Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 1 Musa 50
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

1 Musa kitabynyň mazmuny

      • Ýusup Ýakuby Kenganda jaýlaýar (1—14)

      • Ýusup doganlaryny bagyşlandygyna ynandyrýar (15—21)

      • Ýusubyň ömrüniň soňky günleri we ölümi (22—26)

        • Ýusup süňklerini äkitmegi tabşyrýar (25)

1 Musa 50:1

Parallel aýatlar

  • +1Ms 46:4

1 Musa 50:2

Çykgytlar

  • *

    Jeset çüýremez ýaly, hoşboý ysly ýaglary çalmagy aňladýar.

Parallel aýatlar

  • +1Ms 50:26

1 Musa 50:4

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: öýündäkilere.

1 Musa 50:5

Parallel aýatlar

  • +1Ms 48:21
  • +1Ms 23:17, 18; 49:29, 30
  • +1Ms 46:4; 47:29
  • +1Ms 47:29—31

1 Musa 50:6

Parallel aýatlar

  • +1Ms 47:31

1 Musa 50:7

Parallel aýatlar

  • +Zb 105:21, 22

1 Musa 50:8

Parallel aýatlar

  • +1Ms 46:27

1 Musa 50:9

Parallel aýatlar

  • +1Ms 41:43; 46:29

1 Musa 50:11

Çykgytlar

  • *

    Manysy: Müsürlileriň hasraty.

1 Musa 50:12

Parallel aýatlar

  • +1Ms 47:29

1 Musa 50:13

Parallel aýatlar

  • +1Ms 23:17, 18; 25:9, 10; 35:27; 49:29, 30

1 Musa 50:15

Parallel aýatlar

  • +1Ms 37:18, 28; 42:21; Zb 105:17

1 Musa 50:18

Parallel aýatlar

  • +1Ms 37:7, 9

1 Musa 50:20

Parallel aýatlar

  • +1Ms 37:18
  • +1Ms 45:5; Zb 105:17

1 Musa 50:21

Parallel aýatlar

  • +1Ms 47:12

1 Musa 50:23

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: Olar Ýusubyň dyzynda doglupdy.

Parallel aýatlar

  • +1Tr 7:20
  • +Ýuş 17:1; 1Tr 7:14

1 Musa 50:24

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: ant içen.

Parallel aýatlar

  • +2Ms 4:31
  • +1Ms 12:7; 17:8; 26:3; 28:13

1 Musa 50:25

Parallel aýatlar

  • +2Ms 13:19; Ýuş 24:32; Ýew 11:22

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    1/6/2007, sah. 28

1 Musa 50:26

Parallel aýatlar

  • +1Ms 50:2

Umumy salgylar

1 Mus. 50:11Ms 46:4
1 Mus. 50:21Ms 50:26
1 Mus. 50:51Ms 48:21
1 Mus. 50:51Ms 23:17, 18; 49:29, 30
1 Mus. 50:51Ms 46:4; 47:29
1 Mus. 50:51Ms 47:29—31
1 Mus. 50:61Ms 47:31
1 Mus. 50:7Zb 105:21, 22
1 Mus. 50:81Ms 46:27
1 Mus. 50:91Ms 41:43; 46:29
1 Mus. 50:121Ms 47:29
1 Mus. 50:131Ms 23:17, 18; 25:9, 10; 35:27; 49:29, 30
1 Mus. 50:151Ms 37:18, 28; 42:21; Zb 105:17
1 Mus. 50:181Ms 37:7, 9
1 Mus. 50:201Ms 37:18
1 Mus. 50:201Ms 45:5; Zb 105:17
1 Mus. 50:211Ms 47:12
1 Mus. 50:231Tr 7:20
1 Mus. 50:23Ýuş 17:1; 1Tr 7:14
1 Mus. 50:242Ms 4:31
1 Mus. 50:241Ms 12:7; 17:8; 26:3; 28:13
1 Mus. 50:252Ms 13:19; Ýuş 24:32; Ýew 11:22
1 Mus. 50:261Ms 50:2
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
Mukaddes Kitap
1 Musa 50:1—26

Birinji Musa

50 Ýusup kakasyny+ gujaklap⁠-⁠ogşap, zaryn⁠-⁠zaryn aglady. 2 Soňra ol tebiplerine kakasynyň jesedini mumyýalamagy*+ tabşyrdy. Olar hem Ysraýylyň jesedini mumyýaladylar. 3 Muňa 40 gün gerek boldy, sebäbi mumyýalamaga şonça wagt gidýärdi. Müsürliler 70 günläp Ýakubyň ýasyny tutdular.

