Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 41 — Markus
Ýazan: Markus
Ýazylan ýeri: Rim
Ýazylan wagty: b. e. tak. 60—65 ý.
Öz içine alýan wagty: b. e. 29—33 ý.
ISA Getsemani bagynda tussag edilip, resullar gaçyp gidende, «ýalaňaç bedenini diňe bir kendir mata bilen bürän bir ýaş ýigit» onuň yzyna düşdi. Märeke ony hem tutjak bolanda, «ol kendir matany taşlap, ýalaňaç halda olardan gaçyp gitdi». Aýtmaklaryna görä, bu ýaş ýigit Markus bolmaly. Resullaryň işleri kitabynda oňa «Markus lakamly Ýahýa» diýilýär. Ol Iýerusalimde ýaşaýan gurply maşgalada doglan bolmaly, sebäbi olaryň hususy jaýy we hyzmatkärleri bolupdyr. Onuň ejesi Merýem hem mesihçidi, şol döwrüň ýygnaklary bolsa onuň öýünde geçirilýärdi. Bir gezek perişde Petrusy türmeden boşadýar we ol Merýemiň öýüne baranda, şol ýerde üýşen doganlary görýär (Mar. 14:51, 52; Res. iş. 12:12, 13).
2 Kiprli lewili missioner Barnabas Markusyň daýysy bolupdyr (Res. iş. 4:36; Kol. 4:10). Barnabas we Pawlus açlyk çekýänlere kömek etmek üçin Iýerusalime baranda, Markus Pawlus bilen tanyşýar. Ýygnakdaky doganlar we yhlasly aýlanýan gözegçiler bilen gürrüňdeşlik edende, Markusda missioner bolmaga isleg döreýär. Markus Pawlus bilen Barnabasyň birinji missionerlik syýahatynda ýoldaşy we kömekçisi bolýar. Emma saý-sebäp bilen, Markus Pamfiliýa Pergasynda olary goýup, Iýerusalime gaýdýar (Res. iş. 11:29, 30; 12:25; 13:5, 13). Şol sebäpli-de Pawlus Markusy ikinji missioner saparyna äkitmekden ýüz öwürýär. Şeýdip, Pawlus bilen Barnabasyň arasyna agzalalyk düşýär. Pawlus Silasy, Barnabas bolsa ýegeni Markusy alyp gämili Kipre gidýär (Res. iş. 15:36—41).
3 Markus gullukda özüni gowy tarapdan görkezip, diňe bir Barnabasa däl, eýsem, Petrus we Pawlus resullara-da köp kömek etdi. Pawlusyň Rimdäki birinji tussaglygynda (takmynan b. e. 60—61-nji ý.) Markus onuň ýanyndady (Flm. 1, 24). Soňra b. e. 62—64-nji ýyllary aralygynda Markus Babylda Petrusa kömek edýär (1 Pet. 5:13). B. e. 65-nji ýylynda Pawlus Rimde ýene-de tussag astyna alynýar, şonuň üçin ol Timoteosa ýazan hatynda «hyzmatyny ýerine ýetirmäge... kömegi deger» ýaly ýany bilen Markusy getirmegi haýyş edýär (2 Tim. 1:8; 4:11). Injiliň şu ýerinde Markus barada soňky sapar agzalýar.
4 Iň gysga Hoş habary Markus ýazypdyr diýip hasaplaýarlar. Ol Isanyň resullary bilen eginme-egin işleşip, hoş habaryň ugrunda janyny gaýgyrmandyr. Ýöne Markus 12 resulyň hataryna girmeýär we Isanyň ýakyn ýoldaşy däldi. Eýsem, ol Isanyň gullugy hakda başdan-aýak janly hekaýaty nädip düzüpdir? Käbir jikme-jiklikleri nireden alypdyr? Buthananyň irki taryhçylary Papiýiň, Origeniň we Tertullianyň pikirine görä, Markus ýazan zatlaryny Petrusdan eşidipdir, sebäbi olar ýakyn gatnaşyk saklapdyrlara. Petrus hatda oňa «oglum» diýipdir (1 Pet. 5:13). Petrus Markusyň ýazan zatlarynyň hemmesiniň gözli şaýady bolýar, ol beýleki Hoş habarlarda ýazylmadyk käbir jikme-jiklikleri Petrusdan eşiden bolmaly. Meselem, Markusyň aýtmagyna görä, Zebedeý «günlükçileri» hakyna tutupdyr; heýwere keselli bir adam Isadan haýyş edende, «dyza çöküpdir»; jyn-arwahly adam «özüni daşlar bilen ýaralapdyr»; Isa «Ynsan Oglunyň uly gudrat hem şöhrat bilen geljegi» hakdaky pygamberligini «Zeýtun dagynda ybadathananyň garşysynda otyrka» aýdypdyr (Mar. 1:20, 40; 5:5; 13:3, 26).
5 Petrus duýgur adam bolany üçin Isanyň duýgularyna we pikirlerine gowy düşünip, olary Markusa beýan edip bilipdir. Şol sebäpli Markus köplenç Isanyň özüni duýşy we käbir zatlaryň oňa täsir edişi barada ýazýar. Meselem, Isa «töweregindäkilere gahar bilen bakyp, olaryň doňýürekdigine gynandy», «ah çekdi» we «ruhundan ah çekdi» diýýär (Mar. 3:5; 7:34; 8:12). Diňe Markus Isanyň baý ýigide garaýşy we duýgulary hakda aýdyp, «oňa söýgi bilen seretdi» diýýär (Mar. 10:21). Isa şägirtleriniň ortasynda bir çagany diňe goýmak bilen çäklenmän, eýsem, «ony gujaklapdyr». Bir gezek bolsa, «çagalary gujaklap, elini üstlerinde goýupdyr». Ol muny şeýle mähirli gürrüň berýär! (Mar. 9:36; 10:13—16).
6 Petrusyň käbir gylyk-häsiýeti Markusyň beýan ediş usulyndan görünýär: janly, gyzykly hem-de täsirli. Ol hamala wakalary zordan aýdyp ýetişýär. Meselem, «derrew», «tiz», «şol pursatda», «şol wagt» diýen sözleri häli-şindi duş gelýär we kitaby has-da täsirli edýär.
7 Markusyň Mattanyň hoş habaryny okamaga mümkinçiligi bolup, onuň kitabynda beýleki Hoş habarlarda ýok maglumatyň diňe 7 göterimi bolsa-da, Markus Mattanyň Hoş habaryny ýöne gysgaldyp, üstüne birki jikme-jikligi goşup ýazypdyr diýsek, ýalňyş bolar. Matta Isany wada edilen Mesih we Patyşa hökmünde suratlandyrsa, Markus bolsa onuň ýaşaýşyna hem işlerine başga tarapdan seredýär. Ol Isany Hudaýyň gudrat görkezýän Ogly hem-de ýeňiş gazanýan Halasgär hökmünde beýan edýär. Markus Mesihiň wagyzlaryna we taglymatlaryna däl-de, onuň eden işlerine has köp üns berýär. Onuň kitabynda tymsal köp däl we Isanyň diňe bir sany uzyn çykyşy berilýär, Dagdaky wagzy bolsa goşulmandyr. Şol sebäpli-de, Markusyň Hoş habary gysgarak, ýöne agzalýan wakalar beýleki Hoş habarlardan az däl. Onda Isanyň görkezen gudratlarynyň azyndan 19 sanysy gürrüň berilýär.
8 Matta Hoş habaryny ýehudylar üçin ýazan bolsa, Markus öz Hoş habaryny esasan rimliler üçin ýazan bolmaly. Näme üçin şeýle netijä gelip bileris? Musanyň kanuny diňe gürrüňdeşlikde agzalan mahaly ýatlanýar. Isanyň nesil şejeresi bolsa asla berilmändir. Markusyň Hoş habaryna görä, Mesihiň hoş habary ähli adamzat üçin ähmiýetli. Ol ýehudylaryň däp-dessurlaryny we taglymatlaryny jikme-jik düşündirýär, sebäbi ýehudy däl okyjylar düşünmezligi mümkindi (Mar. 2:18; 7:3, 4; 14:12; 15:42). Şeýle-de arameý dilindäki jümleler terjime edilýär (Mar. 3:17; 5:41; 7:11, 34; 14:36; 15:22, 34). Markus Palestinanyň geografiki we ösümlik atlaryny düşündirip geçýär (Mar. 1:5, 13; 11:13; 13:3). Ýehudy pulunyň hümmeti rim pul birliginde berilýär (Mar. 12:42). Ol latyn sözlerini beýleki hoş habarçylardan has köp ulanýar. Meselem, spekulator (jellat [janpena, TD]), pretoriý (hökümet köşgi) we senturion (ýüzbaşy) (Mar. 6:27; 15:16, 39).
9 Markus kitabyny esasan rimliler üçin ýazanlygyny göz öňünde tutsak, ol ony Rimde ýazan bolmaly. Irki buthana taryhçylary-da, kitabyň mazmuny-da, onuň Rim şäherinde Pawlus resulyň birinji ýa ikinji tussaglygy döwründe, ýagny b. e. 60—65-nji ýyllarynda ýazylandygyna güwä geçýär. Şol ýyllar Markus Rimde azyndan bir sapar, hatda iki saparam bolandyr. II we III asyryň abraýly çeşmeleriniň ählisi hem şu Hoş habary Markusyň ýazandygyny tassyklaýar. II asyryň ortalaryna bu Hoş habar mesihçileriň arasynda giňden ulanylýardy. Bu kitabyň ir döwürdäki Hristian Grek Ýazgylarynyň ähli ýygyndylaryna goşulmagy hem Markusyň Hoş habarynyň ynama mynasypdygyny tassyklaýar.
10 Emma käwagt 16-njy babyň 8-nji aýadyndan soň goşulýan uzyn we gysga jemlemeleri ynama mynasyp hasaplap bolmaz. Sebäbi olar iň gadymy golýazmalaryň köpüsinde, mysal üçin, Sinaý ýygyndysynda we Watikan ýygyndysy No.1209-da ýok. IV asyryň Ýewsewiý we Iýeronim atly diniň taglymatçylary ygtybarly golýazmalaryň «...çünki gorkýardylar» diýen sözi bilen gutarýandygyny biragyzdan tassyklaýarlar. Beýleki jemlemeler welin, Hoş habaryň duýdansyz gutaryşyny düzetmek üçin goşulan bolmagy ahmal.
11 Markusyň beýan eden hekaýatyna dogry diýse bolar, sebäbi onuň Hoş habary diňe bir beýleki Hoş habarlar bilen däl-de, eýsem, Barlykdan tä Ylhama çenli başdan-aýak Mukaddes Ýazgylara doly gabat gelýär. Galyberse-de, Isanyň diňe bir erk-ygtyýarly gepleýänligi däl, eýsem, tebigatdan, Şeýtandan we jynlardan, keselçilikden, hatda ölümdenem güýçlüdigi görkezilýär. Markus gürrüňini: «Isa Mesih hakdaky Hoş Habaryň başlangyjy» diýen täsirli sözler bilen başlaýar. Onuň gelmegi we gullugy «hoş habar» hasaplanýar, şol sebäpli Markusyň Hoş habary ähli okyjylar üçin peýdaly bolar. Markusyň beýan edýän wakalary b. e. 29-njy ýylynyň baharyndan tä b. e. 33-nji ýylynyň baharyna çenli aralygy öz içine alýar.
PEÝDASY
31 Isa Mesihiň obrazynyň gowy beýan edilendigi sebäpli, Markus kitabynyň irki mesihçilerden tä häzirki döwre çenli ýaşaýan ähli okyjylary Ýewreý Ýazgylarynda Mesih barada ýazylan pygamberlikleriň ýerine ýetişine düşünip bilýärler. Isanyň yhlasly gullugy hakda Markusyň: «Ine, Men Öz habarçymy seniň öňüňden iberýärin» diýen ilkinji sözlerinden başlap, tä Isanyň pürsde: «Hudaýym, Hudaýym! Näme üçin meni terk etdiň?» diýip, howsala bilen aýdan sözlerine çenli Ýewreý Ýazgylarynda aýdylanlara laýyk gelýär (Mar. 1:2; 15:34; Mal. 3:1; Zeb. 22:1). Şeýle-de onuň görkezen gudratlary, ajaýyp işleri, sagdyn taglymaty, garşydaşlarynyň sözlerini kemsiz ýalana çykarmagy, Ýehowanyň Sözüne we ruhuna ýürekden bil baglamagy, goýunlar hakda mähirli alada etmegi — onuň Hudaýyň Ogly bolup ygtyýarynyň bardygyny görkezýär. Ol Ýehowadan «erk-ygtyýar» alan adam hökmünde öwredýärdi hem-de ýer ýüzüne «Hudaýyň Patyşalygynyň golaýlandygy» hakda hoş habary wagyz etmäge gelendigini gaýta-gaýta aýdýardy. Onuň taglymaty gulak asýan adamlaryň ählisine ummasyz peýda berýär (Mar. 1:22, 14, 15).
32 Isa şägirtlerine: «Hudaýyň Patyşalygynyň syry size berildi» diýýär. Markus «Hudaýyň Patyşalygy» diýen jümläni 14 sapar ulanýar we Patyşalyk arkaly ýaşaýşa gowuşmak isleýänler üçin köp sanly ugrukdyryjy prinsipleri sanap geçýär. Isa şeýle diýdi: «Kim janyny Meniň we Hoş Habaryň ugrunda ýitirse, ony halas eder». Hiç bir zat ýaşaýşa gowuşmaga päsgel bermeli däl: «Saňa ýeke gözli bolup Hudaýyň Patyşalygyna girmek iki gözli bolup dowzaha zyňylmakdan gowudyr». Soňra Isa: «Kim Hudaýyň Patyşalygyny bir çaga ýaly kabul etmese, ol ýere asla girip bilmez» we «Barlylara Hudaýyň Patyşalygyna girmek nähili çetin!» diýdi. Isanyň aýtmagyna görä, iki uly tabşyrygy berjaý etmegiň ýakylýan sowgatlary we gurbanlygy bermekden has wajypdygyna düşünýän adam «Hudaýyň Patyşalygyndan uzak däldir». Patyşalyk barada Markusyň Hoş habarynda aýdylan şu we beýleki hakykatlarda köp peýdaly öwüt-nesihatlar bar. Biz olary gündelik durmuşymyzda ulanyp bileris (Mar. 4:11; 8:35; 9:43—48; 10:13—15, 23—25; 12:28—34).
33 «Markusyň Hoş habaryny» başdan-aýak birki sagatda okap çyksa bolýar. Bu okyja Isanyň gullugynyň täsin, joşgunly we janlydygyna göz ýetirmäge kömek eder. Markusyň kitabyny bir demde okasak-da, çuňňur öwrenip, üstünde oýlansak-da, hemişe peýdaly bolar. I asyrda bolşy ýaly, Markusyň Hoş habary şu günki yzarlanýan mesihçiler üçinem peýdaly, sebäbi «kyn pursatlarda» ýaşaýan häzirki mesihçiler Hudaýyň görkezmesine mätäç we olar muny Göreldämiz Isa Mesih barada okap alýarlar. Ony okaň, tolgundyryjy wakalar hakda oýa batyň, goý, ol size mundan beýläk-de imanymyzyň Öňbaşçysy we Kämilleşdirijisi Isanyň göreldesine çäksiz begenç bilen eýermäge güýç bersin (2 Tim. 3:1; Ýew. 12:2). Hawa, Isa Mesihi dogumly adam hökmünde göz öňüne getiriň, şonda yhlasyňyz artyp, sizem synaglarda we yzarlamalarda sarsmaz çydamly hem mert bolarsyňyz. Ylhamly Ýazgylaryň şu gymmatly kitabyndan göwünlik tapyň. Goý, Markusyň Hoş habary size ebedi ýaşaýşa gowuşmaga ýardam etsin!
[Çykgytlar]
a «Ýazgylara düşünmek» (iňl.), jilt 2, sah. 337.