Garrylar — ýaşlar üçin bereket
«Garry we çal kellekäm hem, eý Hudaý, Seniň güýjüňi bu nesle, Seniň gudratyňy geljekleriň ählisine yglan edýänçäm meni taşlama» (ZEBUR 71:18).
1, 2. Hudaýyň gartaşan gullukçylary nämä düşünmeli we biz häzir nämä serederis?
GÜNBATAR AFRIKADA ýaşaýan ýygnak ýaşulysy bir gezek gartaşan mesh edilen dogandan: «Jan-saglygyň gowumy?» diýip soraýar. Dogan bolsa: «Men ylgap bilýän, böküp bilýän» diýip, aýdýan sözlerini hereketleri bilen görkezýär. Soňra: «Ýöne uçup bilmeýärin» diýýär. Başgaça aýdanyňda, ol şeýle diýjek boldy: «Men başarýan zadymy höwes bilen edýärin, ýöne başarmaýan zadymy etmeýärin». Mesh edilen dogany görmäge baran ýaşuly häzir 80 ýaşlarynda. Ol doganyň degişgenligini we Hudaýa bolan wepalylygyny ýakymly ýatlaýar.
2 Gartaşan adamlarda Hudaýa ýaraýan häsiýetleri görmek çuňňur täsir galdyrýar. Elbetde, gartaşanlaryň ählisinde akyldarlyk we Isa Mesihiňki ýaly häsiýetler bolmaýar (Wagyzçy 4:13). Mukaddes Ýazgylarda: «Çal kelle şöhrat täjidir; ol dogrulyk ýolundan tapylýandyr» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 16:31). Seniňem ýaşyň bir çene ýeten bolsa, aýdýan sözleriň we edýän işleriň başgalara peýdaly täsir edýärmi? Geliň, Mukaddes Ýazgylardan garrylaryň ýaşlara hakyky bereket bolup biljekdigi barada käbir mysallara seredeliň.
Güýçli täsir edýän iman
3. Nuhuň wepalylygy häzirki ýaşaýan adamlara nähili peýda getirdi?
3 Nuh pygamberiň görkezen imanynyň we berkliginiň peýdasyny häzirem duýýarys. Nuh gämi gurup, haýwanlary ýygnap, goňşularyna wagyz edende 600 ýaşlaryndady (Barlyk 7:6; 2 Petrus 2:5). Hudaýdan gorkýanlygy üçin Nuh maşgalasy bilen Tupanda halas bolup, ýer ýüzünde ýaşaýan ähli adamlaryň atasy boldy. Dogry, Nuhuň döwründe adamlar köp ýaşaýardylar. Emma Nuh has garranda-da, Hudaýa wepaly galdy we bu ençeme bereketleri getirdi. Nädip?
4. Nuhuň berkligi Hudaýyň häzirki gullukçylaryna nähili peýda getirýär?
4 Nemrut Babyl diňini gurup, Ýehowanyň: «Ýer ýüzüni dolduryň» diýen tabşyrygyna garşy çykanda, Nuh pygamber 800 ýaşlaryndady (Barlyk 9:1; 11:1—9). Emma ol Nemrudyň pitnesine goşulmaýar. Ähtimal, Hudaý pitneçileriň dillerini garym-gatym edende, Nuhuň dili üýtgemedik bolsa gerek. Nuhuň diňe bir garrylykda däl-de, eýsem, uzak ömrüniň dowamynda görkezen imanyndan we berkliginden Hudaýyň ähli ýaşdaky gullukçylary görelde alyp biler (Ýewreýler 11:7).
Maşgala edýän täsiri
5, 6. a) Ybraýym 75 ýaşyndaka, Ýehowa oňa näme diýýär? b) Ybraýym Hudaýyň tabşyrygyna nähili garaýar?
5 Nuhdan soňky ýaşan gadymy atalaryň durmuşy garrylaryň öz maşgala agzalarynyň imanyna gowy täsir edýändigini görkezýär. «Ýurduňdan we garyndaşyň ýanyndan we kakaň öýünden meniň saňa görkezjek ýurduma git. We men seni uly millet ederin we saňa ak pata bererin» diýip, Hudaý Ybraýyma aýdanda, ol 75 ýaşyndady (Barlyk 12:1, 2).
