Zebur
2 Ysraýyl diýsin:
«Hudaýyň wepaly söýgüsi ebedidir».
3 Harunyň öýi diýsin:
«Hudaýyň wepaly söýgüsi ebedidir».
4 Ýehowadan gorkýanlar diýsin:
«Hudaýyň wepaly söýgüsi ebedidir».
6 Ýehowa meniň tarapymda, men gorkmaryn+.
Ynsan maňa näme edip biler?+
8 Ynsana däl-de,
Ýehowa bil baglaýan adam bagtlydyr+.
9 Hanlara däl-de,
Ýehowa bil baglaýan adam bagtlydyr+.
11 Olar çar tarapdan meni gabady, daşymy gurşady.
Emma Ýehowanyň ady bilen,
Olary yzyna serpikdirdim.
12 Olar ary kimin üstüme çozdy,
Ýandaga düşen ot kimin tiz söndi.
Emma Ýehowanyň ady bilen,
Olary yzyna serpikdirdim+.
13 Meni ýykjak bolup itdiler*,
Emma Ýehowa dadyma ýetişdi.
14 Ýah meniň penam hem güýjümdir,
Ol meniň halasgärimdir+.
15 Dogruçyllaryň çadyryndan,
Şatlyk hem ýeňiş sesi eşidilýär.
Ýehowanyň sag eli gudratly işleri edýär+.
16 Ýehowanyň sag eli ýokary galýar,
Ýehowanyň sag eli gudratly işleri edýär+.
17 Men ölmerin, men ýaşaryn,
Ýahyň işlerini gürrüň bermek üçin ýaşaryn+.
19 Maňa dogrulyk derwezelerini açyň+,
Olardan girip, Ýaha alkyş aýdaýyn.
20 Ine, Ýehowanyň derwezesi,
Ondan dogruçyl adamlar girýär+.
21 Saňa alkyş aýdaryn, sen maňa jogap berdiň+,
Sebäbi halasgärim sensiň.
24 Ol güni Ýehowa belledi,
Şol gün biz şatlanarys, begeneris.
25 Ýehowa, ýalbarýarys, halas et!
Ýehowa, ýalbarýarys, ýeňiş ber!
27 Ýehowa biziň Hudaýymyz,
Bize nur saçýar+.
28 Sen meniň Hudaýym, saňa alkyş aýdaryn,
Ýa Allam, seni şöhratlandyraryn+.