji sahypadaky surat]
Ýehowanyň Güwäçileriniň Uorwikdäki bütindünýä baş edarasynyň eskizi (Nýu-Ýork ştaty)