Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Hyzkyl 32
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

Hyzkyl kitabynyň mazmuny

      • Faraon we Müsür üçin agy (1—16)

      • Müsür sünnetsizler bilen jaýlanar (17—32)

Hyzkyl 32:1

Çykgytlar

  • *

    Ýehoýakyn patyşanyň, Hyzkylyň we ýehudylaryň sürgündäki 12-nji ýyly göz öňünde tutulýar.

Hyzkyl 32:2

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: agy aýdymyny.

Parallel aýatlar

  • +Işa 51:9, 10; Hyz 29:3

Hyzkyl 32:4

Parallel aýatlar

  • +Hyz 29:5

Hyzkyl 32:5

Parallel aýatlar

  • +Hyz 31:12

Hyzkyl 32:7

Parallel aýatlar

  • +Işa 13:1, 10

Hyzkyl 32:9

Parallel aýatlar

  • +Hyz 29:12; 30:26

Hyzkyl 32:11

Parallel aýatlar

  • +Ýer 43:10, 11; 46:25, 26; Hyz 30:24

Hyzkyl 32:12

Parallel aýatlar

  • +Hyz 30:10, 11; Hab 1:6
  • +Hyz 29:19

Hyzkyl 32:13

Parallel aýatlar

  • +Hyz 30:12
  • +Hyz 29:8, 11

Hyzkyl 32:15

Parallel aýatlar

  • +Zb 107:33, 34; Hyz 29:12
  • +Hyz 30:26

Hyzkyl 32:17

Çykgytlar

  • *

    12-nji aý göz öňünde tutulýan bolmaly.

Hyzkyl 32:20

Parallel aýatlar

  • +Hyz 29:8

Hyzkyl 32:21

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

Hyzkyl 32:22

Parallel aýatlar

  • +Işa 37:36; Zek 10:11

Hyzkyl 32:24

Parallel aýatlar

  • +1Ms 10:22; Ýer 49:34, 35

Hyzkyl 32:25

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: mazarlarynyň.

Hyzkyl 32:26

Parallel aýatlar

  • +1Ms 10:2; Hyz 38:2

Hyzkyl 32:27

Çykgytlar

  • *

    Harby hormat bildirilip, gylyjy bilen jaýlanan esgerler göz öňünde tutulýan bolmaly.

Hyzkyl 32:29

Parallel aýatlar

  • +1Ms 25:30; Işa 34:5; Hyz 25:12, 13; Ams 1:11; Abd 1; Mel 1:4
  • +Ýer 9:25, 26

Hyzkyl 32:30

Parallel aýatlar

  • +1Ms 10:15; Hyz 28:21

Hyzkyl 32:31

Parallel aýatlar

  • +Hyz 31:16

Umumy salgylar

Hyz. 32:2Işa 51:9, 10; Hyz 29:3
Hyz. 32:4Hyz 29:5
Hyz. 32:5Hyz 31:12
Hyz. 32:7Işa 13:1, 10
Hyz. 32:9Hyz 29:12; 30:26
Hyz. 32:11Ýer 43:10, 11; 46:25, 26; Hyz 30:24
Hyz. 32:12Hyz 30:10, 11; Hab 1:6
Hyz. 32:12Hyz 29:19
Hyz. 32:13Hyz 30:12
Hyz. 32:13Hyz 29:8, 11
Hyz. 32:15Zb 107:33, 34; Hyz 29:12
Hyz. 32:15Hyz 30:26
Hyz. 32:20Hyz 29:8
Hyz. 32:22Işa 37:36; Zek 10:11
Hyz. 32:241Ms 10:22; Ýer 49:34, 35
Hyz. 32:261Ms 10:2; Hyz 38:2
Hyz. 32:291Ms 25:30; Işa 34:5; Hyz 25:12, 13; Ams 1:11; Abd 1; Mel 1:4
Hyz. 32:29Ýer 9:25, 26
Hyz. 32:301Ms 10:15; Hyz 28:21
Hyz. 32:31Hyz 31:16
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
  • 29
  • 30
  • 31
  • 32
Mukaddes Kitap
Hyzkyl 32:1—32

Hyzkyl

32 Ýehowa 12-nji ýylda*, 12-nji aýyň birine meniň bilen ýene-de gepleşdi: 2 «Ynsan ogly, Müsür faraony hakda agy* aýt we oňa şeýle diý:

„Sen milletleriň arasynda güýçli arslan kimindiň,

Emma indi ýok edildiň.

Sen deňiz läheňi kimin+ derýalarda urunýardyň,

Aýagyň bilen suwlary bulap, derýalary hapalaýardyň“.

 3 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär:

„Seni toruma düşürmek üçin köp milletleri ýygnaryn,

Olar seni toruma salarlar.

 4 Men seni gury ýere çykaryp,

Ýaýylyp ýatan çöle taşlaryn.

Ähli asman guşlaryny üstüňe gonduraryn,

Ýeriň ähli wagşy haýwanlaryna şam ederin+.

 5 Jesediňi daglara taşlaryn,

Dereleri läşiňden dolduraryn+.

 6 Düzler, daglar we depeler ganyňa gark bolar,

Seniň ganyň çeşme-çaýlary doldurar“.

 7 „Seni ýok edenimde,

Asmanyň ýüzi tutular, ýyldyzlar söner.

Günüň ýüzüni gara bulutlar örter,

Aý nuruny saçmaz+.

 8 Sen sebäpli asmanyň şamçyraglaryny tümlük gaplap alar,

Tutuş ýurdy garaňkylyk örter“.

Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar.

 9 „Seni tanamaýan ýurduňa, ýat ýurtlara sürgün edenimde+,

Köp halklaryň kalby gam-gussadan dolar.

10 Köp milletler gorkudan ýaňa aňk bolarlar,

Gylyjymy gynyndan çykaranymda,

Olaryň patyşalary sandyrar.

Seniň ýykylan günüň,

Olaryň her biri şirin jany üçin gorkudan ýaňa titreşerler“.

11 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär:

„Wawilon patyşasy gylyjy bilen üstüňe geler+.

12 Zalym milletleriň güýçli esgerleri,

Goşunyňy gylyçdan geçirer+.

Olar Müsüriň buýsanjyny gara guma gararlar,

Ähli goşunyny kül-peýekun ederler+.

13 Men akar suwlaryň başynda mal-garasyny gyraryn+,

Mundan beýläk ynsanyň aýagy,

Haýwanyň toýnagy suwlaryny bulamaz+.

14 Şonda olaryň derýasyny arassalaryn,

Olaryň derýalary ýag ýaly akar“.

Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar.

15 „Müsüri çöle öwrerin, bar zadyny ýalmap ýuwudaryn+,

Ähli ilatyny gyraryn.

Şonda olar meniň Ýehowadygymy bilerler+.

16 Halklar şu agy aýdymyny hökman aýdar.

Milletleriň gelin-gyzlary dilinden düşürmez.

Olar Müsür we onuň goşuny üçin agy aýdymyny aýdarlar“.

Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar».

17 Ýehowa 12-nji ýylda, aýyň* 15-ne meniň bilen ýene-de gepleşdi: 18 «Ynsan ogly, Müsür goşuny üçin zaryn-zaryn agla. Onuň we güýçli halklaryň çukura injekler bilen bile ýere siňip gitjegini jar et.

19 „Eý Müsür, hemmelerden owadandyryn öýdýärsiňmi? Mazara inip, sünnetsizleriň arasynda ýat“.

20 „Olar gylyçdan geçirilenleriň arasynda ýatarlar+, özi-de gylyçdan geçiriler, goşuny bilen ýok ediler.

21 Güýçli esgerler mazaryň* içinden faraon we onuň kömekçileri bilen gepleşerler. Olar hem mazara iner we gylyçdan geçirilen sünnetsizleriň arasynda ýatarlar. 22 Assiriýa hem öz goşuny bilen şol ýerdedir. Onuň töweregi esgerleriniň mazarlaryndan doludyr. Olaryň ählisi gylyçdan geçirildi+. 23 Onuň mazarlary çukuryň düýbündedir. Wepat bolan esgerleri mazarynyň töwereginde jaýlanandyr. Olaryň ählisi gylyçdan geçirildi, sebäbi ýagty jahanda ýaşaýanlary gorkuda saklapdylar.

24 Elam+ hem şol ýerdedir. Onuň goşuny hem gylyçdan geçirilip, mazarynyň töwereginde jaýlandy. Sünnetsizler gara topraga siňip gitdiler, sebäbi olar ýagty jahanda ýaşaýanlary gorkuda saklapdylar. Indi olar çukura injekler bilen bile masgara bolarlar. 25 Oňa jesetleriň arasynda düşek saldylar; onuň mazarynyň* töwereginde goşuny hem jaýlanypdy. Sünnetsizler ýagty jahanda ýaşaýanlary gorkuda saklandyklary üçin gylyçdan geçirildi. Indi olar çukura injekler bilen bile masgara bolarlar. Elam hem jesetleriň arasyna taşlanar.

26 Meşeh we Tubal+ goşunlary bilen şol ýerdedir. Olaryň mazarlary patyşasynyň töweregindedir. Sünnetsizler ýagty jahanda ýaşaýanlary gorkuda saklandyklary üçin gylyçdan geçirildi. 27 Olar hem wepat bolan sünnetsiz ýigitleriň ýanyna, ýaraglary bilen mazara inen esgerleriň arasyna inmezlermi? Ýagty jahanda ýaşaýanlary gorkuda saklandyklary üçin, olaryň gylyçlary başynyň aşagynda goýlar*, günäleriniň jezasyny süňkleri çeker. 28 Emma sen sünnetsizler bilen ýok edilersiň, gylyçdan geçirilenleriň arasynda ýatarsyň.

29 Edom+ hem şol ýerdedir. Onuň patyşalary we baştutanlary güýçli bolsa-da, gylyçdan geçirilenleriň arasyndadyr. Olar hem sünnetsizler+ we çukura injekler bilen bile ýatarlar.

30 Demirgazygyň han-begleri hem sidonlylar+ bilen şol ýerdedir. Güýç-kuwwaty bilen halklary gorkuda saklan sidonlylar hem masgara bolup jesetler bilen bile mazara indiler. Olar gylyçdan geçirilen sünnetsizleriň arasynda ýatarlar; olar çukura injekler bilen bile masgara bolarlar.

31 Faraon olaryň ählisini görüp, goşunynyň başyna injek betbagtçylyklara şükür eder+. Faraon goşuny bilen gylyçdan geçiriler — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar.

32 Sebäbi ol ýagty jahanda ýaşaýanlary gorkuda saklady. Faraon goşuny bilen gylyçdan geçirilen sünnetsizleriň arasynda ýatar“. Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar».

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş