Işaýa
2 Amozyň ogly Işaýanyň Ýahuda we Iýerusalim hakda gören görnüşi*+:
Ýehowanyň öýüniň duran dagy,
Ähli daglardan belentde durar+.
Ol baýyrlardan hem beýik bolar,
Ähli halklar oňa tarap eňerler+.
3 Köp milletler gelip, şeýle diýerler:
«Geliň, Ýehowanyň dagyna çykalyň,
Ýakubyň Hudaýynyň öýüne baralyň+.
Ol bize ýollaryny öwreder,
Biz onuň ýodalaryndan ýöräris»+.
Sebäbi kanun Siondan,
Ýehowanyň sözi Iýerusalimden çykar+.
4 Ol milletleriň arasynda kazylyk eder,
Köp halklaryň dawasyny çözer.
Olar gylyçlaryndan azallar,
Naýzalaryndan oraklar ýasarlar+.
Millet millete garşy gylyç galdyrmaz,
Indi söweşmegi öwrenmezler+.
5 Ýakubyň öýi, geliň!
Ýehowanyň nurunda gezeliň!+
6 Eý Hudaý, sen halkyňdan, Ýakubyň öýünden ýüz öwürdiň+,
Sebäbi olar Gündogaryň däp-dessurlaryna eýerdiler,
Piliştliler ýaly jadygöýlik etdiler+.
Olaryň arasynda ençeme ýat adamlar ýaşadylar.
7 Olaryň ýurdy altyn-kümşe baýdyr,
Çäksiz hazynasy bardyr.
Atlary sansyz-sajaksyzdyr,
Söweş arabalarynyň soňy ýokdur+.
8 Olaryň ýurdy dereksiz butlardan doludyr+.
Halk öz elleriniň işine tagzym edýär,
Barmaklarynyň ýasan zadyna sežde edýär.
9 Şeýdip, adam kiçelýär, mertebesini peseldýär.
Sen olaryň günäsini geçmersiň.
11 Ulumsy adamlar kiçeldiler,
Tekepbirler peseldiler.
Şol gün diňe Ýehowa şöhratlanar.
12 Ol gün Serkerdebaşy Ýehowanyň günüdir+.
Ol gün ähli ulumsylaryň, tekepbirleriň,
Baýlaryň we garyplaryň üstünden iner+.
13 Ol gün Liwanyň beýik we belent kedr agaçlarynyň,
Başanyň ähli dub agaçlarynyň,
14 Beýik daglaryň,
Belent depeleriň,
15 Beýik diňleriň,
Berk galalaryň,
16 Tarşyşyň+ ähli gämileriniň,
Owadan gaýyklarynyň üstünden iner.
17 Ulumsy adamlar kiçeldiler,
Tekepbirler peseldiler.
Şol gün diňe Ýehowa şöhratlanar.
18 Dereksiz taňrylar bütinleý ýok ediler+.
19 Ýehowa aýaga galyp, ýer ýüzüni sarsdyrar.
Onuň güýjünden,
Şan-şöhratyndan gorkup+,
Adamlar gowaga girer,
Çukurlarda gizlener+.
20 Şol gün adamlar dereksiz taňrylaryny,
Sežde etmek üçin ýasan altyn-kümüş butlaryny
Körsyçanlaryň* we ýarganatlaryň öňüne taşlarlar+.
21 Hudaý ýer ýüzüni lerzana getirmek üçin aýaga galanda,
Olar Ýehowanyň güýjünden,
Şan-şöhratyndan gorkup,
Gowaga girerler, gaýalaryň jaýryklarynda gizlenerler.
22 Siziň bähbidiňiz üçin aýdýaryn,
Toprakdan ýaradylan ynsana bil baglamaň,
Sebäbi onuň demi kesilse öler.
Heý-de, oňa bil baglap bolarmy?