Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w11 15/7 sah. 28—32
  • Sen Hudaýyň dynçlygyna girdiňmi?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Sen Hudaýyň dynçlygyna girdiňmi?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Durmuşymyzy üýtgetmeli bolanda
  • Ýehowanyň guramasy bilen öňe git
  • Ýakynymyz Ýehowany terk edende
  • «Hudaýyň sözi diri»
  • Maşgala agzalaryňyz ýygnak gatnaşygyndan kesilse
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
  • Ýygnak gatnaşygyndan kesilen adam bilen özüňi nähili alyp barmaly?
    «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
  • Hudaýyň dynçlygy näme?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Okyjylaryň sowallary
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
w11 15/7 sah. 28—32

Sen Hudaýyň dynçlygyna girdiňmi?

«Hudaýyň sözi diri hem täsirlidir» (ÝEW. 4:12).

1. Şu günler nädip Hudaýyň dynçlygyna girmeli? Hudaýa gulak asmak näme üçin kyn bolup biler?

BILŞIMIZ ÝALY, şu günler Hudaýyň dynçlygyna girmek üçin Ýehowa gulak asyp, guramasy bilen işleşmeli. Biz Ýehowa gulak asyp, onuň niýetiniň amala aşmagyny isleýändigimizi görkezýäris. Ýöne käte bize Hudaýa gulak asmak kyn bolýar. Meselem, Ýehowa bize gowy görýän zadymyzy etme diýse, birbada gulak asmak kyn bolup biler. Şeýle ýagdaýda biz «diýen ediji» bolmagy öwrenmeli (Ýakup 3:17). Şu makalada serediljek ýagdaýlar arkaly hemişe diýen ediji bolmagy öwreneris.

2, 3. Biz mundan beýläk Ýehowany razy etmek üçin näme etmeli?

2 Sen Mukaddes Ýazgylardan durmuşyňy düzetmelidigiňi bilseň, Hudaýa gulak asmaga taýyn bolarsyňmy? Şu barada oýlanyp görüň: Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň guramasyna getirýän adamlaryna «ähli milletleriň dürdäneleri» diýilýär (Hag. 2:7). Diýmek, Hudaýyň gymmatly saýyp, saýlan adamlary dogrulygy söýýärler. Dogrudan-da, biziň köpümiz Mukaddes Ýazgylary öwrenip başlanymyzda erbet işleri edýärdik. Emma Ýehowany we onuň Ogluny söýüp, Hudaýy razy etmek üçin, düşünjämizi hem-de özümizi alyp barşymyzy höwes bilen bütinleý üýtgetdik. Biz Ýehowadan kömek diläp, özümizi üýtgetmek üçin köp tagalla etdik. Soňy bilen, suwda çokundyrylyp, Ýehowany razy etdik (Koloseliler 1:9, 10-njy aýatlary okaň).

3 Muňa garamazdan, biz bikämil. Biz entegem durmuşymyzy köp üýtgetmeli we dogry işleri etmäge jan etmeli. Emma biz Ýehowany razy etmek üçin güýjümizi gaýgyrmasak, kömek etjekdigini wada berýär.

Durmuşymyzy üýtgetmeli bolanda

4. Ýehowa bizi haýsy üç ýol bilen düzedýär?

4 Biz durmuşymyzy üýtgetmek üçin ilki bilen, nämäniň üstünde işlemelidigimizi bilmeli. Bu babatda Ýehowa bize dürli ýollar bilen kömek edýär. Ol düşünjämizde ýa-da özümizi alyp barşymyzda düzetmeli nädogry zady ýygnakda aýdylan doklad ýa-da žurnal arkaly görkezýär. Käwagt biz ýygnakda doklad diňlesek-de, edebiýaty okasak-da, nämäniň üstünde işlemelidigimize düşünmeýäris, şonda Ýehowa bizi ýygnakdaky dogan ýa uýa arkaly mähirli düzedýär (Galatýalylar 6:1-i okaň).

5. Biri bizi düzedende, käwagt özümizi nähili alyp barýarys? Ýaşulular näme üçin bize hemişe kömek etmeli?

5 Bikämil adam bizi mähirli düzetse-de, onuň maslahatyny kabul etmek kyn bolmagy mümkin. Muňa garamazdan, Ýehowa ýaşululara bizi «ýumşaklyk ruhy bilen dogry ýola getirmegi», ýagny mähir bilen düzetmegi tabşyrýar (Gal. 6:1). Biz olaryň kömegini kabul etsek, Ýehowanyň öňünde has-da dürdäne, ýagny gymmatly bolarys. Köplenç biz Ýehowa doga edip, bikämildigimizi we ýalňyşýandygymyzy aýdýarys. Emma ýaşuly bize kemçiligimizi aýdanda, käte özümizi başgaça alyp barýarys. Biz özümizi aklamaga çalyşýarys ýa-da kän bir uly ýalňyşlyk etmedik diýýäris. Mümkin, düzedýän adam meni ýigrenýär ýa-da gödek gürleşdi diýýändiris (2 Pat. 5:11). Ýaşulular halamaýan zadymyzy aýdanda, has-da gaharlanmagymyz mümkin. Meselem, olar maşgalamyzyň bir agzasynyň günä edýändigini aýdyp biler ýa-da egin-eşigimiz barada maslahat berip biler. Belki, olar bize has arassaçyl bolmagy ýa-da dynç alanymyzda Ýehowanyň ýigrenýän işlerini edýändigimizi aýdar. Biz şeýle ýagdaýlarda gaharlanyp, aýtmasyz sözleri diýmegimiz mümkin. Şol sebäpli, hem özümiz gynanarys, hem bize kömek etjek bolýan dogan gynanar. Emma wagtyň geçmegi bilen, gaharymyz ýatyşyp, biz köplenç onuň beren maslahatynyň dogrudygyna düşünýäris.

6. Hudaýyň Sözi nädip «ýüregiň düşünjeleridir niýetlerine höküm edýär»?

6 Şu makalanyň baş aýady bolan Ýewreýler 4:12-de Hudaýyň sözi «täsirlidir» diýilýär. Diýmek, Hudaýyň Sözi, ýagny Mukaddes Ýazgylar adamlaryň durmuşyny üýtgedip bilýär. Biz suwda çokundyrylmazdan öň, Mukaddes Ýazgylaryň kömegi bilen durmuşymyzy düzetdik. Hudaýyň Sözi bize suwda çokundyrylandan soňra-da, häsiýetlerimizi düzetmäge kömek eder. Şeýle-de Pawlus resul ýewreý mesihçilere ýazan hatynda Hudaýyň sözi «jan hem ruhy... bölýänçä batýandyr, ýüregiň düşünjeleridir niýetlerine höküm edýändir» diýdi (Ýew. 4:12). «Jan» sözi adamlaryň bizde görýän zatlaryny aňladýar. «Ruh» bolsa aslynda nähili adamdygymyzy, ýagny adamlara görünmeýän içki dünýämizi aňladýar. Şeýlelik-de Pawlusyň aýtmagyna görä, biz Mukaddes Ýazgylardan Hudaýyň näme talap edýändigini bilsek, özümizi alyp barşymyz, aslynda nähili adamdygymyzy görkezýär. Eýsem, käte biz daşymyzdan bir hili görnüp, içimiz bolsa, başga hilimi? (Matta 23:27, 28-nji aýatlary okaň). Häzir şu makalada serediljek ýagdaýlarda sen näme etjekdigiň barada oýlanyp gör.

Ýehowanyň guramasy bilen öňe git

7, 8. a) Käbir ýewreý mesihçiler näme üçin Musanyň käbir kanunlaryny berjaý etdiler? b) Näme üçin olar Hudaýyň niýetine garşy gitdiler diýse bolar?

7 Biz Süleýmanyň tymsallary 4:18-däki: «Dogrularyň ýodasy bolsa ýaňy dogan Gün ýalydyr, bütinleý gündiz bolana deňeç gitdigiçe parlar» diýen sözleri gowy bilýäris. Şu aýada görä, biz wagtyň geçmegi bilen Ýehowanyň talaplaryna has gowy düşünip, ony has-da köp razy edýäris.

8 Bilşimiz ýaly, Isanyň ölüminden soňra-da, käbir ýewreý mesihçiler Musanyň kanunyna eýermegi dowam etdiler (Res. iş. 21:20). Pawlus mesihçileriň Musanyň Kanunyna eýermeli däldigini açyk düşündirse-de, käbirleri Ýehowanyň aýdanlaryny kabul etmediler (Kol. 2:13—15). Belki, olar Musanyň käbir kanunyny berjaý etseler, onda ýehudylar yzarlamaz öýdendir. Emma Pawlus resul şol ýewreý mesihçilere mundan beýläk-de Hudaýyň niýetine garşy gitseler, Hudaýyň dynçylygyna girip bilmejekdigini aýdyň aýtdya (Ýew. 4:1, 2, 6; Ýewreýler 4:11-i okaň). Indi olar Ýehowany razy etmek üçin, onuň isleýşi ýaly başgaça sežde etmelidiler.

