Işaýa
25 Ýehowa, meniň Hudaýym!
Seni arşa galdyraýyn, adyňy wasp edeýin.
Sebäbi sen täsin işleri etdiň+.
Olary gadymy günlerde niýetlediň+,
Wepaly bolup+, sözüňde durduň.
2 Şäheri daş üýşmegine,
Galany harabaçylyga öwürdiň.
Gelmişekleriň şäheri weýran edildi,
Indi asla dikeldilmez.
3 Muny gören güýçli halk seni şöhratlandyrar,
Zalym milletleriň şäheri senden gorkar+.
4 Sen ejize gala bolduň,
Garyby zulum-sütemden goradyň+.
Apy-tupanda gaçybatalga bolduň,
Yssy howada saýa saldyň+.
Çabganyň diwara urşy ýaly,
Zalymlaryň gahary depesine uranda,
5 Çölüň yssysy ýaly, olaryň gazaby tutaşanda,
Sen ýat adamlaryň arryldysyny kesdiň.
Buludyň saýasynyň yssyny ýatyryşy deý,
Zalymlaryň galmagalyny ýatyrdyň.
6 Serkerdebaşy Ýehowa şu dagda+ ähli halklar üçin toý tutar.
Onuň saçagynda näz-nygmatlar+,
Süýji* şeraplar,
Etli* naharlar,
Süýji, arassa şerap bolar.
7 Şol dagda Hudaý halklara oralan kepeni,
Ähli milletlere örtülen matany ýyrtyp taşlar.
Bütin ýer ýüzünde kemsidilen halkynyň abraýyny dikelder.
Muny Ýehowa aýdýar.
9 Şol gün olar diýer:
«Ine biziň Hudaýymyz!+
Ine biziň Ýehowa Hudaýymyz!
Biz oňa umyt baglaýarys.
Begeneliň, şatlanalyň,
Sebäbi ol bizi halas eder»+.
10 Ýehowa şu dagy öz eli bilen gorar+.
Saman goşulyp dersiň depelenişi deý,
Mowap hem öz ýurdunda basgylanar+.
11 Ýüzüjiniň ellerini galgadyşy deý,
Ol hem Mowaba el galdyrar.
Ol ussatlyk bilen
Mowabyň tekepbirligini ýok eder+.
12 Ol onuň galalaryny,
Beýik diwarlaryny ýumrup taşlar,
Ony ýer bilen ýegsan eder.