Bäşinji Musa
21 Ýehowa Hudaýyňyzyň berjek ýurdunda ýaşaýarkaňyz, bir çola ýerde* jeset tapsaňyz, ýöne kimiň öldürenini bilmeseňiz, 2 ýaşulular bilen kazylar+ jeset tapylan ýerden golaýdaky şäherlere çenli aralygy ölçesinler. 3 Soňra şol ýeriň iň golaýyndaky şäheriň ýaşululary heniz azala goşulmadyk we boýuntyryk salynmadyk göle* getirsinler. 4 Olar göläni akar suwly, sürülmedik we ekin ekilmedik jülgä eltip, boýnuny omursynlar*+.
5 Lewi ruhanylary hem gelsin, sebäbi Ýehowa Hudaýyňyz olary huzurynda hyzmat edip+, Ýehowanyň adyndan halka ak pata bermekleri üçin saýlady+. Olar zorluk-sütem bilen bagly meseläni çözüp bererler+. 6 Soňra jeset tapylan ýeriň golaýyndaky şäheriň ýaşululary jülgede boýny omrulan göläniň üstünde ellerini ýuwup+, 7 şeýle diýsinler: „Bu adam biziň elimizden ölmedi, kimiň öldürenini-de görmedik. 8 Eý Ýehowa, azat eden halkyňy+ günäli hasaplama, ysraýyl halkyňy bigünä gan dökmekde aýyplama“+. Şonda halk dökülen gan üçin günäkärlenmez. 9 Ýehowanyň tabşyryşy ýaly etseňiz, bigünä adamyň ganyndan azat bolarsyňyz.
10 Söweşde Ýehowa Hudaýyňyzyň kömegi bilen duşmany ýeňip, ýesir alsaňyz+, 11 ýesirleriň arasyndan bir owadan gyzy halap, öýlenjek bolsaňyz, 12 gyzy öýüňize getirip bilersiňiz. Ol saçyny syryp, dyrnagyny alsyn, 13 öýünden geýip gaýdan* eşigini çalşyp, sizde ýaşasyn. Ol bir aýlap ene-atasynyň ýasyny tutsun+. Soňra gyza ýanaşyp*, är-aýal bolup bilersiňiz. 14 Emma soňabaka ony halaman başlasaňyz, islän ýerine goýberiň+. Ýöne ol aýaly satmaň ýa-da ýowuz daraşmaň, sebäbi namysyna degdiňiz.
15 Eger adam iki aýal alsa, birini söýüp, beýlekisini känbir halamasa, aýallaryň ikisi-de ogul dogursa, nowbahar ogly halamaýan aýalyndan bolan bolsa+, 16 ol mirasyny bölende, halamaýan aýalyndan bolan oglunyň nowbaharlyk hakyny söýýän aýalynyň ogluna bermesin. 17 Halamaýan aýalyndan bolan oglunyň nowbahardygyny boýun alyp, mal-mülkünden iki esse paý bersin, sebäbi şol ogly ýigitlik çagynyň miwesidir. Nowbaharlyk haky onuňkydyr+.
18 Eger biriniň kesir, özdiýenli, ene-ata gulak asmaýan ogly bar bolsa+, näçe düzetjek bolsalar-da, asla diňlemese+, 19 ene-atasy ogluny şäher derwezesinde oturýan ýaşulularyň ýanyna eltsin. 20 Olar şäher ýaşulularyna: „Oglumyz kesir, özdiýenli, diýenimizi edenok. Onsoňam, açgöz+ hem içegen“+ diýsinler. 21 Soňra şäheriň ilaty oglany daşlap öldürsin. Erbetligi araňyzdan aýryň, tutuş ysraýyl halky muny eşidip gorkar+.
22 Eger biri ölüme mynasyp günä etse, ony öldürip+, pürsden assaňyz+, 23 jesedini gijesi bilen pürsde goýmaň+, şol günüň özünde jaýlaň, sebäbi pürsden asylan adam Hudaý üçin ýigrenjidir*+. Ýehowa Hudaýyňyzyň mülk edip berjek ýurduny haram etmäň+.