PETRUSYŇ IKINJI HATY
1 Size Isa Mesihiň guly we resuly Simun Petrus hat ýazýar. Hudaýymyzyň we Halasgärimiz Isa Mesihiň dogruçyllygy arkaly biziň bilen deň hatarda gymmatly hakykaty öwrenenlere salam bolsun!
2 Hudaý we Halypamyz Isa Mesih barada dogry bilim alyp+, köp berekede*, bol parahatlyga eýe boluň. 3 Bize uzak ýaşamak we wepaly bolmak üçin gerekli zatlar Hudaýyň güýji arkaly berilýär. Şol sebäpli bizi çagyran şöhratly we ýagşy Hudaý barada dogry bilim almaly+. 4 Hudaý şöhratly hem ýagşy bolany üçin gymmatly we uly wadalary berdi+, şonuň üçin siz azgyn dünýäniň erbet höweslerinden gaça durup, Hudaýyň häsiýetlerine eýe bolarsyňyz+.
5 Şol sebäpli siz bar güýjüňizi jemläp+, imanyňyzy ýagşylyk+ bilen, ýagşylygy bilim+ bilen, 6 bilimi özüňe erk etmek bilen, özüňe erk etmekligi+ çydam bilen, çydamy Hudaýa wepalylyk+ bilen, 7 Hudaýa wepalylygy doganlyk söýgüsi bilen, doganlyk söýgini hakyky söýgi bilen dolduryň+. 8 Eger sizde şeýle häsiýetler bar bolsa, olara doly eýerýän bolsaňyz, onda Halypamyz Isa Mesih baradaky dogry bilime görä ýaşarsyňyz, el gowşuryp oturmarsyňyz, miwe berýän agaç ýaly bolarsyňyz+.
9 Kimde şeýle häsiýetler bolmasa, ol kördür, ýagtylykdan ýüzüni sowýandyr*+. Ol birwagtky günäleriniň ýuwlandygyny+ unudandyr. 10 Doganlar, Hudaýyň çagyranlary+ we saýlanlary hökmünde wepaly bolmaga jan ediň. Eger mundan beýläk-de şol häsiýetlere görä ýaşasaňyz, hiç haçan ýykylmarsyňyz+. 11 Şonda siz Halypamyz we Halasgärimiz Isa Mesihiň ebedilik Patyşalygyna+ hökman girersiňiz+.
12 Siz bulary bilseňiz-de, hakykatda berk dursaňyz-da, men şol zatlary elmydama ýatladyp duraryn. 13 Sebäbi men çadyrymda* ýaşaýan döwrüm+ sizi öwüt-nesihatlarym bilen oýarmagy makul bildim+. 14 Men tizden çadyrymy goýup gitjegimi bilýärin, muny Halypamyz Isa Mesih mälim etdi+. 15 Aýdanlarymy gidenimden soň hem ýatlamagyňyz üçin elimde baryny ederin.
16 Biz Halypamyz Isa Mesihiň güýji we gelmegi* barada gürrüň berenimizde, size ýalan rowaýatlary owadanlap aýdyp bermändik. Gaýtam gören zatlarymyzy, ýagny şan-şöhratyny gürrüň berdik+. 17 Beýik şöhratyň eýesi Atamyz Hudaý: «Ine meniň söýgüli Oglum, men ondan razydyryn»+ diýip*, ony uly hormata mynasyp gördi, şöhratlandyrdy. 18 Hawa, biz şol sözleri onuň bilen mukaddes dagda bolanymyzda eşidipdik.
19 Görşümiz ýaly, pygamberlige ynamymyz has-da artýar. Siz pygamberlige ünsli bolup, dogry edýärsiňiz. Gün ýaşyp, daň ýyldyzy dogýança+, ol siziň ýüregiňizdäki garaňkylyga çyra+ kimin ýagty saçýar. 20 Ilki bilen şuny biliň, mukaddes kitaplardaky hiç bir pygamberlik adamyň pikirine esaslanyp ýazylmady. 21 Adamlar pygamberligi hiç haçan öz-özünden aýtmandylar+. Olar Hudaýyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen pygamberlik edýärdiler+.
2 Ysraýyl halkynda ýalan pygamberleriň bolşy ýaly, siziň hem araňyzda ýalan mugallymlar dörär+. Olar bölünişik* döredýän taglymatlary bildirmän girizerler, özlerini satyn alan hojaýyndan+ hem ýüz öwrerler, şonuň üçin tizden heläk bolarlar. 2 Köp adamlar olaryň haýasyz* işlerine+ baş goşarlar, şeýle adamlar sebäpli hakykat ýoluna dil ýetiriler+. 3 Şeýle-de olar ýalan sözläp, sizi öz bähbitleri üçin ulanarlar. Emma höküm birmahal çykarylan bolsa-da+, eglenmän geler, olar hökman ýok ediler+.
4 Hudaý günä eden perişdeleri+ temmisiz goýmady, olary Tartara*+ zyňyp, höküm edilýänçä tüm-garaňkylykda zynjyrlar bilen baglap goýdy*+. 5 Ol gadymy dünýäni hem ýok etmän goýmady+, hudaýsyz adamlary tupan bilen ýok etdi+. Emma ol dogruçyllyk hakda wagyz eden Nuh pygamber+ bilen ýedi adamy halas etdi+. 6 Hudaý Sodom bilen Gomorra şäherlerine-de jeza berip, ýakyp kül etdi+. Şeýdip, hudaýsyz adamlara näme boljakdygyny görkezdi+. 7 Şeýle-de Hudaý zalym adamlaryň haýasyzlygyny* görüp, ejir çekýän dogruçyl Luty halas etdi+. 8 Şol dogruçyl adam zalymlaryň arasynda ýaşaýardy, olaryň edýän erbet işlerini görüp hem eşidip, her gün jany ýanýardy. 9 Diýmek, Ýehowa* wepaly adamlary synaglarda halas etmegi başarýar+, erbetleri bolsa höküm gününde ýok etmek üçin saklaýar+. 10 Hudaý başgalary ahlaksyzlyk bilen hapalamaga çalyşýanlary+ we häkimiýeti äsgermeýänleri*+ ýok etmegi başarýandyr.
Haýasyz we özdiýenli adamlar şöhrata eýe bolanlara dil ýetirmäge gorkmaýarlar. 11 Perişdeler has güýçli we ygtyýarly bolsalar-da, Ýehowanyň* hatyrasy üçin ýalan mugallymlary ýamanlamadylar, erbet sözleri aýtmadylar+. 12 Şol erbet adamlar soýulmak üçin doglan düşünjesiz mal ýalydyr. Olar düşünmeýän zatlary hakda erbet gürrüňler edýärler+. Olar zalym işleri sebäpli ýok edilerler. 13 Olar erbet işleri sebäpli zyýan çekýärler.
Olar gündiziň güni keýpi-sapa kowalaşmak+ isleýärler. Olar haram, bozuk adamlardyr. Siziň bilen oturyşyklarda ýalan taglymatlary gürrüň berip lezzet alýarlar+. 14 Olaryň gözleri zynadan doýmaýar+, günäli işlere garşy durup bilmeýär we imany gowşaklary duzaga düşürýär. Ýürekleri açgözlüge öwrenişipdir. Hudaý olary temmisiz goýmaz. 15 Olar dogry ýoldan sowlup azaşdylar, sylag-serpaý üçin erbetlik eden+ Benuryň ogly Bilgamyň yzyna eýerdiler+. 16 Emma oňa günäsi üçin käýinç berildi+. Eşek ynsan dilinde gepläp, pygamberi akylsyzlyk etmekden saklady+.
17 Şol erbet adamlar gurap galan çeşmelerdir, güýçli ýel bilen kowulýan ümürdir. Olara tüm-garaňkylyk garaşýandyr+. 18 Olar agzyny dolduryp gepleseler-de, aýdýan zatlary manysyzdyr. Günäli işlerini ýaňy goýan adamlary ten höwesleri+ we haýasyz* işleri bilen duzaga salýarlar+. 19 Olar azatlygy wada berýärler, özleri bolsa azgynlygyň gullarydyr+, sebäbi adam kimden* ýeňilse, şonuň hem guly bolýandyr+. 20 Dogrudan-da, adam Halypamyz we Halasgärimiz Isa Mesih barada dogry bilim alyp, dünýäniň haram işlerini goýýar+. Emma ol öňki işlerine dolanyp, erbet höwesleriniň guly bolsa, onuň soňky ýagdaýy öňküsinden hem beter bolýar+. 21 Ol mukaddes tabşyrygy bilip-de, ondan däneninden, hakykat ýoly barada bilmedik bolsa has gowy bolardy+. 22 Şeýlelikde, «It gusugyny iýmek üçin yzyna dolanýar, ýuwlan doňuz bolsa ýene batgalykda ýatýar»+ diýlen nakyl olarda ýerine ýetýär.
3 Eziz doganlarym, size ikinji hatymy ýazýaryn. Birinji hatymda ýazyşym ýaly, ýene-de käbir zatlary ýatladyp+, sagdyn pikirlenmäge höweslendirýärin. 2 Mukaddes pygamberleriň aýdan weliliklerini we Halypamyzyň hem Halasgärimiziň resullary arkaly beren tabşyrygyny unutmaň. 3 Ilki bilen şuny biliň: soňky günlerde ýaňsylaýjy adamlar dörär. Olar ýagşy zatlaryň üstünden gülüp, öz islegine görä erbet işleri ederler+. 4 Olar: «Hany, geljek diýip wada beren nirede?+ Ata-babalaryň ýaşan döwründen bäri hiç zat üýtgemedi, dünýä döräli bäri hemme zat öňküligine dur»+ diýerler.
5 Olar asmanyň gadymy döwürden bäri durandygyny, Hudaýyň sözi arkaly suwdan we suwuň ortasyndan ýer gatlagynyň ýokary çykandygyny bilseler-de, oňa üns bermeýärler+. 6 Şeýle-de bütin ýer ýüzüni suw alyp, şol döwrüň adamlaryny ýok edendigini+ unutdylar. 7 Emma häzirki asman we ýer söz arkaly ot üçin, ýagny hudaýsyz adamlaryň höküm gününde ýok edilmeli wagtyna çenli saklanýar+.
8 Eziz doganlarym, şuny unutmaň: Ýehowa* üçin bir gün müň ýyl, müň ýyl hem bir gün ýalydyr+. 9 Käbir adamlar eglenýär diýseler-de, Ýehowa* beren wadasyny ýerine ýetirmäge eglenmeýär+, gaýtam siziň üçin sabyr edýär. Sebäbi ol hemmeleriň toba edip, halas bolmagyny isleýär+. 10 Ýehowanyň* güni+ ogry kimin geler+, şonda asman* güýçli gümmürdi bilen ýyldyrym çaltlygynda ýok ediler+. Asmandaky we ýerdäki zatlar bolsa güýçli gyzgynlykdan ýaňa erär. Ýer ýüzi we onuň işleri paş ediler+.
11 Olaryň ählisi şeýdip ýok ediljek bolsa, onda siz nähili adam bolmaly? Siz mukaddes ýaşaň, ýagşy işleri ediň we Hudaýa wepaly boluň. 12 Ýehowanyň* geljek gününe garaşyň, bar ünsüňizi beriň*+, sebäbi şol gün asman ot bilen ýok ediler+ we ondaky zatlar güýçli gyzgynlykdan ýaňa erär. 13 Biz Hudaýyň wadasyna görä, täze göklere we täze ýere garaşýarys+, olarda adalatlylyk* höküm sürer+.
14 Şeýlelikde, eziz doganlarym, şol wadalara garaşyp, Hudaýyň öňünde päk, ýazyksyz bolup, parahatlygy saklamaga jan ediň+. 15 Onsoňam, Halypamyzyň sabyr-takadyna halas bolmaga mümkinçilik hökmünde garaň. Gadyrly Pawlus dogan hem Hudaýyň akyldarlygy bilen şu hakda ýazypdy+. 16 Pawlus olar hakda ähli hatlarynda agzap geçýär, emma onuň hatlarynyň käbirine düşünmek kyn. Bilimsiz we imany gowşak adamlar bolsa käbir mukaddes kitaplary ýoýuşlary ýaly, şol hatlary-da ýoýýarlar. Şeýle adamlar heläkçilige uçrarlar.
17 Eziz doganlarym, olary bilýändigiňiz üçin zalym adamlaryň nädogry pikirlerine aldanmaň. Olaryň yzyna eýerip, berk duran dogry ýoluňyzdan sowlaýmaň+. 18 Mundan beýläk-de Halypamyz we Halasgärimiz Isa Mesihiň ýagşylygyna eýe bolmaga hem-de ol barada bilimiňizi artdyrmaga çalşyň. Halypamyza häzir we ebedilik şöhrat bolsun! Omyn!
Ýa-da: ýagşylyga. Sözlüge serediň.
Başga manysy: uzakdan görmeýändir.
Ýagny ynsan bedende.
Sözlüge serediň: Isanyň gelmegi.
Sözme-söz: owaz eşidilende.
Ýa-da: sekta. Sözlüge serediň.
Grekçe «aselgeýa». Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Başga manysy: çukura taşlady.
Grekçe «aselgeýa». Sözlüge serediň.
Ýa-da: göwnüýetmezçilik edýänleri.
Grekçe «aselgeýa». Sözlüge serediň.
Ýa-da: nämeden.
Sözme-söz: gökler.
Ýa-da: ony ýürekden isläň. Sözme-söz: ony çaltlandyryň.
Ýa-da: dogruçyllyk.