Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 1 Musa 39
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

1 Musa kitabynyň mazmuny

      • Ýusup Potifaryň öýünde (1—6)

      • Ýusup Potifaryň aýalyna yrylmaýar (7—20)

      • Ýusup zyndanda (21—23)

1 Musa 39:1

Parallel aýatlar

  • +1Ms 17:20; 37:25
  • +Zb 105:17; Res 7:9
  • +1Ms 37:36

1 Musa 39:2

Parallel aýatlar

  • +Rim 8:31; Ýew 13:6

1 Musa 39:4

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: maslahatçysy; ynamdar hyzmatkäri.

1 Musa 39:5

Parallel aýatlar

  • +1Ms 30:27

1 Musa 39:9

Parallel aýatlar

  • +1Ms 2:24; 20:3, 6; Zb 51:sözbaşy; 51:4; Mar 10:7, 8; Ýew 13:4

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi (Ýygnak üçin)»,

    8/2022, sah. 26

    «Ebedi ýaşaň!», sap. 41

    «Garawul diňi»,

    11/2018, sah. 25, 26

    «Garawul diňi»,

    9/2017, sah. 4, 5

    15/2/2013, sah. 4

    15/10/2007, sah. 23, 24

    15/6/2006, sah. 28, 29

1 Musa 39:10

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    15/6/2015, sah. 16

1 Musa 39:12

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Ebedi ýaşaň!», sap. 41

1 Musa 39:20

Parallel aýatlar

  • +Zb 105:17, 18

1 Musa 39:21

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

Parallel aýatlar

  • +1Ms 40:2, 3; Zb 105:19; Res 7:9

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Okuw depderi üçin salgylar», 5/2020, sah. 4

1 Musa 39:22

Parallel aýatlar

  • +1Ms 39:6

1 Musa 39:23

Parallel aýatlar

  • +1Ms 49:22, 25; Res 7:9, 10

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi (Ýygnak üçin)»,

    1/2023, sah. 16

Umumy salgylar

1 Mus. 39:11Ms 17:20; 37:25
1 Mus. 39:1Zb 105:17; Res 7:9
1 Mus. 39:11Ms 37:36
1 Mus. 39:2Rim 8:31; Ýew 13:6
1 Mus. 39:51Ms 30:27
1 Mus. 39:91Ms 2:24; 20:3, 6; Zb 51:sözbaşy; 51:4; Mar 10:7, 8; Ýew 13:4
1 Mus. 39:20Zb 105:17, 18
1 Mus. 39:211Ms 40:2, 3; Zb 105:19; Res 7:9
1 Mus. 39:221Ms 39:6
1 Mus. 39:231Ms 49:22, 25; Res 7:9, 10
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
Mukaddes Kitap
1 Musa 39:1—23

Birinji Musa

39 Ysmaýyllar+ Ýusuby Müsüre eltdiler+. Faraonyň köşk emeldary, garawullaryň baştutany Potifar+ Ýusuby olardan satyn aldy. 2 Ýehowa Ýusuby goldaýardy+. Ýusubyň edeni ugruna bolýardy. Müsürli hojaýyny ony öýüne gözegçi edip goýdy. 3 Hojaýyny hem Ýehowanyň Ýusuby goldaýandygyny, ähli işine Ýehowanyň bereket berýändigini görýärdi.

4 Şeýlelikde, Ýusup hojaýynynyň göwnünden turup, onuň geňeşçisi* boldy. Potifar ony bütin hojalygyna baş edip, ähli zadyny ynandy. 5 Şondan soň Ýehowa Ýusubyň hatyrasyna müsürli Potifaryň rysgal⁠-⁠döwletini artdyrdy. Ýehowa Potifaryň tutuş öýüne we ekin meýdanlaryna bol bereket berdi+. 6 Wagtyň geçmegi bilen, Potifar bütin mal⁠-⁠mülküni Ýusuba tabşyrdy. Indi Potifar iýjek çöreginden başga zada kellesini agyrtmaýardy. Ýusup daýaw hem görmegeý ýigit bolup ýetişdi.

7 Birnäçe wagtdan Potifaryň aýaly Ýusuba göz gyzdyryp: «Meniň bilen ýat» diýip başlady. 8 Ýöne Ýusup yrylmady. Ol Potifaryň aýalyna: «Hojaýynym menden arkaýyn bolansoň, öýündäki zatlar hakda hiç hili hasabat soramaýar. Ol bar zadyny maňa ynandy. 9 Şu öýde menden ygtyýarly adam ýok. Ol senden başga hemme zadyny elime berdi, sebäbi sen hojaýynymyň aýaly. Onsoň, men nädip beýle erbet iş edip, Hudaýa garşy günä edeýin?!»+ diýdi.

10 Potifaryň aýaly Ýusuby her gün yrjak bolýardy. Ýöne Ýusup hiç yrylmaýardy, onuň bilen ikiçäk hem galmaýardy. 11 Günlerde bir gün Ýusup öz işi bilen öýe girdi, şol wagt içerde hyzmatkärleriň hiç biri ýokdy. 12 Şonda hojaýynyň aýaly Ýusuba ýapyşyp, eşiginden tutdy⁠-⁠da: «Meniň bilen ýatsana!» diýdi. Emma Ýusup daşaryk gaçyp gitdi, eşigi bolsa aýalyň elinde galdy. 13 Potifaryň aýaly Ýusubyň eşigini taşlap gaçyp gidenini görende, 14 hyzmatkärleri çagyryp: «Serediň⁠-⁠ä, ärimiň öýe getiren ýewreý guly meni zorlap, ile⁠-⁠güne masgara etjek boldy! Menem sesimiň ýetdiginden gygyrdym. 15 Gygyryp başladym welin, eşigini taşlady⁠-⁠da, gaçyp gitdi» diýdi. 16 Hojaýyny gelýänçä, aýal Ýusubyň eşigini ýanynda saklady.

17 Ol ärine⁠-⁠de: «Seniň ýewreý guluň meni biabraý etjek boldy. 18 Ýöne gygyryp başladym welin, eşigini taşlap, daşaryk gaçyp gitdi» diýdi. 19 Aýaly: «Guluň maňa şeýtdi» diýen badyna, Potifaryň gany depesine urdy. 20 Ol Ýusuby äkidip, zyndana taşlady. Şol zyndanda patyşanyň tussaglary saklanýardy. Şeýdip, Ýusup türmä düşdi+.

21 Ýöne Ýehowa wepaly söýgüsi* bilen Ýusuby zyndanda⁠-⁠da goldaýardy. Hudaýyň kömegi bilen, Ýusup zyndanyň başlygynyň hormatyny gazandy+. 22 Zyndanyň başlygy ähli tussaglary Ýusuba tabşyrdy. Ýusup olaryň işlerine gözegçilik ederdi, hiç kim onuň sözünden çykmazdy+. 23 Zyndanyň başlygy Ýusuba ynanan işlerini barlajak hem bolmaýardy. Sebäbi Ýehowa Ýusuby goldaýardy, haýsy işiň başyna barsa⁠-⁠da, Ýehowa edenini ugruna edýärdi+.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş