SEPANÝA PYGAMBERIŇ KITABY
1 Ýahuda patyşasy Amonyň+ ogly Ýoşyýanyň+ döwründe Ýehowa Kuşanyň ogly, Gedalýanyň agtygy, Emirýaryň çowlugy, Hizkiýanyň ýuwlugy Sepanýa* bilen gepleşdi.
2 Ýehowa şeýle diýýär:
«Men ýer ýüzünden ähli zady syryp süpürerin»+.
3 «Ynsanlary, haýwanlary,
Gökdäki guşlary, deňizdäki balyklary+,
Günä iterýän duzaklary*+, erbet adamlary syryp taşlaryn.
Adamlary ýer ýüzünden ýok ederin — muny Ýehowa aýdýar.
4 Ýahuda we Iýerusalim halkyna el götererin.
Bagal taňrysyndan nam-nyşan galmaz+.
Ýalan taňrylaryň ruhanylaryny,
Biwepa ruhanylary ýok ederin+.
5 Jaýlaryň üçeginde asman jisimlerine* sežde edýänleri+,
Ýehowa wepaly bolmagy wada berseler-de+,
Malkamyň adyndan ant içýänleri+,
6 Ýehowanyň yzyna eýermeýänleri+,
Ýehowany agtarmaýanlary,
Ondan maslahat soramaýanlary+ ýok ederin».
7 Älemiň Hökümdary Ýehowanyň öňünde dymyň,
Sebäbi Ýehowanyň güni ýakyndyr+.
Ýehowa gurbanlyk taýýarlady,
Çagyranlaryny mukaddes etdi.
8 «Men, Ýehowa, gurbanlyk berjek günüm han-begleri,
Şazadalary+, ýat halkyň eşigini geýýänleri jezalandyraryn.
9 Şol gün tagtyň golaýynda duranlardan,
Hojaýynynyň öýünde zalymlyk, hilegärlik edenlerden hasabat soraryn».
10 Ýehowa yglan edýär:
«Şol gün şäheriň Balyk derwezesinden+ ahy-nala,
Täze gurlan tarapyndan+ dady-perýat,
Depelerden güýçli gürrüldi eşidiler.
11 Makteş* halky, möňňürip aglaň!
Sebäbi ähli täjirler ýok edildi;
Kümüş ölçeýänleriň ählisi gyryldy*.
12 Şol döwür Iýerusalimi çyraly aýlanyp çykaryn,
Özüne göwni ýetýänleri* höküm ederin.
Olar ýüreginde: „Ýehowa ne ýagşylyk eder,
Ne-de ýamanlyk“ diýýärler+.
13 Olaryň baýlygy talanar, jaýlary haraba döner+.
Jaý salarlar, ýöne onda ýaşamazlar,
Üzüm agaçlaryny ekerler, emma şerabyndan içmezler+.
14 Ýehowanyň beýik güni ýakyndyr!+
Ol gün ýakyndyr, çalt ýetip gelýär!+
Ýehowanyň güni gorkunçdyr+.
Şol gün batyr esgerem perýat eder+.
15 Ol gün gazap günüdir+,
Ol gün betbagtçylyk we zulum+,
Harabaçylyk we weýrançylyk,
Garaňkylyk we tümlük+,
Bulut we tüm-garaňkylyk günüdir+.
16 Ol gün söweş surnaýy çalnar+,
Galalara we beýik diňlere hüjüm ediler+.
17 Men ynsanlaryň başyna betbagtçylyk indererin,
Olar kör adam kimin gezerler+.
Sebäbi olar Ýehowa garşy günä etdiler+.
Olaryň gany tozan kimin aýak astynda galar,
Içgoşlary ders kimin ýere döküler+.
18 Olaryň altyn-kümşi
Ýehowanyň gazap gününde halas edip bilmez+.
Onuň gazap odundan tutuş zemin ýanar+,
Ol ýer ýüzüniň adamlaryny gyryp ýok eder»+.
2 Perman güýje girmänkä,
Günler saman kimin uçup gitmänkä,
Ýehowanyň gazap ody üstüňize inmänkä+,
Ýehowanyň gahar güni gelmänkä,
3 Ýer ýüzüniň ýumşaklary*, Ýehowany agtaryň!+
Adyl hökümlerini berjaý edýänler,
Dogruçyllygy agtaryň, ýumşak boluň.
Belki, Ýehowanyň gazap gününde halas bolarsyňyz+.
4 Gaza şäheri boşap galar,
Aşkelon haraba döner+,
Aşdot süýr günortan kowlar,
Ekron köki-damary bilen sogrulyp taşlanar+.
5 «Deňiz kenarynda ýaşaýan keretleriň waý gününe!+
Ýehowa size höküm çykardy.
Kengan, piliştlileriň ýurdy, sizi weýran ederin.
Ýekeje adam-da diri galmaz.
6 Deňiz kenary öri meýdanyna öwrüler.
Ol ýerde çopanlar üçin guýular,
Goýunlar üçin daşdan agyllar bolar.
7 Ýahuda öýüniň aman galanlary+ ol ýerde ýaşar.
Olaryň garynlary dok bolar.
Aşkelondaky öýlerinde gijesine rahat ýatarlar.
Ýehowa Hudaý olaryň aladasyny eder,
Ýesir düşenleri gaýtaryp getirer»+.
8 «Mowabyň+ gyjalatyny,
Ammonlaryň+ kemsitmelerini eşitdim.
Olar halkymyň üstünden gülýärler,
Tekepbirlik edip, ýurduny basyp aljak bolýarlar»+.
9 Serkerdebaşy, Ysraýylyň Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär:
«Men diri şaýatdyryn!
Mowap Sodom ýaly+,
Ammonlar Gomorra ýaly bolar+.
Olar tikeneklerden dolar,
Şorluga öwrüler, hemişelik boşap galar+.
Halkymyň aman galanlary olary talarlar,
Halkymyň aman galanlary olara eýe çykarlar.
10 Tekepbirligi sebäpli şeýle zatlar başyna geler+.
Sebäbi olar Serkerdebaşy Ýehowanyň halkyny kemsidip, ulumsylyk etdiler.
11 Men, Ýehowa olary gorka salaryn,
Ýer ýüzüniň ähli taňrylaryny ýok ederin.
Ähli adalaryň milletleri
Öz ýurdunda maňa sežde ederler+.
12 Eý efiopiýalylar, siz gylyjymdan ölersiňiz+.
13 Ol elini demirgazyga uzadyp, Assiriýany ýok eder,
Ninewiýany harabalyga+, çöle öwrer.
14 Ol ýerde her dürli wagşy haýwanlaryň sürüsi bolar,
Ýykylan sütünleriň arasynda gotan,
Oklukirpi gijesini geçirer.
Penjiresinden gamgyn owaz eşidiler,
Bosagalary weýran ediler.
Diwarlaryndan nagyşly agaçlary sypyrylar.
15 Ýüreginde: „Men ýekejedirin.
Menden başgasy ýokdur!“ diýen,
Tekepbir, asuda ýaşaýan şäher,
Gör, nähili gorkunç ýagdaýa düşüp,
Wagşy haýwanlaryň sürenine döndi.
Deňinden geçýän her kes sykylyk çalyp*, başyny ýaýkar»+.
3 Gozgalaňçy, haram we zalym şäheriň gününe waý!+
2 Ol gulak asmady+, terbiýäni kabul etmedi+,
Ýehowa bil baglamady+, Hudaýyna ýakynlaşmady+.
3 Han-begleri arslan kimin arlaýar+,
Kazylary gijesine enteýän möjek kimin,
Daňdana çenli süňkleri gemrip gutarýar.
4 Pygamberleri tekepbirlik we dönüklik edýär+,
5 Dogruçyl Hudaý Ýehowa şäherde+ adalatsyzlyk etmeýär+.
Daňyň hemişe atyşy ýaly,
Her säher hökümlerini yglan edýär.
Emma zalym adamlar utanç-haýany bilmeýär+.
6 «Men milletleri ýok etdim, diňlerini weýran etdim.
Köçeleri boşap galdy, indi hiç kim ýöremez.
Şäherler derbi-dagyn edildi,
Janly-jemende galmady+.
7 Ähli günäleriň üçin jeza berler,
Emma olar öňküsinden-de köp azgynçylyk etdiler+.
8 „Maňa garaşyň+ — muny Ýehowa aýdýar.
Sizi talamaga* geljek günüme garaşyň.
Men milletleri ýygnamak,
Patyşalary jemlemek üçin perman çykardym.
Men gaharymy, lowlaýan gazabymy indererin+.
Gazap odumdan tutuş zemin ýanar+.
9 Men milletleriň dilini üýtgedip,
Olara arassa dilde geplemegi öwrederin.
Şonda olaryň hemmesi Ýehowanyň adyny çagyrarlar,
10 Dagynyk halkymyň gyzy, maňa ýalbarýan adamlar,
Efiopiýa derýalarynyň kenaryndan
Maňa sowgat getirerler+.
11 Maňa garşy eden günäleriň sebäpli,
Ol gün utanja galmarsyň+.
Öwnüp, men-menlik edýänleri araňyzdan aýraryn.
Mukaddes dagymda hiç haçan tekepbirlik etmersiň+.
13 Ysraýylyň aman galanlary+ erbetlik etmez+,
Ýalan sözlemez, agzyndan hileli sözler çykmaz.
Olar iýip doýarlar, hiç kimden gorkman rahat ýatarlar»+.
14 Sion gyzy, joşup aýdym aýt!
Ysraýyl, batly ses bilen gygyr!+
Iýerusalim gyzy, ýüregiň şatlykdan joşsun, begen!+
15 Ýehowa saňa garşy çykaran hökümlerini ýatyrdy+.
Duşmanlaryňy kowdy+.
Ysraýylyň patyşasy Ýehowa ýanyňdadyr+.
Indi betbagtçylykdan gorkmarsyň+.
16 Şol gün Iýerusalime diýerler:
«Sion, gorkma!+
Elleriň gowşamasyn!
17 Ýehowa Hudaýyň ýanyňdadyr+.
Gudratygüýçli seni halas eder.
Ol saňa guwanyp şatlanar+.
Saňa bolan söýgüsinden ýüregi joşar.
Saňa seredip begener, aýdym aýdar.
18 Men baýramlaryňy küýsäp hasrat çekýänleri ýygnaryn+.
Olar senden uzakdady, ýat ýurtda kemsidildiler+.
Dargadylan halky bir ýere toplaryn+.
Masgara bolan ýurdunda olary at-abraýly ederin.
20 Şol gün sizi ýurduňyza getirerin,
Sizi bir ýere jemlärin.
Ýesir düşen ildeşleriňizi yzyna getirenimde,
Sizi bütin halklaryň öňünde atly-abraýly ederin»+.
Muny Ýehowa aýdýar+.
Manysy: Ýehowa gizledi (gorap saklady).
Butparazlyk bilen bagly zatlary ýa-da işleri aňladýan bolmaly. Sözme-söz: Büdredýän daşlary. Sözlüge serediň.
Sözme-söz: gögüň goşunlaryna.
Balyk derwezesiniň ýanyndaky şäheriň bir bölegi.
Sözme-söz: dymdyryldy.
Ýa-da: Gabyň düýbüne çöken şerap löderesi kimin adamlary.
Ýa-da: kiçigöwünli adamlary.
Üstünden gülmegi ýa-da haýran galmagy aňladýan bolmaly.
Başga manysy: Şaýatlyk etmek üçin.
Ýa-da: eginme-egin.
Ýa-da: garyp; pukara; sada.