Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • bh bap 6 sah. 57—65
  • Ölen adamlar nirede?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ölen adamlar nirede?
  • Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ADAM ÖLENDE, OŇA NÄME BOLÝAR?
  • ISA ÖLÜM BABATDA NÄME DIÝDI?
  • ADAM NÄME ÜÇIN ÖLÝÄR?
  • ÖLÜM BARADAKY HAKYKAT TESELLI BERÝÄRMI?
  • Olar Şeýtana gulak asdylar. Bu nämä eltdi?
    Hudaýa gulak asyň we ebedi ýaşaň
  • Söýgüli ölenlerimiz üçin näme umyt bar?
    Söýgüli ölenlerimiz üçin näme umyt bar?
  • Soňky duşman ölüm ýok ediler
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Ölen ýakynlarymyza näme bolýar?
    Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim
Başgalary
Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
bh bap 6 sah. 57—65

6-NJY BAP

Ölen adamlar nirede?

  • Adam ölende, oňa näme bolýar?

  • Adam näme üçin ölýär?

  • Ölüm baradaky hakykat näme üçin teselli berýär?

1—3. Adamlar ölüm barada nähili sorag berýärler we dinler näme öwredýär?

BU SORAGLAR adamlary müňlerçe ýyllap biynjalyk edýär. Bu soraglar örän wajyp, çünki kimdigimize we nirede ýaşaýandygymyza garamazdan, olaryň jogaby her birimize täsir edýär.

2 Öňki bapdan Isa Mesihiň töleg gurbanynyň ebedi ýaşaýşa ýol açandygyny bildik. Şeýle-de Mukaddes Ýazgylardan ölümiň bolmajakdygyny bildik (Ylham 21:4). Ýöne häzir adamlar ölýärler. Akyldar Süleýman patyşa: «Diriler öljegini bilýärler» diýdi (Wagyz kitaby 9:5). Biziň hemmämiziň uzak ýaşasymyz gelýär. Emma şonda-da, bizi şeýle sorag biynjalyk edýär: adam ölende, oňa näme bolýar?

3 Ýakyn garyndaşlarymyzyň ölümi bize hasrat çekdirýär. Şonuň üçin şu aşakdaky soraglar bizi biynjalyk edýändir: merhum garyndaşlarymyz nirede? Horluk çekýärmikä? Olar bizi görýärmikä? Biz olara kömek edip bilerismi? Olary ýene-de görermikäk? Bu soraglara her din her hili jogap berýär. Käbirleri gowy adamlar-a asmana gidýär, erbetler bolsa dowzahda ýanýar diýip pikir edýär. Başga adamlar bolsa, ölüler o dünýädäki ata-babalarynyň ýanyna barýar diýýärler. Ölen adamlar ýeriň aşagynda höküm edilip, başga jandar bolup, täzeden dünýä inýändigine ynanýanlar hem bar.

4. Ölüm babatda köp dinleriň nämede meňzeşligi bar?

4 Dinler her näme öwretseler-de, bir zatda meňzeşligi bar, ýagny adam ölende ondan bir zat çykyp ýaşamagyny dowam edýär. Adamlar ölenden soň ýaşaýandygyna we nähilidir bir ýol bilen görüp, eşidip we pikir edip bilýändigine hemişe-de ynanýardylar. Emma bu mümkinmi? Duýgymyz we pikirimiz beýnimize bagly. Adam ölenden soň beýni işlemeýär. Beýni ölenden soň, biziň ýatkeşligimiz, duýgymyz we gaýgymyz bolmaýar. Beýni işlemese olaryň bolmagy mümkin däl.

ADAM ÖLENDE, OŇA NÄME BOLÝAR?

5, 6. Mukaddes Ýazgylarda ölen adamyň ýagdaýy barada näme diýilýär?

5 Ölen adama näme bolýanlygy barada hakykaty, Ýaradyjymyz Ýehowa bilýär. Ol ölen adamlaryň ýagdaýyny Mukaddes Ýazgylarda düşündirýär. Mukaddes Ýazgylar adam ölende, ýaşamagyny bes edýändigini aýdýar. Ölüm ýaşaýyşdan düýbünden tapawutlanýar. Ölen adam görüp, eşidip we pikir edip bilmeýär. Adam ölenden soň başga ýerde ýaşamaýar. Hawa, bizde ölmeýän jan ýa-da baky ruh ýoka.

Sönen şem

Ýalyn nirede?

6 Süleýman: «Diriler öljegini bilýärler, ölüler bolsa hiç zat bilenok» diýdi. Ol ölen adamlar söýüp ýa-da ýigrenip bilenok, çünki «gabyrda ne iş bar, ne oý-pikir, ne bilim, ne-de akyldarlyk bar» diýip düşündirdi (Wagyz kitaby 9:5, 6, 10-njy aýatlary okaň). Şeýle-de Zebur 146:4-de adam ölende «niýetleri... puja çykýar» diýilýär. Adamlar ölýär we ölenden soň ýaşamaýar. Biziň ýaşaýşymyzy şemiň ýalny bilen deňeşdirip bolar. Şemi öçürseň, onuň ýalny hem sönýär. Ýalyn başga ýerde ýanmagyny dowam etmeýär.

ISA ÖLÜM BABATDA NÄME DIÝDI?

7. Isa ölümi näme bilen deňeşdirdi?

7 Isa Mesihiň sözleri ölen adamyň nähili ýagdaýdadygyna düşünmäge kömek edýär. Isanyň gowy görýän dosty Lazar ölende, ol şägirtlerine: «Dostumyz Lazar uklap ýatyr» diýdi. Lazaryň keselländigini bilýän şägirtler, ol ýarawsyzlykdan ýaňa ýatandyr diýip düşündiler. Emma olar ýalňyşýardylar. Şonda Isa olara göni: «Lazar ölüpdir» diýdi (Ýahýa 11:11—14-nji aýatlary okaň). Görýäňmi, Isa ölümi uky bilen deňeşdirdi. Lazar göge-de gitmedi, dowzahda hem ýanmady. Ol perişdeleriň ýaşaýan ýerine-de gitmedi, o dünýädäki ata-babalarynyň ýanyna-da barmady. Başga jandar bolup, täzeden dünýä hem inmedi. Ol ölende güýçli uka giden ýalydy. Mukaddes Ýazgylaryň başga aýatlarynda-da, ölüm uky bilen deňeşdirilýär. Meselem, Dawut hem: «Gözlerimi ýagtylandyr, ölüm ukusyna gidäýmäýin» diýip ýazdy (Zebur 13:3).

Är-aýal bagda otyrlar we güle seredýärler

Ýehowa adamlary ýer ýüzünde ebedi ýaşatmak üçin ýaratdy

8. Hudaý adamlaryň ölmegini islemändigini nireden bilýäris?

8 Hudaý adamlaryň ölmegini isledimi? Elbetde, ýok. Ýehowa adamlary ýer ýüzünde ebedi ýaşamak üçin ýaratdy. Bu kitapdan bilşimiz ýaly, Hudaý ilkinji ynsany ajaýyp Jennetde ýerleşdirdi. Ol adamlara kämil saglyk berdi. Ýehowa olara diňe ýagşylyk isledi. Eýsem, söýýän ata-eneler çagalarynyň garramagyny we ölmegini isleýärmi? Elbetde ýok! Ýehowa çagalaryny söýýär we olaryň ýer ýüzünde bagtly hem-de ebedi ýaşamagyny isleýär. Mukaddes Ýazgylarda Ýehowa adamlaryň «ýüregine ebediligi guýdy» diýilýär (Wagyz kitaby 3:11, TD). Şonuň üçin biziň ebedi ýaşasymyz gelýär. Hudaý ebedi ýaşaýyş üçin ähli şertleri hem döretdi.

ADAM NÄME ÜÇIN ÖLÝÄR?

9. Ýehowa Adam ata näme tabşyrdy we bu tabşyrygy ýerine ýetirmek näme üçin kyn däldi?

9 Onda adamlar näme üçin ölýärkä? Bu soragyň jogabyny bilmek üçin, Adam ata bilen How enäniň ýaşan günlerini ýatlalyň. Mukaddes Ýazgylarda: «Reb Hudaý görmäge owadan we iýmäge oňat her agajy... gögertdi» diýilýär (Gelip çykyş 2:9). Emma Ýehowa Adam ata: «Bagyň her agajyndan gaýgysyz iýiber; ýöne welin, ýagşylyk we ýamanlygy bilme agajyndan iýme» diýip tabşyrdy (Gelip çykyş 2:16, 17). Bu tabşyrygy ýerine ýetirmek kyn däldi, çünki Jennetde iýmäge başga-da miweli agaçlar kändi. Bu tabşyryk ähli zady we kämiligi beren Ýehowa minnetdarlyk bildirmäge olarda mümkinçilik döredýärdi. Olar Hudaýa gulak assalar, söýgüden doly gökdäki Atasynyň häkimiýetini hormatlaýandyklaryny we onuň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek isleýändiklerini görkezerdiler.

10, 11. a) Ilkinji adamlar nädip Hudaýa gulak asmadylar? b) Adam ata bilen How enäniň gulak asmazlygy näme üçin bagyşlanmaz?

10 Gynansak-da, ilkinji adamlar Ýehowa bilgeşleýin gulak asmadylar. Şeýtan ýylanyň üsti bilen How enä şeýle diýdi: «Dogrudan, Hudaý size: Bagyň hiç bir agajyndan iýmäň diýdimi?» How ene oňa jogap berip şeýle diýdi: «Bagyň agaçlarynyň miwesinden iýip bilýäris. Ýöne welin, bagyň ortasyndaky agajyň miwesi barada Hudaý: Ondan iýmäň, we oňa eliňizi degirmäň, öläýmäň, diýdi» (Gelip çykyş 3:1—3).

11 Şeýtan: «Elbetde, ölmersiňiz, çünki Hudaý ondan iýen günüňiz, şol wagt gözleriňiz açylyp, ýagşyny we ýamany bilip-de, Hudaý ýaly boljakdygyňyzy bilýär» diýdi (Gelip çykyş 3:4, 5). How ene gadagan edilen miweden iýse, onuň has bagtly boljakdygyna Şeýtan ynandyrjak boldy. Onuň aýtmagyna görä, How ene ýagşyny we ýamany seljerip, öz isleýşi ýaly ýaşap bilerdi. Şeýle-de Şeýtan Ýehowa töhmet atyp, adamlar gadagan edilen miweden iýse, aslynda, näme boljagyny Hudaý gizlän ýaly etdi. How ene Şeýtanyň sözüne ynandy. Şonuň üçin ol agajyň miwesinden alyp iýdi. Soňra ärine-de berdi we ol hem datdy. Olar muny bilmän etdiler diýip bolmaz. Olar Hudaýyň kanunyna garşy gidýändiklerine oňat düşünýärdiler. Olar miweden iýip, Hudaýyň ýönekeý hem-de paýhasly tabşyrygyny bozdular. Olar gökdäki Atasyny we onuň häkimiýetini sylamadylar. Bu bagyşlanylmaýan günädi.

12. Adam ata bilen How enäniň gulak asmazlygy, Ýehowa nähili täsir edendigini haýsy mysal görkezýär?

12 Eger seniň ösdürip ýetişdiren çagalaryň öz hereketi bilen seni sylamaýandyklaryny we söýmeýändiklerini görkezse, özüňi nähili duýardyň? Ýehowanyň çagalary Adam ata bilen How enäniň gulak asmazlygy, ony gör, nähili gynandyrandyr!

Adam atanyň toprakdan ýaradylyşy

Adam ata toprakdan ýaradyldy, topraga-da öwrüldi

13. Ýehowa Adam ata jeza berende näme diýdi we ol nämäni aňladýar?

13 Ýehowa gulak asmadyk Adam ata bilen How enäniň ebedi ýaşamagyna ýol bermedi. Onuň duýduryşy ýaly, olar öldi. Adam ata bilen How ene ýaşamagyny bes etdi. Olar ruhlaryň dünýäsine düşmediler. Ýehowa Adam ata jeza berende: «Çünki topraksyň we topraga öwrülersiň» diýdi (Gelip çykyş 3:19). Hudaý Adam atany toprakdan ýaratdy (Gelip çykyş 2:7). Adam ata ýaradylmazyndan öň, hiç ýerde ýaşanokdy. Şonuň üçin «topraga öwrülersiň» diýen sözler, ýaşamagyny bes edendigini aňladýar. Adam ata toprak ýaly jansyz bolar.

14. Biz näme üçin ölýäris?

14 Adam ata bilen How ene günä etmän Hudaýa gulak asan bolsalar, häzirem ýaşardylar. Adam ata nesline günäni we ölümi geçirdi, şonuň üçin hemme adamlar ölýär (Rimliler 5:12-ni okaň). Günäni nesilden-nesle geçýän kesel bilen deňeşdirip bolar. Ölüm — günäniň netijesi, ol nälet. Ölüm — dost däl-de, duşman (1 Korinfliler 15:26). Bu zalym duşmandan azat etjek, Ýehowanyň töleg gurbanyna biz nähili minnetdar!

ÖLÜM BARADAKY HAKYKAT TESELLI BERÝÄRMI?

15. Ölüm baradaky hakykaty bilmek näme üçin teselli berýär?

15 Mukaddes Ýazgylar ölen adamlar baradaky hakykaty aýdyp, ýüregimize teselli berýär. Bilşimiz ýaly, ölen adam ejirem çekmeýär, agyry hem duýmaýar. Biz olardan gorkmaly däl, çünki olar zyýan ýetirip bilmeýär. Olar biziň kömegimize-de mätäç däl, bize kömegem edip bilmeýär. Biz olar bilen gürleşip hem-de sesini eşidip bilmeýäris. Emma köp dini ýolbaşçylar ölen adamlara kömek edip bilýäris diýip ýalan sözleýärler. Dine uýýan adamlar muňa ynanýarlar we merhum garyndaşlaryna kömek etjek bolup, dini ýolbaşçylara pul berýärler. Emma hakykaty bilýänligimiz bizi şeýle ýalan düşünjelerden goraýar.

16. Köp dinleriň taglymatlary kimiň täsiri bilen döredi we nädip?

16 Mukaddes Ýazgylaryň ölüm barada öwredişi ýaly, seniň uýýan diniňde-de öwredýärlermi? Köp dinler ölüm barada hakykaty öwretmeýär. Näme üçin? Sebäbi olaryň taglymatlary Şeýtanyň täsiri bilen döredi. Şeýtan adam ölenden soň, o dünýä gidýär diýen düşünjäni ýalan din arkaly ýaýradýar. Şeýle ýalan taglymatlar adamlary Ýehowa Hudaýdan daşlaşdyrýar. Nädip?

17. Baky gynamak baradaky taglymat näme üçin Ýehowa Hudaýa ysnat getirýär?

17 Ýokarda aýdylyşy ýaly, käbir dinler erbet adam ölenden soň, otda ýanyp baky gynalýar diýip öwredýär. Bu taglymat Hudaýa ysnat getirýär. Ýehowa söýgüden doly Hudaý. Ol adamlary hiç haçan gynamaz (1 Ýahýa 4:8-i okaň). Temmi bermek üçin diýen etmeýän çagasynyň elini otda ýakýan adam barada näme pikir ederdiň? Şol adam bilen tanyşasyň gelermidi? Elbetde, ýok! Sen ol adamy zalym hasaplardyň. Şeýtanyň maksady hem şol. Şeýtan bize Ýehowanyň adamlary milliardlarça ýyllap otda ýakýandygyna ynandyrjak bolýar!

18. Haýsy taglymat ölülere sežde etmegi öwredýär?

18 Adam ölensoň ruha öwrülýär we olara hormat goýmaly hem-de razy etmeli diýen taglymaty, Şeýtan käbir ýalan dinler arkaly ýaýradýar. Şu taglymata görä, ölen adamlaryň ruhy ýagşyzadalara ýa-da ýowuz duşmana öwrülýärmişin. Bu ýalan taglymata köp adamlar ynanýarlar. Olar ölülerden gorkup, olara hormat goýýarlar ýa-da sežde edýärler. Mukaddes Ýazgylar bolsa ölen adamlaryň ölüm ukusynda ýatandygyny we diňe Ýaradyjymyza, Ýaşaýyş beriji hak Hudaý Ýehowa sežde etmelidigini öwredýär (Ylham 4:11).

19. Ölüm baradaky hakykaty bilseň, haýsy taglymata düşünmek kyn däl?

19 Ölen adamlar baradaky hakykaty bilseň, seni ýalan dinleriň taglymatlaryndan gorap, Mukaddes Ýazgylaryň taglymatyna dogry düşünmäge kömek eder. Meselem, o dünýäde ýaşaýşyň ýokdugyny bilseň, ýer ýüzündäki Jennetde boljak durmuşyň nähili ajaýypdygyna düşünersiň.

20. Indiki bapda haýsy soraga serederis?

20 Gadymy döwürde ýaşan Eýýup pygamber: «Ölen adam ýene ýaşap bilermikä?» diýdi (Eýýup 14:14). Ölüm ukusyna giden adam ýene-de ýaşarmyka? Mukaddes Ýazgylar bize teselli berýär. Muny biz indiki bapdan bileris.

a «Ruhuň» ýa-da «janyň» nämäni aňladýandygyny 208—211-nji sahypalardaky Goşmaça maglumatdan bilip bolar.

MUKADDES ÝAZGYLAR NÄME ÖWREDÝÄR?

  • Ölen adamlar görüp, eşidip we pikir edip bilmeýär (Wagyz kitaby 9:5).

  • Ölümi uky bilen deňeşdirse bolar; ölen adam ejir çekmeýär (Ýahýa 11:11).

  • Adamlar Adam atadan geçen günä sebäpli ölýär (Rimliler 5:12).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş