Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w08 15/10 sah. 21—25
  • Siz adamlary özüňizden ýokary saýýarsyňyzmy?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Siz adamlary özüňizden ýokary saýýarsyňyzmy?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Ýehowa we onuň adyna hormat goýuň
  • Ýygnakda jogapkär doganlar başgalary sylaýar
  • Ýehowanyň ýygnagyny we berýän görkezmesini sylaň
  • Aýlanýan gözegçilere hormat goýuň
  • «Hemmeleri sylaň»
  • Sen dogan-uýalara öňürti hormat goýýarmyň?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Biz kime hormat goýmaly?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Näme üçin häkimiýete hormat goýmaly?
    «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
w08 15/10 sah. 21—25

Siz adamlary özüňizden ýokary saýýarsyňyzmy?

«Hormatda her kişi beýlekini özünden ýokary saýsyn» (RIM. 12:10).

1. Dünýäniň köp ýerlerinde, indi haýsy adat ýok?

DÜNÝÄNIŇ käbir ýerlerinde däp boýunça, çagalar uly ýaşly adamlardan uzyn bolmazlyk üçin, olaryň öňünde dyza çöküp, hormat goýýarlar. Şeýle-de, şol ýurtlarda çaga uly adama arkasyny öwürse, sylamadyk hasaplanýar. Her bir medeniýetde dürli ýol bilen hormat goýulsa-da, bu bize Musanyň Kanunyny ýatladýar. Ol ýerde: «Çal saçlynyň öňünde (sylaýandygyňyz üçin) ör turuň we garry adama hormat goýuň» diýilýär (Lew. 19:32). Gynansak-da, adamlary sylamak adaty zatdygyna garamazdan, indi köp ýerlerde hormat goýmazlyk giňden ýaýraýar.

2. Mukaddes Ýazgylarda kime hormat goýmaklyk tabşyrylýar?

2 Mukaddes Ýazgylarda hormat goýmaklyga uly ähmiýet berilýär. Onda Ýehowa we Isa hormat goýmak tabşyrylýar (Ýahýa 5:23). Şeýle-de maşgala agzalarymyzy, imandaşlarymyzy we mesihçiler ýygnagyna degişli bolmadyk käbir adamlary sylamak barada aýdylýar (Rim. 12:10; Efes. 6:1, 2; 1 Pet. 2:17). Biz Ýehowa nädip hormat goýmaly? Biz ýygnakdaky dogan-uýalary sylaýandygymyzy nädip görkezip bileris? Geliň, şu we beýleki soraglara seredeliň.

Ýehowa we onuň adyna hormat goýuň

3. Ýehowany hormatlamagyň bir wajyp usuly haýsy?

3 Ýehowany hormatlamagyň bir wajyp usuly, onuň adyny sylamakdyr. Sebäbi biz onuň adyny göterýäris (Res. iş. 15:14). Gudraty güýçli Ýehowa Hudaýyň adyny götermek uly hormatdyr. Mika pygamber şeýle diýdi: «Ähli halklar öz taňrysynyň ady bilen ýöreýär; biz-de hemişe we ebedi Hudaýymyz Ýehowanyň ady bilen ýöräris» (Mika 4:5). Biz «Ýehowanyň ady bilen ýöreýän» bolsak, onda göterýän adymyza mynasyp ýaşamak üçin tagalla ederis. Pawlus resul Rimdäki mesihçilere, biz hoş habary wagyz edip, şoňa görä ýaşamasak, Hudaýyň adyna «dil ýetirýäris» ýa-da ony biabraý edýäris diýip ýatladypdy (Rim. 2:21—24).

4. Siz Ýehowa barada güwälik etmeklige nähili garaýarsyňyz?

4 Şeýle-de, biz güwälik etmek bilen Ýehowany hormatlaýarys. Geçmişde Ýehowa Ysraýyl halkyny güwä geçmäge çagyrypdy, emma olar onuň ynamyny ödemediler (Iş. 43:1—12). Olar ýygy-ýygydan Ýehowadan ýüz öwürdiler, «Ysraýylyň Mukaddesini ynjatdylar» (Zeb. 78:40, 41). Ahyrynda ysraýyl halky Ýehowanyň merhemetinden mahrum boldy. Ysraýyllylardan tapawutlykda, biz şu günler Ýehowa barada güwälik etmegi we ony tanatmagy gymmat saýýarys. Sebäbi biz Hudaýy söýýäris we adynyň mukaddes bolmagyny isleýäris. Gökdäki Atamyz we onuň niýeti baradaky hakykaty bilip, nädip wagyz etmejek?! Biz hem Pawlus resulyň duýgulary bilen ylalaşýarys. Ol: «Bu maňa wajypdyr; çünki eger Hoş Habary wagyz etmesem, waý meniň halyma!» diýýär (1 Kor. 9:16).

5. Ýehowa ynanmagyň we hormat goýmagyň nähili baglanyşygy bar?

5 Mezmurçy Dawut: «Adyňy bilýänler Saňa bil baglar; çünki, ýa Reb, Sen Özüňi agtarýanlary terk eden dälsiň» diýdi (Zeb. 9:10). Biz hakykatdan Ýehowany tanap we adyna hormat goýup, onuň manysyny unutmasak, gadymy döwürdäki wepaly gullukçylar ýaly, oňa bil baglarys. Ýehowa şeýle bil baglap, iman etmek, ony hormatlamagyň ýene-de bir usulydyr. Üns beren bolsaňyz, Hudaýyň sözünde Ýehowa bil baglamak oňa hormat goýmak bilen baglanyşdyrylýar. Gadymy döwürde ysraýyllylar Ýehowa bil baglamagy bes edenlerinde, Ol Musa şeýle diýdi: «Bu halk haçana çenli maňa hormat goýmajak? Olaryň aralarynda eden bütin alamatlaryma garamazdan, haçana çenli maňa ynam etmejek?» (San. 14:11). Biz synaga düşenimizde Ýehowanyň gorap, aladamyzy etjekdigine ynansak, hormatlaýandygymyzy görkezýäris.

6. Ýehowa çuňňur hormat goýmaga bizi näme höweslendirýär?

6 Isa Ýehowany ýürekden hormatlamalydygyny görkezdi. Ol ýürekden gulluk etmeýänlere Ýehowanyň sözlerini getirip: «Bu halk dilinde Meni sylaýar, ýöne ýürekleri Menden uzakdyr» diýdi (Mat. 15:8). Ýehowa bolan çuňňur söýgimiz, çyn ýürekden hormat goýmaga höweslendirýär (1 Ýahýa 5:3). Şeýle-de biz Ýehowanyň: «Meni sylaýanlary sylaryn» diýen wadasyny unutmarys (1 Pat. 2:30).

Ýygnakda jogapkär doganlar başgalary sylaýar

7. a) Näme üçin jogapkär doganlar wagyzçylara hormat goýmaly? b) Pawlus imandaşlaryny sylaýandygyny nädip görkezdi?

7 Pawlus resul imandaşlaryna şeýle maslahat berdi: «Hormatda her kişi beýlekini özünden ýokary saýsyn» (Rim. 12:10). Ýygnakda jogapkär doganlar wagyzçylara ilki özleri hormat goýup, gowy görelde görkezmeli. Bu babatda olar Pawlus resulyň göreldesine eýerseler, dogry bolardy (1 Selanikliler 2:7, 8-nji aýatlary okaň). Ýygnakdaky doganlar Pawlusyň özüniň etmek islemeýän zadyny hiç haçan doganlardan haýyş etmejekdigini bilýärdiler. Pawlus imandaşlaryny sylamak bilen, olaryň hormatyna mynasyp boldy. Pawlus: «Maňa öýküniň, diýip... haýyş edende», köp doganlar höwes bilen seslendiler, çünki onuň gowy göreldesini gördüler (1 Kor. 4:16).

8. a) Isa şägirtlerini sylaýandygyny nädip görkezdi? b) Şu günler ýygnak gözegçileri Isanyň göreldesine nädip eýerip bilerler?

8 Şeýle-de jogapkär dogan wagyzçylardan bir zady haýyş edende ýa-da görkezme berende, onuň sebäbini düşündirse, sylaýandygyny görkezýär. Şeýdip, ol Isanyň göreldesine eýerýär. Meselem, Isa şägirtlerine işçi ibermek barada doga ediň diýende, sebäbini düşündirdi. Ol: «Hasyl bol, ýöne işçi az. Munuň üçin, Öz hasylyny ýygmaga işçi iberer ýaly, hasyl eýesi Rebbe ýalbaryň» diýdi (Mat. 9:37, 38). Şonuň ýaly, Isa şägirtlerine «oýa boluň» diýende-de, sebäbini düşündirdi. Ol: «Çünki siz Rebbiňiziň haýsy gün geljegini bilmeýärsiňiz» diýdi (Mat. 24:42). Isa ençeme gezek, şägirtlerine diňe näme etmelidigini däl, eýsem, näme üçin etmelidigini hem aýdýardy. Şeýtmek bilen, ol şägirterini sylaýandygyny we olaryň mertebe duýgusyny unutmandygyny görkezdi. Bu mesihçi gözegçilere ajaýyp görelde!

Ýehowanyň ýygnagyny we berýän görkezmesini sylaň

9. Bütindünýä mesihçiler ýygnagyny we onuň wekillerini sylasak, kime hormat goýdugymyz bolar? Düşündiriň.

9 Biz Ýehowa hormat goýmak üçin, bütindünýä mesihçiler ýygnagyny we onuň wekillerini sylamaly. Şeýle-de sadyk hem akylly hyzmatkäriň Mukaddes Ýazgylaryň esasynda berýän maslahatyna gulak asyp, Ýehowanyň guramasyna hormat goýmaly. I asyrda Ýahýa resul mesihçiler ýygnagyna bellenen doganlara hormat goýmaýanlary ýazgardy (3 Ýahýa 9—11-nji aýatlary okaň). Ýahýanyň sözlerinden görnüşi ýaly, olar diňe bir gözegçileri däl, eýsem, olaryň taglymatlaryna we görkezmelerine hem hormat goýmaýardylar. Bagtymyza, mesihçileriň köpüsi olaryň göreldesine eýermediler. Resullar dirikä, doganlaryň köpüsi jogapkär doganlara çuňňur hormat goýýardy (Flp. 2:12).

10, 11. Ýygnakda käbir doganlara jogapkärli borjuň berilmeginiň dogrudygyny Mukaddes Ýazgylaryň esasynda düşündiriň.

10 Isa şägirtlerine «siziň baryňyz dogansyňyz» diýendigi üçin, käbirleri mesihçiler ýygnagynda jogapkärli borç bolmaly däl diýip düşünýärler (Mat. 23:8). Emma Töwrat, Zebur, Injilde Hudaýyň adamlara jogäpkärli borjy berendigi barada ençeme mysallar getirilen. Ýehowanyň gadymy ýewreýleriň arasynda ýaşululary, kazylary we patyşalary belländigi, onuň wekiller arkaly ýolbaşçylyk edýändigini subut edýär. Ysraýyllylar Hudaýyň bellän wekillerini sylamadyk wagty, Ýehowa olara jeza berýärdi (4 Pat. 1:2—17; 2:19, 23, 24).

11 I asyrdaky mesihçiler resullara gulak asýardy (Res. iş. 2:42). Pawlus doganlaryna görkezme berýärdi (1 Kor. 16:1; 1 Sel. 4:2). Emma ol ýolbaşçylyk edýän doganlara-da tabyn bolýardy (Res. iş. 15:22; Gal. 2:9, 10). Görşümiz ýaly, Pawlus ýygnakdaky jogapkär doganlara dogry garaýyşdady.

12. Mukaddes Ýazgylardaky mysallardan jogapkär doganlar barada nähili iki sapak edinip bileris?

12 Biz mundan iki sapak edinip bileris. Birinji sapagy: «Sadyk hem akylly hyzmatkär» Ýolbaşçylyk maslahaty arkaly doganlary jogapkärli borja bellemegi Mukaddes Ýazgylara dogry gelýär. Olar başga bellenen doganlara hem ýolbaşçylyk edýär (Mat. 24:45—47; 1 Pet. 5:1—3). Ikinji sapagy: biziň hemmämiz, şol sanda bellenen doganlar-da, ýolbaşçylyk edýän doganlara hormat goýmaly. Bütindünýä mesihçiler ýygnagyna gözegçilik edýän doganlara biz nädip hormat goýup bileris?

Aýlanýan gözegçilere hormat goýuň

13. Biz şu günler mesihçiler ýygnagynyň wekillerini hormatlaýandygymyzy nädip görkezip bileris?

13 Pawlus şeýle diýdi: «Eý doganlar, araňyzda zähmet çekýänleriň, Reb ýolunda size öňbaşçylyk edip öwüt berýänleriň gadyryny bilmegi sizden haýyş edýäris. Edýän işleriniň hatyrasyna olara çäksiz söýgi bilen hormat goýuň. Özara parahatçylykda ýaşaň» (1 Sel. 5:12, 13). Aýlanýan gözegçiler-de agyr «zähmet çekýänlere» degişlidir. Şonuň üçin, geliň, olara uly «hormat goýalyň». Olaryň berýän maslahatyna we görkezmesine gulak assak, hormat goýýandygymyzy görkezýäris. Şeýle gözegçiler sadyk hyzmatkär toparynyň görkezmesi barada aýdanlarynda, «gökden inen akyldarlyk» bizi «diýen ediji» bolmaga höweslendirer (Ýakup 3:17).

14. Ýygnak aýlanýan gözegçilere hormat goýýandygyny nädip görkezip biler we bu nähili netije berýär?

14 Biziň öwrenişen zadymyzdan tapawutlanýan zady etmegi haýyş etseler, näme ederis? Şonda biz: «Bizde beýle edilmeýär» ýa-da «bu başga ýygnaklar üçin gowudyr, ýöne biziň ýygnagymyz üçin däl» diýip, närazy bolmagyň deregine, hormat goýmaly. Biz görkezmä yhlasly eýermäge jan edýäris. Biz ýygnagyň Ýehowanyňkydygyny we ýygnagyň Başy Isadygyny unutmasak, muny etmek aňsat bolar. Ýygnak aýlanýan gözegçiniň berýän görkezmesini şatlyk bilen kabul etse, ýerine ýetirse, çuňňur hormat goýýandygyny görkezýär. Pawlus resul Korintosdaky doganlary ideg eden Titus ýaşulynyň beren görkezmesine hormat bilen gulak asandygyny öwdi (2 Kor. 7:13—16). Şu günlerem biz aýlanýan gözegçileriň maslahatyna gulak assak, wagyz işinde şatlygymyza şatlyk goşar (2 Korintoslylar 13:11-i okaň).

«Hemmeleri sylaň»

15. Biz imandaşlarymyzy sylaýandygymyzy nädip görkezip bileris?

15 Pawlus şeýle ýazdy: «Garry adamy ynjatma, oňa, öz ataň ýaly öwüt-ündew ber. Ýaş ýigitlere, öz doganlaryň ýaly, garry aýallara, öz eneň ýaly, ýaş aýallara hem öz aýal doganlaryň ýaly, tämiz ahlak bilen öwüt-ündew et. Dul hatynlary, çyndan dul bolsalar, syla» (1 Tim. 5:1—3). Hawa, Hudaýyň Sözi ýygnakdaky ähli mesihçileri sylamagy maslahat berýär. Eger-de seniň, dogan ýa-da uýanyň arasynda agzalalyk dörese, näme edersiň? Bu imandaşyňa hormat goýmak borjuňy ýetrine ýetirmäge päsgel berermi? Hudaýyň gullukçysynyň ruhy häsiýetlerini göz öňünde tutup, oňa bolan garaýşyňy üýtgedip bilersiňmi? Esasanam, jogapkär doganlar başga doganlara hormat goýup, hiç haçan sürä agalyk etmeli däl (1 Pet. 5:3). Görşümiz ýaly, söýgüsi bilen tapawutlanýan mesihçiler ýygnagynda biri-birimize hormat goýmaga ençeme mümkinçilikler bar (Ýahýa 13:34, 35-nji aýatlary okaň).

16, 17. a) Näme üçin diňe wagyz eden adamlarymyzy däl, eýsem, bize garşy çykýanlary hem sylamak wajyp? b) Biz nädip «hemmeleri sylap» bileris?

16 Elbetde, biz diňe dogan-uýaarymyza hormat goýmaýarys. Pawlus I asyrdaky mesihçilere: «Wagt barka hemmelere... ýagşylyk edeliň» diýdi (Gal. 6:10). Bu prinsipi bize garşylyk görkezýän işdeşlerimiz we synpdaşlarymyz bilen gatnaşanymyzda ulanmak kyn bolýar. Şeýle ýagdaýda: «Ýaman iş edýänler bilen özüňi ýakma» diýen sözleri ýada salalyň (Zeb. 37:1). Bu maslahat bize garşy durýanlara hormat bilen garamaga kömek eder. Şeýle-de wagyz edenimizde özümize pesgöwünli garasak, hemmelere «ýumşaklyk, saýhallyk bilen» jogap bermäge kömek eder (1 Pet. 3:15, 16). Hatda biz daş-keşbimiz we egin-eşigimiz bilen, wagyz edýän adamlarymyzy sylaýandygymyzy görkezýäris.

17 Dogrudan-da, biz imandaşlarymyz we ýygnaga degişli bolmadyk adamlar bilen gatnaşanymyzda «hemmeleri sylaň; doganlary söýüň; Hudaýdan gorkuň; patyşany sylaň» diýen maslahata eýermek isleýäris (1 Pet. 2:17).

Siz nähili jogap berersiňiz?

• Ýehowany...

• Ýygnak ýaşulularyny we aýlanýan gözegçileri...

• Ýygnagyň agzalaryny...

• Wagyz edýän adamlaryňyzy...

hormatlaýandygyňyzy nädip görkezip bilersiňiz?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş