Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w10 15/10 sah. 16—20
  • Sen dogan-uýalara öňürti hormat goýýarmyň?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Sen dogan-uýalara öňürti hormat goýýarmyň?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Hormat goýmak näme aňladýar?
  • «Hudaýyň keşbine görä ýaradylan» adamlara hormat goýuň
  • Biz bir maşgalanyň agzasy
  • Näme üçin hormat goýmak wajyp?
  • Biziň her birimiz öňürti hormat goýmaly
  • «Garyplara» hormat goýuň
  • Hormat goýmak üçin wagtyňyzy gaýgyrmaň
  • Öňürti hormat goýmagy berk ýüregiňize düwüň
  • Siz adamlary özüňizden ýokary saýýarsyňyzmy?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Biz kime hormat goýmaly?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • «Ata-eneňe hormat goý»
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2018
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
w10 15/10 sah. 16—20

Sen dogan-uýalara öňürti hormat goýýarmyň?

«Biri-biriňizi doganlyk söýgi bilen ýürekden söýüň, hormatda her kişi (öňürti, TD) beýlekini özünden ýokary saýsyn» (RIM. 12:10).

1, 2. a) Pawlus resul Rimlilere ýazan hatynda nähili maslahat berdi? b) Biz haýsy sowallara serederis?

PAWLUS resul Rimlilere ýazan hatynda, mesihçileriň biri-birine söýgini bildirmeginiň wajypdygyny aýdýar. Ol bize: «Söýgi ikiýüzli bolmasyn» diýip ýatladýar. Şeýle-de ol «doganlyk söýgi bilen ýürekden söýmelidigini» belläp geçýär (Rim. 12:9, 10a).

2 Elbetde, doganlyk söýgüsi diňe bir dogan-uýalary ýürekden söýmegi aňlatmaýar. Şeýle mähirli duýguny iş ýüzünde görkezmeli. Eger biz söýgimizi we mähirli duýgumyzy sözde hem-de iş ýüzünde görkezmesek, muny hiç kim bilmez. Şol sebäpli Pawlus resul: «Hormatda her kişi (öňürti, TD) beýlekini özünden ýokary saýsyn» diýip, sözüni dowam etdi (Rim. 12:10b). Hormat goýmak näme aňladýar? Näme üçin dogan-uýalara hormat goýmaly? Biz nädip hormat goýup bileris?

Hormat goýmak näme aňladýar?

3. Mukaddes Ýazgylaryň asyl nusgasynda «hormat» diýen söz näme aňladýar?

3 Ýewreý dilinde «hormatlamak» diýen söz adamy ýokary saýmagy aňladýar. Şeýle-de sylanýan adama uly hormat goýmak üçin ulanylýan bu ýewreý sözi Mukaddes Ýazgylarda köplenç «şöhrat» diýip terjime edilýär (Gel. çyk. 45:13). Grek dilindäki «hormat» diýen söz «sylamagy», gadyrlamagy we ýokary saýmagy aňladýar (Luka 14:10). Hawa, biz hormat goýýan adamlarymyzyň gadyryny bilýäris we özümizden ýokary saýýarys.

4, 5. Adamlara hormat goýmak näme aňladýar? Mysal getiriň.

4 Adamlara hormat goýmak näme aňladýar? Hormat goýýan adam, özüni alyp barşy bilen başgalary sylaýandygyny görkezýär. Başgaça aýdanyňda, dogan-uýalara hormat goýýandygymyz, ilki bilen, olara bolan garaýşymyzda, soňra olar bilen gatnaşygymyzda görünmeli.

5 Mesihçi dogan-uýalary ýürekden sylamasa, olara hormat goýýandygyny nädip görkezip biler? (3  Ýahýa 9, 10). Ösümligiň gowy toprakda kök urup, gülläp ösüşi ýaly, sylag hem ýüregimizde düýpli kök ursa, ýürekden hormat goýarys. Hezzet-hormat ýürekden goýulmasa, ol ahyrsoňy ýitip gider. Şol sebäpli Pawlus resul hormat goýmak barada maslahat bermezden öň: «Söýgi ikiýüzli bolmasyn» diýdi (Rim. 12:9; 1 Petrus 1:22-ni okaň).

«Hudaýyň keşbine görä ýaradylan» adamlara hormat goýuň

6, 7. Biz näme üçin adamlara hormat goýmaly?

6 Adamlara çuňňur hormat goýýandygymyzy olar bilen gatnaşanymyzda görkezsek-de, biz Mukaddes Ýazgylara görä, ähli dogan-uýalary näme üçin sylamalydygyny hiç haçan unutmaly däl. Şonuň üçin geliň, iki mysala seredeliň.

7 Ýer ýüzünde başga ýaradylan zatlardan tapawutlylykda, adamlar «Hudaýyň keşbine görä ýaradyldy» (Ýakup 3:9). Şol sebäpli, bizde söýgi, paýhas we adalatlylyk ýaly Hudaýyň häsiýetleri bar. Şeýle-de Ýaradyjynyň bize näme berendigine üns beriň. Mezmurçy şeýle diýýär: «Eý Ýehowa... Sen şöhratyňy gökleriň üstüne ýazdyň... Sen ony (ynsany) perişdelerden az-kem aşak tutduň, oňa şöhrat we hormat täjini geýdirdiň» (Zeb. 8:1, 4, 5; 104:1)a. Hudaý ähli adamlara şöhrat we hormat täjini geýdirdi. Biz Ýehowanyň ynsana hormat goýýandygyny bilip, adamlary sylaýarys. Eýsem, biz ähli adamlara näme üçin hormat goýmalydygymyzy bilensoň, has-da dogan-uýalary sylamaly dälmi näme?! (Ýahýa 3:16; Gal. 6:10).

Biz bir maşgalanyň agzasy

8, 9. Pawlusyň aýtmagyna görä, dogan-uýalary näme üçin hormatlamaly?

8 Pawlus resul adamlara hormat goýmagyň ýene-de bir sebäbini aýtdy. Ol hormat goýmak barada maslahat bermezden öň: «Doganlyk söýgi bilen ýürekden söýüň» diýdi. Grek dilinden «ýürekden söýüň» diýip terjime edilen jümle agzybir maşgalanyň söýgüsini we ysnyşykly gatnaşygyny görkezýär. Pawlusyň aýtmagyna görä, ýygnakdaky dogan-uýalaryň gatnaşygy agzybir maşgalanyňky ýaly berk hem mähirli bolmaly (Rim. 12:5). Pawlus resul bu sözleri ähli mesh edilen mesihçilere, ýagny Ýehowa Atamyzyň ogullyga alan çagalaryny göz öňünde tutup ýazypdy. Olar bir agzybir maşgala ýalydy. Pawlusyň günlerinde mesh edilen mesihçilerde biri-birine hormat goýmaga degerli sebäp bardy. Şu günlerem mesh edilen mesihçiler biri-birine hormat goýýarlar.

9 «Başga goýunlar» barada näme diýse bolar? (Ýahýa 10:16). Olar Hudaýyň ogullyga alnan çagalary bolmasa-da, bütindünýä mesihçi maşgalasynyň agzasy bolup, biri-birine dogan-uýa diýip bilýärler (1 Pet. 2:17; 5:9). Eger «başga goýunlar» imandaşlaryna näme üçin «dogan-uýa» diýýändigine düşünse, olara çuňňur hormat goýar (1 Petrus 3:8-i okaň).

Näme üçin hormat goýmak wajyp?

10, 11. Näme üçin dogan-uýalara hormat goýmak wajyp?

10 Näme üçin dogan-uýalara hormat goýmak wajyp? Sebäbi biz dogan-uýalara hormat goýup, ýygnagyň parahatçylygyna we agzybirligine ýardam edýäris.

11 Biz, mesihçiler Ýehowa bilen ýakyn gatnaşykda bolup, iň kuwwatly güýç — mukaddes ruh arkaly goldaw alýandygymyza düşünýäris (Zeb. 36:7; Ýahýa 14:26). Şeýle-de biz dogan-uýalaryň gadyrymyzy bilýändigini görsek, ruhlanýarys (Sül. tym. 25:11). Kimdir biri sözde we iş ýüzünde bizi sylaýandygyny görkezse, göwnümiz göterilýär. Bu bize ýaşaýyş ýolundan şatlyk we dogumlylyk bilen ýöremäge güýjümize güýç goşýar. Elbetde, sen muny özüňde duýýansyň.

12. Her birimiz ýygnakdaky dogan-uýalaryň söýgüsine we mähirli gatnaşygyna nädip goşant goşup bileris?

12 Ýehowa biziň sylanmaga dogabitdi islegimiziň bardygyny bilip, öz Sözünde: «Hormatda her kişi beýlekini özünden ýokary saýsyn» diýip ündeýär (Rim. 12:10; Matta 7:12-ni okaň). Bu maslahata hemişe eýerýän mesihçileriň ählisi ýygnakdaky dogan-uýalaryň söýgüsine we mähirli gatnaşygyna ýardam edýär. Şonuň üçin özümize şeýle sorag bersek gowy bolar: «Men ýygnakdaky dogana ýa-da uýa soňky gezek haçan sözde we iş ýüzünde çuňňur hormat goýandygymy görkezdim? (Rim. 13:8).

Biziň her birimiz öňürti hormat goýmaly

13. a) Öňürti kim hormat goýmaly? b) Pawlus resulyň Rimliler 1:7-däki sözleri näme aňladýar?

13 Öňürti kim hormat goýmaly? Pawlus resul Ýewreýlere ýazan hatynda mesihçi ýaşululara «ýolbaşçylar» diýýär (Ýew. 13:17). Hawa, ýaşulular ençeme işlere ýolbaşçylyk edýär. Emma süriniň çopany hökmünde olar imandaşlara we başga ýaşululara öňürti hormat goýmaly. Meselem, ýaşulular ýygnagyň zerurlyklaryny ara alyp maslahatlaşanda, biri-biriniň pikirini ünsli diňläp, hormat goýýarlar. Olar bir karara gelende, ähli ýaşulularyň garaýşyny we pikirini göz öňünde tutup, hormat goýýarlar (Res. iş. 15:6—15). Biz Pawlusyň Rimlilere ýazan hatynyň diňe bir ýaşululara däl, eýsem, ýygnakdaky ähli dogan-uýalara degişlidigini unutmaly däl (Rim. 1:7). Şol sebäpli öňürti hormat goýmak baradaky bu maslahat ählimize-de degişli.

14. a) Hormat goýmak bilen öňürti hormat goýmagyň tapawudyny mysal arkala düşündiriň. b) Biz özümize nähili sorag berip bileris?

14 Pawlus resulyň beren maslahatynyň bir aýratynlygyna üns beriň. Ol Rimdäki dogan-uýalara diňe bir hormat goýmagy däl, eýsem, öňürti hormat goýmagy ündedi. Munuň näme tapawudy bar? Meselem, mugallym sowatly okuwçylara okamagy täzeden öwredermi? Ýok. Sebäbi olar eýýäm okap bilýär. Gaýtam, ol okuwçylara has gowy okamaga kömek eder. Şonuň ýaly biz, mesihçiler biri-birimizi söýýändigimiz üçin hormat goýup, başgalardan tapawutlanýarys (Ýahýa 13:35). Sowatly okuwçynyň has gowy okamagy öwrenişi ýaly, biz hem öňürti hormat goýmagy has gowy öwrenmeli (1 Sel. 4:9, 10). Biziň her birimiz bu wajyp maslahata eýermeli. Biz özümize şeýle sorag berip bileris: «Men ýygnakda dogan-uýalara öňürti hormat goýmak üçin näme edýärin?»

«Garyplara» hormat goýuň

15, 16. a) Biz hormat goýanymyzda kimi äsgermezlik etmeli däl we näme üçin? b) Biziň ähli dogan-uýalara ýürekden hormat goýýandygymyzy näme görkezer?

15 Biz ýygnakdaky dogan-uýalara hormat goýanymyzda kimi äsgermezlik etmeli däl? Hudaýyň Sözünde: «Garyba haýpy gelýän Hudaýa karz berýändir; Reb bolsa oňa öwezini dolar» diýilýär (Sül. tym. 19:17). Biz bu aýatdaky prinsipe eýerip, nädip öňürti hormat goýmaga çalyşmaly?

16 Sen köpleriň uly wezipe tutýan adamlara hormat goýýandygyny, ýöne özünden pes saýýan adamlary äsgermeýändigini we sylamaýandygyny bilýänsiň. Emma Ýehowa beýle däl. Ol: «Maňa hormat goýýan adamlara, hormat goýaryn» diýýär (1 Sam. 2:30). Ýehowa gullukçylyryna we oňa hormat goýýan adamlaryň ählisine hormat goýýar. Ol «garyplary» äsgermezlik etmeýär (Zebur 113:5—8-nji aýatlary okaň; 2 Tar. 16:9). Biz hem Ýehowanyň göreldesine eýermek isleýäris. Biz ýürekden hormat goýýandygymyza göz ýetirmek üçin özümize şeýle sorag bermeli: «Men ýygnakda jogapkärli borjy ýerine ýetirmeýän dogan-uýalara nähili garaýaryn?» (Ýahýa 13:14, 15). Bu soragyň jogaby dogan-uýalara çuňňur we ýürekden hormat goýýandygymyzy ýa-da goýmaýandygymyzy görkezer (Filipililer 2:3, 4-nji aýatlary okaň).

Hormat goýmak üçin wagtyňyzy gaýgyrmaň

17. Biz, esasanam, öňürti hormat goýýandygymyzy nädip görkezip bileris we näme üçin?

17 Esasanam, biz ýygnakdaky dogan-uýalaryň ählisine öňürti hormat goýýandygymyzy nädip görkezip bileris? Elbetde, dogan-uýalara wagtymyzy sarp edip, görkezip bileris. Näme üçin? Biz, mesihçiler işli bolýarys we ýygnakdaky ençeme wajyp işleri ýerine ýetirmek üçin köp wagtymyzy sarp edýäris. Şol sebäpli biz wagtymyzy gymmat saýýarys. Biz dogan-uýalarymyzyň köp wagtyny almaly däldigine düşünýäris. Şonuň ýaly ýygnakdaky dogan-uýalar hem wagtymyzy almasa, minnetdar bolýarys.

18. Dogan-uýalara höwes bilen biraz wagtymyzy sarp etsek, nämäni görkezer?

18 Muňa garamazdan, biz (esasanam ýygnakdaky ýaşulular) dogan-uýalara biraz wagt sarp etmek üçin edýän işimizi höwes bilen goýsak, olara hormat goýdugymyz bolar. Näme üçin? Öz işlerimizi goýup, doganymyza biraz wagtymyzy sarp etsek, oňa: «Men seni gowy görýändigim üçin wagtymy işime däl-de, saňa sarp edesim gelýär» diýdigimiz bolar (Mar. 6:30—34). Emma biz doganymyza wagt sarp etmek üçin işimizi göwünli-göwünsiz goýsak, ol biziň ony gowy görmeýändigimizi duýar. Elbetde, käbir wajyp işleri goýup bolmaýar. Ýöne dogan-uýalara wagtymyzy höwes bilen ýa-da göwünli-göwünsiz sarp etsek, olara ýürekden we çuňňur hormat goýýandygymyzy ýa-da goýmaýandygymyzy görkezer (1 Kor. 10:24).

Öňürti hormat goýmagy berk ýüregiňize düwüň

19. Dogan-uýalara wagt sarp edende, olara hormat goýýandygymyzy nädip görkezip bileris?

19 Hormat goýmagyň ýene-de bir wajyp usuly, dogan-uýalara wagt sarp edenimizde, olara ünsli bolmaly. Ýehowa bu babatda hem görelde görkezdi. Mezmurçy Dawut: «Rebbiň gözleri dogry adamlardadyr, gulaklary olaryň perýadyna açykdyr» diýdi (Zeb. 34:15). Biz Ýehowanyň göreldesine eýerip, gözümizi we gulagymyzy, ýagny bar ünsümizi doganymyza, esasanam kömek soraýanlara gönükdireris. Şeýdip, biz olara hormat goýýarys.

20. Hormat goýmak babatda biz nämäni unutmaly däl?

20 Biz dogan-uýalara näme üçin ýürekden hormat goýmagy unutmaly däldigine seretdik. Galyberse-de, biz ähli dogan-uýalara şol sanda garyplara-da öňürti hormat goýmaga jan etmeli. Şeýtsek, doganlyk söýgüsini we ýygnagyň agzybirligini berkideris. Şol sebäpli, geliň, biri-birimize ýöne bir hormat goýmak bilen çäklenmän, eýsem, öňürti hormat goýalyň. Sen öňürti hormat goýmagy ýüregiňe düwdüňmi?

a 8-nji Mezmurda Dawudyň aýdan sözleri, kämil ynsan Isa Mesih barada hem pygamberlikdi (Ýew. 2:6—9).

Ýadyňyzdamy?

• Adamlara hormat goýmak näme aňladýar?

• Biz näme sebäpden dogan-uýalara hormat goýmaly?

• Biri-birimize hormat goýmak näme üçin wajyp?

• Biz dogan-uýalara nädip hormat goýup bileris?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş