Nakyllar
3 Adam akmaklyk edip, dogry ýoldan sowulýar,
Ýüreginde bolsa Ýehowa gaharlanýar.
4 Baýyň dosty köpdür,
Garypdan dosty hem ýüz öwürýär+.
6 Begiň* göwnüni tapmak isleýän köpdür,
Her kes sowgat berýäniň dosty bolýar.
Ol ýalbaranda, hiç kim ýardam bermeýär.
8 Ýagşy niýetli* adam janyny söýýär+,
Özüni parasatly alyp barýan* bereket tapýar+.
9 Ýalançy şaýat jezasyz galmaz,
Her deminde ýalan ýagdyrýan heläk bolar+.
10 Akmaga kaşaň jaýda ýaşamak ýaraşmaz,
Gula hanlaryň üstünden agalyk etmek gelişmez+.
12 Patyşanyň gahary arslanyň arryldysy kimindir+,
Güler ýüzi gök otlara düşen çyg ýalydyr.
14 Jaý we mal-mülk ataňdan galýan mirasdyr,
Paýhasly aýaly Ýehowa berýär+.
15 Ýaltalyk agyr uka giderýär,
Işýakmaz adam aç galýar+.
16 Hudaýyň tabşyrygyny berjaý edýän janyny goraýar+,
Ýollaryna biperwaý garaýan janyndan mahrum bolýar+.
19 Gaharjaň adam jezasyny çekmelidir.
Eger ony bir sapar halas etseň,
Gaýta-gaýta halas etmeli bolarsyň+.
24 Ýalta tabaga uzadan elini agzyna ýetirmäge-de ýaltanýar+.
26 Atasyna sütem edýän, enesini kowýan ogul,
Ile masgara hem gülki bolýar+.
27 Oglum, terbiýä gulak asmasaň,
Bilimiň ýolundan sowlarsyň.