Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • dg 5-nji böl. sah. 10—12
  • Erkinlik — täsin sowgat

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Erkinlik — täsin sowgat
  • Hudaý biz barada alada edýärmikä?
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Biziň ýaradylyşymyz
  • Iň gowy başlangyç
  • Çäkli erkinlik
  • Kimiň kanunyna boýun bolmaly?
  • Erkinligiňizi gymmat saýyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Ýehowa sežde edýänleriň erkinligi
    Ýalňyz hak Hudaýa sežde ediň
  • Hakyky azatlygyň açary
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
  • Goý, Ýehowa seni azat etsin!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
Hudaý biz barada alada edýärmikä?
dg 5-nji böl. sah. 10—12

5-nji bölüm

Erkinlik — täsin sowgat

1, 2. Biz esasan nähili täsin sowgat bilen tapawutlanýarys?

HUDAÝYŇ näme üçin horluklara ýol berýändigini bilmek üçin onuň bizi nähili ýaradandygyna düşünmek gerek. Ol bizi ýöne bedenli we beýnili edip ýaratmandyr. Hudaý bizi täsin akylly we duýguly ýaradypdyr.

2 Biziň akylymyz we duýgularymyz esasan erkinlik bilen tapawutlanýar. Hawa, Hudaý bize saýlamaga erkinlik berdi. Bu, hakykatdan-da, täsin sowgat.

Biziň ýaradylyşymyz

3—5. Biz näme üçin erkinligiň gadyryny bilmeli?

3 Hudaýyň horluklara ýol bermegi bilen erkinligiň näme arabaglanyşygynyň bardygyna seredeliň. Ilki bilen, şu zatlar barada oýlanyp gör: sen näme etmegi, näme diýmegi ýa näme geýinmegi we nirede hem-de nähili ýaşamagy saýlamagyň gadyryny bilýäňmi? Ýogsam sen ömürboýy her bir diýjek sözüňi we her bir etjek hereketiňi kimdir biriniň aýtmagyny isleýäňmi?

4 Hiç kim durmuşynyň hemişe gözegçilik astynda bolmagyny islänok. Näme üçin? Sebäbi Hudaý bizi şeýle ýaratdy. Mukaddes Ýazgylarda Hudaý adamy öz «suratyna we meňzeşine» görä ýaratdy diýilýär, sebäbi Hudaýyň häsiýetleriniň biri — erkinlik (Barlyk 1:26; Kanunyň gaýtalanyşy 7:6). Hudaý adamlary ýaradanda olara täsin hukugy, ýagny erkinligi sowgat berdi. Şonuň üçin zalym hökümdarlar bizi boýun egdirjek bolanda, özümizi erbet duýýarys.

5 Biz erkin bolmak isleýäris, çünki Ýehowa erkinlik Hudaýydyr. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Rebbiň Ruhy nirede bolsa, azatlyk hem şol ýerdedir» (2 Korintoslylar 3:17). Şeýlelikde, Hudaý erkinligi adam durkunyň bir bölegi etdi. Hawa, Ýehowa akylymyzy we duýgularymyzy oňat bilýär, şonuň üçin hem erkinlikde has-da bagtly boljagymyza düşünýärdi.

6. Hudaý biziň beýnimizi erkin işlär ýaly nädip ýaradypdyr?

6 Hudaý bize erkin oýlanmak, deňeşdirmek, netije çykarmak, ýagşyny we ýamany saýgarmak ukybyny berdi (Ýewreýler 5:14). Şeýlelikde, erkinlik düşünip saýlamagy aňladýar. Biz erkin oýlanyp bilmeýän robotlar ýaly ýaradylmadyk. Şeýle hem, biz erksiz hereket edýän haýwanlar ýaly ýaradylmadyk. Gaýtam, biziň täsin beýnimiz erkin işlemek üçin ýaradyldy.

Iň gowy başlangyç

7, 8. Hudaý Adam ata bilen How enäni nähili ýaratdy?

7 Adam ata we How ene erkinligi hem-de başga islän zadyny alyp bilýärdiler, bu bolsa Hudaýyň aladasyny görkezýärdi. Hudaý olary ullakan ajaýyp baga meňzeş jennetde ýerleşdirdi. Olar maddy taýdan bol üpjündi. Olaryň bedeni we aňy kämildi, şonuň üçin hem olar garraman, kesellemän ýa-da ölmän ebedi ýaşap bilerdiler. Şeýle hem, olaryň bagtly hem ebedi ýaşajak kämil çagalary bolmalydy. Ýer ýüzüniň gitdigiçe köpelýän ilaty hem ýer ýüzüni jennete öwrüp, göwnejaý işli bolmalydy (Barlyk 1:26—30; 2:15).

8 Olara berlen zatlar barada Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Hudaý özüniň hemme ýasan zatlaryny gördi; we ine, gaty oňatdy» (Barlyk 1:31). Mukaddes Ýazgylar Hudaý barada şeýle hem diýýär: «Onuň işleri kämildir» (Kanunyň gaýtalanyşy 32:4). Hawa, Ýaradyjy adamzat maşgalasyny başda kämil edip ýaratdy. Ondan gowy başlangyç bolup hem bilmezdi. Nähili aladaçyl Hudaý!

Çäkli erkinlik

9, 10. Erkinlik näme üçin gözegçilik astynda bolmaly?

9 Hudaý çäksiz erkinlik bermek isleýärdimi? Aýdaly, köp ulagly şäherde ýol hereketiniň düzgüni ýok, ulaglar bolsa islän tizliginde islän tarapyna ýöreýär. Şeýle ýagdaýda sen maşyn sürmek islärdiňmi? Ýok, islemezdiň, sebäbi ýoldaky tertipsizlik ençeme heläkçilige eltip bilerdi.

10 Hudaýyň beren erkinligi bilen hem şeýle bolmaly. Jemgyýetdäki çäksiz erkinlik tertipsizligi aňladýar. Adamyň hereketini düzedýän kanun bolmaly! Hudaýyň sözünde şeýle diýilýär: «Azatlar ýaly, öz azatlygyny erbetlige örtgi edinenler ýaly däl-de, Hudaýyň bendeleri ýaly geziň» (1 Petrus 2:16). Hudaý hemmeleriň peýdasy üçin erkinligiň gözegçilik astynda bolmagyny isleýär. Hudaý bizde çäksiz erkinligiň däl-de, tertip-düzgüne tabyn bolýan çäkli erkinligiň bolmagyny isleýär.

Kimiň kanunyna boýun bolmaly?

11. Biz kimiň kanunlaryna tabyn bolmaly?

11 Biz kimiň kanunyna boýun bolmalydyk? 1 Petrus 2:16-nyň soňky sözlerinde: «Hudaýyň bendeleri ýaly geziň» diýip ýazylgy. Bu gulçulyk üçin däl-de, Hudaýyň kanunlaryna tabyn bolup, has-da bagtly bolmak üçin ýaradylandygymyzy aňladýar (Matta 22:35—40). Onuň kanunlary adamyň oýlap tapan ähli kanunlaryndan iň gowy öwüt-nesihat berýär. «Men saňa peýdaly zatlary öwredýän, ýöremeli ýoluňy görkezýän Reb Hudaýdyryn» (Işaýa 48:17).

12. Hudaýyň kanunlaryna tabyn bolsak-da, saýlamaga nähili erkinligimiz bar?

12 Şeýle hem, Hudaýyň kanunlary saýlamaga erkinlik berýär. Şonuň üçin adamzat maşgalasy täsin we her dürli. Bütin dünýädäki her hili iýmit, geýim, aýdym-saz, sungat we ýaşaýyş jaýlary barada oýlanyp gör. Elbetde, şu meselelerde özümiz saýlamak isleýäris.

13. Biz öz bähbidimiz üçin haýsy fiziki kanunlara tabyn bolmaly?

13 Biz Hudaýyň kanunyna tabyn bolup ýaşasak, bagtly bolarys, sebäbi biz şeýle ýaradyldyk. Bu tabynlyk Hudaýyň fiziki kanunyna hem degişli. Mysal üçin, biz dartyş kanunyny äsgermän ýokardan böksek, maýyp bolarys ýa öleris. Eger-de biz bedeniň kanunyny äsgermän, iýmesek, suw içmesek ýa dem almasak hem öleris.

14. Adamlaryň Hudaýa garaşly bolup ýaradylandygyny nireden bilýäris?

14 Hudaýyň fiziki kanunlaryna tabyn bolmagyň bize zerur bolşy ýaly ahlak we durmuş kanunlaryna hem tabyn bolmaly (Matta 4:4). Adamlar Ýaradyjydan garaşsyz ýaşap, bagtly bolup bilmez. Ýeremiýa pygamber: «Ädimlerine ugur görkezmek, ýöräp barýan adamyň ygtyýarynda däldir» diýdi (Ýeremiýa 10:23, 24). Şonuň üçin adamlar ähli babatda özbaşdak däl-de, Hudaýyň hökümdarlygynda ýaşamak üçin ýaradyldy.

15. Adam ata bilen How enä Hudaýyň kanunlary boýunça ýaşamak kyndymy?

15 Hudaýyň kanunlaryna tabyn bolmak Adam ata bilen How enä kyn bolmaly däldi. Gaýtam, olar we bütin adamzat maşgalasy gülläp ösmelidi. Eger-de ilkinji maşgala Hudaýyň kanunlaryna tabyn bolan bolsady, ähli zat oňat bolardy. Biz häzir söýgüden doly agzybir maşgala bolup, täsin Jennetde hezil edip ýaşardyk! Erbetlik, horluk we ölüm bolmazdy.

[11-nji sahypadaky surat]

Ýaradyjy adamlary başda kämil edip ýaratdy

[12-nji sahypadaky surat]

Ýol hereketiniň düzgüni bolmadyk köp ulagly ýolda maşyn süresiň gelerdimi?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş