Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • kn35 sah. 1—4
  • Hi bir wagt hemme adamlar bir-birlerini söýerlermikä?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hi bir wagt hemme adamlar bir-birlerini söýerlermikä?
  • Hi bir wagt hemme adamlar bir-birlerini söýerlermikä?
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Ýakyna söýgi sowaşdy
  • Näme üçin ýakyna söýgi sowaşdy?
  • Ýakyny söýmek — bu bolaýjak zatdyr
  • Haçan hemme adamlar bir-birlerini söýende
  • Goňşyňy söýmek näme
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • «Goňşyňy özüň ýaly söý»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Siz «goňşyňyzy özüňiz ýaly söýýärmisiňiz»?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
  • Seni söýýän Hudaýy söý
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
Hi bir wagt hemme adamlar bir-birlerini söýerlermikä?
kn35 sah. 1—4

Patyşalyk barada habar No. 35

Hi bir wagt hemme adamlar bir-birlerini söýerlermikä?

Ýakyna söýgi sowaşdy

MILLIONLARÇA adamlar özlerini bagtsyz hem-de hiç kime gerekli däl duýýarlar, nireden kömek tapçaklaryny hem bilmeýärler. Bir pensioner aýal gürrüň berdi: «Bir gün agşam-ara garşydaky goňşym, dul aýal, gapyma jaň edip özüni örän ýeke duýýanlygy barada aýtdy. Men oňa sypaýyçylyk bilen, ýöne göni, wagtym ýok diýip jogap berdim. Ol azar ýetireni üçin ötünç sorady-da gitdi».

Gynansak-da, şol gijäniň özünde dul aýal öz-özüni öldürdi. Soňra ol pensioner aýal, bu waka onuň üçin «berk sapak» bolandygyny aýtdy.

Ýakyna söýgi ýetmezlik köplenç betbagytçylyga owrülýär. Bosniýa we Gersegowinadaky (öňki Ýugoslawiýa) etnik dawasynda, milliondan köp adam öýlerini taşlap gitmeli boldylar we on müňlerçe adam öldürildi. Olary kim öldürdi? «Biziň gönşylarymyz, biz olary tanaýardyk» — diýip, obasyndan gaçan bir gyz ah çekýärdi.

Ruandada ýüz müňlerçe adam, köplenç hem öz ýakynlarynyň ellerinden heläk boldy. «Hutular we tutsiler, bile [ýaşaýardy], nikalaşýardylar, aladalanmaýardylar, käwagt, hatda kimiň hutu, kimiň tutsidigini hem bilmeýärdiler»,— diýip «Nýu-Ýork taýms» gazetinde habar berilýärdi.— We birden bir zat gaty üýtgedi... gyrlyşyk başlandy».

Ysraýylda hem şolar ýaly: ýewreýler we araplar goňşylykda ýaşaýarlar, emma köpüsi bir-birini ýigrenýär. Bulara meňzeş zatlar Irlandiýada, ençeme katolikleriň we protestantlaryň arasyndaky gatnaşykda we şeýle-de başga ýurtlarda, gitdigiçe köp sanly halklaryň arasyndaky gatnaşyklarda syn edilýär. Adamzadyň taryhynda adamlar entek hiç haçan şeýle söýgi ýetmezligi çekip görmändiler.

Näme üçin ýakyna söýgi sowaşdy?

Bu soragyň jogabyny biziň Ýaradyjymyz berýär. Onuň Sözünde, ýagny Bibliýada, biziň ýaşaýan döwrümiz «soňky günler» diýip atlandyrylýar. Mukaddes Ýazgylaryň weliliginde aýdylyşy ýaly, bu döwür, adamlaryň «doňýürek» boljak döwri. Bu «kyn pursatlar» barada aýdanda, Ýazgylarda muňa «ahyrzaman» hem diýilýär, Isa Mesih: «köpleriň söýgüsi sowar» — diýip öňünden aýtdy (2 Timoteos 3:1—5; Matta 24:3, 12).

Şeýlelikde, biziň döwrümizde görünýän söýgüniň ýetmezligi — biziň bu dünýäniň soňky günlerinde ýaşaýandygymyzyň bir alamatydyr. Bagtymyza, bu, şeýlede, erbetleriň dünýäsi bahym adalatly täze dünýä bilen çalşyryljagyny hem aňladýar; onda bolsa söýgi höküm sürer (Matta 24:3—14; 2 Petrus 2:5; 3:7, 13).

Emma munuň ýaly üýtgetmäniň bolup biljegine — hemme adamlaryň biri-birini söýüp we biri-biri bilen parahatlykda ýaşamagy öwrenip biljeklerine ynanmak üçin bizde dogrudan-da esas barmy?

Ýakyny söýmek — bu bolaýjak zatdyr

«Meniň goňşym [ýakynym] kim?» — diýip, birinji asyrda ýewreýlerden bolan bir kanunçy Isadan sorady. Ol, Isa oňa: «Seniň öz milletiň adamlary» — diýip jogap berer öýtdi. Emma Isa bir rehimdar samariýaly barada gürrüň berip, başga milletleriň hem adamlary biziň ýakynlarymyzdygyny görkezdi (Luka 10:29—37; Ýahýa 4:7—9).

Isa, durmuşda Hudaýy söýmekden soň ikinji ýerde ýakynyňy söýmelidigini belledi (Matta 22:34—40). Emma haçanda bir wagt, öz ýakynlaryny hakykatdan-da söýen adamlar topary bolupdymy? Hawa — irki mesihçiler! Olar öz adam söýerligi bilen bellidiler (Ýahýa 13:34, 35).

Bu gün bolsa ýagdaýlar nähili? Mesihiň söýgüsi ýaly söýgi bildirýän barmy? Bir işde şeýle aýdylýar: «Ýehowanyň Güwäleriniň alyp barýan işi — bu, Isanyň we Onuň okuwçylarynyň ýöreden, irki mesihçiligi täzeden dikeltmekdir... Olaryň hemmesi dogan» («Encyclopedia Canadiana»).

Bu nämäni aňladýar? Bu, Ýehowanyň Güwäleri jyns, millet ýa-da etniki döreýşi bolsun — asla hiç bir zat üçin hem öz ýakynlaryny ýigrenmejeklerini aňladýar. Olar hiç kimi asla öldürmez, sebäbi, şekillendirip aýdanyňda, gylyçlaryny azala naýzalaryny hem oraga üýtgedip ýasadylar (Işaýa 2:4). Dogrüdan-da, ýakynlara kömek gerek bolanda, Güwäler gaýrat bildirmegi bilen bellidirler (Galatýalylar 6:10).

Şonuň üçin, Kaliforniýada çykýan bir gazetiň redaksion makalasynda: «Eger dünýäde hemmeler Ýehowanyň Güwäleriniň garaýşyny kabul eden bolsalardy, onda gandöküşlik we ýigrenç bes edilerdi, dünýäde bolsa söýgi höküm sürerdi» — diýip bellenmegi geň zat däl («Sacramento Union»). Bir wenger žurnalynda ýerleşdirilen makalanyň awtory bolsa şeýle belledi: «Men şu netijä geldim, eger-de ýer ýüzünde diňe Ýehowanyň Güwäleri ýaşan bolsalardy, onda uruş bolmazdy, poliseýler bolsa diňe gatnaw kontroly we pasport berme bilen meşgul bolardylar» («Ring»).

Elbetde, hemme adamlar bir-birlerini söýer ýaly, örän uly bütindünýä üýtgetmeleri gerek. Bu üýtgetmeler nädip ýerine ýeter? (Soňky sahypany okamagyňyzy haýyş edýäris).

Haçan hemme adamlar bir-birlerini söýende

Isa Mesihiň öwreden dogasyndan, biziň düýpli özgerşikleriň öň ýanynda durandygymyz görünýär. Belli bolan «Dag üstündäki» wagzynda Isa bize şeýle doga etmegi öwretdi: «Patyşalygyň gelsin; Gökde bolşy ýaly, ýerde-de Seniň islegiň amala aşsyn» (Matta 6:10).

Hudaýyň Patyşalygy nämedir? Bu göklerden hökümdarlyk edýän häkimiýet; ol hakykatdan hem bar. Ine näme üçin ol «Gökleriň Patyşalygy» diýip atlandyrylýar. Hudaý öz ogluny, Isany, «dünýäniň Hökümdaryny», şol häkimiýetiň baş tutany edip belledi (Matta 10:7; Işaýa 9:6, 7; Zebur 72:1—8).

Hudaýyň Patyşalygy gelende, häzirki ýigrençden doly dünýä näme bolar? «Patyşalyk» bu dünýäniň satylan häkimiýetleriniň baryny «ýumurar we derbi-dagyn eder» (Daniýel 2:44). Mukaddes Ýazgylarda: «Dünýä... geçip gider, kim Hudaýyň islegini ýerine ýetirse, baky galar» — diýip düşündirilýär (1 Ýahýa 2:17).

Hudaýyň täze dünýäsi barada Mukaddes Ýazgylarda: «Dogry adamlar ýeri miras alyp, onda ebedi ýaşar» — diýilýär (Zebur 37:9—11, 29; Süleýmanyň Tymsallary 2:21, 22). Şonda nähili ajaýyp döwür geler! «Indi ne ölüm, ne ýas, ne agy, ne-de agyry bolar» (Ylham 21:4). Hatda ölenler hem direler we bütin ýer ýüzi hakyky jennete öwrüler (Işaýa 11:6—9; 35:1, 2; Resullaryň Işleri 24:15).

Hudaýyň täze dünýäsinde ýaşamak üçin, Hudaýyň bize öwredişi ýaly, biz bir-birimizi söýmelidiris (1 Selanikliler 4:9). Gündogar ýurtlaryň birinde Mukaddes Ýazgylary öwrenip ýören bir adam: «Men Mukaddes Ýazgylarda berlen wadalar boýunça, her kesiň başga adamlary söýmegi öwrenjek döwrüne sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn» — diýdi. Hudaý öz wadalaryny ýerine ýetirjegine biziň şübhelenmegimiziň geregi ýok! Ol diýýär: «Men aýtdym we ony ýerine ýetirerin» (Işaýa 46:11).

Emma Hudaýyň Patyşalygynyň hökümdarlygyndan gelýän şol bereketleri almak üçin, bütin dünýäde millionlarça ak ýürekli adamlaryň yhlas bilen bilim alyşlary ýaly, siziň hem bilim almagyňyz zerurdyr (Ýahýa 17:3). Munuň üçin, «Hudaý bizden näme talap edýär?» atly, 32 sahypaly kitapça size kömek eder. Kitapçany zakaz etmek üçin, öňki sahypada ýerleşdirilen kupony doldyryp iň golaý adres boýunça iberiň.

□ Men, «Hudaý bizden näme talap edýär?» atly kitapçany edinmek isleýärin.

□ Mugtyna öýde Mukaddes Ýazgylar okuwny almak üçin meniň bilen habarlaşmagyňyzy haýyş edýärin.

[2-nji sahypadaky surat]

Bosniýadaky snaýper we jaýlama: Reuters/Corbis-Bettmann

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş