Ýermeýa
37 Ýehoýakymyň ogly Konyýanyň*+ ýerine Ýoşyýanyň ogly Sadykýar+ höküm sürüp başlady. Sadykýary Wawilon patyşasy Nawuhodonosor* Ýahuda patyşa edip belläpdi+. 2 Emma onuň özi-de, hyzmatkärleri-de, halk-da Ýehowanyň Ýermeýa pygamber arkaly aýdan sözlerine gulak asmady.
3 Sadykýar patyşa Selimýaryň ogly Ýehukaly+ we Maseýa ruhanynyň ogly Sepanýany+ Ýermeýa pygamberiň ýanyna iberip: «Biziň üçin Hudaýymyz Ýehowa doga et» diýip aýtmagy tabşyrdy. 4 Ýermeýa il-günüň arasynda arkaýyn ýaşaýardy. Sebäbi ol heniz tussag edilmändi+. 5 Şol wagt faraonyň goşuny Müsürden çykyp, ýola düşdi+. Iýerusalimi gaban haldeýler muny eşidip, yza çekildiler+. 6 Şonda Ýehowa Ýermeýa pygambere şeýle diýdi: 7 «Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Sizi meniň ýanyma iberen, menden maslahat soran Ýahuda patyşasyna şeýle diýiň: „Size kömege gelýän faraonyň goşuny ýurduna, Müsüre dolanar+. 8 Haldeýler yzyna gelip, şähere garşy söweşer, şäheri eýelär, otlar“+. 9 Ýehowa şeýle diýýär: „Siz: „Haldeýler yzyna gelmezler“ diýip, özüňizi aldamaň. Olar hökman yzyna gelerler. 10 Siz haldeýleriň ähli goşunyny derbi-dagyn etseňiz-de, diňe agyr ýaralanan esgerlerini galdyrsaňyz-da, olar şonda-da çadyrlaryndan çykyp, şäheri otlarlar“»+.
11 Haldeýleriň goşuny faraonyň goşuny sebäpli Iýerusalimden yza çekilende+, 12 Ýermeýa il bilen deň hatarda ýer paýyny almak üçin, Iýerusalimden Benýamin topragyna+ ýola düşdi. 13 Emma ol Benýamin derwezesine ýetende, Hananýanyň agtygy, Selimýaryň ogly Eriýa atly garawullaryň baştutany Ýermeýa pygamberi tutup: «Sen haldeýleriň tarapyna geçjek bolýarsyň» diýdi. 14 Ýermeýa: «Ýalan aýdýarsyň. Men haldeýleriň tarapyna geçjek bolamok» diýdi. Emma Eriýa Ýermeýany diňlemedi, ony tutup hanlaryň ýanyna getirdi. 15 Hanlar gahar-gazaba münüp, Ýermeýany+ ýençdiler we Ýehonatan kätibiň jaýynda gabadylar+. Sebäbi onuň jaýyny zyndan edipdiler. 16 Ýermeýany zyndanyň ýerzeminine taşladylar. Ol ençeme günläp şol ýerde boldy.
17 Sadykýar patyşa onuň ýanyna adam ýollady we köşgüne getirdip, gizlinlikde soraga tutdy+. Patyşa: «Ýehowa bir zat aýtdymy?» diýip sorady. Ýermeýa: «Hawa, aýtdy!» diýip jogap berdi. Ol sözüni dowam edip: «Sen Wawilon patyşasynyň eline tabşyrylarsyň!»+ diýdi.
18 Soňra Ýermeýa Sadykýar patyşa şeýle diýdi: «Meni zyndana salar ýaly, saňa, hyzmatkärleriňe we halka garşy näme günä edipdirin? 19 „Wawilon patyşasy ýurduň üstüne çozmaz“ diýen pygamberleriň hany?+ 20 Patyşahym, haýyş edýärin, meni diňle! Ýalbarýaryn, haýyşymy ýerine ýetir. Meni Ýehonatan kätibiň öýüne indi iberme+, ýogsam ol ýerde ölerin»+. 21 Sadykýar patyşa Ýermeýany Garawulhananyň howlusynda+ saklamagy buýurdy. Şäherde çörek gutarýança+, her gün çörekçileriň köçesinden bir çörek getirip bermegi tabşyrdy+. Şeýlelikde, Ýermeýa Garawulhananyň howlusynda galdy.