Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 1 Musa 48
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

1 Musa kitabynyň mazmuny

      • Ýakup Ýusubyň iki ogluna ak pata berýär (1—12)

      • Efraýyma köp ak pata berilýär (13—22)

1 Musa 48:1

Parallel aýatlar

  • +1Ms 41:50; Ýuş 14:4

1 Musa 48:3

Parallel aýatlar

  • +1Ms 28:13, 19; Hoş 12:4

1 Musa 48:4

Parallel aýatlar

  • +1Ms 35:10, 11
  • +1Ms 28:13, 14

1 Musa 48:5

Parallel aýatlar

  • +Ýuş 14:4; 1Tr 5:1
  • +1Ms 35:23

1 Musa 48:6

Parallel aýatlar

  • +Ýuş 13:29; 16:5

1 Musa 48:7

Parallel aýatlar

  • +1Ms 35:19
  • +Mik 5:2
  • +1Şm 17:12; Mat 2:6

1 Musa 48:9

Parallel aýatlar

  • +1Ms 41:50
  • +Ýew 11:21

1 Musa 48:11

Parallel aýatlar

  • +1Ms 37:34, 35; 42:36; 46:30

1 Musa 48:12

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: dyzyndan.

1 Musa 48:13

Parallel aýatlar

  • +1Ms 41:52
  • +1Ms 41:51

1 Musa 48:14

Parallel aýatlar

  • +1Ms 41:51; 46:20

1 Musa 48:15

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: maňa çopançylyk eden.

Parallel aýatlar

  • +1Tr 5:2
  • +1Ms 17:1; 24:40
  • +1Ms 28:13; Zb 23:1

1 Musa 48:16

Parallel aýatlar

  • +1Ms 28:15; 31:11; Zb 34:7
  • +1Ms 32:26
  • +2Ms 1:7; 4Ms 26:34, 37

1 Musa 48:18

Parallel aýatlar

  • +1Ms 41:51

1 Musa 48:19

Parallel aýatlar

  • +4Ms 2:18—21
  • +4Ms 1:32, 33

1 Musa 48:20

Parallel aýatlar

  • +Ýew 11:21

1 Musa 48:21

Parallel aýatlar

  • +1Ms 50:24
  • +1Ms 15:14; 26:3; 5Ms 31:8

Umumy salgylar

1 Mus. 48:11Ms 41:50; Ýuş 14:4
1 Mus. 48:31Ms 28:13, 19; Hoş 12:4
1 Mus. 48:41Ms 35:10, 11
1 Mus. 48:41Ms 28:13, 14
1 Mus. 48:5Ýuş 14:4; 1Tr 5:1
1 Mus. 48:51Ms 35:23
1 Mus. 48:6Ýuş 13:29; 16:5
1 Mus. 48:71Ms 35:19
1 Mus. 48:7Mik 5:2
1 Mus. 48:71Şm 17:12; Mat 2:6
1 Mus. 48:91Ms 41:50
1 Mus. 48:9Ýew 11:21
1 Mus. 48:111Ms 37:34, 35; 42:36; 46:30
1 Mus. 48:131Ms 41:52
1 Mus. 48:131Ms 41:51
1 Mus. 48:141Ms 41:51; 46:20
1 Mus. 48:151Tr 5:2
1 Mus. 48:151Ms 17:1; 24:40
1 Mus. 48:151Ms 28:13; Zb 23:1
1 Mus. 48:161Ms 28:15; 31:11; Zb 34:7
1 Mus. 48:161Ms 32:26
1 Mus. 48:162Ms 1:7; 4Ms 26:34, 37
1 Mus. 48:181Ms 41:51
1 Mus. 48:194Ms 2:18—21
1 Mus. 48:194Ms 1:32, 33
1 Mus. 48:20Ýew 11:21
1 Mus. 48:211Ms 50:24
1 Mus. 48:211Ms 15:14; 26:3; 5Ms 31:8
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
Mukaddes Kitap
1 Musa 48:1—22

Birinji Musa

48 Biraz wagtdan Ýusuba: «Kakaň ýagdaýy agyrlaşdy» diýip habar berdiler. Şonda ol ogullary Manaşa bilen Efraýymy alyp, kakasynyň ýanyna gitdi+. 2 Ýakup ogly Ýusubyň gelenini eşidip, bar güýjüni jemledi⁠-⁠de, düşeginde dikelip oturdy. 3 Ýakup Ýusuba:

«Gudratygüýçli Hudaý Kengan ýurdundaky Luzda maňa görnüp, ak pata berdi+. 4 Ol maňa: „Seni ogul⁠-⁠gyzly edip, nesliňi köpelderin, senden uly millet dörederin+, şu topragy nesliňe ebedilik mülk edip bererin“ diýipdi+. 5 Müsüre gelmänkäm doglan iki ogluň meniň ogullarym bolar+. Ruben we Şimgon ýaly, Efraýym bilen Manaşa hem öz ogullarymdyr+. 6 Indiki doguljak çagalaryň özüňki bolar. Olar agalary bilen deň hatarda miras paýyny alar+. 7 Paddandan gelýärkäm, ýolda Kengan topragynda ejeň pahyr aradan çykypdy+. Efrata+ çenli ep⁠-⁠esli aralyk bolansoň, ony Efratyň, ýagny Beýtullahamyň+ ýolunda jaýladym» diýdi.

8 Ysraýyl Ýusubyň ogullaryny görüp: «Bular kim?» diýip sorady. 9 Ýusup: «Meniň ogullarym, kaka. Hudaý olary maňa şu ýurtda berdi»+ diýip jogap berdi. Şonda Ysraýyl: «Hany, golaýragyma getir, olara ak pata bereýin»+ diýdi. 10 Garrylykdan ýaňa Ysraýylyň gözi kütelipdi, hiç zat saýgarmaýardy. Ýusup ogullaryny kakasynyň ýanyna eltdi. Ol hem agtyklaryny gujaklap ogşady. 11 Ysraýyl Ýusuba: «Balam, seni gaýdyp görmerin öýdüpdim+. Ýöne seret, Hudaý maňa ogullaryňy⁠-⁠da görkezdi» diýdi. 12 Ýusup ogullaryny Ysraýylyň ýanyndan* gyra çekip, ýüzüni ýere berip, tagzym etdi.

13 Soňra iki ogluny⁠-⁠da kakasy Ysraýylyň ýanyna eltip, Efraýymy+ çep tarapynda, Manaşany+ sag tarapynda duruzdy. 14 Emma Ysraýyl sag elini Efraýymyň başyna, çep elini bolsa Manaşanyň başyna goýdy. Ol Manaşanyň ulusydygyny we Efraýymyň kiçisidigini bilse⁠-⁠de, şeýle etdi+. 15 Ysraýyl Ýusuba ak pata berip+:

«Atam Ybraýymyň, kakam Yshagyň sygynan hak Hudaýy+,

Şu wagta çenli meni goldap gelen* hak Hudaý+,

16 Perişdesini iberip, ähli bela⁠-⁠beterlerden dyndyran Alla+,

Goý, ogullaryňa ak pata bersin+.

Ogullaryň ady meniň we atalarym Ybraýymyň,

Yshagyň ady bilen tutulsyn.

Köpelip, çar tarapa ýaýrasynlar»+ diýdi.

17 Ýusup kakasynyň sag elini Efraýymyň başyna goýanyny halamady. Ol kakasynyň sag elini Efraýymyň başyndan aýryp, Manaşanyňka goýjak boldy. 18 Ýusup: «Kaka, uly oglum bärde+, sag eliňi muňa goý» diýdi. 19 Emma Ysraýyl: «Bilýärin, oglum, bilýärin. Ol ogluňdan hem halk dörär, ol beýik halk bolar. Ýöne inisinden has beýik halk dörär+, nesliniň sany⁠-⁠sajagy bolmaz»+ diýdi. 20 Ysraýyl olara ýene⁠-⁠de ak pata berip+, şeýle diýdi:

«Adyňyz dilden düşmesin,

Goý, Ysraýyl ogullary ak pata berende:

„Hudaý seni Efraýym bilen Manaşa ýaly etsin!“ diýsin».

Şeýdip, ol Efraýymy Manaşadan öňe geçirdi.

21 Soňra Ysraýyl Ýusuba: «Oglum, men⁠-⁠ä indi demimi sanap ýatyryn+. Ýöne Hudaý elmydama ýanyňyzda bolar, sizi ýene⁠-⁠de ata⁠-⁠babalaryňyzyň ýurduna elter+. 22 Saňa beýleki ogullarymdan artyk mülk berýärin. Ony gylyjym hem ýaýym bilen amorlardan basyp aldym» diýdi.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş