Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • be sapak 46 sah. 244—sah. 245 abz. 4
  • Diňleýjilere tanyş mysallary ulanmak

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Diňleýjilere tanyş mysallary ulanmak
  • Wagyz mekdebi
  • Meňzeş maglumat
  • Görkezme esbaplary ökdelik bilen ulanmak
    Wagyz mekdebi
  • Adamlara hormat goýmak
    Wagyz mekdebi
  • Aýdyň mysallar arkaly öwrediň
    Gowy okamagy we mugallym bolmagy öwreniň
  • Hudaýyň Patyşalygy baradaky mysallar
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
Wagyz mekdebi
be sapak 46 sah. 244—sah. 245 abz. 4

46-NJY SAPAK

Diňleýjilere tanyş mysallary ulanmak

Munuň üçin näme etmeli?

Diňleýjilere tanyş we olaryň meşgullanýan zatlaryna degişli mysallary ulanmaly.

Bu näme üçin wajyp?

Tanyş ýagdaýlardan alnan mysallar diňleýjileriň ýüregine täsir eder.

SIZIŇ saýlaýan aýdyň mysallaryňyzyň gürrüň etjek temaňyza degişli bolmagy wajypdyr. Emma mysallar has täsirli bolar ýaly, olar diňleýjileriň durmuşyna-da gabat gelmeli.

Aýdaly, siz birnäçe adamdan ybarat bolan topara ýüzlenýärsiňiz. Mysal saýlanyňyzda diňleýjileri nädip göz öňünde tutmaly? Isa Mesih şeýle ýagdaýda näme edipdi? Ol märekä ýüzlense-de, şägirtlerine ýüzlense-de ysraýyl halkynyň durmuşyna degişli bolmadyk mysallary ulanmandyr. Sebäbi şeýle mysallar olara tanyş däldi. Meselem, Isa Müsür köşgüniň ýaşaýşy ýa-da Hindistanyň dini däp-dessurlary barada agzamandyr. Muňa garamazdan, onuň ulanan mysallary ähli ýurtda ýaşaýan adamlaryň edýän işlerine degişlidi. Isa geými ýamamak, söwda-satyk etmek, gymmatly zadyň ýitişi we toý baýramçylyklary barada aýdýardy. Ol adamlaryň dürli ýagdaýlarda özüni nähili alyp barjakdygyny bilýärdi we mysallary saýlanda, şolary göz öňünde tutýardy (Mar. 2:21; Luka 14:7—11; 15:8, 9; 19:15—23). Isa diňe ysraýyl halkyna wagyz edendigi sebäpli, onuň mysallary, köplenç, şol millete tanyşdy we olaryň gündelik durmuşy bilen baglydy. Ol daýhançylyk, goýunlaryň çopanyň sesine seslenişi we şerap guýulýan meşikler barada mysallary ulanypdyr (Mar. 2:22; 4:2—9; Ýahýa 10:1—5). Şeýle-de ol hemmelere mälim bolan taryhy wakalary, ýagny ilkinji ýaradylan adamlary, Nuhuň günlerindäki tupany, Sodom hem-de Gomoranyň ýok edilişini, Lutuň aýalynyň ölümini we başga-da wakalary mysal getiripdir (Mat. 10:15; 19:4—6; 24:37—39; Luka 17:32). Siz-de aýdyň mysallary saýlanyňyzda diňleýjileriň edýän işlerini we olaryň alan terbiýesini göz öňünde tutýarmysyňyz?

Eger siz uly märekä däl-de, bir ýa-da birnäçe adama ýüzlenmeli bolsaňyz näme? Onda şol adamlara degişli aýdyň mysallary saýlamaga jan ediň. Isa Sihar şäheriniň golaýyndaky guýynyň başynda samariýaly aýala wagyz edende, ol «dirilik suwy», «asla suwsamaz» we «ebedilik ýaşaýyş çeşmesi» ýaly meňzetmeleri ulanypdyr. Bularyň ählisi aýalyň edýän işi bilen baglydy (Ýahýa 4:7—15). Şeýle-de Isa balyk tutulýan torlaryny ýuwýan adamlara wagyz edende, balyk tutmak işine degişli meňzetmäni saýlapdyr (Luka 5:2—11). Bu iki ýagdaýda-da ol daýhançylyk barada gürrüň edip bilerdi, sebäbi olar ekerançylyk bilen meşgullanylýan ýerlerde ýaşaýardylar. Ýöne adamyň meşgullanýan işlerine degişli zatlara salgylanmak, gör, nähili täsirli boldy! Siz hem şeýle etmäge çalyşýarmysyňyz?

Isa «Ysraýyl öýüniň ýitirim bolan goýunlaryna» üns beren bolsa, Pawlus resul diňe ysraýyllylara däl-de, özge milletlere-de wagyz etmelidi (Mat. 15:24; Res. iş. 9:15). Bu onuň saýlan mysallaryna täsir etdimi? Hawa. Ol Korintosdaky mesihçilere hat ýazanda, özge milletlere tanyş bolan ylgaw meýdany, ýeňiş ýoly we butlara hödürlenýän gurbanlary iýmek ýaly mysallary agzapdy (1 Kor. 8:1—10; 9:24, 25; 2 Kor. 2:14—16).

Siz-de aýdyň mysallary Isa hem-de Pawlus ýaly ünsli saýlaýarmysyňyz? Siz diňleýjileriň alan terbiýesini we olaryň gündelik durmuşda edýän işlerini göz öňünde tutýarmysyňyz? Elbetde, häzirki ýaşaýyş I asyrdakydan tapawutlanýar. Köp adamlar telewizor arkaly dünýäde bolýan wakalary eşidip bilýärler. Şol sebäpli olar daşary ýurtda ýaşaýan adamlaryň durmuşy bilen tanyş. Eger siziň ýaşaýan ýeriňizde-de şeýle bolsa, onda şol habarlary aýdyň mysal hökmünde ulanyp bilersiňiz. Emma diňleýjileriňiziň durmuşy, ýagny öýi, maşgalasy, işi, iýmiti we ýurdunyň howasy bilen bagly zatlar barada gürrüň etseňiz has-da täsirli bolar.

Eger siz getirýän mysalyňyzy köp düşündirmeli bolsaňyz, diýmek, siz diňleýjiler üçin nätanyş zat barada gürrüň edýärsiňiz. Şeýle mysallar berýän maslahatyň üstüni örtüp biler. Şeýlelikde, diňleýjiler mysaly ýatda saklasalar-da, Mukaddes Ýazgylardan gürrüň beren zatlaryňyzy unudarlar.

Isa çylşyrymly deňeşdirmeleri ulanman, ýönekeý we durmuşda bolýan zatlary mysal getiripdir. Ol kiçi zat arkaly uly, ýönekeý zat arkaly çylşyrymly zatlary düşündiripdir. Isa gündelik durmuşdaky zatlar bilen ruhy hakykaty baglanyşdyryp, adamlara ruhy zatlara gowy düşünmäge we olary özleşdirmäge kömek edipdir. Gör, nähili ajaýyp görelde!

BU UKYBY ÖSDÜRMEK ÜÇIN

  • Diňe aýtmak isleýän zatlaryňyz barada däl-de, diňleýjiler hakynda-da oýlanmagy öwrenmeli.

  • Adamlaryň durmuşynda bolýan zatlara ünsli bolmaly.

  • Her hepdede öň ulanmadyk, iň bolmanda, bir gowy aýdyň mysaly ulanmagy maksat edinmeli.

GÖNÜKME Matta 12:10—12-nji aýatlardaky aýdyň mysaly derňäň. Ol näme üçin täsirli?

Ýetginjekler bilen ahlak kadalary hakda gürrüňdeş bolanymda ulanmak isleýän aýdyň mysallarym

․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․

Uly ýaşly adamlar bilen Mukaddes Ýazgylaryň esasy taglymatlary barada gürrüňdeş bolanymda ulanmak isleýän aýdyň mysallarym

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş