Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Işaýa 8
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

Işaýa kitabynyň mazmuny

      • Assiriýa hüjüm edýär (1—8)

        • Maherşelalhaşbaz (1—4)

      • Hudaý biziň bilendir! Gorkmaň! (9—17)

      • Işaýa we çagalary alamat bolar (18)

      • Jynlara däl⁠-⁠de, kanuna gulak asyň (19—22)

Işaýa 8:1

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: başy ölümli ynsanyň galamy.

  • *

    Olja almaga howlugyň; talamaga okdurylyň diýmegi aňladýan bolmaly.

Parallel aýatlar

  • +Işa 30:8

Işaýa 8:2

Parallel aýatlar

  • +2Pa 16:10

Işaýa 8:3

Çykgytlar

  • *

    Jynsy gatnaşyk göz öňünde tutulýar.

Parallel aýatlar

  • +Işa 8:18

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    15/11/2013, sah. 16, 17

Işaýa 8:4

Parallel aýatlar

  • +2Pa 15:29; 16:8, 9; 17:6; Işa 7:16; 17:1

Işaýa 8:6

Parallel aýatlar

  • +2Pa 17:16; Ýer 17:13
  • +Işa 7:1

Işaýa 8:7

Çykgytlar

  • *

    Ýagny Ýewfrat derýasy.

Parallel aýatlar

  • +2Pa 17:5; 18:9

Işaýa 8:8

Çykgytlar

  • *

    Işa 7:14-e serediň.

Parallel aýatlar

  • +2Tr 28:19, 20; Işa 7:17, 20; 10:28—32
  • +Işa 7:14; Mat 1:23

Işaýa 8:9

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: Biliňizi guşaberiň.

Parallel aýatlar

  • +2Tr 32:21

Işaýa 8:10

Çykgytlar

  • *

    Ýewreýçe «Emanuwel». Işa 7:14; 8:8-e serediň.

Parallel aýatlar

  • +5Ms 20:1; Zb 44:3

Işaýa 8:13

Parallel aýatlar

  • +3Ms 10:3; 22:32
  • +Nes 12:13; Mat 10:28

Işaýa 8:14

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: mukaddes mekan.

Parallel aýatlar

  • +Mat 21:42, 44; Luk 20:17, 18; Rim 9:31—33; 1Kr 1:23; 1Pe 2:7, 8

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby», sah. 146

Işaýa 8:16

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: Resminamany.

Işaýa 8:17

Parallel aýatlar

  • +5Ms 31:16, 17; Mik 3:4
  • +Zb 33:20

Işaýa 8:18

Parallel aýatlar

  • +Ýew 2:13
  • +Işa 7:14, 16; 8:3, 4

Işaýa 8:19

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: Jürküldeşýän.

  • *

    Sözlüge serediň.

Parallel aýatlar

  • +3Ms 20:6; 5Ms 18:10, 11; Zb 146:4; Nes 9:5, 10

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Ebedi ýaşaň!», sap. 29

Işaýa 8:20

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: resminama.

Parallel aýatlar

  • +Nak 4:19

Işaýa 8:21

Parallel aýatlar

  • +5Ms 28:15, 48

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    15/8/2013, sah. 11

Umumy salgylar

Işa. 8:1Işa 30:8
Işa. 8:22Pa 16:10
Işa. 8:3Işa 8:18
Işa. 8:42Pa 15:29; 16:8, 9; 17:6; Işa 7:16; 17:1
Işa. 8:62Pa 17:16; Ýer 17:13
Işa. 8:6Işa 7:1
Işa. 8:72Pa 17:5; 18:9
Işa. 8:82Tr 28:19, 20; Işa 7:17, 20; 10:28—32
Işa. 8:8Işa 7:14; Mat 1:23
Işa. 8:92Tr 32:21
Işa. 8:105Ms 20:1; Zb 44:3
Işa. 8:133Ms 10:3; 22:32
Işa. 8:13Nes 12:13; Mat 10:28
Işa. 8:14Mat 21:42, 44; Luk 20:17, 18; Rim 9:31—33; 1Kr 1:23; 1Pe 2:7, 8
Işa. 8:175Ms 31:16, 17; Mik 3:4
Işa. 8:17Zb 33:20
Işa. 8:18Ýew 2:13
Işa. 8:18Işa 7:14, 16; 8:3, 4
Işa. 8:193Ms 20:6; 5Ms 18:10, 11; Zb 146:4; Nes 9:5, 10
Işa. 8:20Nak 4:19
Işa. 8:215Ms 28:15, 48
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
Mukaddes Kitap
Işaýa 8:1—22

Işaýa

8 Ýehowa maňa şeýle diýdi: «Bir uly tagta+ al-da, ýüzüne galam* bilen Maherşelalhaşbaz* diýip ýaz. 2 Wepaly şaýatlarym Uryýa+ ruhany we Ýeberehýanyň ogly Zekerýa ony ýazmaça tassyklasyn».

