Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w08 15/10 sah. 25—29
  • Ebedi ýaşamak üçin siz näme bermäge taýyn?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ebedi ýaşamak üçin siz näme bermäge taýyn?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «Mesih hem öz göwnünden turmady»
  • Ýehowa bizden iň gowy zada garaşýar
  • Wagtyňyzy paýhasly ulanyň
  • Men «soňuna çenli siziň bilen bolaryn»
  • Näme üçin Isa Mesihiň yzyna eýermeli?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • «Meniň yzyma düş»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Wagyz etmeli habarymyz
    Wagyz mekdebi
  • Ýehowa ýürekden gurban beriň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
w08 15/10 sah. 25—29

Ebedi ýaşamak üçin siz näme bermäge taýyn?

«Adam janyna derek näme berip biler?» (MAT. 16:26).

1. Näme üçin Isa Petrusyň sözlerini ret etdi?

PETRUS RESUL eşidýän zatlaryna ynanmaýardy. Onuň gowy görýän Mugallymy Isa Mesih tizden görgi görüp öljekdigini «açyk» aýdanda, Petrus gowy niýet bilen: «Ýa Reb, Hudaý saklasyn! (Özüňe haýpyň gelsin, TD). Seniň başyňa asla beýle iş düşmez!» diýdi. Isa ondan ýüzüni öwrüp, başga şägirtlerine seretdi. Olar-da Petrus ýaly nädogry pikirde bolmaly. Şonda Isa Petrusa: «Çekil öňümden şeýtan! Sen Hudaý işlerini däl, ynsan işlerini oýlanýarsyň» diýdi (Mar. 8:32, 33; Mat. 16:21—23).

2. Isanyň aýtmagyna görä, şägirtlerinden näme talap edilýärdi?

2 Isanyň soňky aýdan sözleri Petrusa näme üçin şeýle jogap berendigini düşünmäge kömek etdi. Isa «öz şägirtlerini ýanyna çagyryp diýdi: «Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, haçyny alyp yzyma düşsün. Çünki kim janyny halas etmek islese, ony ýitirer; ýöne kim janyny Meniň we Hoş Habaryň ugrunda ýitirse, ony halas eder» (Mar. 8:34, 35). Isanyň sözlerinden görnüşi ýaly, Hudaýa gulluk etmek üçin diňe Isa janyny gurban etmeli däldi, eýsem, onuň şägirtleri hem janyny bermäge taýyn bolmalydylar. Eger olar şeýle gurban bermäge taýyn bolsalar, olara uly sylag garaşýar (Matta 16:27-ni okaň).

3. a) Isa diňleýjilerine nähili sorag berdi? b) Isanyň ikinji beren soragy diňleýjilerine nämäni ýatladan bolmaly?

3 Şol wagt Isa şägirtlerine oýlandyryjy iki sorag berdi: «Bir adam bütin dünýäni gazanyp-da, öz janyny ýogaltsa, oňa näme peýdasy bar? Adam öz janyna derek näme berip biler?» (Mar. 8:36, 37). Isanyň beren birinji soragy adamlaryň garaýşyny görkezýärdi. Adam bütin dünýäni gazanyp-da, janyny ýitirse, bu peýdasyzdyr. Sebäbi diňe diri adamlar emlägi ulanyp bilýär. Isanyň: «Adam öz janyna derek näme berip biler?» diýen ikinji soragy diňleýjilere Eýýubyň günlerinde Şeýtanyň: «Jany üçin adam hemme zadyny berer» diýen sözlerini ýatladan bolmaly (Eýýup 2:4). Bu sözler Ýehowa gulluk etmeýän adamlaryň köpüsine dogry bolup görünmegi mümkin. Köp adamlar janyny halas etmek üçin ähli zada taýýar bolýarlar, hatda ynanýan zadyndan hem dänip bilerler. Emma mesihçileriň garaýşy düýbünden tapawutlanýar.

4. Isanyň beren soraglary näme üçin mesihçilere çuň manylydy?

4 Bu zalym dünýäde Isanyň bize saglyk, baýlyk we uzak ömür bermek üçin ýer ýüzüne gelmändigini bilýäris. Ol bize täze dünýäde ebedi ýaşamak mümkinçiligini sowgat berdi we biz ony gymmat saýmaly (Ýahýa 3:16). Isanyň birinji soragyna mesihçi şeýle düşünýär: «Bir adam bütin dünýäni gazanyp-da, ebedi ýaşaýyş umydyny ýitirse, oňa näme peýdasy bolar?» Hiç hili peýda bolmaz (1 Ýahýa 2:15—17). Isanyň ikinji soragyna jogap bermek üçin, özümize şeýle sorag bermeli: «Men täze dünýäde ebedi ýaşamak üçin, şu günler näme bermäge taýyn?» Bu soragyň jogabyny durmuşymyzda görkezýäris, durmuşymyz bolsa, ýüregimizdäki umydymyzyň berkligini aýan edýär (Ýahýa 12:25-i deňeşdiriň).

5. Biz nädip ebedi ýaşaýyş sylagyny alyp bileris?

5 Elbetde, Isa ebedi ýaşaýşy gazanyp bolýar diýmedi. Ýaşaýyş, hatda bu zalym dünýädäki gysga ýaşaýyş hem — sowgatdyr. Ony satyn alyp ýa-da zähmet bilen gazanyp bolmaýar. Biz Isa Mesihe we «özüni agtarýanlary sylaglajak» Ýehowa iman etsek, ebedi ýaşaýyş sowgadyny alyp bileris (Gal. 2:16; Ýew. 11:6). Emma biz imanymyzy iş ýüzünde görkezmeli, çünki «iman hem amallar bolmasa ölüdir» (Ýakup 2:26). Biz Isanyň beren soragynyň üstünde oýlanyp, imanymyzyň diridigini subut etmek üçin, bu zalym dünýäde nämeden geçmäge we Ýehowa gulluk etmekde näme taýynlygymyz barada çuňňur oýlanmaly.

«Mesih hem öz göwnünden turmady»

6. Isa üçin näme zat wajypdy?

6 Isa bu zalym dünýäniň hödürleýän zatlary barada pikirlenmän, wajyp zatlara ünsüni gönükdirip, baýlygyň yşgyna düşmedi. Ol janyny aýaman Ýehowa doly tabyn bolýardy. Isa öz göwnünden turmanlygy üçin şeýle diýip bilýärdi: «Men hemişe Oňa (Hudaýa) ýaraýan zatlary edýärin» (Ýahýa 8:29). Ol Hudaýyň islegini ýerine ýetirmek üçin näme gurban bermäge taýyndy?

7, 8. a) Isa näme gurban berdi we nähili sylag aldy? b) Biz özümize nähili sorag bermeli?

7 Bir sapar Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Ynsan Ogly-da Özüne hyzmat edilmegi üçin däl, eýsem hyzmat etmek üçin, köpleriň ugrunda janyny töleg hökmünde bermek üçin geldi» (Mat. 20:28). Öň, Isa şägirtlerine tizden «janymy bermeli» diýip duýduran-da, Petrus özüňe haýpyň gelsin diýipdi. Şonda Isa muňa garşy çykdy. Ol adamlar üçin kämil ynsan janyny bermäge taýyndy. Isa janyny gaýgyrman gelejege ynam bilen garaýardy. Ol direldilip, «Hudaýyň sagyna galdyryldy» (Res. iş. 2:32, 33). Şeýle-de ol bize ajaýyp görelde galdyrdy.

8 Pawlus resul Rimdäki mesihçilere «Mesih hem Öz göwnünden turmandygyny» ýatladyp, olara-da «öz göwnünden turmazlygy» maslahat berdi (Rim. 15:1—3). Biz Pawlusyň beren maslahatyna we Isanyň göreldesine eýerip, nädip janaýamazlygymyzy görkezip bileris?

Ýehowa bizden iň gowy zada garaşýar

9. Mesihçi özüni Hudaýa bagyş edip, nämä razylaşýar?

9 Musanyň kanuny boýunça gadymy Ysraýylda gul bolan ýewreýleri ýedinji ýyl ýa-da ýubileý ýyly azat edilmelidi. Emma gullaryň saýlamaga mükinçiligi bardy. Eger-de gul hojaýynyny söýýän bolsa, ol bütin ömrüne onuň öýünde gul bolup galyp bilýärdi (Kanunyň gaýtalanyşy 15:12, 16, 17-nji aýatlaryny okaň)a. Biz hem özümizi Hudaýa bagyş edip, onuň guly bolmagy saýlaýarys. Meýletinlik bilen Hudaýyň islegini ýerine ýetirmäge razy bolup, öz islegimize görä ýaşamaýarys. Şeýtmek bilen, biz Hudaýa çuňňur söýgimizi we oňa ebedi gulluk etmek islegimizi görkezýäris.

10. Haýsy manyda biz Hudaýyň emlägi we bu biziň pikirimize, hereketimize nähili täsir etmeli?

10 Eger siz şu wagt Ýehowanyň Güwäçileri bilen Mukaddes Ýazgylary öwrenýän bolsaňyz we hoş habary wagyz edip, ýygnak duşuşyklaryna gatnaşýan bolsaňyz, onda öwgä mynasypsyňyz. Siz tizden Hebeşli weziriň Filipusa: «Ynha suw, meniň çokundyrylmagyma näme päsgel berýär?» diýen soragyny özüňize berip, Ýehowa özüňizi bagyş etmek islegi dörejekdigine umyt edýäris (Res. iş. 8:35, 36). Şondan soňra siziň Hudaý bilen gatnaşygyňyz Pawlusyň aýdan mesihçilerinki ýaly bolar. Ol: «Siz özüňiziňki dälsiňiz...Çünki siz bir baha alyndyňyz» diýdi (1 Kor. 6:19, 20). Gökde ýa-da ýerde ýaşamak umydymyzyň bolmagyna garamazdan, özümizi Ýehowa bagyş eden bolsak, indi ol biziň Hojaýynymyzdyr. Diňe özüňi bilmeklik höwesini ret edip: «Adamyň guly bolmaň» diýen çagyryşa eýermek örän wajypdyr! (1 Kor. 7:23). Ýehowanyň wepaly gullukçysy bolup, onuň islegine görä hereket etmek, biziň üçin uly hormatdyr!

11. Mesihçiler nähili gurban bermeli we Musanyň kanunynda berilýän gurban baradaky talaplary göz öňünde tutsak, nämäni aňladýar?

11 Pawlus imandaşlaryna şeýle ýüzlendi: «Özüňizi diri, mukaddes, Hudaýyň halajak gurbany hökmünde hödürläň» (Rim. 12:1). Bu sözler ýewreý mesihçilere Isanyň şägirdi bolmadyk mahaly dininiň kanuny boýunça berýän gurbanlaryny ýatladýardy. Olar Musanyň kanuny boýunça Ýehowa iň gowy mallary gurban bermelidigini bilýärdiler. Ýarawsyz mallar kabul edilmeýärdi (Mal. 1:8, 13). Şu günler biz hem iň gowy «diri, mukaddes... gurbanymyzy» bermeli. Biz islegimizi kanagatlandyrandan soňra galan zady däl-de, bar zadymyzdan iň gowusyny Ýehowa berýäris. Biz özümizi Hudaýa bagyş edenimizde, oňa bütin «janymyzy», güýjümizi, baýlygymyzy we ukybymyzy bagyş edýäris (Kol. 3:24). Muny durmuşda nädip görkezip bileris?

Wagtyňyzy paýhasly ulanyň

12, 13. Ýehowa iň gowusyny bermegiň bir usuly näme?

12 Wagtymyzy paýhasly ulanmak, bu Ýehowa iň gowy zady bermegiň bir usulydyr (Efesliler 5:15, 16-njy aýatlary okaň). Munuň üçin özüňe erk etmek gerek. Zalym dünýäniň täsiri we miras alan kämilsizligimiz wagtymyzy lezzete hem-de öz peýdamyza sarp etmäge höweslendirýär. Dogrudan-da, «her zadyň öz wagty bar». Biz mesihçi borçlary ýerine ýetirip biler ýaly, dynç almaly we ýaşaýyş üçin gazanç etmeli bolýarys (Wag. 3:1). Ýöne özüni Hudaýa bagyş eden mesihçi wagtyny paýhasly ulanmaly.

13 Pawlus Afina baranda «ähli afinalylar hem ol ýerde ýaşaýan ýatlar täze zat sözlemekden we diňlemekden başga hiç bir zat bilen wagtlaryny ötürmeýändiklerine» üns berdi (Res. iş. 17:21). Şu günler köp adamlar hem wagtyny şeýle geçirýär, olar telewizora, Internet sahypalaryna seredýärler we wideo oýunlary oýnaýarlar. Biziň wagtymyzy alýan göwün açmalar gün-günden köpelýär. Biz olaryň akymyna gitsek, ruhy zerurlyklarymyza üns bermeris. Hatda biz Ýehowa gulluk etmek bilen bagly «iň ýokary zatlara» wagtymyz ýok diýen netijä gelip bileris (Flp. 1:11).

14. Biz nähili soraglaryň üstünde çynlakaý oýlanmaly?

14 Ýehowa bagyş edilen gullukçy hökmünde özüňe şeýle soraglar beriň: «Men her gün Mukaddes Ýazgylary okap, oýlanýarynmy, doga edýärinmi? (Zeb. 77:12; 119:97; 1 Sel. 5:17). Men ýygnak duşuşyklaryna taýýarlanmak üçin wagt sarp edýärinmi? Ýygnakda jogap berip, dogan-uýalary ruhlandyrýarynmy?» (Zeb. 122:1; Ýew. 2:12). Hudaýyň Sözünde belläp geçilişi ýaly, Pawlus bilen Barnabas «esli wagt... Reb üçin gaýratly wagyz edýärdiler» (Res. iş. 14:3). Siz köpräk wagyz etmek, hatda pioner gullugyny etmek üçin, ýagdaýyňyzy üýtgedip bilersiňizmi? (Ýewreýliler 13:15-i okaň).

15. Ýaşulular wagtyny nähili paýhasly ulanýarlar?

15 Pawlus bilen Barnabas Antakiýadaky ýygnaklara baranda, doganlary ruhlandyrmak üçin «köp wagtlap şägirtleriň ýanynda boldular» (Res. iş. 14:28). Şu günlerem doganlar barada alada edýän ýaşulular, olary ruhlandyrmak üçin köp wagtyny sarp edýärler. Şeýle-de olar wagyz edýärler, sürä seretmek, ýiten goýunlary tapmak, keselleri idemek we ýygnakda başga-da borçlary ýerine ýetirmek üçin ençeme tagalla edýärler. Eger-de siz suwda çokundyrylan dogan bolsaňyz, ýygnakda şeýle goşmaça borçlary almaga ýagdaýyňyz barmy?

16. Biz nädip «imanlylar içerisine ýagşylyk edip» bileris?

16 Dogan-uýalaryň köpüsi adamlar tarapyndan ýetirlen ýa-da tebigy betbagtçylykdan horluk çekýänlere kömek edip, uly şatlyk tapýarlar. Meselem, Beýtelde gulluk edýän, ýaşy altmyşdan geçen uýa, birnäçe sapar halas ediş işine gatnaşmak üçin uzak ýere gitdi. Ony işden rugsat günlerini şeýle geçirmäge näme höweslendirýär? Uýa şeýle gürrüň berýär: «Meniň aýratyn ukybym bolmasa-da, men şatlyk bilen ähli işi etdim. Men köp zadyny ýitiren dogan-uýalaryň imanyny görüp, ruhlandym». Şeýle-de müňlerçe dogan-uýalar Patyşalyk we Kongres zallaryny gurmaga meýletin kömek edýärler. Biz hoşniýetlik bilen şeýle işlere gatnaşyp, «imanlylar içerisine ýagşylyk edýäris» (Gal. 6:10).

Men «soňuna çenli siziň bilen bolaryn»

17. Siz ebedi ýaşaýşy almak üçin näme bermäge taýyn?

17 Hudaýdan daşlanan ynsan jemgyýetiniň soňy ýetip gelýär. Biz munuň haçan boljagyny anyk bilmeýäris, emma «wagtyň gysgadygyny» we «dünýäniň häzirki ýagdaýynyň geçegçidigini» bilýäris (1 Korintoslylar 7:29—31-nji aýatlary okaň). Şol sebäpli Isanyň: «Adam öz janyna derek näme berip biler?» diýen sorag örän wajypdyr. «Soňsuz ýaşaýyşa» eýe bolmak üçin, biz Ýehowanyň garaşýan islendik zadyny bermäge taýyn (1 Tim. 6:19). Hawa, şu günler Isanyň «yzyma düşüň» we «öňürti Hudaýyň Patyşalygyny... agtaryň» diýen çakylygyna gulak asmak zerurdyr (Mat. 6:31—33; 24:13).

18. Biz nämä ynanyp bileris we näme üçin?

18 Elbetde, Isanyň yzyna eýermek hemişe aňsat däl. Isanyň duýduryşy ýaly, bu zalym dünýäde käbirleri janyndan mahrum boldular. Biz Isa ýaly «özümize haýpymyz gelmeli» däl. Isanyň I asyrdaky mesh edilen şägirtlerine: «Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn» diýen sözlerine biz hem ynanýarys (Mat. 28:20). Geliň, mukaddes gulluk etmäge bar wagtymyzy we güýjümizi sarp edeliň! Şeýtmek bilen, Ýehowanyň agyr muşakgatdan bizi halas etjekdigine ýa-da täze dünýäde direltjekdigine ynanýandygymyzy görkezeris (Ýew. 6:10). Şeýdip, ýaşaýyş sowgadyny gymmat saýýandygymyzy bildireris.

a Kanunyň gaýtalanyşy 15:12. Eger saňa ýewreý doganyň ýa-da ýewreý gyzy satylsa we alty ýyl gulluk eden bolsa, ýedinji ýyl ony azatlyga goýber. 16. Eger ol seni we öýüňdäkileri söýüp, özüni seniň ýanyňda rahat duýýandygy üçin: «Senden gitmerin!» diýse, 17. onda bizi al-da, onuň gulagyny gapa goýup deş, ol seniň ömürlik guluň bolar. Gul gyza-da şeýle ediň.

Siz nähili jogap berersiňiz?

• Isa Hudaýa we adamlara hyzmat etmäge taýynlygyny nädip görkezdi?

• Biz özümizi näme üçin we nädip inkär etmeli?

• Ýehowa gadymy ysraýyllylaryň haýsy gurbanlaryny kabul edýär we şu günler bu bize nämäni görkezýär?

• Biz wagtymyzy nädip paýhasly ulanyp bileris?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş