Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • g20 No. 2 sah. 4—5
  • Dinler näme öwredýär?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Dinler näme öwredýär?
  • Oýanyň! — 2020
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Induslar
  • Musulmanlar
  • Jöhitler
  • Buddistler
  • Konfusiýaçylar
  • Afrika dinleri
  • Hristianlar
  • 4. Allatagala adamlary ejir çekmek üçin ýaratdymy?
    Oýanyň! — 2020
  • Hudaý horluklara näme üçin ýol berýär?
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Mazmuny
    Oýanyň! — 2020
  • Horluklara çydamagyň bize berýän peýdasy
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
Başgalary
Oýanyň! — 2020
g20 No. 2 sah. 4—5
Dinleri suratlandyrýan nyşanlar: buddistler, induslar, afrika dinleri, jöhitler, hristianlar, musulmanlar we konfusiýaçylar.

Dinler näme öwredýär?

Induslar

Induslary suratlandyrýan nyşan.

adamyň täzeden dünýä inýändigine ynanýarlar: adam öňki durmuşynda eden etmişi ýa-da häzir goýberýän ýalňyşy üçin ejir çekýär. Eger ol durmuşyň lezzetinden ýüz öwürse, «mokşa» ýagdaýyna ýetýär, ýagny gaýta-gaýta doglup, ejir çekmekden azat bolýar.

Musulmanlar

Musulmanlary suratlandyrýan nyşan.

adamyň eden günäsi üçin ejir çekýändigine we horluklaryň Allanyň öňünde päk imanly edýändigine ynanýarlar. Demirgazyk Amerikanyň Yslam jemgyýetiniň ymamy Saýed Seýid şeýle diýýär: «Adamyň başyna inýän betbagtçylyklar Allatagala şükür etmelidigini ýatladýar we garyp-gasarlara sadaka bermegiň sogap işdigine düşünmäge kömek edýär».

Jöhitler

Jöhitleri suratlandyrýan nyşan.

adamyň günä edendigi üçin horluk çekýändigine ynanýarlar. Käbir jöhitler direlişiň boljagyna we ejir çekýän dogruçyl adam üçin adalatyň dikeldiljegine iman edýärler. Iudaizmiň kabbala (syrly) akymyna uýýan adamlar «reinkarnasiýa», ýagny ölen adamyň ynsan ýa-da haýwan bolup ençeme sapar dünýä inýändigine ynanýarlar. Olaryň aýtmagyna görä, gaýtadan dünýä inen adamyň günäsini ýuwmaga mümkinçiligi bolýar.

Buddistler

Buddistleri suratlandyrýan nyşan.

adamyň ençeme sapar dünýä inýändigine ynanýarlar: adam erbet işlerini, pikirini we gylyk-häsiýetini düzedýänçä ejir çekýär. Ol paýhasly bolsa, ýagşylyk etse we oý-pikirini arassa saklasa, «nirwana» derejesine ýetýär, ýagny jebir-jepadan azat bolýar.

Konfusiýaçylar

Konfusiýaçylary suratlandyrýan nyşan.

adamyň günäsi we goýberýän ýalňyşlary üçin ejir çekýändigine ynanýarlar: adam ýagşy işleri edip, käbir jebir-jepanyň öňüni alyp biler. Ýöne horluklaryň köpüsi adatdan daşary güýçler sebäpli bolýar, adamyň bolsa çydamakdan başga alajy galmaýar.

Afrika dinleri

Afrika dinlerini suratlandyrýan nyşan.

adamyň jebir-jepasynyň jadygöýler sebäpli bolýandygyny öwredýär: jadygöýler adamy bagtly hem edip bilýär, betbagt hem edip bilýär. Jadygöýleriň dogasyndan açylmak üçin däp-dessurlary berjaý etmeli we porhanlaryň däri-dermanlaryny içmeli.

Hristianlar

Hristianlary suratlandyrýan nyşan.

Mukaddes Kitaba iman edýäris diýýärler we Adam ata bilen How enäniň eden günäsi sebäpli ejir çekýändiklerine ynanýarlar. Ýöne hristian dini toparlary Mukaddes Kitaby ýoýup, öz düşünjesini öňe sürýärler. Käbir katolikleriň aýtmagyna görä, adam çekýän jebir-jepasyny Hudaýa «gurban» hökmünde berýär. Hudaý hem berlen «gurban» arkaly tutuş buthana bereket berýär ýa-da bir adamy derdinden gutarýar.

KÖPRÄK BILIŇ

JW.ORG saýtyndan «Hemme dinler Hudaýa ýaraýarmy?» diýen wideony görüň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş