NESIHAT KITABY
1 Iýerusalimde patyşalyk edýän nesihatçynyň*+, Dawut oglunyň+ sözleri.
6 Şemal günorta öwüsýär, soňra demirgazyga aýlanýar.
Ol aýlana-aýlana öwüsýär, aýlanmagyny bes etmeýär.
7 Ähli derýalar deňze guýýar, emma deňiz dolup daşmaýar+.
Derýalar akmak üçin ýene-de gözbaşyna dolanýar+.
8 Ähli zat adamy irizýär.
Hemme zady aýdara söz tapylmaz.
Göz görmekden doýmaz,
Gulak eşitmekden.
9 Bolan zatlar ýene-de gaýtalanar,
Edilen işler ýene-de ediler,
Gök astynda hiç hili täze zat ýokdur+.
10 «Ine, täze zat» diýer ýaly näme bar?
Ol gadymy döwürde-de,
Bizden öňem bardy.
11 Gadym döwürde ýaşan adam ýatlanmaz,
Soňky gelen-de ýada düşmez,
Geljekki nesil hem olary ýatlamaz+.
12 Men nesihatçy, Iýerusalimde Ysraýylyň üstünden höküm sürýärin+. 13 Ynsan ogullary boş gezmez ýaly, Hudaý olara agyr zähmet çekmegi tabşyrdy. Men asmanyň astyndaky her bir işi+ akyldarlyk bilen öwrenmegi+ ýüregime düwdüm.
15 Egrini göni edip bolmaz,
Ýok zady sanap bolmaz.
16 Şonda öz-özüme: «Iýerusalimde menden öň ýaşanlaryň ählisinden has paýhasly boldum+. Ýüregim akyl bilen bilimden doly»+ diýdim. 17 Akyldarlygyň, däliligiň we akmaklygyň nämedigini bilmek isledim+. Ol hem şemaly kowalamak ýalydyr.
18 Akyldarlyk köpelse, gaýgy-hasrat köpelýär,
Bilimi artanyň, derdi hem artýar+.
2 Şonda men: «Şadyhorramlykda ýaşap, durmuşyň hözirini göreýin» diýip pikir etdim. Bu-da biderek ekeni.
2 Men gülkä: «Akmaklyk!»,
Şadyhorramlyga: «Näme peýdaň bar?» diýdim.
3 Men şerap+ içip, lezzet alaýyn diýdim, ýöne akyl-huşumy ýitirmedim. Ynsan ömri gysgadyr, gök* astynda ynsan üçin nämäniň has gowudygyny biljek bolup, akmaklyga baş goşdum. 4 Beýik işleri etdim+: özüme jaýlar saldym+, üzüm agaçlaryny ekdim+, 5 bag-bakjaly seýilgähleri gurdum, her dürli miweli agaçlary ekdim. 6 Gür tokaýy suwarmak üçin howdanlary gazdym. 7 Gul-gyrnak edindim+, öýümde doglan hyzmatkärlerim hem köpdi. Iri şahly mallarym we goýun-geçilerim Iýerusalimde höküm süren patyşalaryňkydan has köpdi+. 8 Altyn-kümüş ýygnadym+, welaýatlaryň we patyşalaryň baýlygyny topladym+. Aýal-erkek bagşylary getirtdim, adam ogullarynyň göwnüni göterýän köp gelin-gyzlary aldym. 9 Şan-şöhratym artdy, Iýerusalimde menden öň ýaşanlaryň ählisinden juda baýadym+. Şonda-da akylymy ýitirmedim.
10 Özümi hiç bir lezzetden* mahrum etmedim+, ýüregimiň islegine ýok diýmedim. Der döküp çeken zähmetime begendim. Çeken zähmetimiň hözirini gördüm+. 11 Eden işlerim we der döküp çeken zähmetim+ hakda oýlandym. Olaryň bary biderek, şemaly kowalamak ekeni+. Gök astynda hiç bir zatdan peýda ýok ekeni+.
12 Akyldarlygyň, däliligiň we akmaklygyň nämedigini bilmek üçin olara syn etdim+. Özüme: «Patyşadan soň geljek adam näme edip biler? Onuň etjek işleri bireýýäm edilendir» diýdim. 13 Ýagtylygyň tümlükden gowy bolşy ýaly, akyldarlygyň hem akmaklykdan has peýdalydygyna+ göz ýetirdim.
14 Paýhasly adam ýörejek ýoluny görýär*+, akmak bolsa tümlükde gezýär+. Olaryň ikisiniň hem soňy bir ekeni+. 15 Şonda içimden: «Akmagyň soňy nähili bolsa, meniňem soňum şeýle bolar»+ diýdim. Men akyldar bolup näme gazandym? Soňra: «Bu-da biderek ekeni» diýdim. 16 Akyldary-da, akmagy-da hiç kim ýatlamaz+. Wagtyň geçmegi bilen ähli adamlar unudylar. Akyldar hem akmak adam ýaly öler+.
