47-NJI SAPAK
Görkezme esbaplary ökdelik bilen ulanmak
TÄLIM bereniňde görkezme esbaplary näme üçin ulanmaly? Olar arkaly ökdelik bilen tälim berip bolýar. Ýehowa Hudaý bilen Isa Mesih görkezme esbaplary ulanypdyrlar; biz-de olaryň göreldesine eýerip bileris. Siz bir zady düşündireniňizde görkezme esbaplary ulansaňyz, maglumaty iki duýgy organlary arkaly kabul edip bolýar. Bu bolsa diňleýjileriň ünsüni çekmäge we temanyň täsirini güýçlendirmäge kömek edýär. Hoş habary wagyz edenimizde görkezme esbaplary nädip ulansa bolar? Olary ökdelik bilen ulanýandygymyzy nädip anyklap bileris?
Iň beýik Mugallymlar görkezme esbaplary nädip ulandylar? Ýehowa wajyp sapak bermek üçin ýatdan çykmajak görkezme esbaplary ulanypdyr. Bir gün gije Hudaý Ybraýymy çadyryndan daşary çykaryp, oňa şeýle diýdi: «Asmana seret. Sen... ýyldyzlary sanap bilseň sanaý. Seniň şonça-da nesilleriň bolar» (Gel. çyk. 15:5). Bu sözler ynsan garaýşynda mümkin däl ýaly bolup görünse-de, olar Ybraýym pygambere güýçli täsir etdi we Ybraýym Ýehowa iman etdi. Başga bir gezek Ýehowa Ýermeýa pygambere küýzegäriň ussahanasyna baryp, onuň palçykdan şekil ýasaýşyna syn etmegi tabşyrdy. Bu Ýaradyjynyň adamlaryň üstünden ygtyýarynyň bardygyny görkezýän ýatdan çykmajak sapak boldy! (Ýer. 18:1—6). Eýsem, Ýunus pygamber Ýehowanyň suw kädi arkaly beren rehimdarlyk sapagyny unudyp bilermidi? (Ýunus 4:6—11). Ýehowa hatda gullukçylaryna käbir zatlary ulanyp, pygamberlik habaryny aýtmagy tabşyrypdyr (1 Pat. 11:29—32; Ýer. 27:1—8; Ezek. 4:1—17). Çadyryň we ybadathananyň aýratynlyklary gökde bolýan zatlara düşünmäge kömek edýär (Ýew. 9:9, 23, 24). Şeýle-de Hudaý wajyp maglumaty aýtmak üçin ençeme görnüşleri görkezipdir (Ezek. 1:4—28; 8:2—18; Res. iş. 10:9—16; 16:9, 10; Ylh. 1:1).
Isa görkezme esbaplary nädip ulanypdyr? Bir gezek fariseýler we Hirodesiň tarapdarlary Isany sözünde tutjak boldular. Şonda Isa bir dinary alyp, ondaky Kaýsaryň suratyna olaryň ünsüni çekdi. Soňra ol kaýsaryňkyny kaýsara, Hudaýyňkyny bolsa Hudaýa bermelidigini düşündirdi (Mat. 22:19—21). Hudaýy bar emlägiň bilen şöhratlandyrmalydygyny öwretmek üçin, Isa bir garyp dul hatynyň beren peşgeşine, ýagny bütin çörek puluny atandygyna şägirtleriniň ünsüni çekdi (Luka 21:1—4). Başga bir gezek Isa çagany mysal hökmünde ulanyp, şöhratparazlykdan gaça durmagy we kiçigöwünli bolmagy öwretdi (Mat. 18:2—6). Şeýle-de ol şägirtleriniň aýaklaryny ýuwup, kiçigöwünliligi iş ýüzünde görkezdi (Ýahýa 13:14).
Görkezme esbaplary ulanmagyň ýollary. Biz Ýehowa ýaly adamlara görnüş görkezip bilmeýäris. Emma Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlarynda köp oýlandyryjy suratlar bar. Siz olar arkaly gyzyklanýan adamlara Hudaýyň Sözünde wada berilýän ýer ýüzünde boljak Jenneti göz öňüne getirmäge kömek edip bilersiňiz. Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçireniňizde adamyň ünsüni geçen temaňyza degişli surata çekip, ondan näme görýändigini sorap bilersiňiz. Üns beren bolsaňyz, Ýehowa Amos pygambere görnüş görkezip: «Amos, sen näme görýärsiň?» diýip sorady (Amos 7:7, 8; 8:1, 2). Siz-de sapak geçeniňizde, adamlaryň ünsüni görkezme esbap hökmünde berilýän surata çekip, şuňa meňzeş soraglary berip bilersiňiz.
Eger siz matematik hasaplamalary ýa-da wajyp wakalary görkezýän wagt uzynlygyny ýazyp görkezseňiz, adamlara Danyýel 4:16-daky «ýedi döwür, (TD)» we Danyýel 9:24-däki «ýetmiş hepde, (TD)» ýaly pygamberliklere gowy düşünmäge kömek edip bilersiňiz. Şeýle görkezme esbaplar biziň okuw geçýän käbir edebiýatlarymyzda duş gelýär.
Siz maşgala okuwynda çadyr, Iýerusalimdäki ybadathana we Ezekiýeliň ybadathana barada gören görnüşi ýaly temalary ara alyp maslahatlaşanyňyzda, surat ýa-da çyzgy ulansaňyz, olara düşünmek aňsat bolar. Şeýle görkezme esbaplary «Ýazgylara düşünmek» (rus.) kitabynda, «Mukaddes Ýazgylaryň Täze Dünýä terjimesinde» (rus.) berilýän goşmaça maglumatda ýa-da «Garawul diňi» žurnalynyň käbir sanlarynda tapsa bolýar.
Maşgala agzalaryňyz bilen Mukaddes Ýazgylary okanyňyzda kartalary ulanyň. Ybraýymyň Ur şäherinden Harana, soňra Beýtele giden ýoluny yzarlaň. Ysraýyl halkynyň Müsürden çykyp, Wada edilen diýara çenli geçen ýoluny öwreniň. Ysraýyl taýpalarynyň her birine berlen ýeri bellik ediň. Süleýman patyşanyň hökümdarlyk eden ýerlerini araçäkläň. Ylýas pygamberiň Izebeliň haýbatyndan gorkup, Ýizregel Beýerşeba çölüne gaçyp giden ýoluny yzarlaň (1 Pat. 18:46—19:4). Isanyň wagyz eden şäherlerini we obalaryny bellik ediň. Resullaryň işleri kitabynda beýan edilişi ýaly, Pawlusyň syýahat eden ýoluny yzarlaň.
Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän adama ýygnagyň işleýşini görkezmek üçin-de görkezme esbaplaryny ulanyp bilersiňiz. Munuň üçin oňa kongreslerde näme hakda gürrüň edilýändigini we olaryň meýilnamasyny görkezse bolar. Köp adamlar Patyşalyk zalyna ýa-da Ýehowanyň Şaýatlarynyň filialyna gezelenç edenlerinde gören zatlary olara güýçli täsir etdi. Bu biziň işimiz we maksadymyz barada nädogry garaýşy ýeňmäge kömek edip biler. Patyşalyk zalyny görkezeniňizde, onuň başga dinleriň sežde edýän ýerlerinden nähili tapawudynyň bardygyny görkeziň. Bu zalyň bezeginiň ýönekeýdigini belläp geçiň. Şeýle-de wagyz işi bilen baglanyşykly zatlaryň aýratynlyklaryna, ýagny paýlanylmaly edebiýatlaryň durýan ýerine, ýygnagyň territoriýasynyň kartasyna we meýletin sowgatlar (mejbury ýygnalmaýar) üçin gutulara ünsüni çekiň.
Sizde Ýolbaşçylyk maslahaty tarapyndan taýýarlanylan wideofilmler bar bolsa, onda olary gyzyklanýanlara görkeziň. Bu filmler sapak geçýän adama Mukaddes Ýazgylara bolan ynamyny berkitmäge, Ýehowanyň Şaýatlarynyň işleri bilen tanyşdyrmaga we Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleri boýunça ýaşamaga höweslendirmäge kömek eder.
Jemagat üçin görkezme esbaplar. Görkezme esbaplar gowy taýýarlanylyp ulanylsa, olar jemagata tälim bermekde ajaýyp gural bolup biler. Şeýle görkezme esbaplaryň ençemesi sadyk hem akylly hyzmatkär tarapyndan taýýarlandy.
«Garawul diňi» žurnalynyň öwrenilýän makalasynda, köplenç, görkezme esbaplar hökmünde dürli suratlar bolýar. Ýygnagy geçirýän dogan olar arkaly wajyp pikirleri nygtap biler. Mukaddes Ýazgylary öwrenmek duşuşygynda geçilýän edebiýatlarda-da görkezme esbaplara duş gelse bolýar.
Käbir jemagat nutuklarynyň meýilnamalary esasy pikirleri aýdyňlaşdyrmak üçin görkezme esbaplaryny ulanmagy talap edýär. Emma diňleýjileriň ünsüni olaryň elindäki Mukaddes Ýazgylara çeksek has peýdaly bolar. Nutugyň bir ýa-da birnäçe esasy pikirlerini nygtamak üçin surat görkezmeli, ýa-da esasy pikirleri sanap geçmeli bolýar. Şeýle ýagdaýda görkezme esbap hemmelere, hatda iň yzda oturanlara-da görner ýaly (ýa-da ony okap biler ýaly) aladasyny ediň. Ýöne şeýle görkezme esbaplary köp ulanmaly däl.
Biz çykyş edenimizde we tälim berenimizde görkezme esbaplary adamlaryň göwnüni açmak üçin däl-de, nygtalmaly esasy pikirleriň has täsirli bolmagy üçin ulanmaly. Şeýle görkezme esbaplar aýdylan sözleri aýdyňlaşdyrmaga, olara aňsat düşünmäge ýa-da aýdylan zatlaryň wajyplygyna göz ýetirmäge kömek edýär. Görkezme esbap ýerlikli we dogry ulanylan ýagdaýynda pikiri-de, görkezme esbabyň özüni-de köp ýyllap ýadyňda saklamaga ýardam edýär.
Tälim bermekde eşidiş we görüş organlary wajyp orun tutýar. Adamlaryň bu ukyplaryny iň beýik Mugallymlaryň nädip göz öňünde tutandygyny unutmaň. Şeýle-de adamlaryň ýüregine täsir etmek üçin olaryň göreldesine eýermäge jan ediň.