Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • T-13 sah. 1—6
  • Näme üçin Mukaddes Ýazgylara ynanmak bolýar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Näme üçin Mukaddes Ýazgylara ynanmak bolýar
  • Näme üçin Mukaddes Ýazgylara ynanmak bolýar
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Ol öz-özüne garşy gelýärmi?
  • Taryh we ylym
  • Gelejegiň öňünden aýdylmagy
  • Mukaddes Ýazgylar — Hudaýyň kitaby
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Mukaddes Kitaba ynansa bolýarmy?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Mukaddes Kitaba ynansa bolýarmy?
    Ebedi ýaşaň! Ilkinji sapaklar
  • Hudaý barada bilim berýän kitap
    Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim
Näme üçin Mukaddes Ýazgylara ynanmak bolýar
T-13 sah. 1—6

Näme üçin Mukaddes Ýazgylara ynanmak bolýar

Käbir adamlar Mukaddes Ýazgylar ynanarlykly däl diýýärler we olaryň garaýşy köpler tarapyndan kabul edilýär. Şol sebäpli köp adamlar Mukaddes Ýazgylary ynama mynasyp däl diýip hasap edýärler.

Beýleki tarapdan, Isa Mesihiň Öz dogasynda Hudaýa ýüzlenip: «Seniň sözüň hakykatdyr» diýen sözleri ynam döredýär. Mukaddes Ýazgylaryň özi hem Hudaý tarapyndan ylhamlanandygyny tassyklaýar (Ýahýa 17:17; 2 Timoteos 3:16).

Siz bu barada näme pikir edýärsiňiz? Mukaddes Ýazgylara ynanmak üçin berk esas barmy? Ýa-da Mukaddes Ýazgylaryň ynanarlykly däldigine, onuň öz-özüne garşy gelýändigine we yzygiderliksizdigine hakykatdan hem deliller barmy?

Ol öz-özüne garşy gelýärmi?

Käbir adamlar Mukaddes Ýazgylar öz-özüne garşy gelýär diýýän bolmagy ähtimal, emma haçan-da bolsa kimdir biri Size anyk mysal görkezdimi? Biz, dykgatly barlagdan geçip biljek şolar ýaly bir mysaly hem hiç haçan görmedik. Dogry, Mukaddes Ýazgylaryň käbir ýerleri gabat gelmeýän ýaly görnüp biler. Emma, mesele köplenç jikme-jikleri we ol zamanyň şertlerini gowy bilmezlikdendir.

Meselem, käbirleri Mukaddes Ýazgylaryň käbir ýerlerine ünsüni çekip, gabat gelmeýändir öýdüp soraýarlar: «Kabyl aýalyny nireden aldy?». Olar, Adam-atanyň we How-enäniň Kabyl bilen Habyldan başga çagasy bolan däldir öýdýärler. Emma bular ýaly çaklama Mukaddes Ýazgylaryň aýdýanyna dogry düşünip bilmezlige esaslanýar. Mukaddes Ýazgylar, Adam-ata «ogullar we gyzlaryň kakasy boldy» diýip düşündirýär (Barlyk 5:4). Diýmek, Kabyl öz uýalarynyň birine öýlenipdir.

Tankytçylar köplenç diňe gabat gelmeýän ýerini gözleýärler, mümkin şol sebäpli hem aýdýarlar: «Mukaddes Ýazgylary ýazan Matta, Isa Mesihe haýyş bilen ýüzbaşy ýüzlendi diýýär, Luka bolsa, Isanyň ýanyna haýyş bilen onuň wekilleri iberildi diýýär. Bularyň haýsysy dogryka?» (Matta 8:5, 6; Luka 7:2, 3). Emma bu hakykatdan-da gabat gelmezlikmikä?

Haçan-da adamlaryň edýän işi hakykatdan oňa jogapkärçilik çekýän bir adamyň hasabyna ýazylsa, paýhasly adamlaryň hiç biri muňa gabat gelmezlik diýmez. Mysal üçin, şäher ýol saldy diýip habar edilse, hakykatdan bolsa ony salanlar inženerler we işgärler, Siz şu habary ýalňyş diýip hasap edermisiňiz? Elbetde ýok! Şuňa meňzeş, Mattanyň, ýüzbaşy haýyş bilen Isa ýüzlendi diýmegi, Lukanyň bolsa, bu haýyş käbir wekilleriň üsti bilen iberildi diýip ýazmagy hem yzygiderliksiz däldir.

Jikme-jiklikler näçe köp anyklandygyça şonça-da Mukaddes Ýazgylaryň göräýmäge garşy gelýän ýerleriniň manysy açylýar.

Taryh we ylym

Mukaddes Ýazgylaryň taryhy taýdan dogrulygyna bir wagtlar giňden şübhe edilýärdi. Meselem, Mukaddes Ýazgylarda görkezilen Aşur patyşasy Sargon, Babyl patyşasy Belşazar we Rim häkimi Pontius Pilatus ýaly adamlaryň ýaşandyklaryny tan­kytçylar şübhe ederdiler. Emma ýaňy-ýakynda tapylan arheologik maglumatlar Mukaddes Ýazgylardaky habarlary yzygiderli tassyklap durýar. Şol sebäpli, taryhçy Moşe Perlman şeýle ýazdy: «Köne Ähtiň taryhy bölümleriniň hem hakykylygyna şübhe edýän müňkür adamlar birden öz garaýyşlaryny üýtgetmeli boldular».

Biz Mukaddes Ýazgylara ynanyp biler ýaly, ol ylmy taýdan hem dogry bolmalydyr. Bu şeýlemi? Ýakyn arada alymlar, Mukaddes Ýazgylaryň aýdyşyna garşy, älem-jahanyň başlangyjy ýok diýip tassyklaýardylar. Ýaňy-ýakynda bolsa, astronom Robert Ýastrow bu tassyklamany puja çykarýan täze bir habar berip, düşündirdi: «Astronomiýa maglumatlary dünýäniň döreýşi barada Mukaddes Ýazgylaryň garaýşyna eltýändigini biz indi görýäris. Käbir zatda tapawutlar bar, emma Ýaradylyş barada astronomiýanyň we Mukaddes Ýazgylaryň esasy düşündirmeleri deň gelýär» (Barlyk 1:1).

Şeýle hem adamlar ýeriň şekili baradaky garaýyşlaryny üýtgetdiler. «Dünýä Ensiklopediýa Kitaby» («The World Book Encyclopedia») şeýle aýdýar: «Gözleg ekspedisiýalary ýeriň, köpçüligiň pikir edişi ýaly tekiz däl-de, togalakdygyny görkezdi». Emma Mukaddes Ýazgylar hemişe dogrudy! Bu ekspedisiýalardan iki müň ýyl öň Mukaddes Ýazgylarda, Işaýa 40:22-de şeýle aýdyldy: «Ol, ýer togalagynyň üstünde oturýandyr» ýa-da, başga terjimelerde aýdylyşy ýaly, «ýer şarynyň üstünde» («Douay»), «togalak ýeriň üstünde» («Moffatt»).

Şunlukda, adamlar näçe köp öwrendigiçe, şonça-da Mukaddes Ýazgylara ynanmak üçin subutnamalar artýar. Britaniýa muzeýiniň öňki direktory ser Fredrik Kenion şeýle ýazdy: «Gazanylan netijeler imanyň aýdýanyny tassyklaýar, ýagny, bilimiň köpelmegi bilen Mukaddes Ýazgylaryň abraýy diňe artýar».

Gelejegiň öňünden aýdylmagy

Dogrudan-da, Mukaddes Ýazgylardaky weliliklere, şol sanda onuň «dogrulykly täze gökler we täze ýer» baradaky wadalaryna ynanyp bilerismi? (2 Petrus 3:13; Ylham 21:3, 4). Mukaddes Ýazgylar geçmiş barada hakykylygyny nädip görkezýär? Gaýta-gaýta, hatda ýüzlerçe ýyl öňünden berlen welilikler hem iň kiçijik jikme-jiklerine çenli ýerine ýetdi!

Meselem, kuwwatly Babyl [Wawilon] şäheriniň ýykyljagyny Mukaddes Ýazgylar 200 ýyl töwerek öňünden aýtdy. Hakykatdan hem, parsyýalylara goşulan mediýalylar — basybalyjylar diýip öňünden atlandyryldy. Parsyýanyň patyşasy Kir bolsa heniz dogulmanka, Mukaddes Ýazgylar onuň şol basyp alyşda uly orun tutjakdygyny öňünden aýtdy. Mukaddes Ýazgylarda, Babyly goraýan Ýewfrat derýasynyň suwlary «gurar» we «[Babylyň] derwezesi ýapylman galar» diýildi (Ýeremiýa 50:38; Işaýa 13:17—19; 44:27—45:1).

Taryhçy Gerodotyň aýdyşy boýunça, bu üýtgeşik jikme-jiklikler ýerine ýetdi. Onsoň, Babylyň ahyr-soňy ýaşalmaýan harabaçylyga öwrüljegi Mukaddes Ýazgylarda öňünden aýdyldy. Bu edil şeýle hem boldy. Häzirki Babyl — adamsyz üýşmek tümmekler (Işaýa 13:20—22; Ýeremiýa 51:37, 41—43). Mukaddes Ýazgylar, mundan hem başga betbagtçylykly ýerine ýeten pygamberliklerden doly.

Häzirki dünýä zatlar sistemasy barada bolsa Mukaddes Ýazgylar näme welilik edýär? Ol aýdýar: «Soňky günlerde kyn pursatlar bolar. Çünki adamlar özüni söýýän, pula gyzan, öwünjeň, tekepbir, küpür gürleýji, ene-ata boýun egmeýän, gadyr bilmez, mukaddeslikden mahrum, doňýürek... lezzeti Hudaýdan köp söýýän, Hudaýyň ýolunda ýörän bolup, bu ýoluň güýjüni inkär edýänler çykar» (2 Timoteos 3:1—5).

Şübhesiz, biz bunuň häzir ýerine ýetýändigini görýäris! Emma Mukaddes Ýazgylar «ahyrzamana» barada şeýle hem şulary-da öňünden aýdýar: «Millet-millete, patyşalyk-patyşalyga garşy çykar. Aýry-aýry ýerlerde açlyklar bolar». Mundan başga-da, «aýry-aýry ýerlerde güýçli ýertitremeler... hem gyrgynçylyk... bolar» (Matta 24:7; Luka 21:11).

Dogrudan-da, Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlikler bu gün ýerine ýetýär! Emma indiki ýerine ýetmeli wadalara nähili garamaly, meselem: «Dogry adamlar ýeri miras alyp, onda ebedi ýaşar» we «gylyçlaryndan azallar... ýasarlar... artykmaç, uruşmagy öwrenmezler»? (Zebur 37:29; Işaýa 2:4).

Mümkin, käbirleri diýer: «Bu şeýle bir gowy zat, asla ynanar ýaly däl». Emma hakykatda, Ýaradyjymyzyň wadalarynyň birine-de şübhelenmek üçin esas ýokdur. Onuň Sözüne ynanmak bolýar! (Titus 1:2). Soňraky delilleri gözden geçirseňiz Siziň ynamyňyz has-da artar.

[4-nji sahypadaky goşmaça]

«Gazanylan netijeler imanyň aýdýanyny tassyklaýar, ýagny, bilimiň köpelmegi bilen Mukaddes Ýazgylaryň abraýy diňe artýar».

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş