Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lv bap 4 sah. 36—49
  • Näme üçin häkimiýete hormat goýmaly?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Näme üçin häkimiýete hormat goýmaly?
  • «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • NÄME ÜÇIN KYN?
  • NÄME ÜÇIN HÄKIMIÝETE HORMAT GOÝMALY?
  • MAŞGALADA HORMAT GOÝMAK
  • ÝYGNAKDA HORMAT GOÝMAK
  • DÖWLET HÄKIMIÝETLERINE HORMAT GOÝMAK
  • Ýehowanyň häkimiýetini kabul et
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Sen kimiň häkimiýetine boýun bolmaly?
    Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim
  • Siz adamlary özüňizden ýokary saýýarsyňyzmy?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Isa Mesih ýygnagyň başy
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
«Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
lv bap 4 sah. 36—49
Kakasy çagalaryna öwredýär

4-NJI BAP

Näme üçin häkimiýete hormat goýmaly?

«Ähli adamlara hormat goýuň» (1 PETRUS 2:17).

1, 2. a) Häkimiýete hormat goýmak näme üçin kyn? b) Nähili sowallara serederis?

SEN çagadan halamaýan zadyny etmegi haýyş edip görüpmidiň? Onuň nägiledigini ýüzünden görse bolýar. Çaga ene-atasynyň sesini eşidende, olaryň diýenine gulak asmalydygyna gowy düşünýär. Häzir welin, olara gulak asmak islemeýär. Biz hem köplenç özümizi şu çaga ýaly alyp barýarys.

2 Häkimiýete hormat goýmak bize hemişe aňsat bolmaýar. Käte saňa-da ygtyýarly adamlara hormat goýmak kyn bolýarmy? Şeýle bolsa, onda sen ýeke däl. Sebäbi häzirki döwürde häkimiýete öňki ýaly hormat goýulmaýar. Emma Mukaddes Ýazgylarda ygtyýarly adamlara hormat goýmagyň wajypdygy aýdylýar (Süleýmanyň tymsallary 24:21). Eger biz Hudaýyň söýgüsinde galmak islesek, olara hormat goýmaly. Şol sebäpli käbir sowallar ýüze çykýar. Häkimiýete hormat goýmak näme üçin kyn? Näme üçin Ýehowa bizden muny talap edýär? Häkimiýete gulak asmaga näme kömek eder? Biz olara nädip hormat goýup bileris?

NÄME ÜÇIN KYN?

3, 4. Adamlar haçandan bäri günäli we bikämil? Näme üçin miras alan günämiz häkimiýete hormat goýmaga päsgel berýär?

3 Geliň, ygtyýarly adamlara hormat goýmagy kynlaşdyrýan iki sebäbe gysgaça seredeliň. Birinjiden, biz bikämil. Ikinjiden, ygtyýarly adamlar hem bikämil. Adam ata bilen How ene Erem bagynda Hudaýyň häkimiýetine garşy çykandan bäri, adamlar günäli we bikämil. Diýmek, pitne günä eltdi. Şondan bäri, bizde pitne turuzmaga dogabitdi höwes bar (Gelip çykyş 2:15—17; 3:1—7; Zebur 51:5; Rimliler 5:12).

4 Günälidigimiz üçin köpümize ulumsy we tekepbir bolmak aňsat, kiçigöwünli bolup, ony ösdürmek bolsa kyn. Hatda ençeme ýyl Hudaýa wepaly gulluk etsek-de, bizde kesirlik we ulumsylyk bolmagy mümkin. Ýehowanyň halky bilen köp kynçylyklary we horluklary başdan geçiren Korahyň mysalyna seredeliň. Ol ygtyýarly bolmak isledi we şol döwürde juda kiçigöwünli adam bolan Musa garşy gödeklik bilen pitne turuzdy (Sanlar 12:3; 16:1—3). Uziýa patyşany ýadyňa sal, ol tekepbirlik edip, Ýehowanyň ybadathanasyna girýär-de, diňe ruhanylaryň etmeli mukaddes gullugy ýerine ýetirýär (2 Ýyl ýazgylary 26:16—21). Olar turzan pitnesi üçin jezasyny aldylar. Bu erbet mysallar bize gowy ýatlatma bolup hyzmat edýär. Biz häkimiýete hormat goýmaga päsgel berýän ulumsylyga garşy göreşmeli.

5. Bikämil adamlar häkimiýeti nädip kanunsyz peýdalandylar?

5 Şeýle-de ygtyýarly bikämil adamlar köplenç öz abraýyny özleri gaçyrýarlar. Sebäbi olaryň köpüsi zalym, rehimsiz höküm sürýärler. Dogrudan-da, taryhyň görkezişi ýaly, adamlar köplenç häkimiýetini kanunsyz peýdalandylar (Wagyz kitaby 8:9-y okaň). Meselem, Ýehowa Şauly patyşa saýlanda, ol gowy, kiçigöwünli adamdy. Emma soňra ulumsy, görip boldy hem-de wepaly Dawudy yzarlap başlady (1 Şamuwel 9:20, 21; 10:20—22; 18:7—11). Biraz wagtdan Dawut Ysraýyla gowy patyşa bolýar, ýöne Uriýanyň aýalyny aldaw bilen almak üçin günäsiz adamy söweşiň gazaply ýerine iberip, häkimiýeti öz bähbidine peýdalanýar (2 Şamuwel 11:1—17). Hawa, bikämillik sebäpli adamlara adalatly höküm sürmek kyn. Eger olar Ýehowa hormat goýmasalar, onda häkimiýetini has-da rehimsiz peýdalanarlar. Britaniýanyň döwlet işgäri käbir katolik ruhanylarynyň giňişleýin yzarlamalara başlandygyny beýan edip, şeýle diýdi: «Häkimiýet adamy azdyrýar, doly häkimiýet bolsa bütinleý azdyrýar». Şuny göz öňünde tutup, geliň: «Näme üçin häkimiýete hormat goýmaly?» diýen sowala seredeliň.

NÄME ÜÇIN HÄKIMIÝETE HORMAT GOÝMALY?

6, 7. a) Ýehowa bolan söýgimiz bizi nämä höweslendirýär we näme üçin? b) Tabyn bolmak näme aňladýar?

6 Häkimiýete hormat goýmak üçin, ilki bilen, Ýehowany, ýakynymyzy, hatda özümizi hem söýmeli. Biz Ýehowany hemme zatdan köp söýýändigimiz üçin, onuň ýüregini şatlandyrmak isleýäris (Süleýmanyň tymsallary 27:11; Markus 12:29, 30-njy aýatlary okaň). Biz Ýehowanyň Älemiň hökümdary bolmaga haklydygyny, pitnäniň bolsa Erem bagynda turandygyny we köp adamlaryň Şeýtanyň tarapynda bolup, Ýehowanyň häkimiýetini şübhä goýýandygyny bilýäris. Biz Ýehowanyň hökümdarlygyny höwes bilen goldaýarys. Ylham 4:11-däki ajaýyp sözleri okanymyzda, ýüregimiz has-da tolgunýar. Biz Ýehowanyň Äleme hökümdarlyk etmäge haklydygyna aýdyň düşünýäris! Ýehowanyň hökümdarlygyna gündelik durmuşymyzda tabyn bolup, biz onuň häkimiýetini goldaýarys.

7 Şeýle hormat diňe bir gulak asmak bilen çäklenmeýär. Biz Ýehowany söýýändigimiz üçin, oňa höwes bilen gulak asýarys. Emma käte gulak asmak juda kyn bolýar. Şeýle ýagdaýda biz ýokarda agzalan oglanjyk ýaly, tabyn bolmagy öwrenmeli. Ýadyňda bolsa, Atasynyň islegini berjaý etmek örän kyn bolup görünse-de, Isa tabyn boldy. Ol şonda: «Goý, meniň islegim däl-de, seniň islegiň bolsun» diýdi (Luka 22:42).

8. a) Şu günler Ýehowanyň häkimiýetine tabyn bolmak üçin köplenç näme etmeli we Ýehowa muňa nähili garaýar? b) Öwüdi diňlemäge we terbiýe almaga näme kömek edýär? («Öwüdi diňle, terbiýe al» diýen çarçuwa seret).

8 Elbetde, şu günler Ýehowa bize gös-göni ýüzlenmeýär. Ol bize Sözi we ýer ýüzündäki wekilleri arkaly ýüzlenýär. Şol sebäpli biz köplenç Ýehowanyň ýer ýüzünde ygtyýar beren adamlaryna hormat goýup, onuň häkimiýetine tabyn bolýarys. Meselem, biz olaryň Mukaddes Ýazgylar boýunça berýän maslahatyny we düzedişlerini inkär etsek, onda Ýehowany ynjydarys. Ysraýyllylar hüňürdäp, Musa garşy pitne turzanda, Ýehowa muny özüne garşy diýip hasap etdi (Sanlar 14:26, 27).

9. Ýakynymyza bolan söýgi häkimiýete hormat goýmaga nädip höweslendirýär? Mysal getir.

9 Biz ýakynymyzy söýmek bilen hem häkimiýete hormat goýýarys. Nädip? Aýdaly, sen esger. Her bir esger bilelikde işleşse, serkerdelerine gulak assa we hormat goýsa, onda goşun ýeňiş gazanyp, abat galar. Eger sen serkerdeleriň buýrugyna garşy çyksaň, onda ähli esger ýoldaşlaryň janyny howp astyna salarsyň. Elbetde, häzirki goşunlar sebäpli köp weýrançylyk bolýar. Emma Ýehowanyň goşuny adamlara diňe ýagşylyk edýär. Mukaddes Ýazgylarda Ýehowa Hudaýa ýüzlerçe sapar «Goşunlar Rebbi» diýilýär (1 Şamuwel 1:3). Ol sansyz-sajaksyz güýçli ruhy şahsyýetlere ýolbaşçylyk edýär. Käte Ýehowa ýerde ýaşaýan gullukçylaryny hem goşuna meňzedýär (Zebur 68:11; Ezekiýel 37:1—10). Eger biz Ýehowanyň ýer ýüzünde ygtyýar beren adamlaryna garşy çyksak, onda ruhy esger ýoldaşlarymyzyň janyny howp astyna salmarysmy? Mesihçi ýygnak ýaşulularyna garşy çyksa, dogan-uýalara zyýan ýetirmegi mümkin (1 Korinfliler 12:14, 25, 26). Çaga ene-atasyna garşy gitse, bütin maşgala zyýan ýeter. Diýmek, ýakynymyz bilen bile işleşip, hormat goýsak, olary söýdügimiz bolar.

10, 11. Ygtyýarly adamlara hormat goýmak näme üçin peýdaly?

10 Şeýle-de biz ygtyýarly adamlara hormat goýýarys, çünki bu biziň özümize-de peýdaly. Ýehowa bizden häkimiýete hormat goýmagy haýyş etse, köplenç onuň peýdasyny hem agzaýar. Meselem, ol uzak we bagtly ýaşamak üçin çagalara ene-atasyna gulak asmagy tabşyrýar (Kanun taglymaty 5:16; Efesliler 6:2, 3). Ol bize ýygnak ýaşulularyna hormat goýmagy tabşyrýar, sebäbi olara hormat goýmasak, Ýehowa bilen gatnaşygymyza zyýan ýeter (Ýewreýler 13:7, 17). Ol bize döwlet häkimiýetlerine gulak asmagy hem tabşyrýar, çünki bu bize peýdaly (Rimliler 13:4).

11 Ýehowanyň bizden näme üçin gulak asmagy talap edýändigine düşünsek, eýsem, häkimiýete hormat goýmaga kömek etmezmi? Geliň, häkimiýete hormat goýmagyň esasy üç pudagyna seredeliň.

MAŞGALADA HORMAT GOÝMAK

12. Ýehowa ärlere maşgalada nähili borç berdi we olar borjuny nädip ýerine ýetirmeli?

12 Maşgalany Ýehowa döretdi. Ýehowa bolsa tertipli Hudaý, şol sebäpli-de maşgalanyň asuda we parahat bolmagy barada alada etdi (1 Korinfliler 14:33). Ýehowa äre maşgalanyň başy bolmaga ygtyýar berdi. Är Isanyň ýygnaga ýolbaşçylyk edişinden görelde alyp, Ýolbaşçysy Isa Mesihe hormat goýýar (Efesliler 5:23). Şeýlelikde, ol jogapkärçilikden boýun gaçyrman, gaýtam, borçlaryny gaýratly ýerine ýetirmeli. Ol özüni zalym we gödek alyp barman, eýsem, söýgi bilen paýhasly hem mähirli alyp barýar. Ol ygtyýarynyň çäklidigini, ýagny Ýehowanyň häkimiýetine tabyndygyny unutmaýar.

Mesihçi ata Isadan görelde alyp, baştutanlyk edýär

13. Aýal maşgaladaky borjuny nädip Ýehowanyň halaýşy ýaly berjaý edip biler?

13 Aýal äriniň kömekçisi. Onuň hem maşgalada ygtyýary bar, çünki Mukaddes Ýazgylarda: «Eneň öwredenlerini taşlama» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 1:8). Elbetde, onuň ygtyýary çäkli, ol ärine tabyn bolýar. Mesihçi aýal öz ärine maşgalabaşy borçlaryny berjaý etmäge kömek edip, onuň häkimiýetine hormat goýýar. Ol ärini kemsitmeýär, mekirlige ýüz urmaýar ýa-da onuň ornuny eýelejek bolmaýar. Gaýtam, ony goldaýar we kömek edýär. Ol äriniň gelen kararyny halamasa-da, öz pikirini sylaşykly düşündirýär, ýöne tabynlygyna galýar. Eger ýanýoldaşy imansyz bolsa, aýaly kyn ýagdaýa düşmegi mümkin, emma äri tabynlygyny görende, belki, Ýehowa iman eder (1 Petrus 3:1-i okaň).

Tertipsizlik edip, öýüni hapalan çagasyny kakasy mähirli sözler bilen düzedýär

14. Çagalar ata-enesini we Ýehowany nädip şatlandyryp bilerler?

14 Çagalar ata-enesine gulak assa, Ýehowanyň ýüregini şatlandyrýarlar. Şeýle-de ata-enesiniň abraýy artýar we bu olary guwandyrýar (Süleýmanyň tymsallary 10:1). Diňe atasy ýa enesi tarapyndan terbiýelenýän çagalar hem şeýle gulak asmaly, hatda olar enesine ýa atasyna köpräk goldawyň we kömegiň gerekdigine düşünmeli. Eger maşgalanyň ähli agzalary Hudaýyň beren borjuny berjaý etseler, onda maşgalada parahatlyk hem-de şatlyk-şagalaň bolar. Bu bolsa maşgalany döreden Ýehowa Hudaýy şöhratlandyrar (Efesliler 3:14, 15).

ÝYGNAKDA HORMAT GOÝMAK

15. a) Ýygnakda Ýehowanyň häkimiýetine nädip hormat goýup bileris? b) Ýolbaşçylara gulak asmaga haýsy prinsipler kömek edýär? («Ýolbaşçylyk edýän doganlara... gulak asyň» diýen çarçuwa seret).

15 Ýehowa Ogluny mesihçiler ýygnagynyň Başy edip belledi (Koloslylar 1:13). Isa bolsa «wepaly we paýhasly hyzmatkäri» Ýehowanyň ýer ýüzündäki halkynyň ruhy zerurlyklary barada alada etmek üçin belledi (Matta 24:45—47). Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýolbaşçylyk maslahaty wepaly hyzmatkäre wekilçilik edýär. I asyrdaky mesihçiler ýygnagy ýaly şu günler hem ýaşulular Ýolbaşçylyk maslahatyndan gös-göni ýa-da wekilleri, meselem, aýlanýan gözegçiler arkaly görkezme we maslahat alýarlar. Biziň her birimiz mesihçi ýaşulularyň häkimiýetine hormat goýsak, Ýehowa gulak asdygymyz bolar (1 Selanikliler 5:12; Ýewreýler 13:17-ni okaň).

16. Ýaşulular haýsy manyda mukaddes ruh arkaly bellenýärler?

16 Ýaşulular we hyzmatçy doganlar hem bikämil. Olar hem biziň ýaly ýalňyşýarlar. Emma ýaşulular, ýagny «sowgat» hökmünde berlen adamlar ýygnaga ruhy taýdan berk bolmaga kömek edýärler (Efesliler 4:8). Ýaşulular mukaddes ruh arkaly bellenýärler (Resullaryň işleri 20:28). Haýsy manyda? Bu doganlar, ilki bilen, Hudaýyň Sözünde mukaddes ruh arkaly ýazylan talaplara laýyk gelmeli (1 Timoteos 3:1—7, 12; Titus 1:5—9). Şeýle-de ýaşulular bir doganyň talaplara laýyk gelşine seredenlerinde, Ýehowanyň mukaddes ruhunyň görkezmesini ak ýürekden dileýärler.

17. Mesihçi uýalar ýygnakda käbir ýumuşlary ýerine ýetirende näme üçin başyny örtmeli?

17 Käwagt ýygnakda ýumuşlary berjaý etmäge, meselem, wagyz üçin duşuşygy geçirmäge ýaşuly we gulluk kömekçisi bolmazlygy mümkin. Şeýle ýagdaýlarda suwa çümdürilen beýleki doganlar şol ýumuşlary ýerine ýetirip biler. Eger doganlar hem ýok bolsa, onda muny ukyply mesihçi uýalar edip biler. Adatça, suwa çümdürilen dogana berilýän ýumşy uýa ýerine ýetirse, onda ol başyny örtmeli (1 Korinfliler 11:3—10)a. Bu tabşyryk aýallaryň mertebesini peseltmeýär, gaýtam, bu maşgalada-da, ýygnakda-da Ýehowanyň beren baştutanlygyna hormat goýmaga mümkinçilik berýär.

DÖWLET HÄKIMIÝETLERINE HORMAT GOÝMAK

18, 19. a) Rimliler 13:1—7-nji aýatlardaky prinsipleri nädip düşündirerdiň? b) Biz döwlet häkimiýetlerine nädip hormat goýýarys?

18 Mesihçiler Rimliler 13:1—7-nji aýatlardaky (Okaň.) prinsipleri ynsaply berjaý edýärler. Şu aýatlardaky «ýokary häkimiýetler» diýen jümle döwlet häkimiýetlerini aňladýar. Ýehowanyň döwlet häkimiýetlerine höküm sürmäge ýol berýändigi üçin, olar tertip-düzgüni saklap, gerekli hyzmatlary edip, wajyp işleri ýerine ýetirýärler. Biz hem kanunlara gulak assak, şeýle häkimiýetlere hormat goýdugymyz bolar. Biz bermeli salgytlary berýäris, kagyzlary we resminamalary döwletiň aýdyşy ýaly doldurýarys, özümize, maşgalamyza, işimize ýa-da emlägimize degişli ähli kanunlary berjaý edýäris. Emma döwlet häkimiýetleri Hudaýa gulak asmazlygy talap etse, biz olara tabyn bolmaýarys. Biz şeýle ýagdaýda resullar ýaly: «Biz adama däl-de, Hökümdarymyz Hudaýa gulak asmalydyrys» diýip jogap berýäris (Resullaryň işleri 5:28, 29; «Men kimiň häkimiýetine gulak asmaly?» diýen çarçuwa seret).

MEN KIMIŇ HÄKIMIÝETINE GULAK ASMALY?

Prinsip: «Ýehowa biziň Kazymyz, Ýehowa biziň Kanun çykaryjymyz, Ýehowa biziň Patyşamyz» (Işaýa 33:22).

Oýlanmak üçin sowallar

  • Eger menden Ýehowanyň kadalaryny bozmagy talap etseler näme ederdim? (Matta 22:37—39; 26:52; Ýahýa 18:36).

  • Eger menden Ýehowanyň tabşyryklaryny berjaý etmegi gadagan etseler näme ederdim? (Resullaryň işleri 5:27—29; Ýewreýler 10:24, 25).

  • Ygtyýarly adamlara höwes bilen gulak asmaga maňa näme kömek eder? (Rimliler 13:1—4; 1 Korinfliler 11:3; Efesliler 6:1—3).

19 Biz özümizi alyp barşymyz bilen hem döwlet häkimiýetlerine hormat goýýarys. Käte biz döwlet işgärleri bilen gönüden-göni iş salyşýarys. Pawlus resul Agrippa patyşa we Festus ýaly hökümdarlar bilen iş salşypdyr. Olaryň uly kemçilikleri bolsa-da, Pawlus olara hormat bilen ýüzlenipdir (Resullaryň işleri 26:2, 25). Pawlusyň göreldesine eýerip, biz hem döwlet ýa polisiýa işgärleri bilen sylaşykly gürleşýäris. Ýaş mesihçiler hem mugallymlaryna, mekdep ýolbaşçylaryna we beýleki işgärlerine hormat goýýarlar. Elbetde, biz diňe dinimizi sylaýan adamlara hormat goýmak bilen çäklenmeýäris. Biz Ýehowanyň Şaýatlaryna garşy gidýän adamlara hem hormat goýýarys. Aslynda, imansyzlar biziň olara goýýan hormatymyzy duýmaly (Rimliler 12:17, 18-nji aýatlary okaň; 1 Petrus 3:15).

20, 21. Häkimiýete hormat goýmak nähili bereketler berýär?

20 Geliň, höwes bilen hormat goýalyň. Petrus resul: «Hemmeleri sylaň» diýdi (1 Petrus 2:17). Adamlar ýürekden hormat goýýandygymyzy bilseler, bu olara güýçli täsir etmegi mümkin. Hormat-sylagyň seýrekleşýändigini unutma. Adamlara hormat goýup, biz Isanyň şu tabşyrygyny berjaý edýäris: «Siziň yşygyňyz adamlaryň öňünde şeýle parlasyn welin, olar gowy işleriňizi görüp, gökdäki Ataňyzy şöhratlandyrsynlar» (Matta 5:16).

21 Häzirki garaňky dünýäde sap ýürekli adamlar ruhy yşyga ymtylýarlar. Şol sebäpli, biz maşgalada, ýygnakda we döwlet häkimiýetlerine hormat goýsak, olar hem biziň bilen nurda ýöremek islär. Nähili ajaýyp umyt! Eger beýle bolmasa-da, bir zady anyk bilýäris: adamlara hormat goýup, Ýehowa Hudaýyň göwnünden turýarys we onuň söýgüsinde galýarys. Eýsem, mundan uly sylag barmy?

a «Haçan we näme üçin başyňy örtmeli?» diýen goşmaça maglumatda bu prinsipi ulanmagyň birnäçe mysallary bar.

«ÖWÜDI DIŇLE, TERBIÝE AL»

Şu günler bütin dünýä Şeýtan ýaly pitneçi we tankytçyl. Injilde Şeýtana adamlaryň üstünden «agalyk edýän howanyň hökümdary» diýilýär. Onuň «Hudaýa gulak asmaýan adamlaryň» garaýşyna täsir edýändigi aýdylýar (Efesliler 2:1, 2). Şu günki adamlaryň köpüsi hiç kimiň häkimiýetine boýun bolmak islemeýär. Gynansak-da, özbaşdaklyk ruhy mesihçileriň ýygnagynyň käbir agzalaryna hem täsir edýär. Aýdaly, bir ýaşuly ahlaksyzlygyň we zorluk-sütemli göwün açmanyň howpy barada sypaýyçylyk bilen maslahat berýär, ýöne muny kimdir biri kabul etmeýär, gaýtam, gaty görýär. Biziň her birimiz Süleýmanyň tymsallary 19:20-däki: «Akyldar bolar ýaly, öwüdi diňle, terbiýe al» diýen sözleri berjaý etmeli.

Bu babatda bize näme kömek eder? Adamlaryň näme üçin öwüdi we terbiýäni kabul etmeýändiginiň üç sebäbine seredip, soňra Mukaddes Ýazgylaryň garaýşyna üns bereliň.

  • «Meniň pikirimçe, bu maslahat ýerlikli däl». Biz berlen maslahat ýagdaýymyza laýyk gelmeýär ýa-da ony beren ýagdaýymyza doly düşünmeýär diýip pikir edýändiris. Hatda bu maslahaty äsgermezlik edip bileris (Ýewreýler 12:5). Ählimiz bikämil, belki, bu meselede biz öz garaýşymyzy özgertmelidiris? (Süleýmanyň tymsallary 19:3). Mümkin, maslahatyň ýerlikli tarapy-da bardyr? Ine, şuny hem göz öňünde tutmaly. Hudaýyň Sözi bize şeýle maslahat berýär: «Terbiýäni gaýym tut; ony goýberme; ony sakla, çünki ol seniň ýaşaýşyňdyr» (Süleýmanyň tymsallary 4:13).

  • «Men maslahatyň berlişini halamadym». Elbetde, Hudaýyň Sözünde maslahatyň berlişine uly üns berilýär (Galatýalylar 6:1). Muňa garamazdan, Injilde: «Bary günä edip, Hudaýyň şöhratyndan mahrum boldy» diýilýär (Rimliler 3:23). Diňe kämil adam juda gowy maslahaty berip biler (Ýakup 3:2). Ýehowa bize maslahat bermek üçin bikämil adamlary ulanýar, şol sebäpli maslahatyň berlişine üns bermesek paýhasly bolar. Gaýtam, maslahatyň özüne üns berip, ony ulanmak barada doga et.

  • «Maslahat bermäge onuň haky ýok!» Eger biz maslahat beren adam ilki öz kemçiligini düzetsin diýýän bolsak, onda ýokarda aýdylan sözleri ýada salmaly. Şonuň ýaly-da, eger ýaşymyza, tejribämize we ýygnakdaky jogapkärli wezipämize guwanyp, maňa maslahat gerek däldir öýtsek, onda pikirimizi üýtgetmeli. Gadymy Ysraýylda patyşanyň köp jogapkärçiligi bardy, ýöne ol pygamberleriň, ruhanylaryň we raýatlarynyň maslahatyny kabul edýärdi (2 Şamuwel 12:1—13; 2 Ýyl ýazgylary 26:16—20). Şu günler Ýehowanyň guramasynda maslahat bermek üçin bikämil doganlar bellenýär we ruhy taýdan ýetişen mesihçiler olaryň maslahatyny höwes bilen kabul edip, ýerine ýetirýärler. Eger biziň başgalaryňka garanda, jogapkärçiligimiz we tejribämiz köp bolsa, onda maslahaty kabul edip, ony ulanyp, paýhasly hem-de kiçigöwünli bolup, has-da görelde görkezmeli (1 Timoteos 3:2, 3; Titus 3:2).

Hawa, maslahat hemmelere-de gerek. Şonuň üçin berilýän maslahaty höwes bilen kabul edeliň, oňa birkemsiz eýereliň we Ýehowa peýdaly maslahatlary üçin ýürekden minnetdar bolalyň. Dogrudan-da, berilýän maslahat Ýehowanyň bize bolan söýgüsini görkezýär, biz bolsa onuň söýgüsinde galmak isleýäris (Ýewreýler 12:6—11).

«ÝOLBAŞÇYLYK EDÝÄN DOGANLARA... GULAK ASYŇ»

Gadymy Ysraýylda tertip-düzgüni ýola goýmak gerekdi. Sebäbi Musa gorkunç çöl-beýewanyň içinden millionlarça adamlary alyp barýardy, oňa ýekelikde ýolbaşçylyk etmek kyndy. Ol näme etdi? «Musa ähli ysraýyllaryň içinden başarjaň adamlary saýlap, olary halka müňbaşy, ýüzbaşy, ellibaşy we onbaşy edip belledi» (Müsürden çykyş 18:25).

Şu günler mesihçiler ýygnagynda-da tertip-düzgün bolmaly. Şonuň üçin her topara gözegçi, ýygnaga ýaşulular, birnäçe ýygnaga etrap gözegçisi, birnäçe etraba welaýat gözegçisi, tutuş ýurda bolsa Ýurt komiteti ýa-da Filialyň komiteti seredýär. Şeýle tertip-düzgün netijesinde çopançylyk edýän her bir dogan Ýehowanyň ynanan goýunlaryny dykgatly bakýar. Bu çopanlar Ýehowa we Mesihe hasabat berýärler (Resullaryň işleri 20:28).

Şeýle tertip-düzgün her birimizden gulak asmagy we tabyn bolmagy talap edýär. Biz I asyrda ýolbaşçylyk eden doganlary sylamadyk Diotref ýaly bolmak islemeýäris (3 Ýahýa 9, 10). Gaýtam, Pawlus resulyň sözlerine eýeresimiz gelýär: «Ýolbaşçylyk edýän doganlar siziň janyňyz hakda elmydama alada edýärler we munuň üçin hasabat bererler. Şonuň üçin olara gulak asyň we tabyn boluň. Şonda olar borjuny gam-gussa bilen däl-de, şatlyk bilen berjaý edip bilerler. Ýogsam, bu size zyýan ýetirer» (Ýewreýler 13:17). Käbirleri ýolbaşçylyk edýän doganlaryň görkezmesi bilen ylalaşsa, ony ýerine ýetirýärler, ýöne berlen görkezme bilen ylalaşmasa ýa-da näme üçin şeýle görkezmäniň berlendigine düşünmese, ony ýerine ýetirmekden boýun gaçyrýarlar. Emma tabynlygyň islegiňe garşy gulak asmagy aňladýandygyny ýadyňda sakla. Şol sebäpli özümize şeýle sowal bersek gowy bolar: «Men ýolbaşçylyk edýän doganlara gulak asýarynmy we tabyn bolýarynmy?»

Elbetde, Hudaýyň Sözünde ýygnakda edilmeli işleriň bary jikme-jik düşündirilmeýär. Emma Mukaddes Ýazgylarda: «Goý, ähli zat bolmalysy ýaly we tertip-düzgüne laýyk bolsun» diýilýär (1 Korinfliler 14:40). Ýolbaşçylyk maslahaty hem şu prinsipe eýerip, ýygnagyň sazlaşykly we guramaçylykly alnyp barylmagy üçin tertip-düzgüni ýola goýýar hem-de dürli görkezmeleri berýär. Jogapkär doganlar şol tertip-düzgüne eýerip, gulak asmakda gowy görelde görkezýärler. Şeýle-de olar «paýhasly, gulak asmaga taýyn» (Ýakup 3:17). Şeýlelikde, dogan-uýalar her toparda, her ýygnakda, etrapda, welaýatda we ýurtda agzybir hem-de guramaçylykly gulluk edip, bagtly Hudaýy şöhratlandyrýarlar (1 Korinfliler 14:33; 1 Timoteos 1:11).

Mundan başga-da Pawlusyň Ýewreýler 13:17-däki sözleri gulak asmazlygyň zyýanlydygyny görkezýär. Şeýle ýagdaýda jogapkär doganlar «gam-gussa bilen» gulluk ederler. Eger ýygnakdakylar jogapkär dogan bilen oňuşmasa ýa garşysyna gitse, onda mukaddes gulluk dogan üçin ýük bolar. Netijede, bu «size», ýagny tutuş ýygnaga zyýan ýetirer. Elbetde, teokratik düzgüne tabyn bolmakdan boýun gaçyrýan adam başga zyýan-da çekýär. Eger ol tekepbirlik edip boýun bolmasa, gökdäki Atasyndan gitdigiçe daşlaşyp, ruhy saglygyna zyýan ýetirýär (Zebur 138:6). Geliň, gulak asmagy we tabyn bolmagy ýüregimize düweliň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş