1 Patyşalar
8 Süleýman+ ysraýyl ýaşulularyny, taýpa baştutanlaryny we tirebaşylaryny ýygnady+. Olar Ýehowanyň äht sandygyny Dawudyň şäheri+ Siondan+ alyp gaýtmak üçin Süleýman patyşanyň ýanyna, Iýerusalime geldiler. 2 Bütin ysraýyl halky ýedinji aý, ýagny etanym* aýynda Çatma baýramyny bellemek+ üçin Süleýman patyşanyň huzuryna ýygnandy. 3 Ysraýylyň ähli ýaşululary gelende, ruhanylar äht sandygyny göterdiler+. 4 Ruhanylar bilen lewiler Ýehowanyň äht sandygyny, ýygnak çadyryny*+ we çadyryň içindäki mukaddes gap-gaçlary alyp gaýtdylar. 5 Süleýman patyşa we tutuş ysraýyl jemagaty äht sandygynyň öňünde durdy. Olar birgiden goýunlary we öküzleri gurbanlyk berdiler+.
6 Soňra ruhanylar Ýehowanyň äht sandygyny ybadathananyň içki otagyna, ýagny iň mukaddes otaga eltip, öz ýerinde+, keruplaryň+ ganatlarynyň aşagynda goýdular.
7 Keruplaryň ganatlary äht sandygynyň üstüne ýaýylyp, sandyga we taýaklaryna kölege salýardy+. 8 Taýaklar+ uzyn bolansoň, olaryň ujy içki otagyň öňündäki mukaddes otagdanam görnüp durdy, ýöne daşardan görünmeýärdi. Olar henizem şeýle dur. 9 Äht sandygynyň içinde Kanun ýazylgy iki daşdan+ başga zat ýokdy. Musa Horepde şol iki daşy sandyga salypdy+. Ysraýyllar Müsür ýurdundan çykyp gelýärkä+, Ýehowa olar bilen äht baglaşypdy+.
10 Ruhanylar mukaddes ýerden çykanda, Ýehowanyň öýüniň içini bulut+ gurşady+. 11 Bulutdan ýaňa ruhanylar hyzmatyny ýerine ýetirip bilmediler, sebäbi Ýehowanyň öýi Ýehowanyň şöhratyndan+ dolupdy. 12 Şonda Süleýman: «Ýehowa, sen tüm-garaňkylykda+ ýaşajakdygyňy aýdypdyň. 13 Men saňa baky mekanyň boljak+ şöhratly öý gurdum» diýdi.
14 Patyşa yzyna öwrülip, tutuş ysraýyl jemagatyna ak pata berdi. Şol wagt ysraýyllar aýak üstünde durdy+. 15 Süleýman şeýle diýdi: «Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şöhrat bolsun! Ol kakam Dawuda beren wadasyny berjaý etdi*. 16 Hudaý: „Ysraýyl halkymy Müsürden çykaran günümden bäri adymy beýgeltjek öý+ gurmak üçin ysraýyl taýpalarynyň hiç bir şäherini saýlamadym. Emma Dawudy ysraýyl halkyma baştutan edip saýladym“ diýipdi. 17 Kakam Dawudam Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň adyny göterýän öý gurmak isleýärdi+. 18 Emma Ýehowa: „Sen meniň adyma öý gurmak isleýäň, gowy niýetiň bar. 19 Ýöne öýi sen gurmarsyň. Adymy göterjek öýi seniň ogluň* gurar“+ diýdi. 20 Ýehowa beren sözünde durdy, men kakam Dawudyň mirasdüşeri boldum, Ýehowanyň wada berişi ýaly, Ysraýyl tagtyna geçdim. Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň adyna öýem gurdum+. 21 Äht sandygyny hem getirip goýdum. Sandygyň içinde Ýehowanyň ata-babalarymyzy Müsür ýurdundan çykaranda baglaşan ähti+ bar».
22 Süleýman Ýehowanyň gurbanlyk ojagynyň* hem-de tutuş ysraýyl jemagatynyň öňünde durup, elini göge galdyrdy-da+, 23 şeýle diýdi: «Eý Ysraýyl Hudaýy Ýehowa, ýerde-gökde seniň deý Hudaý ýokdur!+ Sen özüňe bütin ýürekden gulluk edýän bendeleriňe ýagşylyk edip*+, ähtiňi berjaý edýäň+. 24 Kakam Dawuda beren sözüňde-de durduň, wadaňy berjaý etdiň*+. 25 Eý Ysraýyl Hudaýy Ýehowa, indi guluň Dawuda: „Ogullaryň ünsli bolup, maňa sen ýaly wepaly gulluk etseler, Ysraýyl tagtynda hemişe seniň nesliň oturar“+ diýen wadaňy berjaý et. 26 Ysraýyl Hudaýy, haýyş edýärin, kakam Dawuda beren sözüňi ýerine ýetir.
27 Heý-de, Hudaý ýer ýüzünde ýaşarmy?+ Sen göklere, hatda ägirt uly asmana-da sygaňok ahyryn+. Meniň guran öýüm nädip sygdyrsyn?!+ 28 Eý Ýehowa Hudaýym, doga-dilegimi eşidip, menden razy bol, dady-perýadyma gulak asyp, haýyşymy bitir. 29 Goý, gözleriň gije-gündiz şu öýe seredip dursun, öýüňe bakyp doga edýän guluň dilegini eşit+. Sen: „Şu öý adymy göterer“+ diýipdiň. 30 Guluň dogasyny eşidip, razy bol. Ysraýyl halkyň öýüňe seredip dileg etse, olara jogap ber. Gökdäki mekanyňdan+ eşidip, olaryň günäsini geç+.
31 Bir adamy başga birine garşy günä etmekde aýyplap, ant içirseler, ol hem gargyşa galyp*, seniň öýüňdäki gurbanlyk ojagynyň öňüne gelse+, 32 gökden eşit-de, gullaryň işine seredip, adyl höküm çykar. Päliýaman adamyň günäsini paş edip, etmişine görä almytyny ber, bigünäni bolsa aklap, dogruçyllygy üçin sylagla+.
33 Ysraýyl halkyň saňa garşy günä edeni üçin duşmandan ýeňilse+, soňam saňa ýüz tutup, adyňy şöhratlandyrsa+, senden rehim-şepagat diläp, öýüňde ýalbaryp doga etse+, 34 olary gökden eşit-de, halkyň günäsini geç, ata-babalaryna beren ýurduňa gaýtaryp getir+.
35 Olar saňa garşy günä edeni+ üçin gök ýapylyp, ýagmyr ýagmadyk mahaly+, öýüňe seredip doga etseler, adyňy şöhratlandyrsalar, beren temmiňi kabul edip*, günälerine toba etseler+, 36 olary gökden eşit-de, gullaryň, ysraýyl halkyň günäsini geç. Olara öwüt-nesihat berip+, dogry ýola sal, ýöremeli ýoluny görkez, mülk edip beren ýurduňa ýagmyr ýagdyr+.
37 Eger ýurda açlyk düşse+ ýa mergi keseli dörese, howurly ýel öwüsse, ekinler heň bilen çüýrese+, çekirtge ýagyp, bar zady ýalmap ýuwutsa, ýa-da bir şähere duşman çozsa, nähili bela-beter, nähili kesel bolsa-da+, 38 bir adam ýa-da tutuş ysraýyl halky öýüňe tarap elini uzadyp, senden rehim-şepagat dilese+ (her kimiň öz ýürek derdi bardyr)+, 39 gökdäki mekanyňdan eşit-de+, olaryň günäsini geçip+, kömek et. Her kese eden işine görä hakyny ber+, sebäbi sen adamyň ýüregini görýäň, hawa, adamyň ýüregini diňe sen bilýäň+. 40 Goý, halk ata-babalarymyza beren ýurduňda bütin ömrüne saňa çuňňur hormat goýsun*.
41 Başga milletli adam uzak ýerden seniň adyň üçin gelip+, 42 öýüňe seredip doga etse (sebäbi olar hem beýik adyň+, güýç-kuwwatly goluň hakda eşiderler), 43 gökdäki mekanyňdan+ eşidip, başga milletli adamyň ähli haýyşyny bitir. Şonda ysraýyl halkyň ýaly, bütin ýer ýüzüniň halklary adyňy tanap, senden gorkar+ we guran öýümiň seniň adyňy göterýändigini biler.
44 Eger halkyňy duşman bilen söweşmäge iberseň+, olar hem saýlan şäheriňe+ we adyň üçin guran öýüme seredip+, Ýehowa Hudaýyna doga etse+, 45 gökden olaryň doga-dilegini eşidip, razy bol we duşmanlaryny ýeňmäge kömek et.
46 Eger halk saňa garşy günä etse (sebäbi günä etmeýän adam ýok)+, senem gaharlanyp, olary duşmanlaryň eline berseň, duşmanlar olary ýakyn ýa daş ýurda ýesirlige äkitse+, 47 olar hem ýesir düşen ýurdunda akylyna aýlanyp+, saňa ýüz tutsa+, ýesirlikde senden rehim-şepagat diläp+: „Biz günä etdik, dogry ýoldan sowlup, erbetlik etdik“+ diýip ýalbarsalar, 48 duşmanlaryň ýurdunda ýesirlikdekä, bütin ýüregi, bütin jany* bilen saňa dolansalar+, ata-babalaryna beren ýurduňa, saýlan şäheriňe we adyň üçin guran öýüme tarap seredip doga etseler+, 49 gökdäki mekanyňdan+ doga-dileglerini eşidip, olardan razy bol, dadyna ýetiş. 50 Halkyň saňa garşy eden günälerini, etmişlerini bagyşla. Ýesir alan duşmanlaryň olara haýpy geler ýaly, ýüreklerini ýumşat+. 51 Sebäbi olar seniň öz halkyň, mirasyň+. Olary gyzgyn tamdyrdan*, Müsürden çykardyň+. 52 Guluň ýa ysraýyl halkyň senden rehim-şepagat dilän wagty olary ünsli diňläp+, dogalaryna jogap ber+. 53 Älemiň Hökümdary Ýehowa, sen ata-babalarymyzy Müsürden çykardyň. Guluň Musa aýdyşyň ýaly, olary ähli halklaryň arasyndan mirasyň edip saýladyň»+.
54 Süleýman Ýehowanyň gurbanlyk ojagynyň öňünde dyza çöküp, elini göge galdyryp+, Ýehowa doga-dileg edip boldy-da, ýerinden turdy. 55 Soňra duran ýerinde tutuş ysraýyl jemagatyna ak pata berip, batly ses bilen şeýle diýdi: 56 «Ýehowa şöhrat! Ol wada berişi ýaly, ysraýyl halkyna parahatlyk* berdi+. Guly Musa arkaly aýdan gowy wadalarynyň ýekejesi-de ýerine ýetmän galmady+. 57 Goý, Ýehowa Hudaý ata-babalarymyzy goldaýşy ýaly+, bizi hem goldasyn, hiç wagt taşlamasyn, terk etmesin+. 58 Goý, Hudaý ýüregimizde öz ýolundan ýöremäge höwes döretsin+. Şonda ata-babalarymyza beren tabşyryklaryny, kanunlaryny we hökümlerini ýürekden berjaý ederis. 59 Ýehowa Hudaýyma ýalbaryp eden dilegimi Ýehowa hiç haçan unutmasyn*, guluny we ysraýyl halkyny her gün goldasyn. 60 Şonda ýer ýüzüniň ähli halklary Ýehowanyň hak Hudaýdygyny+, ondan başga Hudaýyň ýokdugyny+ biler. 61 Ýehowa Hudaýymyza bütin ýüregiňiz bilen gulluk edip+, kanunlaryny we tabşyryklaryny häzirkiňiz ýaly berjaý ediň».
62 Soňra patyşa we tutuş ysraýyl halky Ýehowanyň huzurynda köp gurbanlyklary berdi+. 63 Süleýman 22 000 öküzi, 120 000 goýny Ýehowa parahatlyk gurbanlygy edip hödürledi+. Süleýman patyşa we ähli ysraýyllar Ýehowanyň öýüniň açylyş dabarasyny geçirdi+. 64 Şol gün patyşa Ýehowanyň öýündäki howlynyň ortasyny mukaddes etdi. Ol ýakma gurbanlyklary, galla sadakalary we parahatlyk gurbanlyklaryň ýagyny howlynyň ortasynda ýakmaly boldy. Sebäbi Ýehowanyň huzuryndaky misden ýasalan gurbanlyk ojagy+ kiçi bolansoň, ýakma gurbanlyklary, galla sadakalary we parahatlyk gurbanlyklaryň ýagy+ sygmady. 65 Süleýman tutuş ysraýyl halky bilen baýram etdi+. Lebo-hamatdan* tä Müsür jülgesine+ çenli aralykda ýaşaýan adamlaryň hemmesi gelipdi. Olar Ýehowa Hudaýyň huzurynda 7 gün, soňra ýene 7 gün, jemi 14 günläp baýram etdiler. 66 Ertesi gün Süleýman halky öýli-öýüne iberdi. Olar Ýehowanyň guly Dawuda we ysraýyl halkyna eden ýagşylyklaryna+ begenip, ýürekden şatlanyp, patyşa alkyş okap, öýlerine gaýtdylar.