4 Ýas günleri geçensoň, Ýusup faraonyň emeldarlaryna* şeýle diýdi: «Menden razy bolsaňyz, gaýrat edip, faraona şu sözlerimi ýetiriň: 5 „Kakam ölüm ýassygynda ýatyrka+: „Meni Kenganda taýýarlap goýan+ mazarymda jaýla“+ diýip ant içirdi+. Rugsat berseňiz, gidip, kakamy jaýlap gaýdaýyn“». 6 Faraon: «Bolýar, gidiber. Kakaňy jaýla⁠-⁠da, beren sözüňde dur»+ diýdi.

7 Şeýlelikde, Ýusup kakasyny jaýlamaga gitdi. Faraonyň hyzmatkärleri, köşk emeldarlary+ we Müsüriň ähli baştutanlary, 8 Ýusubyň bütin öý⁠-⁠içerisi, doganlary, kakasynyň hojalygy+ ýola düşdi. Goşende diňe çaga⁠-⁠çugalar bilen mal⁠-⁠garalar galdy. 9 At⁠-⁠arabaly+ esgerler hem Ýusup bilen gitdi. Ýola düşenler uly mähelledi. 10 Olar Iordanyň golaýyndaky Atat harmanyna ýetip, dady⁠-⁠perýat etdiler, ses edip aglaşdylar. Ýusup kakasy üçin ýedi günläp ýas tutdy. 11 Şol ýurtda ýaşaýan kenganlar Atat harmanyndaky ýasy görüp: «Müsürliler hasrat çekýär!» diýişdiler. Şonuň üçin Iordanyň golaýyndaky şol ýere Abyl⁠-⁠misraýym* diýilýär.

12 Ýakubyň ogullary ähli zady tabşyryşy ýaly etdiler+. 13 Olar Ýakuby Kengana äkidip, Mahpela mellegindäki gowakda jaýladylar. Mamräniň garşysyndaky şol mellegi Ybraýym gonamçylyk üçin Eprondan satyn alypdy+. Epron het halkyndandy. 14 Ýusup kakasyny jaýlap, doganlary we ýanyndaky adamlary bilen Müsüre dolandy.

15 Kakalary ýogalansoň, Ýusubyň doganlary öz aralarynda: «Ýusup bizi ýigrenýän bolaýmasyn. Eden ýamanlygymyz üçin ar almagy ahmal»+ diýişdiler. 16 Olar Ýusuba habar ýollap: «Kakam pahyr ölmänkä: 17 „Oglum Ýusuba: „Agalaryň etmişini, eden ýamanlygyny bagyşla“ diýiň“ diýip tabşyrdy. Ýalbarýarys, bizi bagyşla. Bizem kakaň sežde eden Hudaýynyň bendeleri» diýdiler. Muny eşidip, Ýusup aglady. 18 Soňra doganlary Ýusubyň ýanyna gelip, ýüzlerini ýere berip, tagzym etdiler⁠-⁠de: «Biz seniň guluň, näme etseň edäý!»+ diýdiler. 19 Ýusup bolsa: «Gorkmaň. Men näme, Hudaýmy?! 20 Dogry, siz maňa ýamanlyk etjek bolduňyz+, ýöne Hudaý ýamanlygyňyzy ýagşylyga öwrüp, köp adamlaryň janyny ölümden halas etdi. Muny özüňizem görüp dursuňyz+. 21 Gorkup ýörmäň. Men siziň hem, çagalaryňyzyň hem iýjek⁠-⁠içjegini ýetirip duraryn»+ diýdi. Ýusup doganlary bilen mähirli gepleşip, göwünlik berdi.

22 Şeýlelikde, Ýusup we kakasynyň maşgalasy Müsürde ýaşaberdi. Ýusup jemi 110 ýaşady. 23 Ol Efraýymdan bolan çowluklaryny+ we Manaşadan bolan Mahyryň+ ogullaryny hem gördi. Ýusup olary öz ogullary ýaly gowy görýärdi*. 24 Ahyry Ýusup doganlaryna: «Indi meniň wagtym azaldy. Ýöne Hudaý size hökman nazar salar+. Sizi Müsür ýurdundan çykaryp, Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba wada beren* ýurduna äkider»+ diýdi. 25 Soňra Ýusup olara: «Hudaý size hökman nazar salar. Şonda süňklerimi bärden äkidiň» diýip ant içirdi+. 26 Ýusup 110 ýaşynda dünýäden ötdi. Onuň jesedini mumyýalap+, Müsürde bir tabyda salyp goýdular.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş