4-nji bölüm
Hudaý bize niýetini aýdýar
1, 2. Ak ýürekli adamlaryň soraglaryna Hudaýyň jogap berýändigini nireden bilýäris?
SÖÝGÜDEN doly Hudaý niýetini ak ýürekden bilmek isleýän adamlara aýdýar. Ol gyzyklanýan adamlaryň Hudaý horluklara näme üçin ýol berýär diýen soragyna jogap berýär.
2 Mukaddes Ýazgylar şeýle diýýär: «Eger-de Hudaýy gözleseň, ony taparsyň». «Gökde syrlary açýan Hudaý bar». «Reb Hudaý gullaryna, ýagny pygamberlerine syryny açman hiç zat edenok» (1 Taryhlar 28:9; Daniýel 2:28; Amos 3:7).
Jogaplary nireden tapyp bolar?
3. Hudaý näme üçin horluklara ýol berýär diýen soragyň jogabyny nireden tapyp bolar?
3 Hudaýyň horluklara näme üçin ýol berýändigi we şol sebäpli näme etjekdigi barada bize gerek jogaby onuň mukaddes ruhy arkaly ylhamlanan Mukaddes Ýazgylardan tapyp bolýar. «Ýazgylaryň hemmesi Hudaýyň ylhamy bolup, Hudaý adamy her bir oňat iş üçin taýyn, kämil bolar ýaly, öwretmek, käýemek, ýola getirmek, dogrulykda terbiýelemek üçin peýdalydyr» (2 Timoteos 3:16, 17).
4, 5. Mukaddes Ýazgylara näme üçin deňsiz-taýsyz kitap diýse bolar?
4 Mukaddes Ýazgylar deňsiz-taýsyz kitap. Onda adamzat taryhy barada iň dogry habarlar, hatda adam ýaradylmazyndan öň bolan wakalar hem beýan edilýär. Mukaddes Ýazgylar döwrebap, sebäbi onuň pygamberlikleri biziň günlerimiz barada hem-de ýakyn gelejegiň wakalary hakda gürrüň açýar.
5 Başga hiç bir kitap taryhy taýdan şeýle ynama mynasyp däl. Mysal üçin, gadymy klassyklaryň birnäçe golýazmalary bar. Mukaddes Ýazgylaryň bolsa, doly ýa bölekleriniň ençeme golýazmalary bar. Meselem, Töwrat we Zeburyň 6 000-e golaý golýazmasy, Injiliň 13 000-e golaý golýazmasy bar.
6. Häzirki Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýyň başdaky ylhamlandyryşy ýaly galandygyna biz näme üçin ynanmaly?
6 Mukaddes Ýazgylary ylhamlan her zada güýji ýetýän Hudaý şol golýazmalardaky aýatlaryň abat saklanmagy hakda alada etdi. Şonuň üçin häzirki Mukaddes Ýazgylar başdaky Mukaddes Ýazgylara dogry gabat gelýär. Sebäbi Injiliň golýazmalarynyň käbir nusgalary başda ýazylan golýazmalar bilen bir asyrda ýazylypdyr. Gadymy döwrüň ýazyjylarynyň käbir nusgasy bolsa, awtorlaryň ýazan wagtyndan birnäçe asyr geçensoň ýazylypdyr.
Hudaýyň sowgady
7. Mukaddes Ýazgylar nähili derejede ýaýran?
7 Mukaddes Ýazgylar adamzat taryhynda giňden ýaýran kitap. Onuň dört milliarda golaý nusgasy çap edildi. Başga hiç bir kitap şeýle köp sanda çap edilenok. Mukaddes Ýazgylar ýa onuň käbir bölekleri takmynan 2 250 dile terjime edildi. Şeýlelikde, Mukaddes Ýazgylary ýer ýüzüniň ilatynyň 90-dan gowrak prosenti okap bilýär.
8—10. Haýsy sebäplere görä Mukaddes Ýazgylary barlap görmeli?
8 Bu kitabyň Hudaýdandygynyň subutnamalary bar, olary biz barlap görmelia. Mukaddes Ýazgylar durmuşyň manysyny, dünýädäki wakalaryň näme aňladýandygyny we gelejekde bize näme garaşýandygyny düşündirýär. Başga hiç bir kitap muny düşündirip bilenok.
9 Hawa, Hudaý adamlara Mukaddes Ýazgylar arkaly ýüzlenýär. Hudaýyň hereketdäki güýji, ýagny mukaddes ruhy arkaly ony 40-a golaý adam ýazdy. Şeýlelikde, Hudaý Mukaddes Ýazgylar arkaly gürleşýär. Pawlus resul şeýle ýazdy: «Çünki siz Hudaýyň sözüni eşidip kabul edeniňizde muny adam sözi hökmünde däl-de, hakykatda bolşy ýaly, Hudaýyň sözi hökmünde kabul etdiňiz. Siz imanlylarda işleýän söz budur» (1 Selanikliler 2:13).
10 ABŞ-yň 16-njy prezidenti Awraam Linkoln Mukaddes Ýazgylar «Hudaýyň adamlara beren iň gowy sowgady... Onsuz biz ýagşynyň we ýamanyň nämedigini bilmezdik» diýdi. Şonuň üçin bu sowgatda horluklaryň nädip başlanandygy, Hudaýyň näme üçin olara ýol berýändigi we näme etjekdigi barada näme diýilýärkä?
[Çykgyt]
a Mukaddes Ýazgylaryň asyl nusgasy hakda has jikme-jik maglumaty Ýehowanyň Güwäleriniň (rus dilinde) neşir eden «Mukaddes Ýazgylar Hudaýyň sözümi ýa-da ynsan sözi?» atly kitabyndan okap bilersiňiz.
[10-njy sahypadaky surat]
Hudaý Mukaddes Ýazgylar arkaly adamlara ýüzlenýär