Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 5 Musa 21
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

5 Musa kitabynyň mazmuny

      • Näbelli ganhor (1—9)

      • Ýesir alnan gyza öýlenmek (10—14)

      • Nowbaharlyk haky (15—17)

      • Kesir ogul (18—21)

      • Pürsden asylan adam Hudaý üçin ýigrenji (22, 23)

5 Musa 21:1

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: açyk meýdanda.

5 Musa 21:2

Parallel aýatlar

  • +5Ms 16:18

5 Musa 21:3

Çykgytlar

  • *

    Urkaçy mal göz öňünde tutulýar.

5 Musa 21:4

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: döwsünler.

Parallel aýatlar

  • +4Ms 35:33

5 Musa 21:5

Parallel aýatlar

  • +2Ms 28:1
  • +4Ms 6:23—27; 1Tr 23:13
  • +5Ms 17:8, 9

5 Musa 21:6

Parallel aýatlar

  • +Zb 26:6; Mat 27:24

5 Musa 21:8

Parallel aýatlar

  • +2Şm 7:23
  • +Işa 26:21; Ýer 26:15

5 Musa 21:10

Parallel aýatlar

  • +4Ms 31:9; 5Ms 20:13, 14

5 Musa 21:13

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: ýesirlik.

  • *

    Jynsy gatnaşyk göz öňünde tutulýar.

Parallel aýatlar

  • +4Ms 20:29; 5Ms 34:8

5 Musa 21:14

Parallel aýatlar

  • +5Ms 24:1

5 Musa 21:15

Parallel aýatlar

  • +1Ms 29:30, 33

5 Musa 21:17

Parallel aýatlar

  • +1Ms 25:31; 2Tr 21:3

5 Musa 21:18

Parallel aýatlar

  • +2Ms 20:12; 5Ms 27:16; Nak 1:8; Efs 6:1
  • +5Ms 8:5; Nak 13:24; 19:18; 23:13; Ýew 12:9

5 Musa 21:20

Parallel aýatlar

  • +Nak 28:7
  • +Rim 13:13; 1Kr 6:10; Efs 5:18

5 Musa 21:21

Parallel aýatlar

  • +5Ms 13:10, 11

5 Musa 21:22

Parallel aýatlar

  • +4Ms 25:5
  • +Ýuş 10:26; Res 10:39

5 Musa 21:23

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: adamy Hudaý näletländir.

Parallel aýatlar

  • +Ýuş 8:29; Ýah 19:31
  • +Gal 3:13
  • +4Ms 35:34

Umumy salgylar

5 Mus. 21:25Ms 16:18
5 Mus. 21:44Ms 35:33
5 Mus. 21:52Ms 28:1
5 Mus. 21:54Ms 6:23—27; 1Tr 23:13
5 Mus. 21:55Ms 17:8, 9
5 Mus. 21:6Zb 26:6; Mat 27:24
5 Mus. 21:82Şm 7:23
5 Mus. 21:8Işa 26:21; Ýer 26:15
5 Mus. 21:104Ms 31:9; 5Ms 20:13, 14
5 Mus. 21:134Ms 20:29; 5Ms 34:8
5 Mus. 21:145Ms 24:1
5 Mus. 21:151Ms 29:30, 33
5 Mus. 21:171Ms 25:31; 2Tr 21:3
5 Mus. 21:182Ms 20:12; 5Ms 27:16; Nak 1:8; Efs 6:1
5 Mus. 21:185Ms 8:5; Nak 13:24; 19:18; 23:13; Ýew 12:9
5 Mus. 21:20Nak 28:7
5 Mus. 21:20Rim 13:13; 1Kr 6:10; Efs 5:18
5 Mus. 21:215Ms 13:10, 11
5 Mus. 21:224Ms 25:5
5 Mus. 21:22Ýuş 10:26; Res 10:39
5 Mus. 21:23Ýuş 8:29; Ýah 19:31
5 Mus. 21:23Gal 3:13
5 Mus. 21:234Ms 35:34
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
Mukaddes Kitap
5 Musa 21:1—23

Bäşinji Musa

21 Ýehowa Hudaýyňyzyň berjek ýurdunda ýaşaýarkaňyz, bir çola ýerde* jeset tapsaňyz, ýöne kimiň öldürenini bilmeseňiz, 2 ýaşulular bilen kazylar+ jeset tapylan ýerden golaýdaky şäherlere çenli aralygy ölçesinler. 3 Soňra şol ýeriň iň golaýyndaky şäheriň ýaşululary heniz azala goşulmadyk we boýuntyryk salynmadyk göle* getirsinler. 4 Olar göläni akar suwly, sürülmedik we ekin ekilmedik jülgä eltip, boýnuny omursynlar*+.

5 Lewi ruhanylary hem gelsin, sebäbi Ýehowa Hudaýyňyz olary huzurynda hyzmat edip+, Ýehowanyň adyndan halka ak pata bermekleri üçin saýlady+. Olar zorluk-sütem bilen bagly meseläni çözüp bererler+. 6 Soňra jeset tapylan ýeriň golaýyndaky şäheriň ýaşululary jülgede boýny omrulan göläniň üstünde ellerini ýuwup+, 7 şeýle diýsinler: „Bu adam biziň elimizden ölmedi, kimiň öldürenini-de görmedik. 8 Eý Ýehowa, azat eden halkyňy+ günäli hasaplama, ysraýyl halkyňy bigünä gan dökmekde aýyplama“+. Şonda halk dökülen gan üçin günäkärlenmez. 9 Ýehowanyň tabşyryşy ýaly etseňiz, bigünä adamyň ganyndan azat bolarsyňyz.

10 Söweşde Ýehowa Hudaýyňyzyň kömegi bilen duşmany ýeňip, ýesir alsaňyz+, 11 ýesirleriň arasyndan bir owadan gyzy halap, öýlenjek bolsaňyz, 12 gyzy öýüňize getirip bilersiňiz. Ol saçyny syryp, dyrnagyny alsyn, 13 öýünden geýip gaýdan* eşigini çalşyp, sizde ýaşasyn. Ol bir aýlap ene-atasynyň ýasyny tutsun+. Soňra gyza ýanaşyp*, är-aýal bolup bilersiňiz. 14 Emma soňabaka ony halaman başlasaňyz, islän ýerine goýberiň+. Ýöne ol aýaly satmaň ýa-da ýowuz daraşmaň, sebäbi namysyna degdiňiz.

15 Eger adam iki aýal alsa, birini söýüp, beýlekisini känbir halamasa, aýallaryň ikisi-de ogul dogursa, nowbahar ogly halamaýan aýalyndan bolan bolsa+, 16 ol mirasyny bölende, halamaýan aýalyndan bolan oglunyň nowbaharlyk hakyny söýýän aýalynyň ogluna bermesin. 17 Halamaýan aýalyndan bolan oglunyň nowbahardygyny boýun alyp, mal-mülkünden iki esse paý bersin, sebäbi şol ogly ýigitlik çagynyň miwesidir. Nowbaharlyk haky onuňkydyr+.

18 Eger biriniň kesir, özdiýenli, ene-ata gulak asmaýan ogly bar bolsa+, näçe düzetjek bolsalar-da, asla diňlemese+, 19 ene-atasy ogluny şäher derwezesinde oturýan ýaşulularyň ýanyna eltsin. 20 Olar şäher ýaşulularyna: „Oglumyz kesir, özdiýenli, diýenimizi edenok. Onsoňam, açgöz+ hem içegen“+ diýsinler. 21 Soňra şäheriň ilaty oglany daşlap öldürsin. Erbetligi araňyzdan aýryň, tutuş ysraýyl halky muny eşidip gorkar+.

22 Eger biri ölüme mynasyp günä etse, ony öldürip+, pürsden assaňyz+, 23 jesedini gijesi bilen pürsde goýmaň+, şol günüň özünde jaýlaň, sebäbi pürsden asylan adam Hudaý üçin ýigrenjidir*+. Ýehowa Hudaýyňyzyň mülk edip berjek ýurduny haram etmäň+.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş