Ikinji Petrus
3 Eziz doganlarym, size ikinji hatymy ýazýaryn. Birinji hatymda ýazyşym ýaly, ýene-de käbir zatlary ýatladyp+, sagdyn pikirlenmäge höweslendirýärin. 2 Mukaddes pygamberleriň aýdan weliliklerini we Halypamyzyň hem Halasgärimiziň resullary arkaly beren tabşyrygyny unutmaň. 3 Ilki bilen şuny biliň: soňky günlerde ýaňsylaýjy adamlar dörär. Olar ýagşy zatlaryň üstünden gülüp, öz islegine görä erbet işleri ederler+. 4 Olar: «Hany, geljek diýip wada beren nirede?+ Ata-babalaryň ýaşan döwründen bäri hiç zat üýtgemedi, dünýä döräli bäri hemme zat öňküligine dur»+ diýerler.
5 Olar asmanyň gadymy döwürden bäri durandygyny, Hudaýyň sözi arkaly suwdan we suwuň ortasyndan ýer gatlagynyň ýokary çykandygyny bilseler-de, oňa üns bermeýärler+. 6 Şeýle-de bütin ýer ýüzüni suw alyp, şol döwrüň adamlaryny ýok edendigini+ unutdylar. 7 Emma häzirki asman we ýer söz arkaly ot üçin, ýagny hudaýsyz adamlaryň höküm gününde ýok edilmeli wagtyna çenli saklanýar+.
8 Eziz doganlarym, şuny unutmaň: Ýehowa* üçin bir gün müň ýyl, müň ýyl hem bir gün ýalydyr+. 9 Käbir adamlar eglenýär diýseler-de, Ýehowa* beren wadasyny ýerine ýetirmäge eglenmeýär+, gaýtam siziň üçin sabyr edýär. Sebäbi ol hemmeleriň toba edip, halas bolmagyny isleýär+. 10 Ýehowanyň* güni+ ogry kimin geler+, şonda asman* güýçli gümmürdi bilen ýyldyrym çaltlygynda ýok ediler+. Asmandaky we ýerdäki zatlar bolsa güýçli gyzgynlykdan ýaňa erär. Ýer ýüzi we onuň işleri paş ediler+.
11 Olaryň ählisi şeýdip ýok ediljek bolsa, onda siz nähili adam bolmaly? Siz mukaddes ýaşaň, ýagşy işleri ediň we Hudaýa wepaly boluň. 12 Ýehowanyň* geljek gününe garaşyň, bar ünsüňizi beriň*+, sebäbi şol gün asman ot bilen ýok ediler+ we ondaky zatlar güýçli gyzgynlykdan ýaňa erär. 13 Biz Hudaýyň wadasyna görä, täze göklere we täze ýere garaşýarys+, olarda adalatlylyk* höküm sürer+.
14 Şeýlelikde, eziz doganlarym, şol wadalara garaşyp, Hudaýyň öňünde päk, ýazyksyz bolup, parahatlygy saklamaga jan ediň+. 15 Onsoňam, Halypamyzyň sabyr-takadyna halas bolmaga mümkinçilik hökmünde garaň. Gadyrly Pawlus dogan hem Hudaýyň akyldarlygy bilen şu hakda ýazypdy+. 16 Pawlus olar hakda ähli hatlarynda agzap geçýär, emma onuň hatlarynyň käbirine düşünmek kyn. Bilimsiz we imany gowşak adamlar bolsa käbir mukaddes kitaplary ýoýuşlary ýaly, şol hatlary-da ýoýýarlar. Şeýle adamlar heläkçilige uçrarlar.
17 Eziz doganlarym, olary bilýändigiňiz üçin zalym adamlaryň nädogry pikirlerine aldanmaň. Olaryň yzyna eýerip, berk duran dogry ýoluňyzdan sowlaýmaň+. 18 Mundan beýläk-de Halypamyz we Halasgärimiz Isa Mesihiň ýagşylygyna eýe bolmaga hem-de ol barada bilimiňizi artdyrmaga çalşyň. Halypamyza häzir we ebedilik şöhrat bolsun! Omyn!