3 Soňra men pygamber aýalyma ýanaşdym*. Ol göwreli boldy we aýy-güni dolup, bir ogul dogurdy+. Şonda Ýehowa maňa şeýle diýdi: «Adyna Maherşelalhaşbaz dak. 4 Çagaň „kaka, eje“ diýip dil açmanka, Damasgyň hazynasy we Samariýanyň baýlygy Assiriýa patyşasynyň köşgüne äkidiler»+.

5 Ýehowa sözüni şeýle dowam etdi:

 6 «Halkym Şilowanyň ýuwaş akýan ýabyny ýigrenip+,

Resine we Remalyň ogluna+ guwandylar.

 7 Şonuň üçin Ýehowa olaryň üstüne,

Güýçli we joşup akýan derýanyň* suwlaryny,

Şan-şöhratly Assiriýa patyşasyny iberer+.

Onuň ähli çaý-çeşmeleriniň suwy göterilip,

Hanasyndan dolup daşar.

 8 Patyşa tutuş Ýahudany gark eder,

Sil kimin ähli ýeri basyp, bokurdagyna ýeter+.

Eý Emanuwel*+,

Onuň gerlen ganaty tutuş ýurduňy örter!»

 9 Eý halklar, eliňizden gelen ýamanlygy ediberiň,

Barybir ýok edilersiňiz.

Ýeriň aňry ujundan gelen halk, meni diňläň!

Söweşe taýýarlanyberiň*, barybir ýok edilersiňiz!+

Söweşe taýýarlanyň, emma barybir ýok edilersiňiz!

10 Dildüwşük gurnaň, emma ol başa barmaz,

Maksat-myradyňyzy aýdyň, ýöne ol amala aşmaz!

Sebäbi Hudaý biziň bilendir!*+

11 Ýehowanyň gudratly goly meniň üstümdedi. Ol maňa halkyň yzyna düşme diýip tabşyryk berdi:

12 «Adamlar: „Olar bize garşy dil düwüşdi“ diýse ynanmaň.

Olaryň gorkan zadyndan gorkmaň,

Asla heder etmäň.

13 Siz diňe Serkerdebaşy Ýehowany mukaddes hasaplaň!+

Diňe Alladan gorkuň,

Diňe ondan heder ediň!»+

14 Ol gaçybatalga* bolar.

Emma Ysraýylyň iki öýi üçin,

Büdredýän daş kimin+,

Mynjyradýan gaýa kimin bolar.

Iýerusalimiň ýaşaýjylaryna

Duzak we tor bolar.

15 Olaryň köpüsi büdrär, ýykylar we el-aýagyny döwdürer,

Olar duzaga düşer, tutular.

16 Golýazmany* düýrle,

Şägirtlerimiň öňünde kanuny möhürle!

17 Ýehowa Ýakup öýünden ýüz öwürse-de+, men garaşaryn+, umyt baglaryn.

18 Men Ýehowanyň beren ogullary+ bilen Sion dagynda mesgen tutan Serkerdebaşy Ýehowanyň Ysraýylda goýan alamaty+ hem-de gudraty bolaryn.

19 Eger olar saňa: «Pyşyrdaýan* we samyrdaýan jadygöýlere hem-de bilgiçlere* ýüz tut» diýseler, olara gulak asarmyň? Halk öz Hudaýyna ýüz tutmaly dälmi näme? Diriler hakda ölülerden soralarmy?+ 20 Olar kanuna we golýazma* gulak asmaly dälmi näme?

Olar Allanyň aýdan sözlerini diňlemeseler, daň şapagyna ýüzi düşmez+. 21 Ýurduň ilaty ejir çekip, aç-ýalaňaç, sergezdan bolar+. Olar açlykdan ýaňa gaharlanyp, patyşasyny näletlär we göge seredip Hudaýyna gargar. 22 Olar daş-töweregine seredenlerinde jebir-jepa, tümlük, alaçsyzlyk, görgi, garaňkylyk we tüm-garaňkylyk görerler.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş