Ýahýa
4 Fariseýler Isanyň Ýahýadanam köp adamlary suwa çümdürip+, şägirdi edendigini eşitdiler. Halypamyz muny bilip, 2 (aslynda, Isanyň özi däl, şägirtleri suwa çümdürýärdi), 3 Ýahudadan gaýdyp, ýene Jelilä gitdi. 4 Emma ol Samariýanyň içinden geçmelidi. 5 Şeýlelikde, Isa Samariýanyň Sihar şäherine baryp ýetdi. Ol şäher Ýakubyň Ýusup ogluna beren melleginiň golaýynda ýerleşýärdi+. 6 Şol ýerde Ýakubyň guýusy bardy+. Isa ýadap, guýynyň başynda oturdy. Şol wagt günortan on iki töweregidi*.
7 Şonda samariýaly bir aýal suw almaga geldi. Isa: «Içmäge suw beräý» diýdi. 8 Şol wagt şägirtler iýere zat satyn almaga şähere gidipdiler. 9 Samariýaly aýal bolsa: «Sen ýehudy ahyry. Samariýaly aýaldan näme üçin suw soraýaň?» diýdi. Ýehudylar samariýalylar bilen gepleşmeýärdi+. 10 Isa: «Eger sen Hudaýyň berýän berekedini+ we „Içere suw beräý“ diýen adamyň kimdigini bilsediň, ondan özüň suw sorardyň. Ol hem saňa ýaşaýyş suwuny bererdi»+ diýdi. 11 Aýal: «Agam, guýy çuň, suw çekere bedräňem ýok. Ýaşaýyş suwuny nireden aljak? 12 Sen guýyny beren Ýakup atamyzdan hem ulumy? Şu guýudan Ýakubyň özi, ogullary we mal-garalary suw içipdi» diýdi. 13 Isa: «Guýynyň suwundan içen adam ýene-de suwsar. 14 Ýöne meniň berjek suwumdan içen adam hiç haçan suwsamaz+. Meniň berjek suwum adamyň içinde ebedi ýaşaýyş berýän çeşme deý bolar»+ diýdi. 15 Aýal: «Agam, hiç haçan suwsamaz ýaly, gaýdyp guýa suw almaga gelmez ýaly, suwuňdan maňa-da beräý» diýdi.
16 Isa aýala: «Bar, äriňi çagyr» diýdi. 17 Aýal: «Meniň ärim ýok» diýdi. Isa: «Sen ärim ýok diýip, dogry aýtdyň. 18 Seniň bäş äriň bardy, häzirki ýaşaşyp ýöreniň hem äriň däl. Sen dogryňy aýtdyň» diýdi. 19 Aýal: «Agam, sen pygamber ýaly-la!+ 20 Ata-babalarymyz şu dagda sežde edýärdiler, emma siz, ýehudylar, diňe Iýerusalimde sežde etmeli diýýärsiňiz»+ diýdi. 21 Isa: «Ynanaý, şeýle wagt geler, adamlar Hudaýa şu dagda-da, Iýerusalimde-de sežde etmezler. 22 Siz kime sežde edýäniňizi bilmeýärsiňiz+, biz bolsa bilýäris. Sebäbi ilki ýehudylar halas ediler+. 23 Hudaýa wepaly adamlaryň Ata ruhda we hakykatda sežde etjek wagty ýetip gelýär. Aslynda, şol wagt eýýäm geldi, Ata hem şeýle adamlary gözleýär+. 24 Hudaý ruhdur+, oňa sežde edýänler hem ruhda we hakykatda sežde etmelidir»+ diýdi. 25 Aýal: «Men Mesih* diýilýän bir adamyň geljekdigini bilýärin. Ol bize ähli zady açyk aýdar» diýdi. 26 Isa: «Şol men»+ diýdi.
27 Şägirtleri gelip, Isanyň aýal bilen gepleşip durandygyna geň galdylar. Ýöne hiç kim: «Aýaldan näme soradyň? Onuň bilen näme üçin gepleşip dursuň?» diýmäge milt edip bilmedi. 28 Aýal küýzesini taşlap, şähere gitdi-de, adamlara: 29 «Ýörüň, men hakda ähli zady aýdyp beren adamy görüň. Ol Mesih bolaýmasyn?» diýdi. 30 Adamlar hem şäherden gaýdyp, Isanyň ýanyna bardylar.
31 Şol wagt şägirtler: «Mugallym*+, iýip içsene!» diýip, gaýta-gaýta aýtdylar. 32 Isa: «Meniň iýere zadym bar, ýöne siz onuň nämedigini bilmeýärsiňiz» diýdi. 33 Şägirtleri biri-birine: «Biri iýere zat getirdimikä?» diýişdiler. 34 Isa şägirtlerine: «Meniň çöregim meni ibereniň islegini+ we tabşyrygyny soňuna çenli berjaý etmekdir+. 35 Siz hasyl ýygnamaga ýene dört aý bar diýýärsiňiz. Men size diýýärin, başyňyzy galdyryp, ekin meýdanyna serediň, hasyl eýýäm ýetişipdir+. 36 Orakçy iş hakyny alyp, ebedi ýaşaýyş üçin hasyl ýygnap ýör. Şonda eken hem, oran hem bile şatlanar+. 37 Sebäbi: „Biri ekýär, başga biri orýar“ diýen sözler dogrudyr. 38 Men sizi ekmedik zadyňyzy ormaga iberdim. Başgalar ekse-de, siz hem olaryň zähmetiniň hözirini görýärsiňiz» diýdi.
39 Şäherden gelen samariýalylaryň köpüsi Isa iman etdiler. Olar aýalyň: «Men hakda ähli zady aýdyp berdi»+ diýenine ynanyp gelipdiler. 40 Samariýalylar Isany myhmançylyga çagyrdylar, ol hem şäherde iki gün galdy. 41 Şonda köp adamlar Isanyň aýdanlaryna ynandylar. 42 Olar şol aýala: «Biz diňe seniň aýdanyň üçin ynanman, indi öz gulagymyz bilen eşidip, onuň dünýäniň halasgäridigine göz ýetirdik»+ diýdiler.
43 Iki günden soň, Isa Jelilä gitdi. 44 Emma Isa: «Dogduk mekanynda pygamberiň gadyry bilinmez»+ diýipdi. 45 Isa Jelilä gelende, adamlar mähirli garşy aldylar. Sebäbi olar Iýerusalime baýramçylyga+ baranlarynda, Isanyň eden gudratlaryny görüpdiler+.
46 Soňra Isa ýene-de Jeliläniň Kana şäherine geldi. Isa şol şäherde suwy şeraba öwrüpdi+. Şäherde patyşanyň emeldary bardy. Onuň ogly Kapernawumda agyr keselläp ýatyrdy. 47 Ol Isanyň Ýahudadan Jelilä gelendigini eşidende, ölüm ýassygynda ýatan ogluny sagaltmagy haýyş etmek üçin ýanyna bardy. 48 Isa: «Halk alamat we gudrat görmese, hiç haçan ynanmaz»+ diýdi. 49 Emeldar: «Agam, oglum ölmänkä geläý!» diýdi. 50 Isa: «Bar, sag-aman gaýt, ogluň sagaldy»+ diýdi. Ol Isa ynanyp, öýüne gaýtdy. 51 Ol ýolda barýarka, hyzmatkärleri öňünden çykyp, oglunyň sagalandygyny aýtdylar. 52 Ol hyzmatkärlerinden oglunyň näçede sagalandygyny sorady. Olar: «Düýn gündiz sagat bir töweregi* gyzgyny gaýtdy» diýdiler. 53 Şonda emeldar Isanyň: «Ogluň sagaldy»+ diýen wagty oglunyň sagalandygyna göz ýetirdi. Şeýlelikde, emeldar öý-içerisi bilen Isa iman etdi. 54 Şol gudrat Isanyň Ýahudadan Jelilä gelip görkezen ikinji gudratydy+.