17 Men durmuşdan doýdum+, gök astynda edilýän ähli zatlardan ýadadym. Ähli zat biderek+, şemaly kowalamakdyr+. 18 Gök astynda çeken agyr zähmetimi ýigrendim+, sebäbi mal-mülküm menden soňky adama galar+. 19 Onuň akmak ýa-da akylly boljagyny kim biler?+ Meniň gök astynda der döküp, akyldarlyk bilen eden işlerim onuň eline geçer. Bu-da biderek. 20 Men gök astynda çeken agyr zähmetim hakda oýlanyp, lapykeç boldum. 21 Adam akyldarlygy, bilimi we bar zehini bilen janaýaman işleýär, emma gazanan ähli zady zähmet çekmedik adama galýar+. Bu-da biderek, agyr dert ekeni.
22 Gök astynda çeken agyr zähmetinden, maksat-myradyndan* ynsana ne peýda?+ 23 Ol ömürboýy işläp, gaýgy-hasrat çekýär+, hatda gijelerine göwni ynjalyk tapmaýar+. Bu-da biderek ekeni.
24 Adam üçin iýip-içmekden, zähmetiniň hözirini görmekden gowy zat ýokdur+. Bu-da hak Hudaýyň berýän berekedi ekeni+. 25 Eýsem menden gowy iýip-içýän barmy?+
26 Alla hudaýhon adama akyldarlyk, bilim we şatlyk berýär+. Günäkärlere bolsa baýlyk toplamaga ýol berýär, soňra olaryň emlägini hudaýhonlara geçirýär+. Bu-da biderekdir, şemaly kowalamak ýalydyr.
3 Her zadyň öz wagty bar,
Gök astynda her bir işiň öz wagty bar:
2 Dünýä inmegiň öz wagty bar, dünýäden ötmegiň öz wagty;
Ekmegiň öz wagty bar, köki bilen sogurmagyň öz wagty;
3 Öldürmegiň öz wagty bar, sagaltmagyň öz wagty;
Ýykmagyň öz wagty bar, dikmegiň öz wagty;
4 Aglamagyň öz wagty bar, gülmegiň öz wagty;
Perýat etmegiň öz wagty bar, tans etmegiň öz wagty;
5 Daşlary zyňmagyň öz wagty bar,
Daşlary üýşürmegiň öz wagty;
Gujak açmagyň öz wagty bar, gujaklamazlygyň öz wagty;
6 Agtarmagyň öz wagty bar, ýitirmegiň öz wagty;
Aýap saklamagyň öz wagty bar, zyňmagyň öz wagty;
7 Ýyrtmagyň öz wagty+ bar, tikmegiň öz wagty;
Dymmagyň öz wagty+ bar, geplemegiň öz wagty+;
8 Söýmegiň öz wagty bar, ýigrenmegiň öz wagty+;
Urşuň öz wagty bar, parahatlygyň öz wagty.
9 Adama çekýän zähmetinden näme peýda bar?+ 10 Ynsan ogullary boş gezmez ýaly, Hudaý olara agyr zähmet çekdirýär. 11 Ol ähli zady öz wagtynda owadan edip* ýaratdy+. Hatda ynsanyň kalbyna ebedi ýaşamak islegini* guýdy. Emma adamlar hak Hudaýyň ähli işlerine* doly düşünip bilmezler.
12 Men bir zada göz ýetirdim: ynsan üçin şatlanmakdan, ömürboýy ýagşylyk etmekden gowy zat ýok ekeni+; 13 her bir adam iýip içmeli, edýän işini ýürekden halamaly*. Ählisi Allanyň bereni*+.
14 Hak Hudaýyň ýaradan ähli zadynyň ebedilik durýandygyna düşündim. Olaryň üstüne hiç zady goşup hem bolmaz, olardan hiç zady aýryp hem bolmaz. Muny hak Hudaý ynsanlar gorksun+ diýip etdi.
15 Häzirki bolýan zatlar öňem bolupdy. Indi boljak zatlar eýýäm bolup geçipdi+. Hak Hudaý dogruçyl adamyň arzuw-hyýalyny hasyl edýär*.
16 Gök* astynda şuny hem gördüm: adalatyň ýerini-de, dogrulygyň ýerini-de erbetlik eýeledi+. 17 Men özüme: «Hak Hudaý dogruçyllary-da, erbetleri-de höküm eder+. Sebäbi her bir işiň, her bir amalyň öz wagty bar» diýdim.