9. Sadyk hem akylly hyzmatkär Mukaddes Ýazgylardan käbir zatlary başgaça düşündirende, biz muňa nähili garamaly?

9 Şu günler käwagt sadyk hem akylly hyzmatkär Mukaddes Ýazgylaryň taglymatlaryna öňküsinden başgaça düşünmäge kömek edýär. Biz şeýle üýtgetmelere begenmeli. Bu Ýehowanyň sadyk hem akylly hyzmatkär arkaly bize hakykaty öwredýändigini görkezýär. Käte sadyk hem akylly hyzmatkäriň wekilleri, ýagny Ýolbaşçylyk maslahaty käbir hakykata täzeden seredýär. Bu doganlar käbir taglymatlary üýtgetmeli bolsa, öňküden başgaça ýa-da has aýdyňlaşdyryp, çekinmän düşündirýär. Olar käbir adamlaryň sadyk hem akylly hyzmatkäri şeýle düzedişleri üçin ýazgarjakdygyny bilseler-de, muňa kän bir üns bermeýär. Olar üçin Hudaýyň niýetiniň amala aşmagy wajyp. Sadyk hem akylly hyzmatkär Mukaddes Ýazgylardan käbir zatlary başgaça düşündirende, sen nähili garaýarsyň? (Luka 5:39-y okaň).

10, 11. Mukaddes Ýazgylary öwrenýän käbir adamlar täze usul bilen wagyz etmelidigini bilende, näme etdi? Biz mundan nähili sapak edinip bileris?

10 Ýene-de bir mysala seredeliň. Takmynan ýüz ýyl mundan öň, Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň käbiri adamlara wagyz etmegiň iň oňat usuly doklad bilen gowy çykyş etmek hasaplaýardy. Olar adamlaryň öňünde çykyş etmegi gowy görýärdi. Aslynda, olaryň käbiri çykyşlary üçin adamlaryň öwmegini isleýärdi. Emma soňra Ýehowanyň halky diňe bir doklad bilen çykyş etmegiň ýeterlikli däldigine has gowy düşündiler. Ýehowa olaryň öýden-öýe we başgaça wagyz etmegini isleýärdi. Ökde dokladçy doganlaryň käbiri şeýle wagyz etmek islemedi. Olaryň dokladlaryny diňleýän dogan-uýalar, Ýehowany söýýändir we gulak asýandyr öýdýärdi, ýöne bu ýagdaýda olaryň pikiri hem-de niýeti aýan boldy. Biz Ýehowanyň olaryň özlerini alyp barşyndan razy däldigini bilýäris. Olar Hudaýyň guramasyny terk etdiler (Mat. 10:1—6; Res. iş. 5:42; 20:20).

11 Şeýle-de Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň köpüsine, esasanam, başda öýden-öýe wagyz etmek kyn bolupdy. Emma olar Ýehowa gulak asyp, onuň guramasyna wepaly boldy. Wagtyň geçmegi bilen olara öýden-öýe wagyz etmek aňsat boldy. Ýehowa olara bol bereket berdi. Sadyk hem akylly hyzmatkär öň hiç haçan wagyz edip görmedik usulyň bilen wagyz etmeli diýse, sen näme edersiň? Saňa şol usul bilen wagyz etmek kyn bolup görünse-de, gulak asarmyň?

Ýakynymyz Ýehowany terk edende

12, 13. a) Ýehowa näme üçin bize «ýamany öz araňyzdan çykaryň» diýýär? b) Mesihçi ata-eneler üçin haýsy ýagdaý kyn bolup biler?

12 Biz Ýehowany razy etmek üçin, onuň ähli zatda arassa bolmaly diýen tabşyrygyna gulak asmalydygymyzy bilýäris (Titus 2:14-i okaň). Emma käbir ýagdaýlarda bu tabşyryga gulak asmak bize kyn bolýar. Aýdaly, mesihçi är-aýalyň hakykaty terk eden ýekeje ogly bar. Ol Hudaý we ata-enesi bilen dostlugyndan «az salym günäniň sapasyny sürmegi» gowy görýär. Ol özüni şeýle alyp barýandygy üçin mundan beýläk ýygnagyň agzasy bolup bilmeýär. Şol sebäpli ol ýygnak gatnaşygyndan kesilýär (Ýew. 11:25).

13 Ata-enesi muňa nähili gynanýar! Olar Mukaddes Ýazgylarda «dogan diýilýäniň biri ahlaksyz, açgöz, butparaz, agzy paýyş, arakkeş ýa talaňçy bolsa, onuň bilen gatnaşmazlygy, beýle adam bilen damak hem iýmezligi... ýamany öz araňyzdan çykaryň» diýilýänini bilýär (1 Kor. 5:11, 13). Onuň ata-enesi «biri» diýen sözüň olar bilen bir öýde ýaşamadyk maşgala agzalaryna degişlidigine hem düşünýär. Emma olar ogluny şeýle gowy görýär welin, «mümkin boldugyndan oglumyz bilen köpräk gürleşmeli. Biz onuň bilen gepleşmesek, Ýehowa dolanmaga kömek edip bilmeris» öýdýärb.

14, 15. Ata-eneler ýygnak gatnaşygyndan kesilen çagasy bilen gürleşmekçi bolanda, nämäni unutmaly däl?

14 Biz hem şeýle ata-eneleriň tukatlanýandygyny görüp gynanýarys. Olaryň ogly başga ýoly saýlady. Ol ata-enesiniň we ýygnagyň isleýän zadyny däl-de, erbet işi etmegi saýlady. Ata-enesi ogluna kömek etmek islese-de, onuň näme etmekçidigine gözegçilik edip bilmeýär. Biz, hakykatdanam, olaryň näme üçin şeýle gynanýandygyna düşünýäris.

15 Mähriban doganymyz bilen uýamyz näme edip biler? Olar Ýehowanyň arassaçylyk barada Ýehowanyň tabşyrygyna gulak asarmy? Elbetde, käwagt olar ogly bilen zerur maşgala meseleleri barada gürleşmeli bolar. Emma olar ogly bilen gürleşer ýaly, köpräk mümkinçilik gözlärmi? Olar ogly bilen gürleşmekçi bolanda, Ýehowanyň näme isleýändigini unutmaly däl. Bu mesihçi maşgala Ýehowanyň halkynyň arassa bolmagyny isleýändigini ýatdan çykarmaly däl. Ine şol sebäpli, Hudaý ýygnakdan «ýamany öz araňyzdan çykaryň» diýýär. Şeýle-de ol günä eden adamyň toba edip, düzelip, ýygnaga dolanmagyny isleýär. Mesihçi ata-eneler Ýehowanyňky ýaly isleginiň bardygyny nädip görkezip biler?

16, 17. Biz Harunyň mysalyndan nähili sapak edinýäris?

16 Musanyň dogany Harun iki oglunyň etmişi üçin kyn ýagdaýa düşüpdi. Onuň ogullary Nadap bilen Abyhu Ýehowa ýaramaýan gurban berdiler. Şol sebäpli Ýehowa gökden ot iberip, olary öldürdi. Harunyň muňa nähili gynanandygyny göz öňüne getir. Ogullary ölendigi üçin, Harun olar bilen gepleşip bilmeýärdi. Emma Harunyň we maşgalasynyň ýagdaýyny agyrlaşdyran ýene-de bir zat bardy. Ýehowa Musa arkaly Haruna we başga ogullaryna ýas tutýandygyny görkezmeli däldigini aýtdy. Musa şeýle diýdi: «Saçlaryňyz daralmadyk bolmasyn, ýas baglap, ýakaňyzy ýyrtmaň. Eger siz şularyň birini etseňiz, ölersiňiz we Rebbiň gazaby bütin halkyň başyndan iner» (Lew. 10:1—6). Biz mundan gowy sapak edinip bilýäris. Biz Ýehowany ony terk eden maşgala agzalarymyzdan güýçli söýmeli.

17 Şu günler Ýehowa kanunyna gulak asmaýan adamlary dessine ýok etmeýär. Ýehowa olara edýän günäsine toba etmäge mümkinçilik berip, söýgüsini bildirýär. Emma ata-eneler Hudaýyň tabşyrygyny bozup, ýygnak gatnaşygyndan kesilen ogly ýa-da gyzy bilen gepleşmek üçin köp mümkinçilik gözlese, Ýehowa nähili täsir eder?

18, 19. Maşgala agzalary Ýehowa wepaly bolsa, nähili bereketler alar?

18 Öň ýygnak gatnaşygyndan kesilen köp dogan-uýalaryň aýtmagyna görä, dostlarynyň we maşgala agzalarynyň Ýehowa wepaly bolup, olar bilen gürleşmändigi üçin ýygnaga dolandylar. Meselem, bir ýaş uýa süýtdeş doganynyň onuň bilen gürleşmändigi üçin durmuşyny üýtgedendigini ýaşula gürrüň berdi. Uýa gatnaşykdan kesilen mahaly dogany Ýehowa wepaly bolup, onuň tabşyrygyna gulak asýardy. Bu ony ýygnaga dolanmaga höweslendirdi.

19 Biz hem näme etmeli? Nähili ýagdaý bolaýanda-da, biz Ýehowa gulak asmaly. Biz bikämil bolanymyz üçin, käte Hudaýa gulak asmak kyn bolar. Emma Ýehowanyň talaplarynyň ählisi biziň bähbidimiz üçindigine berk ynanmaly.

«Hudaýyň sözi diri»

20. Ýewreýler 4:12-däki sözleriň nähili iki manysy bar?

20 Pawlus resul Ýewreýler 4:12-de «Hudaýyň sözi diri» diýende, diňe Mukaddes Ýazgylary göz öňünde tutmandyc. Ol şu babyň başga aýatlarynda Hudaýyň wadasy barada aýdypdy. Pawlus resul Hudaý wadasyny hemişe ýerine ýetirýär diýdi. Ýehowa öz sözi barada şeýle diýdi: «Ol maňa boş gaýdyp gelmez, maksadymy ýerine ýetirip, etsin diýip iberen işimde üstünlikli bolar» (Iş. 55:11). Şol sebäpli Hudaý wadasyny biziň islän wagtymyzda ýerine ýetirmeýändigi üçin sabyrly bolmaly. Biz Ýehowanyň niýetini amala aşyrjakdygyna ynanyp bileris (Ýahýa 5:17)

21. Ýewreýler 4:12-däki sözler gartaşan dogan-uýalara Ýehowa gulluk etmäge nädip kömek edýär?

21 «Uly märekäniň» köpüsi ençeme ýyldan bäri Ýehowa gulluk edýär (Ylh. 7:9). Olar garraýança zalym dünýäde ýaşarys öýden däldir. Muňa garamazdan, olar Ýehowa gulluk etmek üçin elinde baryny edýärler (Zeb. 92:15). Olar «Hudaýyň sözüniň diridigini» we Ýehowanyň wadasyny berjaý etjekdigini bilýär (Ýew. 4:12). Şeýle-de olar Hudaýyň ýer we adamlar babatda niýetini amala aşyrjakdygyna ynanýar. Ýehowa niýetini örän wajyp hasaplaýar, biz hem ony wajyp saýsak, ol begenýär. Şu dynçlyk gününiň dowamynda Ýehowa niýetini doly amala aşyrmaga hiç zat päsgel bermez. Ol halkynyň topar bolup, niýetini amala aşyrmak üçin gulluk etjekdigini bilýär. Sen barada näme diýse bolar? Sen Hudaýyň dynçlygyna girdiňmi?

a Ýewreý ýolbaşçylarynyň köpüsi Musanyň kanunyny jikme-jik berjaý edýärdiler, ýöne Mesih ýere gelende welin, ony kabul etmediler. Olar Hudaýyň niýetine garşy gitdiler.

b «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň» atly kitabyň 207—209-njy sahypalaryna serediň.

c Şu günler Hudaý biz bilen Mukaddes Ýazgylar arkaly gepleşýär. Biz Mukaddes Ýazgylaryň täsiri bilen durmuşymyzy üýtgedýäris. Şol sebäpli, Ýewreýler 4:12-däki sözler Mukaddes Ýazgylara hem degişli.

Ýadyňyzdamy?

▪ Şu günler Hudaýyň dynçlygyna girmek üçin näme etmeli?

▪ Mukaddes Ýazgylardan Hudaýyň bizden näme talap edýänini bilip, ony razy etmek üçin näme ederis?

▪ Haýsy ýagdaýda Ýehowanyň talabyny berjaý etmek kyn bolup biler? Emma Hudaýa gulak asmak näme üçin örän wajyp?

▪ Ýewreýler 4:12-däki sözleriň nähili iki manysy bar?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş