Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 1 Musa 37
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

1 Musa kitabynyň mazmuny

      • Ýusubyň düýşleri (1—11)

      • Ýusup we görip doganlary (12—24)

      • Ýusup gul edip satylýar (25—36)

1 Musa 37:1

Parallel aýatlar

  • +1Ms 23:3, 4; 28:1, 4; Ýew 11:8, 9

1 Musa 37:2

Parallel aýatlar

  • +1Ms 30:25; 46:19
  • +1Ms 35:25
  • +1Ms 35:26
  • +1Ms 47:3

1 Musa 37:3

Parallel aýatlar

  • +1Tr 2:1, 2

1 Musa 37:4

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Okuw depderi üçin salgylar»,

    5/2020, sah. 1

1 Musa 37:5

Parallel aýatlar

  • +1Ms 37:19

1 Musa 37:7

Parallel aýatlar

  • +1Ms 42:6, 9

1 Musa 37:8

Parallel aýatlar

  • +1Ms 45:8; 49:26

1 Musa 37:9

Parallel aýatlar

  • +1Ms 44:14; 45:9

1 Musa 37:11

Parallel aýatlar

  • +Res 7:9

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Okuw depderi üçin salgylar»,

    5/2020, sah. 1

1 Musa 37:12

Parallel aýatlar

  • +1Ms 33:18

1 Musa 37:14

Parallel aýatlar

  • +1Ms 23:19; 35:27

1 Musa 37:19

Parallel aýatlar

  • +1Ms 37:5

1 Musa 37:21

Parallel aýatlar

  • +1Ms 49:3
  • +1Ms 9:5; 2Ms 20:13

1 Musa 37:22

Parallel aýatlar

  • +1Ms 4:8, 10; 42:22
  • +1Ms 42:21

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Okuw depderi üçin salgylar», 5/2020, sah. 2

1 Musa 37:23

Parallel aýatlar

  • +1Ms 37:3

1 Musa 37:25

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

Parallel aýatlar

  • +1Ms 25:12
  • +1Ms 43:11

1 Musa 37:26

Parallel aýatlar

  • +1Ms 4:8, 10

1 Musa 37:27

Parallel aýatlar

  • +Res 7:9

1 Musa 37:28

Parallel aýatlar

  • +1Ms 25:1, 2
  • +1Ms 40:15; 45:4; Zb 105:17

1 Musa 37:29

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Okuw depderi üçin salgylar», 5/2020, sah. 2

1 Musa 37:30

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Okuw depderi üçin salgylar», 5/2020, sah. 2

1 Musa 37:32

Parallel aýatlar

  • +1Ms 37:3

1 Musa 37:33

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    15/8/2010, sah. 14, 15

1 Musa 37:34

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    15/8/2010, sah. 14, 15

1 Musa 37:35

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: mazara inýänçäm. Sözlüge serediň: Mazar.

Parallel aýatlar

  • +1Ms 42:38; 44:29; Zb 89:48; Nes 9:10; Hoş 13:14; Res 2:27; Ylh 20:13

1 Musa 37:36

Parallel aýatlar

  • +1Ms 40:2, 3
  • +1Ms 39:1

Umumy salgylar

1 Mus. 37:11Ms 23:3, 4; 28:1, 4; Ýew 11:8, 9
1 Mus. 37:21Ms 30:25; 46:19
1 Mus. 37:21Ms 35:25
1 Mus. 37:21Ms 35:26
1 Mus. 37:21Ms 47:3
1 Mus. 37:31Tr 2:1, 2
1 Mus. 37:51Ms 37:19
1 Mus. 37:71Ms 42:6, 9
1 Mus. 37:81Ms 45:8; 49:26
1 Mus. 37:91Ms 44:14; 45:9
1 Mus. 37:11Res 7:9
1 Mus. 37:121Ms 33:18
1 Mus. 37:141Ms 23:19; 35:27
1 Mus. 37:191Ms 37:5
1 Mus. 37:211Ms 49:3
1 Mus. 37:211Ms 9:5; 2Ms 20:13
1 Mus. 37:221Ms 4:8, 10; 42:22
1 Mus. 37:221Ms 42:21
1 Mus. 37:231Ms 37:3
1 Mus. 37:251Ms 25:12
1 Mus. 37:251Ms 43:11
1 Mus. 37:261Ms 4:8, 10
1 Mus. 37:27Res 7:9
1 Mus. 37:281Ms 25:1, 2
1 Mus. 37:281Ms 40:15; 45:4; Zb 105:17
1 Mus. 37:321Ms 37:3
1 Mus. 37:351Ms 42:38; 44:29; Zb 89:48; Nes 9:10; Hoş 13:14; Res 2:27; Ylh 20:13
1 Mus. 37:361Ms 40:2, 3
1 Mus. 37:361Ms 39:1
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
  • 29
  • 30
  • 31
  • 32
  • 33
  • 34
  • 35
  • 36
Mukaddes Kitap
1 Musa 37:1—36

Birinji Musa

37 Ýakup Kenganda, kakasynyň gelmişek bolup ýaşan ýurdunda ýaşaýardy+.

2 Ýakubyň ömri şeýledir.

Ýusup+ 17 ýaşly oglanka, kakasynyň gyrnaklary Bilhanyň+ we Zilpanyň+ ogullary bilen mal bakýardy+. Bir gün ol doganlarynyň edýän erbet işlerini kakasyna gürrüň berdi. 3 Ysraýyl Ýusuby beýleki ogullaryndan+ has gowy görerdi, sebäbi ol garran çagy doglan ogludy. Kakasy Ýusuba üýtgeşik don hem tikip berdi. 4 Kakalarynyň Ýusuby has gowy görýändigini bilip, doganlary Ýusuby ýigrenýärdiler we gödek gürleşýärdiler.

5 Günlerde bir gün Ýusup doganlaryna gören düýşüni gürrüň berdi+. Şonda olar Ýusuby öňküden⁠-⁠de beter ýigrenip başladylar. 6 Ýusup olara: «Agalarym, size gören düýşümi gürrüň bereýin. 7 Biz meýdanda bugdaý desseläp ýören ekenik. Birdenkä meniň dessäm dikeldi. Siziň desseleriňiz bolsa daşyna aýlanyp, baş egdiler»+ diýdi. 8 Şonda doganlary: «Näme, üstümizden patyşa bolup, agalyk etjek bolýaňmy?»+ diýdiler. Gören düýşi we aýdan zatlary üçin, olar Ýusuby has⁠-⁠da ýigrendiler.

9 Ýusup ýene bir düýş gördi. Ol düýşüni doganlaryna gürrüň berip: «Men ýene düýş gördüm. Bu gezek maňa Gün, Aý hem 11 ýyldyz baş egdi»+ diýdi. 10 Soňra Ýusup düýşüni doganlarynyň ýanynda kakasyna⁠-⁠da gürrüň berdi. Şonda kakasy oňa käýäp: «Düýşüňe nähili düşünmeli? Näme, indi menem, ejeňem, doganlaryňam öňüňde iki bükülip, tagzym etmeli bolarysmy?» diýdi. 11 Şondan soň agalary Ýusuba has⁠-⁠da göriplik edip başladylar+, kakasy bolsa oglunyň aýdanlaryny ýüreginde saklady.

12 Bir gün Ýusubyň agalary Şekemiň+ golaýyna kakalarynyň sürüsini bakmaga gitdiler. 13 Ysraýyl Ýusuba: «Agalaryň Şekemiň golaýynda mal bakyp ýör. Gidip, olardan habar tutup gaýt» diýdi. Ýusup: «Bolýar, kaka» diýdi. 14 Şonda kakasy: «Bar, onda doganlaryň ýagdaýy nähili, mallar nähili, hemme zat gowulykmy, bilip gel» diýip, Ýusuby Hebron jülgesinden+ Şekeme iberdi. 15 Ýusup öri meýdanda iki ýana aýlanyp ýörkä, biri ony görüp: «Inim, kimi gözleýäň?» diýip sorady. 16 Ýusup: «Doganlarymy gözläp ýörün. Sürülerini nirede bakýanlaryny bilýän⁠-⁠ä dälsiň?» diýdi. 17 Ýaňky adam: «Olar bärden gitdiler. „Dotana gideliň“ diýenler⁠-⁠ä gulagyma ildi» diýdi. Şonda Ýusup Dotana gidip, agalaryny tapdy.