18 Men hak Hudaýyň adamlary synaýşy hakda oýlandym. Ol ynsana haýwandan tapawudynyň ýokdugyny görkezýär. 19 Ynsanyň hem, haýwanyň hem soňy bar, ikisiniň-de soňy birdir+. Haýwanyň ölşi ýaly, ynsan hem ölýär. Ýaşaýyş demi+ ikisinde-de bar. Diýmek, adamyň haýwandan artykmaçlygy ýok. Şonuň üçin ähli zat biderekdir. 20 Olaryň ählisiniň barjak ýeri bir+, ählisi toprakdan alyndy+, topraga-da dolanar+. 21 Kim bilýär, ynsanyň ýaşaýyş demi asmana galýarmy ýa-da haýwanlaryň ýaşaýyş demi topraga siňýärmi?+ 22 Adam işini ýürekden halasa, şondan gowusy ýok ekeni+. Ol zähmetiniň hözirini görer*. Adam dünýäden ötse, kim ony yzyna getirip, boljak zatlary görkezip biler?+
4 Men gök* astynda ýaşaýan adamlaryň çekýän jebir-jepalary hakda ýene-de oýlandym. Ezilýänleriň gözýaşyny gördüm, olara hiç kim göwünlik bermeýärdi+. Ezýänleriň elinde erk-ygtyýar* bardy, şol sebäpli ezilýänlere göwünlik berýän ýokdy. 2 Ölen adamlar dirilerden bagtlydyr+. 3 Emma dünýä inmedik+, gök astynda zalym işleri görmedik+ olardan has bagtlydyr.
4 Adamlar näçe zähmet çekse*, işine näçe ökde bolsa, şonça-da aralarynda bäsdeşlik döreýän eken+. Bu-da biderek, şemaly kowalamakdyr.
5 Iki elini gowşuryp oturan akmak açlykdan öler*+.
6 Biraz* dynç almak agyr* zähmet çekmekden we şemaly kowalamakdan gowudyr+.
7 Men gök astynda ýene bir biderek zada üns berdim: 8 ýerden ýeke çykan adamyň ne ýoldaşy, ne zürýady, ne dogany bardyr. Ol dynman zähmet çekýär, baýlykdan gözi doýmaýar+. Ol özüne: «Men durmuşyň hözirini görmän, kim üçin agyr zähmet çekýärin?»+ diýmeýär. Bu-da biderek, boş hysyrdydyr+.
9 Ýeke bolanyňdan, iki bolanyň ýagşydyr+, sebäbi olar çeken zähmetinden bol bereket alar. 10 Biri ýykylsa, beýlekisi ýoldaşyny galdyrar. Emma kömek edere ýoldaşy bolmadyk ýykylsa, oňa näme bolar?
11 Iki adam bile ýatsa ýylnar, emma ýeke ýatan nädip ýylnar? 12 Ýeke ýeňler, iki bolsa gaýtawul berer. Üç örüm ýüp çalt* üzülmez.
13 Maslahata gulak asmaýan, akylsyz+, garry patyşadan garyp, paýhasly ýaş ýigit gowudyr+. 14 Ol garry patyşanyň döwründe garyp bolup dünýä inse-de+, zyndandan çykyp tagtda oturdy+. 15 Men gök astyndaky ähli adamlara we patyşanyň tagtyna geçen ýaş ýigide syn etdim. 16 Onuň tarapyny tutýanlar köp bolsa-da, soňky geljekler ondan razy bolmazlar+. Bu-da biderek, şemaly kowalamakdyr.
5 Hak Hudaýyň öýünde özüňi edepli alyp bar*+. Ol ýere akmaklar ýaly gurbanlyk bermek+ üçin däl-de, ünsli diňlemäge+ bar. Olar edýän işleriniň erbetdigine düşünýän däldir.
2 Hak Hudaýyň huzurynda geplemäge howlukma, oýlanman gepleme+. Hak Hudaý gökdedir, sen bolsa ýerdesiň, şonuň üçin köp gepleme+. 3 Gaýgy-aladasy köp adam düýş görýändir+, köp gepleýän ýaňra hem akylsyz zatlary aýdýandyr+. 4 Hudaýa wada berseň, gijikdirmän ýerine ýetir+, sebäbi ol akylsyzlary halaýan däldir+. Beren wadaňy berjaý et+. 5 Wada berip, berjaý etmäniňden, wada bermedigiň has gowudyr+. 6 Diliň bilen günä etme+. Allanyň perişdesiniň* öňünde: «Ýalňyşyp wada beripdirin» diýme+. Hak Hudaý beren sözüňe gaharlanyp, elleriň işini ýok edäýmesin+. 7 Gaýgy-aladadan ýaňa adamyň düýş görşi* ýaly+, ýaňra hem boş sözleri aýdýandyr. Ýöne sen hak Hudaýdan gork+.
8 Ýurtda garyp-gasarlar ezilse, adalat we dogruçyllyk ýok bolsa, geň galma+. Sebäbi her häkimiň özünden ýokary baştutany bardyr, olaryň hem üstünden seredýän baştutanlar bardyr.
9 Olar ýeriň hasylyny öz aralarynda paýlaşýar, hatda patyşanyň saçagyndaky näz-nygmatlar ekin meýdanyndan gelýär+.
10 Kümşi söýýän kümüşden, baýlygy söýýän gazançdan doýmaz+. Bu-da biderek+.
11 Mal-mülküň artsa, ondan peýdalanjaklar hem köpelýär+. Baý adam mal-mülküne guwanmakdan başga näme etsin?+
12 Hyzmatkär az iýse-de, köp iýse-de süýji uka gidýär. Emma baýyň mal-mülki ukudan goýýar.
13 Gök* astynda bir aýylganç ýagdaýy gördüm: baýlyk eýesine zyýan ýetirýär. 14 Adam bolgusyz işe baş goşup, baýlygyny ýitirýär. Ogly dünýä inende, goýara mirasy bolmaýar+.
15 Adam ýalaňaç dünýä inýär, ýalaňaç-da dünýäden ötýär+. Ol zähmet çekip, gazanan zadyny özi bilen äkidip bilmeýär+.
16 Ýene bir aýylganç ýagdaýy gördüm: adam dünýä nähili gelen bolsa, şeýle-de gider. Agyr zähmet çekip, şemaly kowalamakdan ne peýda?+ 17 Ol iýen çöreginiň tagamyny bilmez, ömürboýy çöregini gaýgy-hasrat, hassalyk we gahar-gazap bilen iýer+.
18 Gowy we peýdaly zadyň nämedigine düşündim: hak Hudaýyň beren gysga ömrüniň içinde adam iýip içmeli+, gök astynda çeken zähmetiniň hözirini görmeli. Bu-da Allanyň berenidir*+. 19 Hak Hudaý adama baýlyk we mal-mülk berse, olary hezil edip ulanmaga ukybam berse+, ol adam çeken zähmetiniň hözirini görsün hem begenip işlesin. Bu-da Allanyň berenidir*+. 20 Adam ömrüniň nädip geçenini bilmän galýar, sebäbi hak Hudaý hemişe onuň ýüregini şatlykdan doldurýar+.
6 Gök* astynda köp adamlaryň başyna inýän ýene bir aýylganç ýagdaýy gördüm: 2 hak Hudaý adama baýlyk, mal-mülk, at-abraý berýär; ol hiç zada mätäç bolmaýar. Emma hak Hudaý olaryň hözirini görkezmeýär, üstesine-de, keseki adam mal-mülküne eýe çykýar. Bu-da biderek, agyr dertdir. 3 Eger adam uzak ömür sürse, ýüz çaganyň atasy bolup, garrylyk çagyna ýetse, emma durmuşyň hözirini görmän dünýäden ötse, öli doglan çaga ondan gowudyr+. 4 Sebäbi ol çaga biderek ýere doglup, tümlüge siňip gidýär, adyny garaňkylyk örtýär. 5 Ol Güni gören däldir we hiç zat bilýän däldir. Onuň ýagdaýy uzak ömür süren adamyňkydan gowudyr+. 6 Eger adam 2 000 ýyl ýaşabam, durmuşyň hözirini görmese näme peýdasy bar? Ähli adamlaryň barjak ýeri bir dälmi?+
7 Adam gara bokurdagy üçin agyr zähmet çekýär+, ýöne gözi doýmaýar. 8 Akyldaryň akmak adamdan näme artykmaçlygy bar?+ Garyp gün-güzeranyny dolandyrmagy bilse-de, oňa mundan ne peýda? 9 Ýok zadyň arzuwyny edeniňden, bar* zatlaryňdan lezzet alanyň ýagşydyr. Bu-da biderek, şemaly kowalamakdyr.
10 Ähli zadyň ady öňden goýlandyr, ynsanyň kimdigi bellidir. Ol özünden güýçli bilen dawalaşyp bilmez. 11 Köp sözüň* manysy ýokdur. Mundan adama ne peýda? 12 Kölege ýaly geçip gidýän, gysga we boş ömründe+ ynsan üçin nämäniň gowy boljakdygyny kim biler? Adam dünýäden ötse, kim ony yzyna getirip, gök astynda boljak zatlary aýdyp biler?
7 Ýagşy at* gymmatly ýagdan+, adamyň ölen güni doglan gününden gowudyr. 2 Ýasa gitmek toýa gitmekden gowudyr+, sebäbi her kesiň başy ölümlidir. Hiç kim muny unutmasyn. 3 Gam-gussa gülküden ýagşydyr+, sebäbi ýüzüň gamgyn bolanda, ýüregiň arassalanýar*+. 4 Paýhasly adam ýasa baranda durmuşyň manysy hakda oýlanýar, akmak bolsa hemişe keýpi-sapa hakda pikir edýär+.
5 Akmagyň öwgüli sözlerini diňlemekden paýhasly adamyň käýinjini eşitmek ýagşydyr+. 6 Sebäbi akylsyzyň gülküsi gazanyň aşagynda ýanýan ýandagyň şatyrdysy ýalydyr+. Bu-da biderek. 7 Zulum-sütem paýhasly adamy hem akylsyz edýär, para ýüregi azdyrýar+.
8 Öňüň gelenden soňuň geleni gowudyr. Sabyrly bolmak tekepbir bolmakdan ýagşydyr+. 9 Öýkelek bolma+, sebäbi öýke-kine akylsyzlaryň gursagynda ornaşýar*+.
10 «Geçen günler şu günümden gowy eken» diýme, sebäbi paýhasly adam beýle diýmez+.
11 Mirasa paýhasly adam eýe bolsa gowudyr, sebäbi akyldarlyk ýagty jahanda ýaşaýanlar üçin bereketdir. 12 Pul köp ýagdaýlarda gorag bolýar+, şonuň ýaly akyldarlyk hem adamy goraýar+. Emma akyldarlyk we bilim has gowudyr, sebäbi adamyň janyny aman saklaýar+.
13 Hak Hudaýyň işleri hakda oýlan. Onuň egreldenini kim dogrulap biler?+ 14 Ýagşy günde şatlan+. Ýaman günde şuny ýatdan çykarma: ýagşy günem, ýaman günem hak Hudaý berdi+, şol sebäpli ynsan ertir başyna nämäniň geljekdigini bilýän däldir+.
15 Men manysyz* ömrümde+ köp zady gördüm: dogruçyl adam dogrulyk etse-de heläk bolýar+, erbet adam pislik etse-de uzak ömür sürýär+.
16 Öte dogruçyl bolma+, özüňi çendenaşa akyldar hasaplama+. Öz-özüňi heläk etmek nämä gerek?+ 17 Erbetlik etme*, akmaklyk hem etme+. Öz ömrüňi özüň gysgaltmak nämä gerek?+ 18 Şu nesihatyma berk ýapyşsaň, beýlekisini hem goýbermeseň ýagşy bolar+. Sebäbi Alladan gorkýan adam ählisini berjaý eder.
19 Paýhasly adamyň akyly ony şäherdäki on pälwandan hem güýçli edýär+. 20 Dünýäde diňe ýagşylyk edip, asla günä etmeýän dogruçyl adam ýok+.
21 Her bir aýdylan sözi ýüregiňe alma+, ýogsam hyzmatkäriň sen hakda aýdan ýaman sözlerini* eşidersiň. 22 Ýadyňda bolsa, senem başgalary ençeme sapar ýamanlapdyň+.
23 Men bularyň ählisini akyldarlyk bilen barlap görsem: «Akyldar bolaryn» diýdim. Emma olara doly akyl ýetirip bilmedim. 24 Gadymy döwürde bolan wakalar örän çuňdur, akyla sygýan däldir. Kim olara düşünip biler?!+ 25 Men akyldarlygy öwrenmegi, her bir zadyň sebäbini agtaryp tapmagy ýüregime düwdüm; akmaklaryň edýän pisligine, dälileriň akylsyz hereketine düşünjek boldum+. 26 Bir zada göz ýetirdim: ýüregi gapan kimin, elleri gandal ýaly, awçynyň duzagyna meňzeýän aýal ölümdenem ajy eken. Hak Allany razy edýän adam ondan gaçyp gutular+, emma günäkär adam ol aýalyň eline ýesir düşer+.
27 Nesihatçy+ şeýle diýýär: «Men bir zada düşündim. Belli bir netijä gelmek üçin ähli zady ýekän-ýekän agtardym, 28 gaýta-gaýta gözledim, emma agtaranymy tapmadym. Müň kişiniň arasyndan bir dogruçyl adam tapdym, emma olaryň arasyndan bir dogruçyl aýaly tapmadym. 29 Men şuňa düşündim: hak Hudaý ynsany dogruçyl edip ýaratdy+, ýöne olar öz nebsine çapýarlar»+.
8 Paýhasly adama taý geljek barmy? Kynçylygy kim çözüp biler? Akyldarlyk ýüzi nurlandyrýar, gaharly ýüzi mähirli edýär.
2 Men şeýle diýýärin: «Hudaýa beren wadaňa görä+, patyşanyň buýruklaryny berjaý et+. 3 Patyşanyň huzuryndan gitmäge howlukma+, erbetleriň tarapyny tutma+, sebäbi patyşa islän zadyny edýär. 4 Patyşanyň sözi kanundyr+. Kim oňa: „Edýäniň näme?“ diýip biler?»
5 Kanuny berjaý edýän adam zyýan çekmez+. Paýhasly adam her bir zadyň amatly wagtyny we tertibini bilýär+. 6 Ynsanyň başynda kynçylyk köpdür, ýöne her bir zadyň öz wagty we tertibi bardyr+. 7 Hiç kim boljak zady öňünden bilmeýän bolsa, onuň nädip boljagyny nireden bilsin?
8 Adamyň ýaşaýyş demi öz elinde däldir, şonuň ýaly öljek güni hem öz elinde däldir+. Söweş wagty esger öýüne goýberilýän däldir, erbet adam hem pislik edip aman galýan däldir*.
9 Men bar zada syn etdim we gök* astynda edilýän ähli işler barada oýlandym. Bir adamyň beýleki adamyň üstünden hökümdarlyk etmegi hemişe zyýanly ekeni+. 10 Men mukaddes ýere girip-çykýan erbetleriň jaýlanandygyny gördüm. Galanyň halky olaryň eden zalym işlerini tiz unutdylar+. Bu-da biderekdir.
11 Erbet işleri üçin tiz jeza berilmese+, ynsan ogullarynyň ýüregi erbetlik etmekden gorkmaz+. 12 Günäkär ýüz sapar erbetlik edip, uzak ömür sürse-de, diňe hak Hudaýdan gorkýan adamlar bereket alýan ekeni, sebäbi olar Hudaýa çuňňur hormat goýýarlar+. 13 Emma erbet adam bereket almaz+, ömri kölege ýaly geçip gider, ömrüni uzaldyp bilmez+, sebäbi ol Alladan gorkmaýar.
14 Ýer ýüzünde bir biderek ýagdaýy gördüm: hudaýhon adamlar erbetlere berilmeli jezany çekýärler+. Erbet adamlar bolsa hudaýhonlara berilmeli sylagy alýarlar+. Men: «Bu-da biderek» diýdim.
15 Şeýlelikde, men adamlara şatlanyp ýaşamagy maslahat berdim+, sebäbi gök astynda ynsana iýip-içmekden we şatlanmakdan başga gowy zat ýokdur. Adam hak Hudaýyň gök astynda beren ömrüniň ähli günlerinde şatlyk bilen zähmet çekmelidir+.
16 Men gije-gündiz ýatman ýer ýüzünde edilýän işleri* we akyldarlygy öwrenmegi ýüregime düwdüm+. 17 Hak Hudaýyň eden ähli işleri hakynda oýlandym. Ynsan gök astynda bolýan ähli zada düşünip bilmeýär+. Ynsan näçe jan etse-de, olara düşünmez. Olar özüni akylly hasaplasalar-da, gök astynda bolýan ähli zada doly düşünmez+.
9 Men şu zatlar barada oýlanyp, şeýle netijä geldim: dogruçyl, paýhasly adamlar we olaryň edýän işleri hak Hudaýyň elindedir+. Adam öňki döwürde bolan söýgüden we ýigrençden habarsyzdyr. 2 Hudaýhonlaryň-da, zalymlaryň-da+, ýagşylaryň-da, halallaryň-da, haramlaryň-da, gurbanlyk berýänleriň-de, gurbanlyk bermeýänleriň-de, gowularyň-da, erbetleriň-de, wada berýänleriň-de we wada bermäge gorkýanlaryň-da — ähli adamlaryň soňy birdir+. 3 Gök* astynda ruhdan düşürýän bir zat bar: ähli adamlaryň soňy birdir+, şol sebäpli olaryň ýüregi erbetlikden doly. Adamlar bütin ömrüne akylsyzlyk edip, ölüp gidýärler.
4 Diri adamyň umydy bar. Diri it ölen ýolbarsdan gowudyr+. 5 Sebäbi diriler öljegini bilýär+, ölüler bolsa hiç zat bilmeýär+. Indi olara hiç hili sylag* berilmez, olary hiç kim ýatlamaz+. 6 Olaryň söýgüsi, ýigrenji, göripligi ýok bolup gitdi. Indi olara gök astynda edilýän işlerden hiç hili paý ýokdur+.
7 Git-de, çöregiňi iýip şatlan, şerabyňy içip, göwnüňi hoşla+; sebäbi hak Hudaý eden işleriňden razydyr+. 8 Eşigiň hemişe ak* bolsun we başyňa ýag çalmagy unutma+. 9 Hudaýyň gök astynda saňa beren biderek ömründe, durmuşyň ähli biderek günlerinde söýgüli aýalyň bilen bagtly döwran sür+. Şonda sen gök astynda çeken agyr zähmetiň üçin paýyňy alarsyň we hözirini görersiň+. 10 Eliňden gelýän işi güýjüňi gaýgyrman et, sebäbi seniň barjak mazaryňda* ne iş, ne maksat-myrat, ne bilim, ne-de akyldarlyk bardyr+.
11 Gök astynda şuny gördüm: ýaryşda hemişe ýüwrük ozmaýar, göreşde hemişe pälwan ýeňmeýär+, akyldaryň saçagynda hemişe çörek bolmaýar, paýhasly adam hemişe baý bolmaýar+, bilimli adam hemişe üstünlik gazanmaýar+, sebäbi olaryň hemmesi garaşylmadyk ýagdaýa tötänden* duçar bolýarlar. 12 Ynsan haçan öljegini bilmeýär+. Balygyň we guşuň tora düşüşi ýaly, ynsan ogly hem betbagtçylygyň duzagyna tötänden düşýär.
13 Gök astynda akyldarlyk hakda bir zat gördüm, ol meni geň galdyrdy: 14 bir kiçiräk galada sanlyja adam ýaşaýardy. Güýçli şa gelip, galany gabady we daş-töweregine gabaw diwarlaryny gurdy. 15 Galada bir garyp, ýöne paýhasly adam bardy. Ol öz akyldarlygy bilen galany halas etdi. Emma ol garybyň gadyryny hiç kim bilmedi+. 16 Özüme diýdim: «Akyldarlyk güýç-kuwwatdan gowudyr+. Emma garyp adamyň akyldarlygyna üns bermeýärler, maslahatyny diňlemeýärler»+.
17 Paýhasly adamyň mylaýym sözüni diňlemek, akylsyzlaryň patyşasynyň gykylygyny eşideniňden gowudyr.
18 Akyldarlyk söweş ýaraglaryndan gowudyr, emma bir günäkär edilen köp gowy zady zaýalap biler+.
10 Öli siňek atyry porsadar we zaýalar, şonuň ýaly bir akylsyz iş hem paýhasly adamy abraýdan düşürer+.
2 Akyldaryň ýüregi dogry ýoly görkezýär, akylsyzyň ýüregi bolsa erbet ýola sowýar+. 3 Akmak haýsy ýoldan ýörese-de, akyly kemlik edýär+. Akmaklygyny hemmeler görýär+.
4 Patyşa saňa gazaplansa, ornuňy taşlap gitme+, sebäbi özüňi rahat alyp barsaň, agyr günäleriň hem bagyşlanar+.
5 Gök* astynda ruhdan düşürýän bir zat bar. Hökümdarlar şeýle ýalňyşlyk goýberýär+: 6 akmagy ýokary wezipä belleýärler, zehinli* adamy bolsa pes ýerde oturdýarlar.
7 At üstünde oturan gullary, gul kimin pyýada barýan şazadalary gördüm+.
8 Adam öz gazan çukuryna özi düşer+; diwary deşeni ýylan çakar.
9 Daş döwýän adam ýaralanar, odun çapýan howply ýagdaýa uçrar*.
10 Kütelen palta ýiteldilmese, köp güýç gerek bolar, akyldarlyk bolsa üstünlik getirer.
11 Ýylan oýnadýan adam tüýdügini çalmanka ýylan çaksa, tüýdükçiniň ukybyndan ne peýda?
12 Akyldaryň agzyndan çykan sözler ýakymlydyr+, akmagyň dili özüni heläk edýär+. 13 Agzyndan ilki bilen akmaklyk çykýar+, akmaklygy bolsa heläkçilik bilen gutarýar. 14 Şonda-da akmak agzyny ýummaýar+.
Adam näme boljagyny bilmeýär, ol dünýäden ötse, kim ony yzyna getirip, boljak zatlary aýdyp biler?+
15 Akylsyzy agyr zähmet ýadadýar, ol hatda şähere barýan ýoly tapmaýar.
16 Ýaş oglan patyşa bolsa, han-begleri ir-ertirden keýp çekmäge başlasa, ol ýurduň dat gününe!+ 17 Patyşasy abraýly maşgaladan bolsa, han-begleri serhoşlyk etmän, wagtynda nahar iýip, güýç toplasa, ol ýurt gülläp ösýär!+
18 Ýaltanyň üçegi çökýär, elini gowşuryp oturýanyň üçeginden suw geçýär+.
19 Çörek ýüregi şatlandyrýar, şerap keýpi göterýär+, pul hem zada zar etmeýär+.
20 Patyşa içiňden-de* gargama+, baý adamy düşegiňde-de näletleme, sebäbi gögüň guşlary gargyşyňy ýetirer, guşlar aýdan sözleriňi habar berer.
11 Çöregiňi derýa akdyr+, günler geçer, ol ýene öňüňden çykar+. 2 Bar zadyňdan ýedi, hatda sekiz adama paý ber+. Sebäbi ýer ýüzünde nähili betbagtçylygyň boljakdygyny bilýän dälsiň.
3 Bulutlar suwdan dolsa, ýere ýagyş ýagýar. Agaç günorta ýykylsa-da, demirgazyga ýykylsa-da, ýykylan ýerinde ýatýar.
4 Şemala seredýän tohum sepmez, buluda seredýän hasyl ormaz+.
5 Göwreli aýalyň çagasyna nädip jan girýändigini* bilmeýşiň ýaly+, ähli zady edýän hak Hudaýyň işlerine-de akyl ýetirip bilmersiň+.
6 Tohumyňy säher bilen sep, agşama çenli eliň boş durmasyn+, sebäbi haýsysynyň gögerjegini bilýän dälsiň. Belki, irden ekeniň ýa-da agşam ekeniň gögerer. Belki-de, ikisem gögerer.
7 Ýagtylyk ýakymlydyr, güneşi görmek gözüňe hoş ýakýandyr. 8 Goý, ynsan ömrüniň ähli gününi şatlyk bilen geçirsin+. Köp agyr günleriň hem boljakdygyny unutmasyn, sebäbi boljak zatlaryň bary biderekdir+.
9 Eý ýaş ýigit, heniz ýaşkaň şatlan! Goý, ýaşlyk günleriňde ýüregiň begensin! Göwün islän, gözüň gören ýoly bilen git, emma unutma, hak Alla ähli zat üçin hasap sorar+. 10 Şonuň üçin gaýgy-hasraty ýüregiňden çykar, erbet zatlardan gaça dur, sebäbi ýaşlyk-da, juwanlyk-da biderekdir+.
12 Ýaşlyk günleriňde Beýik Ýaradany ýatla+. Heniz agyr günleriň gelmänkä+, «durmuşyň mazasy gaçdy» diýjek ýyllaryň gelmänkä, 2 Gün, Aý we ýyldyzlar garalmanka+, ýagyşdan soň* ýene-de bulutlar gelmänkä, Ýaradany ýatla. 3 Ol gün öýüň garawullary sandyrar, pälwanlar iki büküler, aýallar däne üwemegini bes eder, sebäbi olaryň sany azalar, penjireden daşary seredýän zenanyň gözleri garaňkyrar+. 4 Köçä bakýan gapylar ýapylar, degirmeniň sesi peseler, sen guşlaryň sesine oýanarsyň, gyzlaryň aýdymyny gowy eşitmersiň+. 5 Beýiklikden gorkarsyň, köçä çykmakdan heder edersiň, badam agajy güllär+, çekirtge zordan ýörär, işdä* kesiler, sebäbi adam soňky öýüne tarap ýola düşer+, ýas tutýanlar köçelerde aýlanar+. 6 Kümüş zynjyr üzülmänkä, altyn käse döwülmänkä, çeşme başyndaky küýze owranmanka, guýynyň başyndaky çarh döwülmänkä, 7 adam topraga siňmänkä+, ýaşaýyş demi hak Hudaýa dolanmanka+, Ýaradany ýatla.
8 Nesihatçy+: «Bary biderek! Ähli zat biderekdir!»+ diýýär.
9 Nesihatçy diňe bir paýhasly bolman, eýsem bilýän zatlaryny hemişe halka öwredýärdi+. Ol köp nakyllary düzmek üçin oýlandy we çuňňur gözleg geçirdi+. 10 Nesihatçy ýakymly sözleri tapyp+, hakykat sözlerini dogry ýazmak üçin köp gözleg geçirdi.
11 Akyldaryň sözleri çiş* kimindir+, pähimli sözleri berk kakylan çüýler kimindir. Ählisi bir çopandandyr. 12 Onsoňam, oglum, unutma: köp kitap ýazmagyň soňy ýok, köp okamak bedeni tapdan düşürýär!+
13 Ähli zady jemläp aýtsam: hak Hudaýdan gorkmak+ we tabşyryklaryny berjaý etmek+ ynsanyň esasy borjudyr+. 14 Sebäbi hak Hudaý ýagşy bolsun, ýaman bolsun — adamyň edýän her bir işini, hatda gizlin işlerini hem höküm eder+.
Sözme-söz: halky bir ýere jemleýäniň.
Sözme-söz: Gün.
Sözme-söz: Gün.
Ýa-da: gözümiň gören zadyndan.
Sözme-söz: Paýhasly adamyň gözi başyndadyr.
Sözme-söz: ýürek arzuwyndan.
Ýa-da: tertipli; ýerli-ýerinde.
Ýa-da: ebediligi.
Sözme-söz: owaldan ahyra çenli eden işlerine.
Ýa-da: çeken zähmetiniň hözirini görmeli.
Sözme-söz: sowgady.
Ýa-da: Hak Hudaý agtarylan zatlara ser salýar. Başga manysy: Hak Hudaý bolan wakalara syn edýär.
Sözme-söz: Gün.
Ýa-da: sylagyny; paýyny alar.
Sözme-söz: Gün.
Ýa-da: häkimiýet.
Ýa-da: tagalla etse.
Sözme-söz: öz etini özi iýer.
Sözme-söz: Bir gysym.
Sözme-söz: iki gysym.
Ýa-da: aňsat.
Sözme-söz: ädimleriňe dykgatly bol.
Ýa-da: habarçysynyň.
Ýa-da: arzuw edişi.
Sözme-söz: Gün.
Sözme-söz: sowgadydyr.
Sözme-söz: sowgadydyr.
Sözme-söz: Gün.
Sözme-söz: görýän.
Başga manysy: zadyň.
Ýa-da: abraý.
Ýa-da: gowulanýar.
Başga manysy: akylsyzlygyň alamatydyr.
Ýa-da: biderek.
Ýa-da: Erbetlik etmekde ökdeleşme.
Sözme-söz: näletini.
Başga manysy: erbetlik erbet adamy halas edýän däldir.
Sözme-söz: Gün.
Başga manysy: Men adamlaryň gije-gündiz ýatman ýer ýüzünde edýän işlerini.
Sözme-söz: Gün.
Ýa-da: hak; töleg.
Ak eşik ýasyň däl-de, şatlygyň alamatydy.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: duýdansyz wagtda.
Sözme-söz: Gün.
Sözme-söz: baý.
Başga manysy: odun çapýan seresap bolmalydyr.
Başga manysy: düşegiňde ýatanyňda-da.
Ýa-da: Aýalyň göwresindäki çaganyň süňkünde ruhuň hereket edişini.
Başga manysy: ýagyş bilen.
Sözme-söz: göýül miwesi ýarylar. Işdäni açýan miwe göz öňünde tutulýar.
Sözlüge serediň.