Birinji Musa
25 Ybraýym ýene-de öýlendi, aýalynyň ady Keturady. 2 Wagtyň geçmegi bilen, olaryň Zimran, Ýogşan, Medan, Midýan+, Yşbak we Şuwas+ diýen ogullary boldy.
3 Ýogşanyň Şeba bilen Dedan atly ogly boldy.
Dedanyň ogullary: Aşurim, Letuşim we Legumim*.
4 Midýanyň ogullary: Eýpah, Eper, Hanoh, Abydag we Eldah.
Olaryň hemmesi Keturanyň agtyklarydy.
5 Ybraýym bütin mal-mülküni Yshaga berdi+. 6 Ol gyrnaklaryndan bolan ogullaryna-da paý* berip, heniz dirikä, olary Yshakdan uzaga+, gündogar ýurtlara iberdi. 7 Ybraýym 175 ýaşady. 8 Ol uzak ömür sürüp, durmuşyndan razy bolup, dünýäden ötdi. Ony ata-babalary ýaly jaýladylar. 9 Ogullary Yshak bilen Ysmaýyl Ybraýymy Mamräniň garşysyndaky Mahpela gowagynda jaýladylar. Şol gowak het halkyndan Zoharyň ogly Epronyň melleginde ýerleşýärdi+. 10 Ybraýym şol mellegi het halkyndan satyn alypdy. Şeýdip, ony aýaly Bibisaranyň ýanynda jaýladylar+. 11 Ybraýym aradan çykansoň, Hudaý onuň ogly Yshaga bol bereket berdi+. Yshak Beýer-lahaýroýyň+ golaýynda ýaşaýardy.
12 Bibisaranyň gyrnagy müsürli Hajar+ Ybraýyma Ysmaýyly+ dogrup beripdi. Ysmaýylyň ömri şeýledir.
13 Ysmaýylyň ogullary bolup, olardan birnäçe tire döredi. Uly oglunyň ady Nebaýotdy+, beýlekileri Kedar+, Adbeýel, Mibsam+, 14 Mişma, Duma, Massa, 15 Hadat, Teýma, Ýetur, Nepes we Kedeman. 16 Ysmaýylyň ogullarynyň ýaşan obalaryna-da, düşelgelerine-de olaryň ady dakyldy. Olar 12 tirebaşydy+. 17 Ysmaýyl 137 ýaşap, dünýäden ötdi, ony ata-babalary ýaly jaýladylar. 18 Onuň nesliniň ýaşan ýerleri Hawyladan+ tä Assiriýa çenli uzalýardy. Hawyla Müsüriň golaýyndaky Şura+ ýakyn ýerleşýärdi. Olar dogan-garyndaşlarynyň ýanynda ýaşadylar*+.
19 Ybraýymyň ogly Yshagyň ömri şeýledir+.
Ybraýymyň Yshak atly ogly boldy. 20 Yshak 40 ýaşyndaka, Paddan-aramdan siriýaly* Betuweliň gyzy+, Labanyň uýasy Rebeka öýlendi. 21 Yshak aýaly üçin Ýehowa dileg edýärdi, sebäbi Rebekanyň çagasy bolanokdy. Ýehowa Yshagyň dilegini eşitdi. Rebeka göwreli boldy. 22 Ýöne göwresindäki çagalar bir-birini itekläp başlady+. Şonda Rebeka: «Beýdip jebir çekenimden, ölenim gowudyr!» diýdi. Rebeka munuň sebäbini biljek bolup, Ýehowa doga etdi. 23 Ýehowa bolsa: «Göwräňde ekiz ogul bar+, olardan iki halk dörär+. Biri beýlekisinden güýçli bolar+, ogullaryň ulusy kiçisine hyzmat eder»+ diýdi.
24 Rebekanyň aýy-güni dolup, dogurmaly wagty geldi. Görseler, göwresinde ekiz çaga bar. 25 Birinji doglan çaga çym gyzyldy, possun geýen ýaly tüýlekdi+. Şonuň üçin oňa Ysaw*+ diýip at goýdular. 26 Soňra onuň ökjesinden ýapyşyp+, ekiz taýy doguldy. Şol sebäpli onuň adyna Ýakup*+ dakdylar. Olar doglanda, Yshak 60 ýaşyndady.
27 Oglanlar ösüp ulalýardy. Ysaw ökde awçy bolup ýetişdi+, ol köp wagtyny sährada geçirerdi. Ýakup bolsa ýuwaş* hem öýdeçidi+. 28 Yshak Ysawy has gowy görýärdi, sebäbi ol kakasyna aw awlap getirýärdi. Rebeka bolsa Ýakuby gowy görýärdi+. 29 Bir gün Ýakup çorba bişirip otyrka, Ysaw ýadap awdan geldi. 30 Ysaw: «Çaltrak şol gyzyl çorbaňdan guýup bersene, aç öldüm!» diýdi. Şonuň üçin oňa Edom*+ diýerdiler. 31 Şonda Ýakup: «Ilki maňa nowbaharlyk hakyňy sat!»+ diýdi. 32 Ysaw bolsa: «Açlygymdan ölüp barýarkam, nowbaharlyk hakyndan ne peýda?!» diýdi. 33 Ýakubam: «Onda ant iç!» diýdi. Ysaw ant içip, nowbaharlyk hakyny Ýakuba satdy+. 34 Şonda Ýakup oňa çörek bilen merjimek çorbasyny berdi. Ysaw garnyny doýrup, turup gitdi. Ol nowbaharlyk hakynyň gadyryny bilmedi*.