Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • bsi08-1 sah. 3—5
  • Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 40 — Matta

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 40 — Matta
  • «„Ýazgylaryň hemmesi“ ynama mynasyp we peýdaly» Tom 15
  • Sözbaşylar
  • PEÝDASY
«„Ýazgylaryň hemmesi“ ynama mynasyp we peýdaly» Tom 15
bsi08-1 sah. 3—5

Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 40 — Matta

Ýazan: Matta

Ýazylan ýeri: Palestina

Ýazylan wagty: b. e. tak. 41 ý.

Öz içine alýan wagty: b. e. öň 2 ý.—b. e. 33 ý.

EREM BAGYNDA bolan pitneden bäri, Ýehowa dogrulygy söýýän adamlary «aýalynyň» Nesli arkaly halas etjekdigi hakda göwünlik hem wada berýär. Şol Nesil ýa-da Mesih Ysraýyl halkyndan döremelidi. Hudaý asyrlaryň dowamynda ýewreý ýazyjylaryna Nesil hakda ençeme pygamberlikleri ýazmaga ylham berdi. Pygamberliklerde Nesliň Hudaýyň Patyşalygynyň Hökümdary boljakdygy, Ýehowanyň adyny mukaddes edip, töhmetden hemişelik azat etjekdigi hakda aýdylýar. Bu pygamberler Ýehowanyň hökümdarlygyny aklajak we adamlary gorkudan, sütemden, günäden hem-de ölümden halas etjek Nesil barada köp jikme-jiklikleri aýdyp geçýärler. Ýewreý Ýazgylarynyň ýazylyp gutarylmagy bilen, ýehudylar Mesihiň gelmegine doly umyt bilen garaşýardylar.

2 Şol döwürde dünýäniň ýagdaýy hem üýtgedi. Hudaý halklary Mesihiň gelmegine taýýarlaýardy. Şeýle täzeligi çar tarapa ýaýratmak üçin ýagdaý diýseň amatlydy. Dünýäniň bäşinji şalygy bolan Gresiýanyň ähliumumy dili ähli halklar üçin aragatnaşyk serişdesidi. Dünýäniň altynjy şalygy Rim öz tabynlygyndaky dagynyk halklary birleşdirip, bir dünýä imperiýasyny döretdi we onuň guran ýollary boýunça imperiýanyň islendik künjegine baryp bolýardy. Imperiýanyň çäginde köp ýehudylar dagynyk ýaşaýardy, şol sebäpli beýleki halklar hem ýehudylaryň Mesihiň gelmegine garaşýandygyny eşidip bilýärdiler. Ine, Erem bagynda wadanyň berlenine 4 000 ýyldan gowrak wagt geçip, Mesih aýan boldy! Arzyly Nesil geldi! Mesihiň ýer ýüzüne gelip, Atasynyň islegini wepaly berjaý etmegi bilen, adamzat taryhynda iň möhüm wakalar bolup geçdi.

3 Indi taryhy wakalary Hudaýyň ylhamy bilen ýazmagyň wagty geldi. Ýehowanyň ruhy arkaly dört sany wepaly erkek adam aýry-aýry hekaýaty ýazýarlar. Şeýdip, olar Isanyň Mesihligine, wada edilen Nesil hem Patyşadygyna şaýatlyk edip, onuň ýaşaýşy, gullugy, ölümi we direlişi hakda jikme-jik gürrüň berdiler. Şol hekaýatlara Injil diýilýär. «Injil» sözi «hoş habar» ýa-da «şatlykly habar» diýmegi aňladýar. Bu dört kitap meňzeş bolup, köplenç şol bir wakalary gürrüň berse-de, olar bir-birinden tapawutlanýar. Ilkinji üç Injile sinoptik (grekçe sinopsis— bilelikde syn etmek) diýilýär, sebäbi olar Isanyň ýerdäki ýaşaýşy barada birmeňzeş gürrüň berýärler. Ýöne dört ýazyjynyň hersi — Matta, Markus, Luka we Ýahýa — Mesih hakda öz hekaýatyny gürrüň berýär. Hersiniň öz yzarlaýan temasy, maksady we beýan edişi bolup, hersi öz okyjylaryny göz öňünde tutupdyrlar. Olaryň ýazan kitaplaryny näçe öwrensek, hersiniň aratapawudyny şonça-da görýäris, sebäbi Mukaddes Ýazgylaryň ylhamlanan bu dört kitaby Isa Mesihiň ýaşaýşy barada hersi özbaşdak gürrüň berip, bir-biriniň üstüni doldurýar we sazlaşykly beýan edýär.

4 Mesih barada hoş habary ilkinji bolup Matta ýazdy. Onuň ady ýewreýçe «Mattitýa» adynyň gysga görnüşi bolmaly. Ol «Ýehowanyň sowgady» diýmegi aňladýar. Matta Isanyň saýlan 12 resulynyň biridi. Rebbi Palestina ýurdunda aýlanyp, Hudaýyň Patyşalygy hakda wagyz edýän we öwredýän wagty Matta onuň ýakyn ýoldaşy bolupdy. Isanyň şägirdi bolmanka, Matta salgyt ýygnaýjydy — ýehudylaryň erbet ýigrenýän käridi, sebäbi bu olara Rim imperiýasynyň agalygy astyndadygyny hemişe ýatladyp durýardy. Şeýle-de Matta Alfeusyň ogly Lewi hökmünde hem tanalýardy. Ol Isanyň şägirdi bolmak çakylygyny höwes bilen kabul etdi (Mat. 9:9; Mar. 2:14; Luka 5:27⁠—⁠32).

5 Bu Injil Mattanyň adyny göterse-de, kitapda ýazyjynyň ady agzalmaýar, ýöne irki buthana taryhçylarynyň köp sanly şaýatlyklary munuň şeýledigini tassyklaýar. Matta kitaby ýaly şek-şübhesiz hem biragyzdan awtory tassyklanan başga gadymy kitap ýok bolsa gerek. Hiýerapolisli Papanyň döwründen (b. e. II asyrynyň başlary) bäri, Mattanyň şu Injili ýazandygyny we onuň Hudaýyň Sözüniň ynama mynasyp kitabydygyny tassyklaýan şaýatlar köp bolupdyr. Makklintokyň we Strongyň ensiklopediýasynda şeýle diýilýär: «Matta kitabyndan alnan aýatlary Ýustin, Diogneýa ýazylan hatyň awtory (Otto. Justin Martyr, vol. ii), Gegezipp, Ireneý, Tasian, Afinagor, Teofil, Kliment we Origen ulanýar. Olaryň diňe bir sitata getirmegi däl-de, ýöne sitata getirişi, onuň doly ygtybarlydygyna arkaýyn ynanyşy, hatda kiçijik müňkürligiňem ýoklugy elimizdäki bu kitabyň tötänlik bilen üýtgedilmändigini görkezýär»a. Mattanyň kitabynyň dogrudygyna ynanyp bileris, sebäbi ol Isanyň resulydy, diýmek, onda Hudaýyň ruhy bardy.

6 Matta kitabyny Palestinada ýazýar. Ýazylan ýyly anyk belli däl, ýöne käbir golýazmalaryň aşagyndaky ýazgylarda (olaryň hemmesi b. e. X asyryndan soň) b. e. 41⁠-⁠nji ýyly diýilýär. Matta Hoş habaryny ilkibaşda şol döwürde giňden ýaýran ýewreý dilinde ýazyp, soňra grekçä terjime edendigine hem deliller bar. Iýeronim «Meşhur ärler hakda» (De viris inlustribus) diýen kitabynyň üçünji babynda şeýle diýýär: «Lewi atly Matta salgyt ýygnaýjy kärini taşlap, resul boldy. Ol ilki bilen ýahudaly Mesih hakda Injili ýewreýçe düzüp, iman getiren sünnetliler üçin beýan etdi»b. Şeýle-de Iýeronim Injiliň ýewreýçe tekstiniň şol günlere çenli (b. e. IV—V asyry) Pamfilanyň Kaýsariýada ýygnan kitaphanasynda saklanýandygyny aýdýar.

7 Üçünji asyryň başynda Ýewsewiý Injil hakda aýdan Origeniň sözlerini getirýär: «Ilki Mattanyň hoş habary... ýewreý hristianlary üçin, ýewreý dilinde ýazylypdyr»c. Kitabyň, esasan, ýehudylar üçin ýazylandygy nesil şejeräniň getirilmeginden görünýär. Nesil şejeresi Isanyň Ybraýymyň neslindendigini tassyklaýar. Şeýle-de kitap ençeme sapar Töwrata we Zebura salgylanyp, Mesihiň geljegini öňünden aýdandygyny belleýär. Ýewreý Ýazgylaryndan aýatlary getirende, Matta Hudaýyň Ýehowa adyny tetragrammaton görnüşinde ulanandyr diýsek, dogry bolar. Ine, şu sebäpli hem «Täze dünýä terjimesiniň» Matta kitabynda Hudaýyň Ýehowa ady 18 gezek duş gelýär. XIX asyrda Mattanyň Hoş habaryny ýazan F. Deliç hem Hudaýyň adyny şonça gezek ulanýar. Matta Hudaýyň adyna Isa ýaly garap, ýehudylaryň Hudaýyň adyny ulanmazlyk yrymyna eýermedik bolmaly (Mat. 6:9; Ýahýa 17:6, 26).

8 Matta salgyt ýygnaýjy bolanlygy sebäpli, puly, sanlary we birlikleri gös-göni agzap geçýär (Mat. 17:27; 26:15; 27:3). Ol ýigrenilýän salgyt ýygnaýjy hökmünde özüne Hudaýyň rehimdarlyk edip, hoş habaryň hyzmatçysy we Isanyň ýakyn ýoldaşy edendigi üçin ýürekden minnetdardy. Şoňa görä-de, Injiliň ýazyjylarynyň arasynda diňe Matta Isanyň gurbanlyk bilen bir hatarda, rehimdarlygy gaýta-gaýta talap edişini agzap geçýär (Mat. 9:9⁠—⁠13; 12:7; 18:21⁠—⁠35). Ýehowanyň merhemeti Mattany diýseň ruhlandyryp, Isanyň göwünlik beriji sözlerini ýerlikli ulanýar: «Eý argynlar, agyr ýüklüler, Meniň ýanyma geliň, Men size dynçlyk bereýin. Meniň boýuntyrygymy dakynyň-da, Menden öwreniň; çünki Men mylaýym hem pes göwünlidirin, janlaryňyz dynçlyk tapar. Çünki Meniň boýuntyrygym ýumşakdyr, ýüküm ýeňildir» (Mat. 11:28⁠—⁠30). Şu mähirli sözler öňki salgytça uly göwünlik beren bolsa gerek, sebäbi oňa ildeşleri telim sapar paýyş sözleri aýdandyr!

9 Matta Isanyň «Gökleriň Patyşalygy» hakda wagyz edendigini aýratyn belläp geçýär (Mat. 4:17). Onuň üçin Isa hem Wagyzçy, hem Patyşady. Ol «patyşalyk» sözüni ýygy-ýygydan (50⁠-⁠den gowrak) ulanýar welin, onuň Injiline Patyşalyk baradaky Hoş habar diýseň hem bolar. Matta Isanyň çykyşlarynyň we wagyzlarynyň berk yzygiderli beýanyna däl-de, olaryň many-mazmunyna has köp üns beripdir. Matta kitabynyň ilkinji 18 babynda Patyşalyk temasyny belläp geçmek üçin, wakalary yzygiderli beýan etmeýär. Ýöne soňky on babynda welin (19⁠—⁠28⁠-⁠nji baplar), Patyşalyk temasy bilen bir hatarda wakalaryň yzygiderli beýan edilmegini gazanýar.

10 Mattanyň hoş habarynda ýazylanlaryň 42 göterimi beýleki üç Injiliň hiç birinde duş gelmeýärd. Muňa azyndan on tymsal degişli: ekin meýdanynda ösen haşal ot (Mat. 13:24⁠—⁠30), gizlin hazyna (Mat. 13:44), gymmatbaha dürdäne (Mat. 13:45, 46), tor (Mat. 13:47⁠—⁠50), rehimsiz hyzmatkär (Mat. 18:23⁠—⁠35), işçiler we dinar (Mat. 20:1⁠—⁠16), ata we iki ogul (Mat. 21:28⁠—⁠32), patyşa oglunyň toýy (Mat. 22:1⁠—⁠14), on gyz (Mat. 25:1⁠—⁠13) we talantlar (Mat. 25:14⁠—⁠30) baradaky tymsallar. Umuman, kitapda Isanyň b. e. öň 2 asyrda doglanyndan başlap, tä b. e. 33⁠-⁠nji ýylynda göge galmanka, şägirtleri bilen duşuşygyna çenli gürrüň berilýär.

PEÝDASY

29 Dört Injiliň ilkinjisi bolan Matta kitaby, hakykatdan-da, Ýewreý we Grek Ýazgylaryny birikdirýän ajaýyp kitapdyr. Şek-şübhesiz, ol Mesihiň we Hudaýyň wada edilen Patyşalygynyň Patyşasynyň kimdigini aýdýar, onuň şägirtlerine edilýän talaplary sanap geçýär hem-de olaryň ýer ýüzünde etmeli işlerini kesgitleýär. Ilki Ýahýa Çokundyryjy, soňra Isa, ahyry bolsa onuň şägirtleri: «Gökleriň Patyşalygy golaýlady» diýip wagyz etdiler. Şeýle-de Isanyň tabşyrygy bu dünýäniň soňuna çenli ýerine ýetirilýär: «Patyşalyk baradaky bu Hoş Habar hemme milletlere güwälik hökmünde dünýäniň ähli ýerinde wagyz ediler; ahyrzamana şonda geler». Dogrudan-da, Rebbiň göreldesine eýerip, Patyşalyk işine gatnaşmak we «bütin milletlerden şägirt taýýarlamak» uly hem ajaýyp mümkinçilik! (Mat. 3:2; 4:17; 10:7; 24:14; 28:19).

30 Mattanyň Injili, hakykatdan-da, «hoş habar». Bu b. e. I asyrynda onuň habaryna gulak asan adamlar üçinem «hoş habardy» we Ýehowa Hudaý onuň şu günlere çenli «hoş habar» bolup galmagy üçin alada etdi. Hatda hristian däl adamlar hem Injiliň güýjüni ykrar edipdir. Meselem, Hindistanyň syýasy ýolbaşçysy Mohandas (Mahatma) Gandi Hindistanyň öňki wise-koroly lord Irwine şeýle diýipdir: «Eger siziň ýurduňyz bilen meniň ýurdum Isanyň Dagdaky wagzynyň taglymatlaryna esaslanyp, bir ylalaşyga gelse, onda biz diňe ýurdumyzyň däl-de, eýsem bütin dünýäniň kynçylyklaryny hem çözeris»e. Ýene-de bir sapar Gandi şeýle diýdi: «Dagdaky wagzyň çuň çeşmesinden ganyp içiň... çünki onuň prinsipleri hemmeler we her bir adam üçin ýazyldy»f.

31 Muňa garamazdan, bütin dünýä we özüne hristian diýýänler hem kynçylyklaryny çözüp bilmeýärler. Diňe hakyky mesihçileriň kiçijik topary Mattada ýazylan Dagdaky wagzyň we beýleki gymmatly maslahatlaryň gadyryny bilip, öwrenip hem-de durmuşda ulanyp, bahasyna ýetip bolmajak peýda alýarlar. Isanyň hakyky bagty tapmak, ahlak kadalary, nika, söýginiň güýji, Hudaýa ýaraýan doga, ruhy baýlygyň maddy baýlykdan has gymmatdygy, öňürti Patyşalygy agtarmak, mukaddes zatlara hormat goýmak, ägä bolmak we gulak asmak hakdaky nesihatlaryny gaýta-gaýta öwrenmek örän peýdalydyr. Mattanyň 10⁠-⁠njy babynda Isa «Gökleriň Patyşalygy» barada hoş habary wagyz etjek şägirtlerine maslahat berýär. Isanyň aýdan tymsallarynyň köpüsi «eşitmäge gulagy barlara eşitmek» üçin möhüm sapak berýär. Galyberse-de, Isanyň pygamberlikleri, mysal üçin, özüniň «gelmeginiň alamatyny» jikme-jik aýtmagy gelejege berk umyt hem ynam döredýär (Mat. 5:1⁠—⁠7:29; 10:5⁠—⁠42; 13:1⁠—⁠58; 18:1⁠—⁠20:16; 21:28⁠—⁠22:40; 24:3⁠—⁠25:46).

32 Mattanyň Hoş habarynda köp sanly ýerine ýeten pygamberlikler bar. Şol pygamerlikleriň ýerine ýetendigini görkezmek üçin ylhamly Ýewreý Ýazgylaryndan ençeme aýatlar getirilýär. Olar Isanyň Mesihdigini jedelsiz subut edýär, çünki şol jikme-jikleriň ählisini öňünden taýýarlamak asla mümkin däl. Meselem, Matta 13:14, 15 bilen Işaýa 6:9, 10⁠-⁠y; Matta 21:42 bilen Zebur 118:22, 23⁠-⁠i; Matta 26:31, 56 bilen Zakarýa 13:7⁠-⁠ni deňeşdiriň. Bu pygamberlikleriň ýerine ýetmegi Ýehowanyň «Gökleriň Patyşalygy» babatda ajaýyp niýeti amala aşanda, Matta kitabynda ýazylan Isanyň pygamberlikleri hem hökman ýerine ýetjekdigine berk ynam döredýär.

33 Hudaý Patyşalygyň Patyşasynyň ýaşaýşyny nähili anyk, hatda kiçijik jikme-jikliklerine çenli öňünden aýdypdyr! Şonuň ýaly wepaly Matta-da Hudaýyň mukaddes ruhy arkaly şol pygamberlikleriň ýerine ýetişini nähili dogry beýan edýär! Matta kitabyndaky pygamberlikleriň we wadalaryň ýerine ýetişini okap, onuň üstünde oýlanyp, dogrulygy söýýän adamlar bilimini artdyryp, «Gökleriň Patyşalygyna» bolan umydyny berkiderler, sebäbi Ýehowa Patyşalyk arkaly adyny mukaddes eder. Isa Mesihiň ýolbaşçylygyndaky Patyşalyk «ähli zadyň täzelenjek wagty, Ynsan Ogly Öz şöhratly tagtynda oturanda» ýumşak hem ruhy taýdan açlyk çekýän adamlara çäksiz durmuş bereketlerini we bagtyýarlygy berer (Mat. 19:28). Şularyň hemmesi «Mattanyň» ruhlandyryjy hoş habarynda beýan edilýär.

[Çykgytlar]

a 1981⁠-⁠nji ýylda gaýtadan neşir edilen, Jilt V, sah. 895.

b Translation from the Latin text edited by E. C. Richardson and published in the series “Texte und Untersuchungen zur Geschichte der altchristlichen Literatur,“ Leipzig, 1896, Vol. 14 p. 8,9.

c The Ecclesiastical History, VI, XXV, 3⁠—⁠6

d Introduction to the Study of the Gospels, 1896, B. F. Westcott, p. 201.

e Treasury of the Christian Faith, 1949, edited by S. I. Stuber and T. C. Clark, p 43.

f Mahatma Gandhi’s Ideas, 1930, by C. F. Andrews, p 96.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş