Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lr sah. 6—7
  • Biziň çagalarymyz nämä mätäç?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Biziň çagalarymyz nämä mätäç?
  • Beýik Mugallymdan öwreniň
  • Meňzeş maglumat
  • Çagany bäbeklikden terbiýeläň
    Maşgala bagtynyň syry
  • Çagalaryňyza Ýehowany söýmegi öwrediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Ene-atalar, çagalaryňyza Ýehowany söýmäge kömek ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
Beýik Mugallymdan öwreniň
lr sah. 6—7

Biziň çagalarymyz nämä mätäç?

Kakasy ogly bilen Beýik Mugallymdan öwreniň kitaby okaýar

1—5. a) Çaganyň dünýä inmegine näme üçin gudrat diýse bolar? b) Çagalar nämä mätäç? ç) Näme üçin mesihçi ata-eneler çagalaryny filosofiýa ýa-da däp-dessurlara görä däl-de, Mukaddes Ýazgylara esaslanyp terbiýelemeli? (Süleýmanyň tymsallary 3:5, 6; 14:12; Işaýa 30:21)

ATA-ENELERIŇ ählisi adamyň doly akyl ýetirip bilmeýän bir wajyp zadyna gatnaşýarlar. Muňa ata-enäniň ikisi-de goşant goşýar. Netijede, enäniň göwresinde çaga döreýär. Adamlar çaganyň dünýä inmegini «gudrat» hasaplaýarlar.

2 Elbetde, çaganyň dünýä inmegi bilen ata-enäniň öňünde uly jogapkärçilik başlanýar. Çaga dünýä inende, örän ejiz bolýar we hemişe aladasynyň edilmegine mätäçdir. Emma ol ulalandan soň, oňa diňe fiziki taýdan kömek etmek ýeterlikli däl. Oňa akyl, duýgy, ahlak we ruhy taýdan ösmek üçin kömek etmeli bolýar.

3 Aýratynam, ata-enäniň çagasyna bolan söýgüsi, onuň hemmetaraplaýyn sagdyn ösmegine kömek edýär. Elbetde, çagalara söýýändigiňi aýtmaly, ýöne muny iş ýüzünde-de görkezmeli. Hawa, ata-eneler çagalaryna gowy görelde bolmaly. Olara ahlak taýdan görkezme bermeli we durmuşyň esasy prinsiplerini öwretmeli. Şeýle terbiýäni bäbeklikden bermeseň, giç bolmagy mümkin. Netijede, ajy gözýaşlar döküler we puşman ediler.

4 Mukaddes Ýazgylarda iň gowy prinsipler bar. Mukaddes Ýazgylara esaslanyp berilýän terbiýäni hiç zat bilen deňäp bolmaýar. Şeýle terbiýäni alan çaga, wagtyň geçmegi bilen, bu terbiýäni adamyň däl-de, Ýaradyjynyň, gökdäki Atasynyň berendigine düşünýär. Şeýle öwüt-nesihatyň deňi-taýy ýokdur!

5 Mukaddes Ýazgylarda ata-eneleriň dogry prinsipleri çagalarynyň aňyna guýmak üçin jan etmelidigi aýdylýar. Çaga ulaldygyça, ata-enelere köplenç onuň bilen käbir wajyp zatlar barada gürrüň etmek kyn bolýar. «Beýik Mugallymdan öwreniň» atly şu kitap şeýle kynçylygyň öňüni almak üçin ýazyldy. Bu kitaby çagalaryňyz bilen bile okap, olara dini we ahlak kadalary öwredersiňiz. Galyberse-de, bu kitap çagalara we olar bilen kitaby okaýan adamlara açyk gürrüňdeşlik etmäge kömek eder.

6—10. a) Kitapdaky soraglar ata-enelere okuw geçmäge nädip kömek edýär we olar çagalaryň berýän jogabyndan nämäni bilerler? b) Suratlar okuw geçmäge nädip kömek edýär? ç) Şu kitaby ýazan adamlar nämä umyt edýärler?

6 Bu kitap çagalara öz pikirini aýtmaga höweslendirýär. Kitabyň her babynda ençeme soraglar berilýär we olardan soňra tolkun çyzyk (~) goýlan. Bu belgi çagalar öz pikirini aýdar ýaly, bize säginmelidigimizi ýatladýar. Çagalar soraglara jogap bermegi gowy görýär. Eger olara öz pikirini aýtmaga mümkinçilik bermeseň, olaryň kitaby okamaga derrew höwesi gaçar.

7 Esasanam, bu soraglar çaganyň ýüregini bilmäge kömek edýär. Elbetde, ol ähli soraglara dogry jogap berip bilmez. Ýöne her bir soragyň soňunda aýdylýan pikirler çaga dogry netijä gelmäge kömek eder.

8 Bu kitapda 230-dan gowrak suratlar bar! Olaryň köpüsiniň aşagynda soraglar getirilýär. Bu soraglar çaga temanyň esasy pikirlerini gaýtalamaga ýardam eder. Şol sebäpli çagaňyz bilen suratlaryň ählisine serediň we olar hakda gürrüň ediň. Olar size okuw geçmäge we çagaňyza wajyp sapak edinmäge kömek eder.

9 Çagaňyz okamagy öwrenende, bu kitaby size okap bermegi haýyş ediň. Şeýle-de ony özbaşdak okamaga höweslendiriň. Ol kitaby näçe köp okadygyça, şonça-da aňyna we ýüregine täsir eder. Emma bu kitaby çagaňyz bilen bile yzygiderli okamagy endik etseňiz, birek-birege hormat goýup, söýgiňiz artar. Siz bu kitaby birnäçe çagalara okaýan bolsaňyz, onda baplardaky «sen» diýen at çalyşmanyň deregine «siz» diýip bilersiňiz.

10 Şu günler çagalar jynsy ahlaksyzlygyň, spiritizmiň we başga-da erbet zatlaryň duzagyna düşýärler. Şeýle bolar diýip, mundan onlarça ýyl öň asla pikirem edilmändi. Şol sebäpli çagalary goramaly. Bu babatda size şu kitap kömek eder. Onda berilýän soraglaryň ählisi aç-açan we hormat bilen düşündirilýär. Hawa, çagalara, esasanam, akyldarlygyň Gözbaşy bolan gökdäki Atamyz Ýehowa Hudaýymyzyň berýän görkezmesi gerek. Beýik Mugallym Isa hem adamlara hemişe şol görkezmäni berýärdi. Bu kitap maşgalaňyza Allatagalanyň islegine görä ýaşamaga we ebedi bereket almaga kömek eder diýip umyt edýäris.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş