Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 1 Musa 25
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

1 Musa kitabynyň mazmuny

      • Ybraýym ýene öýlenýär (1—6)

      • Ybraýym aradan çykýar (7—11)

      • Ysmaýylyň ogullary (12—18)

      • Ýakup bilen Ysaw dogulýar (19—26)

      • Ysaw nowbaharlyk hakyny satýar (27—34)

1 Musa 25:1

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Okuw depderi üçin salgylar», 1/2023, sah. 2, 3

1 Musa 25:2

Parallel aýatlar

  • +1Ms 37:28; 2Ms 2:15; 4Ms 31:2; Ser 6:2
  • +1Tr 1:32, 33

1 Musa 25:3

Çykgytlar

  • *

    Şu atlaryň ýewreýçe ýazylyşy tireleri ýa halklary hem aňladyp biler.

1 Musa 25:5

Parallel aýatlar

  • +1Ms 24:36

1 Musa 25:6

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: sowgatlar.

Parallel aýatlar

  • +1Ms 21:14

1 Musa 25:8

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    2/2016, sah. 12

1 Musa 25:9

Parallel aýatlar

  • +1Ms 23:8, 9; 49:29, 30

1 Musa 25:10

Parallel aýatlar

  • +1Ms 23:2, 19

1 Musa 25:11

Parallel aýatlar

  • +1Ms 17:19; 26:12—14
  • +1Ms 16:14

1 Musa 25:12

Parallel aýatlar

  • +Gal 4:24
  • +1Ms 16:10, 11

1 Musa 25:13

Parallel aýatlar

  • +1Ms 36:2, 3; Işa 60:7
  • +Zb 120:5; Ýer 49:28; Hyz 27:21
  • +1Tr 1:29—31

1 Musa 25:16

Parallel aýatlar

  • +1Ms 17:20

1 Musa 25:18

Çykgytlar

  • *

    Başga manysy: Olar dogan-garyndaşlaryna duşman bolup ýaşadylar.

Parallel aýatlar

  • +1Şm 15:7
  • +1Ms 16:7, 8
  • +1Ms 16:11, 12

1 Musa 25:19

Parallel aýatlar

  • +1Ms 22:2; Mat 1:1, 2

1 Musa 25:20

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: arameý.

Parallel aýatlar

  • +1Ms 22:23

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Mukaddes Kitap», sah. 1867

1 Musa 25:22

Parallel aýatlar

  • +Rim 9:10

1 Musa 25:23

Parallel aýatlar

  • +Zb 139:15
  • +1Ms 36:31; 4Ms 20:14
  • +1Ms 27:29, 30; 5Ms 2:4
  • +2Şm 8:14; Mel 1:2, 3; Rim 9:10—13

1 Musa 25:25

Çykgytlar

  • *

    Manysy: Tüýlek.

Parallel aýatlar

  • +1Ms 27:11
  • +1Ms 27:32; 36:9; Mel 1:3

1 Musa 25:26

Çykgytlar

  • *

    Manysy: Ökjä ýapyşýan; biriniň ýerini alýan.

Parallel aýatlar

  • +Hoş 12:3
  • +1Ms 27:36

1 Musa 25:27

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: aýypsyz; dogruçyl.

Parallel aýatlar

  • +1Ms 27:3, 5
  • +Ýew 11:9

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    15/5/2013, sah. 27

1 Musa 25:28

Parallel aýatlar

  • +1Ms 27:6, 7, 46

1 Musa 25:30

Çykgytlar

  • *

    Manysy: Gyzyl.

Parallel aýatlar

  • +1Ms 36:1

1 Musa 25:31

Parallel aýatlar

  • +5Ms 21:16, 17

1 Musa 25:33

Parallel aýatlar

  • +Ýew 12:16

1 Musa 25:34

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: äsgermezlik etdi.

Umumy salgylar

1 Mus. 25:21Ms 37:28; 2Ms 2:15; 4Ms 31:2; Ser 6:2
1 Mus. 25:21Tr 1:32, 33
1 Mus. 25:51Ms 24:36
1 Mus. 25:61Ms 21:14
1 Mus. 25:91Ms 23:8, 9; 49:29, 30
1 Mus. 25:101Ms 23:2, 19
1 Mus. 25:111Ms 17:19; 26:12—14
1 Mus. 25:111Ms 16:14
1 Mus. 25:12Gal 4:24
1 Mus. 25:121Ms 16:10, 11
1 Mus. 25:131Ms 36:2, 3; Işa 60:7
1 Mus. 25:13Zb 120:5; Ýer 49:28; Hyz 27:21
1 Mus. 25:131Tr 1:29—31
1 Mus. 25:161Ms 17:20
1 Mus. 25:181Şm 15:7
1 Mus. 25:181Ms 16:7, 8
1 Mus. 25:181Ms 16:11, 12
1 Mus. 25:191Ms 22:2; Mat 1:1, 2
1 Mus. 25:201Ms 22:23
1 Mus. 25:22Rim 9:10
1 Mus. 25:23Zb 139:15
1 Mus. 25:231Ms 36:31; 4Ms 20:14
1 Mus. 25:231Ms 27:29, 30; 5Ms 2:4
1 Mus. 25:232Şm 8:14; Mel 1:2, 3; Rim 9:10—13
1 Mus. 25:251Ms 27:11
1 Mus. 25:251Ms 27:32; 36:9; Mel 1:3
1 Mus. 25:26Hoş 12:3
1 Mus. 25:261Ms 27:36
1 Mus. 25:271Ms 27:3, 5
1 Mus. 25:27Ýew 11:9
1 Mus. 25:281Ms 27:6, 7, 46
1 Mus. 25:301Ms 36:1
1 Mus. 25:315Ms 21:16, 17
1 Mus. 25:33Ýew 12:16
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
  • 29
  • 30
  • 31
  • 32
  • 33
  • 34
Mukaddes Kitap
1 Musa 25:1—34

Birinji Musa

25 Ybraýym ýene⁠-⁠de öýlendi, aýalynyň ady Keturady. 2 Wagtyň geçmegi bilen, olaryň Zimran, Ýogşan, Medan, Midýan+, Yşbak we Şuwas+ diýen ogullary boldy.

3 Ýogşanyň Şeba bilen Dedan atly ogly boldy.

Dedanyň ogullary: Aşurim, Letuşim we Legumim*.

4 Midýanyň ogullary: Eýpah, Eper, Hanoh, Abydag we Eldah.

Olaryň hemmesi Keturanyň agtyklarydy.

5 Ybraýym bütin mal⁠-⁠mülküni Yshaga berdi+. 6 Ol gyrnaklaryndan bolan ogullaryna⁠-⁠da paý* berip, heniz dirikä, olary Yshakdan uzaga+, gündogar ýurtlara iberdi. 7 Ybraýym 175 ýaşady. 8 Ol uzak ömür sürüp, durmuşyndan razy bolup, dünýäden ötdi. Ony ata⁠-⁠babalary ýaly jaýladylar. 9 Ogullary Yshak bilen Ysmaýyl Ybraýymy Mamräniň garşysyndaky Mahpela gowagynda jaýladylar. Şol gowak het halkyndan Zoharyň ogly Epronyň melleginde ýerleşýärdi+. 10 Ybraýym şol mellegi het halkyndan satyn alypdy. Şeýdip, ony aýaly Bibisaranyň ýanynda jaýladylar+. 11 Ybraýym aradan çykansoň, Hudaý onuň ogly Yshaga bol bereket berdi+. Yshak Beýer⁠-⁠lahaýroýyň+ golaýynda ýaşaýardy.

12 Bibisaranyň gyrnagy müsürli Hajar+ Ybraýyma Ysmaýyly+ dogrup beripdi. Ysmaýylyň ömri şeýledir.

13 Ysmaýylyň ogullary bolup, olardan birnäçe tire döredi. Uly oglunyň ady Nebaýotdy+, beýlekileri Kedar+, Adbeýel, Mibsam+, 14 Mişma, Duma, Massa, 15 Hadat, Teýma, Ýetur, Nepes we Kedeman. 16 Ysmaýylyň ogullarynyň ýaşan obalaryna⁠-⁠da, düşelgelerine⁠-⁠de olaryň ady dakyldy. Olar 12 tirebaşydy+. 17 Ysmaýyl 137 ýaşap, dünýäden ötdi, ony ata⁠-⁠babalary ýaly jaýladylar. 18 Onuň nesliniň ýaşan ýerleri Hawyladan+ tä Assiriýa çenli uzalýardy. Hawyla Müsüriň golaýyndaky Şura+ ýakyn ýerleşýärdi. Olar dogan⁠-⁠garyndaşlarynyň ýanynda ýaşadylar*+.

19 Ybraýymyň ogly Yshagyň ömri şeýledir+.

Ybraýymyň Yshak atly ogly boldy. 20 Yshak 40 ýaşyndaka, Paddan⁠-⁠aramdan siriýaly* Betuweliň gyzy+, Labanyň uýasy Rebeka öýlendi. 21 Yshak aýaly üçin Ýehowa dileg edýärdi, sebäbi Rebekanyň çagasy bolanokdy. Ýehowa Yshagyň dilegini eşitdi. Rebeka göwreli boldy. 22 Ýöne göwresindäki çagalar bir⁠-⁠birini itekläp başlady+. Şonda Rebeka: «Beýdip jebir çekenimden, ölenim gowudyr!» diýdi. Rebeka munuň sebäbini biljek bolup, Ýehowa doga etdi. 23 Ýehowa bolsa: «Göwräňde ekiz ogul bar+, olardan iki halk dörär+. Biri beýlekisinden güýçli bolar+, ogullaryň ulusy kiçisine hyzmat eder»+ diýdi.

24 Rebekanyň aýy⁠-⁠güni dolup, dogurmaly wagty geldi. Görseler, göwresinde ekiz çaga bar. 25 Birinji doglan çaga çym gyzyldy, possun geýen ýaly tüýlekdi+. Şonuň üçin oňa Ysaw*+ diýip at goýdular. 26 Soňra onuň ökjesinden ýapyşyp+, ekiz taýy doguldy. Şol sebäpli onuň adyna Ýakup*+ dakdylar. Olar doglanda, Yshak 60 ýaşyndady.

27 Oglanlar ösüp ulalýardy. Ysaw ökde awçy bolup ýetişdi+, ol köp wagtyny sährada geçirerdi. Ýakup bolsa ýuwaş* hem öýdeçidi+. 28 Yshak Ysawy has gowy görýärdi, sebäbi ol kakasyna aw awlap getirýärdi. Rebeka bolsa Ýakuby gowy görýärdi+. 29 Bir gün Ýakup çorba bişirip otyrka, Ysaw ýadap awdan geldi. 30 Ysaw: «Çaltrak şol gyzyl çorbaňdan guýup bersene, aç öldüm!» diýdi. Şonuň üçin oňa Edom*+ diýerdiler. 31 Şonda Ýakup: «Ilki maňa nowbaharlyk hakyňy sat!»+ diýdi. 32 Ysaw bolsa: «Açlygymdan ölüp barýarkam, nowbaharlyk hakyndan ne peýda?!» diýdi. 33 Ýakubam: «Onda ant iç!» diýdi. Ysaw ant içip, nowbaharlyk hakyny Ýakuba satdy+. 34 Şonda Ýakup oňa çörek bilen merjimek çorbasyny berdi. Ysaw garnyny doýrup, turup gitdi. Ol nowbaharlyk hakynyň gadyryny bilmedi*.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş