Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • nwt Mikaý 1:1—7:20
  • Mikaý

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mikaý
  • Mukaddes Kitap
Mukaddes Kitap
Mikaý

MIKAÝ PYGAMBERIŇ KITABY

1 Moreşetli Mikaý*+ Ýahuda patyşalary+ Ýotamyň+, Ahazyň+ we Hizkiýanyň+ döwründe Samariýa hem-de Iýerusalim barada görnüş* gördi. Ýehowa şeýle diýdi:

 2 «Eşidiň, eý halklar!

Ýer ýüzi we janly-jemende, diňläň!

Goý, Älemiň Hökümdary Ýehowa,

Mukaddes mekanynda oturan Ýehowa sizi höküm etsin+.

 3 Serediň, Ýehowa öz mekanyndan çykýar,

Ol aşak inip, dag-depeleriň üstünden ýörär.

 4 Aýagynyň astynda daglar erär+,

Jülgeler ikä bölüner,

Otda ereýän mum* ýaly,

Kert gaýadan inýän sil ýaly bolar.

 5 Ýakubyň turzan gozgalaňy,

Ysraýyl öýüniň günäleri sebäpli şeýle zatlar bolýar+.

Ýakubyň gozgalaň turuzmagyna kim günäkär?

Samariýa dälmi?+

Ýahudada seždegähleriň*+ bolmagyna kim günäkär?

Iýerusalim dälmi?

 6 Men Samariýany harabaçylyga öwrerin,

Üzüm ekilýän ýer kimin tekizlärin.

Daşlaryny togalap, jülgä taşlaryn,

Galany düýp-teýkary bilen ýalaňaçlaryn.

 7 Ähli oýma butlary bölek-bölek ediler+,

Tenini satyp gazanan zatlary otda ýanar+.

Onuň butlaryny ýok ederin.

Ahlaksyzlykdan düşen gazanjy elinden alnyp,

Başga bir ahlaksyza berler».

 8 Munuň üçin aglap, perýat ederin+,

Eşigimi çykaryp, aýakýalaňaç gezerin+.

Şagallar ýaly uwlaryn,

Düýeguşlar kimin aglaryn.

 9 Sebäbi onuň ýaralary bitmedi+,

Gaýtam Ýahuda çenli ýaýrady+.

Mergi Iýerusalime, halkymyň derwezesine gelip ýetdi+.

10 «Muny Getde yglan etmäň,

Siz asla aglamaly dälsiňiz.

Eý Beýtafranyň halky, gum üstünde togalanyň.

11 Şepiriň ilaty, ýalaňaçlanyp, utanç içinde ýola düşüň.

Sawananyň ilaty şäherden çykmaýar,

Beýtezel seniň penaňdy, indi ol ýerden agy sesi eşidiler.

12 Marotyň halky ýagşylyga umyt etse-de,

Ýehowa Iýerusalim derwezelerine betbagtçylyk iberdi.

13 Lakyşyň+ ilaty, atlary araba goşuň,

Sion gyzy siz sebäpli günä etdi,

Ysraýyl sen* sebäpli gozgalaň turuzdy+.

14 Sen Moreşet-gete toý paýyny berersiň,

Akzyp+ öýleri Ysraýyl patyşalary üçin duzak boldy.

15 Mareşan+ halky, men sizi basyp aljak serkerdäni ibererin+,

Ysraýylyň şan-şöhraty Adullama+ çenli baryp ýeter.

16 Çagalaryňyz eliňizden alnyp, sürgün ediler+.

Şonuň üçin saçyňyzy syryň,

Ähliňiz kel boluň, dazzarkel ýaly kel boluň».

2 «Düşeginde duzak gurmak hakda oýlanýanlaryň,

Päliýaman adamlaryň waý halyna!

Olar daň atanda niýetini amala aşyrýarlar,

Sebäbi il-günüň ygtyýary olaryň elinde+.

 2 Olar islän mellegini alýarlar+,

Islän öýlerine eýe çykýarlar.

Adamy aldap, öýüni elinden alýarlar+,

Mirasdüşeri mirasyndan mahrum edýärler.

 3 Şonuň üçin Ýehowa şeýle diýýär:

„Halkyň başyna betbagtçylyk indererin+,

Gaçyp gutulmazlar+.

Indi tumşugyňyzy göge tutup gezmersiňiz+,

Sebäbi heläkçilik güni geldi+.

 4 Şol günlerde halklaryň dilinden düşmersiňiz,

Olar siziň üçin agy aýdarlar+.

Olar: „Bizi taladylar!+

Alla halkymyň paýyny alyp, ýat adamlara berdi.

Paýymyzy elimizden kakyp aldy+.

Melleklerimizi dönükleriň eline berdi“ diýer.

 5 Ölçeg ýüpi bilen ýer paýlaryny ölçäp berjek adam,

Ýehowanyň halkynyň arasyndan tapylmaz.

 6 Olar: „Wagyz etmäň!

Beýle zatlar hakda wagyz etmäň.

Biz masgara bolmarys!“ diýýärler.

 7 Eý Ýakup öýi, siz:

„Ýehowanyň sabyr käsesi doldumy?

Ol şeýle işleri edermi?“ diýenlerini eşitdiňizmi?

Meniň wadalarym dogruçyllaryň bähbidine dälmi?

 8 Soňky döwür halkym maňa duşman boldy.

Söweşden gelýän esger ýaly

Arkaýyn geçip barýan ötegçileriň

Göz-görtele şaý-seplerini, donuny sypyryp alýarsyňyz*.

 9 Halkymyň gelinlerini asuda öýlerinden kowýarsyňyz,

Çagalaryny meniň berekedimden mahrum edýärsiňiz.

10 Bar git, sebäbi bärde asudalyk ýok,

Ýurt haram boldy+, şonuň üçin heläkçilik,

Uly heläkçilik iner+.

11 Şemaly kowalaýan, aldaw bilen ýaşap:

„Geliň, şerap, çakyr hakda wagyz edeýin“ diýýän adam,

Diňe şu halkyň wagyzçysy bolar+.

12 Eý Ýakup, men seni bir ýere jemlärin,

Ysraýylyň aman galanlaryny ýygnaryn+.

Agyldaky goýun kimin,

Öri meýdandaky süri kimin bir ýere toplaryn+.

Ýurtda märekäniň sesi ýatmaz“+.

13 Halk diwary ýykýanyň yzyna düşer.

Olar ýykylan diwardan geçip, derwezeden çykyp giderler+.

Olaryň patyşasy öňlerinden ýörär,

Ýehowa olara ýol görkezer»+.

3 Men şeýle diýdim: «Ýakubyň baştutanlary,

Ysraýyl hökümdarlary, diňlemegiňizi haýyş edýärin!+

Siz adalatly bolmaly dälmi näme?

 2 Siz ýagşylygy ýigrenip+, ýamanlyk etmegi halaýarsyňyz+,

Halkymyň hamyny soýup,

Etini süňkünden sypyrýarsyňyz+.

 3 Siz halkymyň hamyny soýup,

Etini iýýärsiňiz+.

Gazana atyljak, gazanda gaýnadyljak et kimin,

Halkymyň süňklerini bölek-bölek edýärsiňiz+.

 4 Siz şol gün Ýehowadan kömek sorarsyňyz,

Emma ol jogap bermez.

Şol gün Hudaý sizden ýüz öwrer+,

Sebäbi siz erbet işleri edýärsiňiz+.

 5 Halkymy azdyrýan pygamberler+,

Aklyk berilse*+: „Parahatlyk!“ diýýärler+.

Hiç zat bermeýänlere bolsa gargaýarlar*.

Ýehowa olara şeýle diýýär:

 6 „Siz tümlükde bolarsyňyz+, görnüş* görmersiňiz+,

Sizi garaňkylyk gaplar, palçylyk etmersiňiz.

Pygamberleriň Güni batar,

Gündizi garaňkylyga döner+.

 7 Görgürler* masgara bolar+,

Palçylar utanja galar.

Alladan jogap bolmansoň,

Ählisi utançdan ýaňa ýüzüni* ýapar“».

 8 Ýehowanyň ruhy güýjüme güýç goşdy.

Ol maňa adalatly hem batyrgaý bolmaga kömek etdi,

Şonda men Ýakubyň turzan gozgalaňyny,

Ysraýylyň günäsini paş etdim.

 9 Ýakubyň baştutanlary,

Ysraýyl hökümdarlary, diňlemegiňizi haýyş edýärin!+

Siz adalaty ýigrenýärsiňiz, hakykaty ýoýýarsyňyz+.

10 Siony gan döküp, Iýerusalimi adalatsyzlyk edip gurduňyz+.

11 Onuň baştutanlary para alyp, höküm çykarýarlar+,

Ruhanylary tölegli sapak berýärler+,

Pygamberleri pul üçin pal atýarlar+.

Olar Ýehowa daýanyp:

«Ýehowa biziň bilendir!+

Bizden bela-beter sowa geçer»+ diýýärler.

12 Siz sebäpli Sion mellek kimin sürler,

Iýerusalim harabaçylyga döner+.

Dagyň depesindäki ybadathana jeňňele öwrüler+.

4 Soňky günlerde*,

Ýehowanyň öýüniň duran dagy+,

Ähli daglardan belentde durar,

Ol baýyrlardan hem beýik bolar,

Ähli halklar oňa tarap eňerler+.

 2 Köp milletler gelip, şeýle diýerler:

«Geliň, Ýehowanyň dagyna çykalyň,

Ýakubyň Hudaýynyň öýüne baralyň+.

Ol bize öz ýollaryny öwreder,

Biz onuň ýodalaryndan ýöräris».

Sebäbi kanun Siondan,

Ýehowanyň sözi Iýerusalimden çykar.

 3 Ol köp halklaryň arasynda kazylyk eder+,

Uzakda ýaşaýan güýçli milletleriň dawasyny çözer.

Olar gylyçlaryndan azallar,

Naýzalaryndan oraklar ýasarlar+.

Millet millete garşy gylyç galdyrmaz,

Indi söweşmegi öwrenmezler+.

 4 Olar üzüm we injir agaçlarynyň saýasynda oturarlar+.

Olary hiç kim gorkuzyp bilmez+.

Sebäbi Serkerdebaşy Ýehowa söz berdi.

 5 Ähli halklar öz taňrylarynyň ady bilen ýörär.

Biz bolsa elmydama we ebedilik

Hudaýymyz Ýehowanyň ady bilen ýöräris+.

 6 Ýehowa şeýle diýýär:

«Şol gün agsaklaýan,

Dargadylan adamlary,

Agyr jeza beren halkymy bir ýere ýygnaryn+.

 7 Agsaklaýan halkymy aman galdyraryn+.

Uzak ýurda sürgün edilen halkymy güýçli millet ederin+.

Ýehowa Sion dagynda,

Häzirem, gelejekde-de olara hökümdarlyk eder.

 8 Eý sürimi garawullaýan diň,

Sion gyzynyň baýry!+

Sen ýene-de öňki ygtyýaryňa eýe bolarsyň+,

Iýerusalim gyzynyň patyşalygy yzyna berler+.

 9 Sen näme üçin dady-perýat edýärsiň?

Seniň patyşaň ýokmy?

Maslahatçylaryň aradan çykdymy?

Näme üçin dogurýan aýal ýaly ejir çekýärsiň?+

10 Eý Sion gyzy,

Çaga dogurýan aýal ýaly azap çekip gygyr.

Sebäbi sen şäherden çykyp, çölde ýaşarsyň.

Uzak ýol söküp, Wawilona bararsyň+,

Şol ýerde halas bolarsyň+,

Ýehowa seni duşmanlardan satyn alar+.

11 Köp halklar jem bolup, saňa garşy çykar.

Olar: „Goý, ol masgara bolsun!

Sionyň haraba bolşuny gözümiz bilen göreliň“ diýer.

12 Ýöne olar Ýehowanyň pikirini bilmeýärler,

Onuň niýetine düşünmeýärler.

Ýaňy desselenen bugdaýyň harmana üýşürilişi deý,

Alla-da olary bir ýere ýygnar.

13 Eý Sion gyzy, tur, harmanda däne döw!+

Sebäbi seni demir şahly,

Mis toýnakly öküz kimin ederin.

Sen köp halklary kül-owram edersiň+.

Olaryň haram gazanjyny Ýehowa,

Emlägini ýer ýüzüniň Hojaýynyna bagyş edersiň»+.

5 «Gabawa düşen şäheriň ilaty!

Sen öz bedeniňe ýara salýarsyň.

Biz gabawa düşdük+.

Olar Ysraýyl kazysynyň ýüzüne taýak bilen urýarlar+.

 2 Beýtullaham Efrafa!+

Sen Ýahuda tireleriniň* iň kiçisi bolsaň-da,

Ysraýylyň hökümdary senden çykar,

Ol islegimi berjaý eder+.

Onuň asly gadymy döwürdendir, geçmişdendir.

 3 Göwreli aýal dogurýança,

Hudaý halkyna nazar salmaz.

Şonda aman galan doganlary Ysraýyla dolanar.

 4 Ol Ýehowanyň güýji bilen,

Ýehowa Hudaýyň beýik ady bilen çopançylyk eder+.

Onuň at-owazasy ýeriň ähli künjegine ýeter+.

Olar asudalykda ýaşar+.

 5 Ol parahatlyk getirer+.

Assiriýalylar ýurdumyzy basyp aljak bolsa,

Berk diňlerimizi ýumurjak bolsa+,

Olar bilen söweşer ýaly,

Adamlaryň içinden ýedi çopany, sekiz serdary belläris.

 6 Olar Assiriýany,

Nemrutyň ýurduny*+ gylyçdan geçirer+.

Assiriýalylar ýurdumyza gelip, topragymyzy depelese,

Şol hökümdar halas eder+.

 7 Ýakubyň aman galanlary köp halklaryň arasynda

Ýehowanyň gök otlara inderýän çygy deý,

Ýagdyrýan ýagşy deý bolar.

Sebäbi çyg-da, ýagyş-da adam ogullaryna bagly däldir,

Olaryň üstünden ynsanyň ygtyýary ýokdur.

 8 Ýakubyň aman galanlarynyň penjesinden

Hiç kim halas bolup bilmez.

Olar köp halklaryň, milletleriň içinde,

Jeňňel haýwanlarynyň arasyndaky arslan kimin bolar,

Goýunlaryň arasyndaky şir kimin,

Sürä topulyp, ony tüýt-müýt eden ýolbars kimin bolar.

 9 Sen duşmanlaryň üstünden ýeňiş gazanarsyň,

Ähli ýagylaryňy ýok edersiň».

10 Ýehowa şeýle diýýär:

«Şol gün atlaryňy ýok ederin,

Söweş arabalaryňy bölek-bölek ederin.

11 Şäherleriňi weýran ederin,

Berk galalaryňy ýer bilen ýegsan ederin.

12 Gözbagçylaryňy ýok ederin,

Araňyzda jadygöýler bolmaz+.

13 Oýma butlaryňyzy,

Keramatly sütünleriňizi çym-pytrak ederin.

Siz indi elleriňiziň ýasan zadyna sežde etmersiňiz+.

14 Keramatly pürsleriňizi* goparyp taşlaryn+,

Şäherleriňizi ýer bilen ýegsan ederin.

15 Maňa gulak asmaýan milletlerden,

Gahar-gazap bilen ar alaryn».

6 Ýehowanyň sözüni diňlemegiňizi haýyş edýärin!

Turuň, dawaňyzy daglara aýdyň,

Sizi depeler hem eşitsin+.

 2 Daglar, ýeriň berk diregleri,

Ýehowanyň arzyny diňläň!+

Ýehowa öz halkynyň üstünden şikaýat edýär.

Ysraýyl halkyna garşy arz-şikaýatyny diňläň+:

 3 «Eý halkym, size näme ýamanlyk etdim?

Men size ýük bolar ýaly näme etdim?+

Aýdyň hany, meni nämede aýyplaýarsyňyz?

 4 Men sizi Müsürden çykardym+,

Gul bolan ýurduňyzdan azat etdim+.

Siziň üçin Musany, Haruny we Merýemi+ iberdim.

 5 Eý halkym, Ýehowanyň adalatly işlerini biliň!

Mowap patyşasy Ballagyň guran hilesini+,

Benur ogly Bilgamyň beren jogabyny+,

Şitimden+ Gilgala+ barýan ýollarda bolan wakalary ýatlaň».

 6 Ýehowanyň huzuryna näme alyp baraýyn?

Göklerdäki Alla sežde etmek üçin näme elteýin?

Birýaşar öküzleri getireýinmi?+

Ýakma gurbanlygyny bereýinmi?

 7 Müňlerçe goç getirsem,

On müňlerçe çelek ýag sadaka bersem+,

Ýehowa razy bolarmy?

Gozgalaň edenim üçin nowbahar oglumy,

Günäm üçin bilimden önen perzendimi bereýinmi?+

 8 Eý adam, Hudaý saňa nämäniň gowudygyny aýtdy.

Ýehowa senden nämä garaşýar?

Hudaýyň öňünde+ päliňi pes tutup+,

Adalatly+ we wepaly bol!*+

 9 Ýehowa şähere ýüzlenýär:

(Paýhasly adamlar seniň adyňdan gorkar).

Temmi taýagyna serediň, ony bereni diňläň!+

10 Erbetleriň öýi henizem haram gazançdan dolumy?

Kem ölçeýän çuwallary* barmy?

11 Meniň kem çekýän terezim bolsa,

Torbamda kem çekýän daşlar bar bolsa, päk bolarynmy?+

12 Şäheriň baýlary zalymlyk edýär,

Ilaty ýalan sözleýär+,

Dilleri bilen hile gurýar+.

13 «Şonuň üçin seni urup ýaralaryn+,

Günäleriň üçin weýran ederin.

14 Iýersiň, emma doýmarsyň,

Garnyň hemişe aç bolar+.

Toplan zadyňy gorap bilmersiň,

Ýygnanyňy duşman eline bererin.

15 Ekersiň, emma hasylyny ormarsyň,

Zeýtuny ýenjersiň, emma ýagyny ulanmarsyň,

Täze şerap taýýarlarsyň, emma ondan içmersiň+.

16 Omranyň kada-kanunlaryny berjaý edýärsiň,

Ahabyň ýigrenji işlerine eýerýärsiň+.

Olaryň öwüt-nesihaty bilen ýaşaýarsyň.

Şonuň üçin seni gorkunç hala salaryn.

Seni gören adamlar sykylyk çalarlar*+,

Halklar seni masgara ederler»+.

7 Waý meniň halyma!

Men tomus miweleri we üzüm hasyly ýygylansoň,

Iýere ýekeje salkym üzüm tapmaýan adama,

Irki bişen injiri küýseýän adama meňzeýärin.

 2 Ýer ýüzünde wepaly adam,

Ynsanlaryň arasynda dogruçyl adam galmady+.

Olaryň ählisi gan dökmek üçin bukuda ýatýar+,

Dogan dogana duzak gurýar.

 3 Olar erbetlik etmäge ökde+.

Han-begler halat-serpaý isleýärler,

Kazylar para soraýarlar+,

Baýlar isleg-arzuwyny aýdýarlar+.

Olar biri-birini goldap, erbet niýetlerini amala aşyrýarlar.

 4 Olaryň iň ynsaplysy tikenege meňzeýär,

Iň dogruçyly tikenli haýat ýalydyr.

Garawullaryň aýdyşy ýaly, hasabat bermeli günüňiz geler+.

Şonda siziň baryňyz howsala düşersiňiz+.

 5 Ýoldaşyňa ynanma, syrdaşyňa bil baglama+.

Gujagyňda ýatan aýalyňa syryňy açma.

 6 Sebäbi ogly atasyny ýigrener,

Gyzy ejesine+, gelni gaýynenesine garşy çykar+.

Adamyň duşmany öý-içerisindäkiler bolar+.

 7 Emma men gözlerimi Ýehowa dikerin+,

Halasgär Hudaýyma sabyrly garaşaryn+.

Alla meniň dogamy eşider+.

 8 Eý duşmanym, agyr halymy görüp heşelle kakma!

Men ýykylsam-da, ýerimden turaryn.

Tümlükde ýaşasam-da, Ýehowa nurum bolar.

 9 Men Hudaýa garşy günä etsem-de+,

Indi adalaty dikeldip, hakymy alyp berýänçä,

Ýehowanyň gahar-gazabyna çydaryn.

Alla meni ýagtylyga çykarar,

Şonda onuň adalatyny görerin.

10 Duşmanlarym hem muny görerler.

Maňa: «Ýehowa Hudaýyň hany?»+ diýenler

Masgara bolarlar.

Duşmanymyň agyr halyny gözüm bilen görerin,

Olar köçedäki palçyk kimin aýak astynda depelener.

11 Şol gün daşdan diwarlary dikeldersiň,

Ol gün serhediňi giňeldersiň.

12 Şol gün Assiriýada, Müsüriň şäherlerinde,

Müsür bilen derýanyň* arasynda,

Deňizleriň, daglaryň arasynda ýaşaýan

Ähli halklar saňa geler+.

13 Ýurt boşap galar,

Sebäbi halk günä etdi.

14 Eý Hudaý, tokaýda, bagy-bossanlykda,

Başga milletlerden aýra ýaşaýan halkyňy,

Mirasyň bolan süriňi çopan taýagyň bilen bak+.

Gadymy günlerde bolşy ýaly,

Başan bilen Gilead+ onuň örüsi bolsun.

15 «Müsürden çykanyňyzda bolşy ýaly,

Size gudratlary görkezerin+.

16 Güýçli halklar muny görüp masgara bolar+.

Olar elleri bilen agzyny ýaparlar.

Olaryň gulagy ker bolar.

17 Halklar ýylan kimin gara topragy ýalarlar+,

Sandyraşyp, süýrenijiler kimin galalaryndan çykarlar.

Ýehowa Hudaýyň huzuryna titreşip bararlar,

Olar senden gorkarlar»+.

18 Aman galan halkynyň+ ýazyklaryny bagyşlaýan,

Günälerini geçýän seniň ýaly Hudaý barmy?+

Alla hemişe gaharlanyp ýörmez,

Sebäbi ol ýagşylyk etmegi* gowy görýär+.

19 Sen ýene bize rehim edersiň+,

Günälerimizi aýak astynda basgylarsyň.

Sen ähli etmişlerimizi deňziň düýbüne atarsyň+.

20 Gadymy günlerde ata-babalarymyza wada berişiň ýaly+,

Ýakuba wepaly bolarsyň.

Ybraýyma ýagşylyk edersiň*.

Mikaýyl (manysy: Hudaýa taý geljek barmy?) we Mikhaý (manysy: Ýehowa taý geljek barmy?) atlarynyň gysga görnüşi.

Sözlüge serediň.

Balarylaryň öýjük ýasamak üçin işläp çykarýan maddasy. Ol çalt ereýär.

Sözlüge serediň.

Belki, Sion gyzy.

Başga manysy: donundan şaý-sepini goparyp alýarsyňyz.

Başga manysy: Agzyna çeýnemäge zat berilse.

Ýa-da: uruş yglan edýärler.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: murtuny.

Ýa-da: Dünýäniň soňunda.

Ýa-da: şäherçeleriniň.

Ýa-da: serhetlerini.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: wepaly söýgini söý!

Goşmaça maglumata serediň: B14.

Üstünden gülmegi ýa-da haýran galmagy aňladýan bolmaly.

Ýagny Ýewfrat derýasy.

Ýa-da: wepaly söýgini bildirmegi.

Ýa-da: wepaly söýgiňi bildirersiň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş