Nakyllar
4 Ogullarym, ata terbiýesini alyň*+,
Düşünjäňiz artar ýaly ünsli boluň.
2 Sebäbi berýän tabşyrygym peýdalydyr,
4 Atam şeýle nesihat berdi: «Sözlerimi ýüregiňde saklasaň+,
Tabşyryklarymy mäkäm tutsaň, uzak ömür sürersiň+.
5 Akyldarlygy öwren, düşünjäňi artdyr+,
Sözlerimi unutma, olardan çykma.
6 Akyldarlykdan ýüz öwürme, ol seni gorar.
Kalbyň töründe sakla, saňa pena bolar.
7 Iň wajyp zat — akyldarlyk+, akyldarlygy öwren.
Durmuşda näme gazansaň-da,
Düşünje gazanmagy unutma+.
8 Onuň gadyryny bilseň, adyňy arşa galdyrar+,
Bagryňa bassaň, abraýyňy artdyrar+.
9 Başyňa owadan täji,
Şöhrat täjini geýdirer».
10 Oglum, aýdanlarymy diňleseň,
Diýenimi etseň, uzak ömür sürersiň+.
12 Ýöräniňde büdremersiň,
Ylganyňda ýykylmarsyň.
13 Terbiýäni kabul et, sowuk-sala garama+,
Berk tut, sebäbi bütin ömrüň şoňa bagly+.
14 Zalymlaryň ýoluna gadam basma,
Erbetleriň ýolundan ýöreme+.
16 Olar ýamanlyk etmeseler, ýatyp bilmeýärler,
Biriniň başyna ýetmeseler, gözüne uky gelmeýär.
17 Olar zalymlygy çörek kimin iýýärler,
Zorlugy şerap kimin içýärler.
19 Erbetleriň ýoly garaňkylyga gaplanandyr,
Olar nämä büdreýändigini bilýän däldir.
20 Oglum, sözlerimi diňle,
Nesihatyma gulak goý.
24 Ýalan gep-gürrüňden+,
Mekirlikden gaça dur.
25 Gözleriň öňe seretsin,
Göreçleriň diňe öňe dikilsin+.
27 Saga ýa çepe sowulma+,
Erbetligiň golaýyna barma.