6 Saňa öýüňi, dost-ýaryňy, watanyňy we kowum-garyndaşlaryň berýän howpsuzlygyny goýup, nätanyş ýurda gitmeli diýseler, näme ederdiň? Ybraýyma hut şeýle görkezme berilýär. Ol Ýehowanyň «aýdyşy ýaly gitdi» we ömrüniň galan ýyllaryny Kengan ýurdunda bir ýerden başga ýere göçüp, çadyrda, ýat we gelmişek adam hökmünde ýaşap geçirdi (Barlyk 12:4; Ýewreýler 11:8, 9). Ýehowa Ybraýyma: «Seni uly millet ederin» diýip wada berýär, ýöne Ybraýym nesilleri köpelip, uly halk bolmazyndan has öň ölýär. Aýaly Sara bary-ýogy bir ogly, Yshagy dogurýar, emma şoňa çenli olar wada edilen diýarda 25 ýyl göçüp-gonup ýöreýärler (Barlyk 21:2, 5). Şeýle-de bolsa, Ybraýym sabyrsyzlyk etmeýär we öňki ýaşan Ur şäherine dolanmaýar. Iman we çydam bildirmekde, ol nähili ajaýyp görelde galdyrdy!
7. Ybraýymyň çydamy ogly Yshaga nähili täsir edýär we bu adamzada nähili peýda getirdi?
7 Ybraýymyň çydamy ogly Yshaga güýçli täsir edýär. Ol hem bütin ömrüni, ýagny 180 ýaşyny Kengan ýurdunda ýat adam hökmünde geçirýär. Yshaga Hudaýyň wadasyna bolan imany, garran ata-enesiniň ýüregine guýan imany we Ýehowanyň aýdan sözleri çydamly bolmaga kömek edýär (Barlyk 26:2—5). Ýehowanyň wadasyna görä, ähli adamzada bereket getirjek «nesil» Ybraýymyň maşgalasyndan gelip çykmalydy. Yshagyň berkligi şol wadanyň ýerine ýetmeginde ähmiýetli rol oýnaýar. Ýüzlerçe ýyl geçenden soň, Isa Mesih, ýagny esasy «nesil» özüne iman edýän adamlara Hudaý bilen ýaraşmaga we ebedi ýaşaýşa gowuşmaga ýol açýar (Galatýalylar 3:16; Ýahýa 3:16).
8. Ýakup imanynyň berkdigini nädip görkezýär we bu nähili netije getirýär?
8 Yshak hem öz gezeginde ogly Ýakuba berk imany ösdürmäge kömek eýär we bu iman ony ömrüniň ahyryna çenli goldaýar. Ýakup ak pata almak üçin perişde bilen bütin gije göreşende, 97 ýaşyndady (Barlyk 32:24—28). Ol ölmezinden öň 147 ýaşynda, 12 oglunyň hersine pata bermek üçin bar güýjüni toplaýar (Barlyk 47:28). Barlyk 49:1—28-nji aýatlardaky onuň aýdan pygamberlik sözleri ýerine ýetdi we henize çenli ýerine ýetýär.
9. Ruhy taýdan ýetişen garrylaryň maşgalasyna edýän täsiri hakda näme aýdyp bolar?
9 Görşümiz ýaly, Hudaýyň gartaşan wepaly gullukçylary maşgala agzalaryna peýdaly täsir edip bilýär. Mukaddes Ýazgylaryň öwütleri, berilýän peýdaly maslahatlar hem-de çydamlylyk görkezýänleriň göreldesi ýaşlara berk imanly bolup ýetişmäge uly kömek edip biler (Süleýmanyň tymsallary 22:6). Garrylar öz maşgalasyna peýdaly täsir edip biljekdigini hiç haçan unutmaly däldir.
Imandaşlara edýän täsiri
10. Ýusup «öz süňkleri hakda» nähili «buýruk berdi» we ol nähili peýda getirýär?
10 Şeýle-de garry dogan-uýalar imandaşlaryna gowy täsir edip biler. Garrylyk çagynda Ýakubyň ogly Ýusubyň eden bir iman işi özünden soňky ýaşan hakyky sežde edijileriň millionlarçasyna güýçli täsir edýär. Ýusup «öz süňkleri hakda buýruk berende», ýagny ysraýyllylar ahyrsoňy Müsüri terk edip gidenlerinde, ýanlary bilen süňklerini alyp çykmagy tabşyranda, 110 ýaşyndady (Ýewreýler 11:22; Barlyk 50:25). Bu tabşyryk Ýusubyň ölüminden soňra başlan agyr gulçulyk ýyllarynda ysraýyllylar üçin umyt şöhlesi bolýar we olary gutulyşyň hökman geljekdigine ynandyrýar.
11. Gartaşan Musa Ýeşuwa nähili täsir eden bolmaly?
11 Ýusubyň imanyndan ruhlananlaryň biri Musady. Ol Ýusubyň süňklerini Müsür ýurdundan çykarmak mümkinçiligine eýe bolanda 80 ýaşyndady (Çykyş 13:19). Şol wagtlar Musa özünden has ýaş Ýeşuw bilen tanyşýar. Indiki 40 ýylyň dowamynda Ýeşuw Musanyň kömekçisi bolup gulluk edýär (Sanlar 11:28). Musa Sina dagyna gidende, Ýeşuw onuň bilen bile gidýär we Musa Äht daşlaryny alyp dagdan düşende, ony garşy alýar (Çykyş 24:12—18; 32:15—17). Gartaşan Musa Ýeşuw üçin tejribeli maslahatlaryň we akyldarlyk sözleriň egsilmez çeşmesi bolandyr!
12. Ýeşuw dirikä Ysraýyl halkyna nädip peýdaly täsir edýärdi?
12 Ýeşuw hem öz gezeginde bütin ömrüniň dowamynda Ysraýyl halkyny ruhlandyrýardy. Kazylar 2:7-de şeýle diýilýär: «Ýeşuwyň döwründe-de, ondan soňky ýaşan ýaşulylaryň döwründe-de Ýehowanyň Ysraýyl üçin eden ähli beýik uly işlerini gören halk Ýehowa gulluk edýärdi». Ýöne Ýeşuw we beýleki ýaşulular ölenden soň, tä Samuel pygamberiň günlerine çenli ysraýyllylar 300 ýyllap hakyky sežde bilen ýalan diniň haýsysyny saýlajagyny bilmeýärler.
Samuel «adalaty emele getirdi»
13. Samuel «adalaty emele getirmek» üçin näme edýär?
13 Mukaddes Ýazgylarda Samueliň näçe ýaşanlygy aýdylmaýar, ýöne 1 Patyşalar kitabynda ýazylan wakalar takmynan 102 ýyly öz içine alýar we Samuel olaryň köpüsine şaýat bolýar. Ýewreýler 11:32, 33-nji aýatlarda adyl kazylar we pygamberler «adalaty emele getirdiler» diýen sözleri okaýarys. Hawa, Samuel käbir döwürdeşlerine butparazlykdan gaça durup, ony taşlamaga kömek edýär (1 Patyşalar 7:2—4). Nädip? Ol bütin ömrüniň dowamynda Ýehowa wepaly galýar (1 Patyşalar 12:2—5). Ol hatda patyşany ýazgarmakdan gorkmaýar (1 Patyşalar 15:16—29). Mundan başga-da «garry hem çal saçly» Samuel başgalar hakda doga etmekde görelde görkezýär. Ol ysraýylly ildeşlerine: «Siziň üçin doga etmegi goýup, Ýehowanyň öňünde günä etmegime ýol bermerin» diýýär (1 Patyşalar 12:2, 23).
14, 15. Gartaşan dogan-uýalar doga etmek meselesinde Samuelden nädip görelde alyp bilerler?
14 Bu agzalanlaryň ählisi garry dogan-uýalaryň Ýehowanyň beýleki gullukçylaryna gowy täsir etmekde ýene bir wajyp ýoluny görkezýär. Ýarawsyzlyga ýa-da başga ýagdaýlara garamazdan, garrylar başgalar üçin doga edip bilerler. Mähriban garry dogan-uýalarymyz, siziň dogaňyzyň ýygnak üçin örän peýdalydygyna düşünýärmisiňiz? Sebäbi siz Mesihiň dökülen ganyna iman edip, Ýehowanyň öňünde uly abraý edindiňiz hem-de uzak ýyllar Ýehowa wepaly gulluk edip, «imanyňyz synaldy» (Ýakup 1:3; 1 Petrus 1:7). «Dogry adamyň yhlasly dogasy gaty güýçlüdigini» unutmaň (Ýakup 5:16).
15 Siziň Ýehowanyň Patyşalyk işiniň ilerlegmegi hakda edýän dogaňyz zerur. Käbir doganlar mesihi bitaraplygy sebäpli türmelerde otyr. Başga dogan-uýalar tebigy betbagtçylyklar, söweşler we raýatlyk uruşlary sebäpli görgi görýärler. Ýene birileri bolsa, meselem, siziň ýygnagyňyzdakylar synaglara we garşylyga duş gelýärler (Matta 10:35, 36). Şeýle-de wagyz işine ýolbaşçylyk edýän we ýygnaga gözegçilik edýän doganlar hem siziň olar hakda yzygiderli edýän dogalaryňyza mätäç (Efesliler 6:18, 19; Koloseliler 4:2, 3). Epafra kimin dogalaryňyzda imandaşlary agzap, siz ýagşylyk edýärsiňiz! (Koloseliler 4:12).
Geljek nesle öwretmek
16, 17. Zebur 71:18-de nähili pygamberlik bar we ol nädip ýerine ýetýär?
16 Ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýän «başga goýunlar» gökde ýaşamaga umyt edýän wepaly «kiçijik süri» bilen hyzmatdaşlyk edip, gerekli tälim alýarlar (Luka 12:32; Ýahýa 10:16). Bu barada Zebur 71:18-de şeýle diýilýär: «Garry we çal kellekäm hem, eý Hudaý, Seniň güýjüňi bu nesle, Seniň gudratyňy geljekleriň ählisine yglan edýänçäm meni taşlama». Mesh edilen mesihçiler Isa Mesih bilen şöhratlanmak üçin göge gitmänkä, başga goýunlardan bolan ýoldaşlaryny barha artýan jogapkärçiligi berjaý etmegi öwretmek isleýärler.
17 Aslynda, Zebur 71:18-de aýdylýan «geljekleri» öwretmek hakdaky sözleri Hudaýyň mesh edilen mesihçilerinden tälim alan başga goýunlara hem degişli etse bolýar. Ýehowa garry dogan-uýalara häzir hakyky seždä gelýänlere Özi hakda öwretmegi tabşyrýar (Ýowel 1:2, 3). Başga goýunlar mesh edilen mesihçilerden öwrenen zatlaryna guwanýarlar we Mukaddes Ýazgylar boýunça alan bilim-terbiýesini Ýehowa gulluk etmek isleýän adamlara öwretmek isleýärler (Ylham 7:9, 10).
18, 19. a) Ýehowanyň gartaşan gullukçylarynyň köpüsi nähili gyzykly wakalary gürrüň berip biler? b) Gartaşan mesihçiler nämä ynanyp biler?
18 Ýehowanyň gartaşan gullukçylary — mesh edilen mesihçiler hem-de başga goýunlar — wajyp taryhy wakalary biziň günlerimiz bilen baglanyşdyrýan köpri kimindir. «Ýaradylyş hakda foto-dramany» ilkibaşda görkezmäge gatnaşan dogan-uýalaryň käbiri häzir hem bar. Käbirleri 1918-nji ýylda türmä basylan ýolbaşçy doganlary tanaýarlar. Käbirleri bolsa Garawul diňiniň WBBR radio stansiýasyny ýaýlyma çykarmaga gatnaşdylar. Köpleri Ýehowanyň Güwäçileriniň dini azatlygy bilen baglanyşykly işleriň ýokary kazyýetlerde seredilen döwri hakda gürrüň berip bilerler. Başga dogan-uýalar bolsa, zulumkeş hökümdarlaryň ýurdunda hakyky sežde ugrunda berk durdular. Hawa, garrylar hakykatyň kem-kemden açylyşy hakda gürrüň berip bilerler. Mukaddes Ýazgylar baý tejribeli garrylardan öwrenmäge höweslendirýär (Kanunyň gaýtalanyşy 32:7).
19 Gartaşan mesihçiler ýaşlar üçin gowy görelde bolmaga çagyrylýar (Titus 2:2—4). Belki, sen häzir çydamyň, edýän dogaň we berýän maslahatyň täsirini görýän dälsiň. Mümkin, Nuh, Ybraýym, Ýusup, Musa we Hudaýyň beýleki gullukçylary hem wepalylygynyň geljekki nesle etjek täsirine doly düşünen däldirler. Muňa garamazdan, olaryň görkezen imany we aýypsyzlygy bize güýçli täsir edýär. Siziň göreldäňiz hem ýaşlara şeýle täsir edip biler.
20. Soňuna çenli umydyny berk saklaýan adamlara nähili bereketler garaşýar?
20 Sen «uly muşakgatdan» diri geçseňem ýa-da geljekde direlseňem, «hakyky ýaşaýşy» görmek nähili hezillik bolar! (Matta 24:21; 1 Timoteos 6:19). Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynda Ýehowanyň garrylyk derdini aýyrjak wagtyny göz öňüne getir. Kem-kemden garramagyň deregine, her gün irden oýananymyzda özümizi has-da gowy duýarys: güýç-kuwwatymyz artar, gözümiz we gulagymyz ýitileşip, daş-keşbimiz owadanlaşar! (Eýýup 33:25; Işaýa 35:5, 6). Hudaýyň täze dünýäsinde ýaşajak adamlar ebedilik bilen deňeşdireniňde hemişe ýaş bolarlar (Işaýa 65:22). Şol sebäpli, geliň, hemmämiz soňuna çenli umydymyzy berk saklap, Ýehowa bütin janymyz bilen gulluk edeliň. Biz Ýehowanyň ähli wadasyny ýerine ýetirjekdigine we edýän tamalarymyzdan hem üstün geljekdigine ynanyp bileris (Zebur 37:4; 145:16).
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Gartaşan Nuhuň görkezen berkligi adamzada nähili bereket getirdi?
• Gadymy atalaryň görkezen imany nesillerine nähili täsir etdi?
• Ýusup, Musa, Ýeşuw we Samuel gartaşan döwründe imandaşlaryny nädip berkitdiler?
• Garrylar ýaşlara nähili görelde galdyryp biler?