Birinji Taryh
21 Soňra Şeýtan* Ysraýyla garşy aýaga galyp, Dawudy halky sanamaga iterdi+. 2 Dawut Ýowap+ bilen halkyň baştutanlaryna: «Men ilatyň sanyny biljek. Dandan+ Beýer-şeba çenli aýlanyp, ysraýyllary sanaň-da, maňa habar beriň» diýdi. 3 Emma Ýowap: «Goý, Ýehowa halkyny 100 esse köpeltsin! Patyşahym, olar şonsuzam seniň gullaryň. Halky sanamak nämä gerek? Ysraýyl halkyny günä galdyrma» diýdi.
4 Emma patyşa Ýowaby diňlemek hem islemedi. Ýowap gidip, tutuş Ysraýyla aýlanyp çykdy. Ol Iýerusalime gelip+, 5 halkyň sanyny Dawuda habar berdi. Ysraýyllardan söweşe ukyply 1 100 000 esger, ýahudalardan 470 000 esger bardy+. 6 Emma Ýowap Dawut patyşanyň buýrugyny halaman+, lewi we benýamin taýpalaryny ilat ýazuwyndan geçirmedi+.
7 Bolýan zatlar hak Hudaýa-da ýaramady, ol ysraýyl halkyny gyryp başlady. 8 Şonda Dawut hak Hudaýa: «Men agyr günä etdim+. Ýalbarýaryn, günämi geç+, akmaklyk etdim»+ diýdi. 9 Soňra Ýehowa Dawudyň görgüri* Gada+ şeýle diýdi: 10 «Git-de, Dawuda: „Ýehowa şu üç jezadan birini saýla diýýär“ diý». 11 Gad pygamber Dawudyň ýanyna baryp: «Ýehowa şeýle diýýär: „Şu üç jezanyň birini saýla: 12 ýurduňa üç ýyl açlyk düşsünmi?+ Ýa üç aý duşmanlaryňdan ýeňiljekmi?+ Ýa-da Ýehowa gylyjy bilen ýurda üç gün mergi keselini getirip+, Ýehowanyň perişdesi tutuş Ysraýyl ýurduna betbagtçylyk indersinmi?“+ Gowy oýlan-da, meni iberen Biribara näme diýmelidigimi aýt» diýdi. 13 Şonda Dawut: «Wah, agyr derde galdym. Ýöne ynsanyň eline düşenimden+, gowusy, Ýehowanyň eline düşeýin, sebäbi ol örän rehim-şepagatlydyr»+ diýdi.
14 Ýehowa hem ysraýyllary mergi keseline duçar etdi+; 70 000 adam heläk boldy+. 15 Hak Hudaý Iýerusalimiň ilatyny hem gyrmak üçin perişdesini iberdi. Perişde halky gyryp başlanda, Ýehowa betbagtçylyga gynanyp*+, halky gyryp ýören perişdä: «Besdir+, eliňi çek!» diýdi. Şol wagt Ýehowanyň perişdesi ýabuslardan+ Ornanyň harmanynyň+ golaýyna barypdy.
16 Dawut görse, Ýehowanyň perişdesi asman bilen zeminiň aralygynda elindäki gylyjyny+ Iýerusalime tarap uzadyp dur. Dawut bilen ýaşulular şol bada ýüzlerini ýere berdiler+, ählisi jul geýnipdi+. 17 Dawut hak Hudaýa: «Halky sana diýen men dälmi? Günä edenem, erbetlik edenem men+. Görgüli halk* näme etdi? Ýehowa Hudaýym, ýalbarýaryn, olardan eliňi çekip, maňa we atamyň öýüne jeza ber. Halkyň başyna betbagtçylyk inderme»+ diýdi.
18 Soňra Ýehowanyň perişdesi Gad pygamberi+ Dawudyň ýanyna iberdi. Gad pygamber Dawuda ýabuslardan Ornanyň harmanynda Ýehowa üçin gurbanlyk ojagyny* gurmalydygyny aýtdy+. 19 Dawut Ýehowanyň tabşyrygyna gulak asyp, Gad pygamberiň aýdyşy ýaly ýola düşdi. 20 Ornan harmanda bugdaý döwüp ýördi. Ol yzyna öwrülip, perişdäni gördi. Şonda ýanyndaky dört ogly gorkup gizlendi. 21 Ornan Dawudyň gelýänini gören badyna, harmandan ylgap çykdy-da, ýüzüni ýere berip, tagzym etdi. 22 Dawut Ornana: «Harmanyňy maňa sataý, bahasy näçe bolsa töläýin. Halkyň başyndan gyrgynçylyk aýrylar ýaly+, Ýehowa üçin gurbanlyk ojagyny guraýyn» diýdi. 23 Ornan bolsa: «Patyşahym, harmany mugt bereýin, islän zadyňy et. Ine ýakma gurbanlygy üçin öküz, odun üçin harman döwülýän tagta+ bilen galla sadakasy üçin bugdaýam bar. Ählisini saňa bereýin» diýdi.
24 Emma Dawut: «Ýok, men satyn aljak. Seniň zadyňy mugt alyp, Ýehowa berip bilmerin. Mugt düşen zady ýakma gurbanlygy edip berip bilmerin»+ diýdi. 25 Dawut Ornana harman üçin 600 şekel* altyn berdi. 26 Dawut şol harmanda Ýehowa üçin gurbanlyk ojagyny gurup+, ýakma we parahatlyk gurbanlyklary hödürledi. Ol Ýehowa dileg etdi, Hudaý hem gurbanlyk ojagyna gökden ot inderip, jogap berdi+. 27 Ýehowa perişdesine gylyjyny gynyna salmagy buýurdy+. 28 Dawut ýabuslardan Ornanyň harmanynda soň-soňlaram gurbanlyk bererdi, sebäbi Ýehowa şol harmanda dilegine jogap beripdi. 29 Musanyň çölde Ýehowa üçin guran mukaddes çadyry we gurbanlyk ojagy Gibgondaky seždegähde* goýlupdy+. 30 Emma Dawut Hudaýdan maslahat soramak üçin seždegähe barmady, sebäbi ol Ýehowanyň perişdesiniň gylyjyndan juda gorkupdy.