18 Doganlary Ýusuby uzakdan gördüler. Ýusup heniz gelmänkä, doganlary ony öldürmek hakda dil düwşüp başladylar. 19 Olar bir⁠-⁠birine: «Serediň, düýşleriň soltany+ gelýär! 20 Geliň, Ýusuby öldürip, jesedini gurruk guýa taşlalyň⁠-⁠da, ýyrtyjy haýwan iýipdir diýeliň. Hany onsoň göreli, ojagaz düýşleri çyn bolarmyka?!» diýişdiler. 21 Muny eşiden Ruben+: «Ýok, öldürmäliň!»+ diýdi. Ol Ýusuby doganlarynyň elinden halas etjek bolýardy. 22 Ruben olara: «Ýusubyň ganyna galmaň+, çölüň içinde şu guýa taşlasaňyz taşlaň, ýöne öldürmäň»+ diýdi. Ol Ýusuby halas edip, kakasyna sag⁠-⁠aman gowşurjak bolýardy.

23 Ýusup agalarynyň ýanyna baran badyna, olar onuň egninden owadan donuny+ sypyryp aldylar. 24 Özüni bolsa tutup, guýa taşladylar. Şol wagt guýy boşdy, içinde suw ýokdy.

25 Soňra olar iýip⁠-⁠içmäge oturdylar. Bir seretseler, Gileaddan ysmaýyllaryň+ kerweni gelýän eken. Düýelere ladan* şiresini, melhem we şireli agaç gabygyny+ ýükläp, Müsüre äkidip barýardylar. 26 Şonda Ýahuda doganlaryna: «Inimizi öldürip, etmişimizi gizlänimiziň näme peýdasy bar?+ 27 Gowusy, Ýusuby ysmaýyllara satalyň+. Ol biziň elimizden bir ölmesin, näme⁠-⁠de bolsa, ganybir doganymyz» diýdi. Olar Ýahudanyň aýdyşy ýaly etdiler. 28 Midýan+ täjirleri golaýa gelende, doganlary Ýusuby guýudan çykaryp, ysmaýyllara 20 şekel kümşe satdylar+. Olaram Ýusuby Müsüre alyp gitdiler.

29 Biraz wagtdan Ruben dolanyp geldi. Ol guýuda Ýusubyň ýokdugyny görende, dady⁠-⁠perýat edip, ýakasyny ýyrtdy. 30 Soňra doganlarynyň ýanyna baryp: «Inimiz ýok! Işim gaýtdy, indi nätsemkäm?!» diýip gygyrdy.

31 Olar bir tekäni soýup, Ýusubyň donuny gana buladylar. 32 Soňra dony kakalaryna iberip: «Şu dony tapdyk welin, gör hany, ogluňky dälmi?»+ diýip habar ýolladylar. 33 Ýakup donuň eýlesine⁠-⁠beýlesine seredişdirip: «Oglumyň dony! Wah, balam wagşy haýwanyň penjesine düşüp, tike⁠-⁠tike bolupdyr!» diýip perýat etdi. 34 Ol ýakasyny ýyrtyp, biline jul orap, ençeme günläp oglunyň ýasyny tutdy. 35 Ogul⁠-⁠gyzlary Ýakuba göwünlik berjek bolýardy, ýöne ol çagalaryny diňlemän: «Indi ölýänçäm*+, oglumyň ýasyny tutaryn!» diýdi. Kakasy Ýusup üçin köp wagtlap hasrat çekdi.

36 Midýanlar bolsa Ýusuby Müsüre eltip, faraonyň köşk emeldary, garawullaryň baştutany+ Potifara+ satdylar.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş