Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 42 — Luka
Ýazan: Luka
Ýazylan ýeri: Kaýsariýa
Ýazylan wagty: b. e. tak. 56—58 ý.
Öz içine alýan wagty: b. e. öň 3—b. e. 33 ý.
LUKANYŇ hoş habaryny ýiti akylly, rehimdar ýürekli adam ýazýar. Şeýle häsiýetleriň we Hudaýyň ruhunyň kömegi bilen, dogry hem mähir-muhabbetli kitap emele geldi. Luka Hoş habaryny şeýle sözler bilen başlaýar: «Muňa görä tä başyndan hemmesini üns bilen barlaşdyryp... ählisini bolşy ýaly, birin-birin saňa ýazmaklygy maslahat bildim». Onuň şeýledigine Lukanyň jikme-jik we anyk ýazgysy güwä geçýär (Luka 1:2, 4).
2 Kitapda Lukanyň ady agzalmasa-da, gadymy abraýly çeşmeler bu Hoş habary onuň ýazandygy bilen ylalaşýarlar. Hoş habary Lukanyň ýazandygy barada Muratoriniň fragmentinde (b. e. 170-nji ýyl töweregi) aýdylýar, munuň bilen II asyrda ýaşap geçen Lionly Irineý we Aleksandriýaly Kliment ýaly ýazyjylar hem ylalaşýarlar. Kitabyň mazmuny hem Lukanyň ýazandygyna şaýatlyk edýär. Kitabyň ylmy taýdan düzülmegi-de ony ýokary bilimli adamyň, mysal üçin, lukmanyň ýazandygyny tassyklaýar. Ol hakda Pawlus hem Koloseliler 4:14-de: «Söýgüli tebip Luka» diýýär. Onuň dürdäne dili we söz baýlygy hoş habarçylaryň üçüsini bile alanyňdan-da has uludyr. Bu bolsa oňa orta atan wajyp temasyny dykgatly we hemme taraplaýyn açyp görkezmäge ýardam edýär. Käbir adamlar onuň ýiten ogul baradaky tymsalyny taryhda iň gowy gysgajyk hekaýa hasaplaýarlar.
3 Luka 300-den gowrak medisina terminini ýa-da medisina manyly sözleri ulanýar. Injiliň beýleki ýazyjylary welin, şol sözleri başga manyda (eger ulanan bolsalar) ulanypdyrlara. Meselem, heýwere keseli hakda aýdanda, Luka beýleki hoş habarçylar ýaly hemişe şol bir sözi ulanmaýar. Olara heýweräniň ähli görnüşi bir ýaly, ýöne lukman üçin welin, heýwere keseliniň dürli görnüşleri bar. Meselem, Luka «tutuş endamy heýwere keselli bir adam» diýýär. Onuň aýtmagyna görä, Lazaryň «tutuş bedenini baş tutupdyr». Hoş habary ýazanlaryň hiç biri Petrusyň gaýynenesiniň «agyr gyzzyrma tutup ýatandygyny» aýtmaýar (Luka 5:12; 16:20; 4:38). Hoş habarçylaryň üçüsi hem Petrusyň baş ruhanynyň hyzmatkärini urup, gulagyny kesendigini aýtsa-da, diňe Luka Isanyň ony sagaldandygyny agzap geçýär (Luka 22:51). Luka lukman hökmünde bir aýalyň «on sekiz ýyl bäri içinde ejizlik ruhy bardy» we «ol iki eplenip, asla gönelip bilmeýärdi» diýýär. Eýsem, «söýgüli tebip Lukadan» başga kim samariýaly adamyň bir ýehudynyň «ýaralaryna zeýtun ýagy bilen şerap guýup sarap», ilkinji kömegi berşini jikme-jik ýazyp bilerdi? (Luka 13:11; 10:34).
4 Luka Hoş habaryny haçan ýazdyka? Resullaryň işleri 1:1-de kitabyň ýazyjysy (ol hem Luka) öňräk «ilkinji kitabyny», Hoş habary ýazandygy barada aýdylýar. Resullaryň işleri kitaby takmynan b. e. 61-nji ýylynda ýazylan bolmaly. Şonda Luka Pawlus bilen Rimdedi we tizden kaýsar Pawlusyň arzyny diňlemelidi. Pawlus kaýsara arz edeni üçin Rime äkidilmezinden öň iki ýyl Kaýsariýada tussaglykda bolýar we özüniň üçünji missionerlik syýahatyny tamamlandan soň, Pawlus bilen Filipiden gaýdyp gelýär. Diýmek, Luka Hoş habaryny takmynan b. e. 56—58-nji ýyllarynda ýazan bolmaly. Palestinada wagty Luka üçin Isanyň ýaşaýşy we gullugy hakda «tä başyndan hemmesini üns bilen barlaşdyrmaga» amatly ýagdaý döredi. Şeýdip, Lukanyň kitaby Markusyň Hoş habaryndan hem öňräk ýazylandyr diýsek bolar.
5 Elbetde, Luka ýazan ähli wakalarynyň gözli şaýady bolmandy, sebäbi ol 12 resulyň biri däldi. Ol Isa ölenden soň iman eden bolmaly. Emma ol Pawlus bilen missioner gullugynda ýakyndan hyzmatdaşlyk edipdir (2 Tim. 4:11; Flm. 24). Şunlukda, çak edilişi ýaly, onuň ýazan kitabynda Pawlusyň täsiri duýulýar. Munuň şeýledigine Luka 22:19, 20-nji we 1 Korintoslylar 11:23—25-nji aýatlarda ýazylan Rebbiň Agşam naharyny deňeşdirip görsek, has-da köp göz ýetirýäris. Mümkin, Luka Mattanyň Hoş habaryna-da ýüz tutandyr. Ol «tä başyndan hemmesini üns bilen barlaşdyrmak» üçin Isanyň ýaşaýşyndaky wakalaryň gözli şaýatlary, meselem, diri galan şägirtleri, mümkin, Isanyň ejesi Merýem bilen gürrüňdeş bolandyr. Biz onuň ygtybarly maglumaty toplamak üçin elinden geleni edendigine ynayp bileris.
6 Dört Hoş habary çuňňur öwrensek, onda kitaby ýazanlaryň birek-biregiň gürrüňini ýöne bir gaýtalamaýandygyna we Mukaddes Ýazgylaryň iň wajyp habary üçin ýene-de bir delilnama ýazmandygyna göz ýetirýäris. Lukanyň kitaby beýlekileriňkiden düýpli tapawutlanýar. Umuman, onuň Hoş habaryndaky maglumatyň 59 göterimi beýleki Hoş habarlarda duş gelmeýär. Ol azyndan alty gudraty jikme-jik ýazypdyr we iki esse köp tymsal gürrüň berýär, olaryň köpüsi beýleki Hoş habarlarda duş gelmeýär. Onuň Hoş habarynyň üçden bir bölegi hekaýa, üçden iki bölegi bolsa başganyň sözi görnüşinde berilýär. Bu kitap dört Hoş habaryň içinde iň uzyny. Matta, esasan, ýehudylar üçin ýazypdyr, Markus bolsa ýehudy däl okyjylara, aýratynam, rimlilere niýetläpdir. Lukanyň Hoş habary «gadyrly Teofilus» hem-de şol arkaly başga adamlar, ýagny ýehudylar we ýehudy däller üçin ýazylypdyr (Luka 1:1, 2). Matta kitabyny ýehudylar üçin ýazýar, şonuň üçin hem Isanyň nesil şejeresini Ybraýymdan yzarlap gaýdýar. Emma Luka öz kitabyny bütin adamzat üçin ýazýar, şol sebäpli Isanyň nesil şejeresini «Adam [atadan]... Hudaý oglundan» yzarlap gaýdýar. Ol Isanyň «milletleri ýagtyltjak yşyk» we «bütin adamzada Hudaýyň berjek gutaryşy» boljakdygyny aýdyp, Simunyň pygamberlik sözlerini aýratyn belleýär (Luka 3:38; 2:29—32; 3:6).
7 Bütin kitabyň dowamynda Lukanyň ussat gürrüňçidigi görünýär. Onuň Hoş habary mazmunly hem düşnükli. Lukanyň dogruçyl hem anyk ýazmagy Hoş habarynyň ynama mynasypdygyny gürrüňsiz subut edýär. Bir ýurist şeýle diýýär: «Dessanlarda, rowaýatlarda we ýalan şaýatlyklarda wakalar uzak bir ýerlerde näbelli wagtda bolup geçýär, şeýdip, kazyýetde berjaý edilmeli birinji düzgün bozulýar, biz, aklawçylar bolsa, «wakanyň bolan wagtyny we ýerini aýtmagy» öwrenýäris. Emma Mukaddes Ýazgylaryň kitaplarynda welin, bize bolan wakalaryň wagty we ýeri örän takyk aýdylýar»b. Ol delil hökmünde Luka 3:1, 2-ni getirýär: «Kaýsar Tiberiusyň häkimliginiň on bäşinji ýylynda, Pontius Pilatus Ýahudanyň häkimikä, Hirodes Jelile tetrarhy, onuň dogany Filipus Iturea we Trahonitis welaýatynyň tetrarhy, Lisaniýas Abiliniň tetrarhydy. Hanna bilen Kaýafa hem baş ruhanydy. Şonda çölde Zakarýanyň ogly Ýahýa Hudaýyň sözi geldi». Şu aýatlarda wagty we ýeri takyk aýdylýar. Luka azyndan ýedi döwlet işgäriniň adyny agzaýar, şoňa görä-de, biz Ýahýanyň we Isanyň haçan gulluk edip başlandygyny anyklap bilýäris.
8 Şeýle-de Luka 2:1, 2-nji aýatlarda Isanyň doglan wagtyny kesgitlemäge kömek edýän iki jikme-jiklik agzalýar: «Şol günlerde kaýsar Awgust bütin dünýäde ilat ýazuwyny geçirmeli diýen buýrugy çykardy. Bu Kiriniusyň Siriýa häkimlik edýän wagtynda geçirilen ilkinji ýazuwdy». Şonda Ýusup bilen Merýem Beýtullahama baryp, ilat ýazuwyndan geçýärler, şol ýerde-de Isa dünýä inýärc. Biz şeýle sözleri aýdan teswirçi bilen ylalaşman bilmeris: «Bu Lukanyň taryhy takyklygynyň iň talapkär barlagynyň biridir: ol hemişe birkemsiz takyk ýazýar»d. Şonuň üçin biz Lukanyň: «Tä başyndan hemmesini üns bilen barlaşdyrdym» diýen sözleriniň dogrudygyny boýun almaly.
9 Luka Ýewreý Ýazgylaryndaky pygamberlikleriň Isa Mesihde doly ýerine ýetendigini hem belläp geçýär. Munuň üçin ol Isanyň özüniňem ylhamly güwäligini getirýär (Luka 24:27, 44). Şeýle-de ol Isanyň geljekki wakalar hakda aýdan pygamberliklerini anyk beýan edýär, olaryň köpüsi eýýäm ähli jikme-jikligi bilen ýerine ýetdi. Meselem, Isanyň aýdyşy ýaly, Iýerusalim gazyk görnüşli kakylan agaç haýat bilen gabalýar, ilaty bolsa b. e. 70-nji ýylynda bolan elhenç gyrlyşykda heläk bolýar (Luka 19:43, 44; 21:20—24; Mat. 24:2). Rim goşuny bilen şol wakany gören taryhçy Iosif Flawiýiň aýtmagyna görä, agaç haýat gurmak üçin 16 kilometr daş-töwereginde ösýän ähli agaçlary çapypdyrlar, gabaw diwarynyň uzynlygy 7 kilometr bolupdyr, aýal-gyzlaryň we çagalaryň köpüsi açlykdan ölüpdirler, 1 000 000-dan gowrak ýehudy heläk bolupdyr, 97 000 bolsa ýesirlige äkidilipdir. Titiň Rimde guran arkasy şu günlere çenli saklanyp galypdyr. Onda rimlileriň Iýerusalim ybadathanasyndan alan oljalary bilen ýeňiş dabarasyny gurnaýşy görkezilýäre. Biz Lukanyň Hudaýyň ylhamy bilen ýazan beýleki pygamberlikleriniň hem doly ýerine ýetjekdigine ynanyp bileris.
PEÝDASY
30 «Lukanyň hoş habary» Hudaýyň Sözüne ynamyňy berkidýär we imanyňy güýçlendirýär, bu bolsa zalym dünýäniň urgularyna garşy durmaga kömek edýär. Luka Ýewreý Ýazgylaryndaky pygamberlikleriň doly ýerine ýetişine degişli köp mysallar getirýär. Lukanyň Hoş habarynda Isa özüne berlen tabşyrygy Işaýa kitabynda ýazylan sözler bilen düşündirýär, bu bolsa kitabyň esasy temasy edip alynýar (Luka 4:17—19; Iş. 61:1, 2). Şonda Isa Pygamberler kitabynda ýazylan sözleri agzap geçýär. Şeýle-de ol Iblisiň üç synagyny ret edende, Töwratda ýazylan sözleri getirýär. Garşydaşlaryndan: «Nämüçin Mesih Dawudyň Ogludyr diýýärler?» diýende bolsa, Zeburda ýazylan sözleri getirýär. Lukanyň Hoş habarynda Ýewreý Ýazgylaryndan başga-da köp aýatlar getirilýär (Luka 4:4, 8, 12; 20:41—44; Kanun. 8:3; 6:13, 16; Zeb. 110:1).
31 Zakarýa 9:9-da öňünden aýdylyşy ýaly, Isa Iýerusalime taýharly girende, märeke ony uly şatlyk bilen garşylap, Zebur 118:26-daky sözleri oňa degişli edýärler (Luka 19:35—38). Lukanyň Hoş habarynyň bary-ýogy iki aýadynda Ýewreý Ýazgylarynda Isanyň masgaraçylykly ölümi we direlişi hakda aýdylan alty pygamberligiň ýerine ýetişi görkezilýär (Luka 18:32, 33; Zeb. 22:7; Iş. 50:6; 53:5—7; Ýunus 1:17). Galyberse-de, Isa direlip, şägirtlerine tutuş Ýewreý Ýazgylarynyň ähmiýetlidigini ynamly düşündirdi. «Olara diýdi: «Men hakda Musanyň Kanunynda, pygamberleriň ýazgylarynda, Zeburda ýazylanlaryň bary berjaý bolmalydyr diýip, entek siziň ýanyňyzdakam aýdan sözlerim şulardyr». Onsoň Ýazgylara düşünmekleri üçin olaryň aňlaryny açdy» (Luka 24:44, 45). Isanyň ilkinji şägirtleri kimin biz hem Ýewreý Ýazgylarynyň berjaý bolan pygamberliklerine ünsli bolsak, onda bilimimiz artar we imanymyz berkär, çünki Luka hem-de Injiliň beýleki ýazyjylary olaryň ählisini anyk düşündirip geçipdirler.
32 Luka bütin kitabynyň dowamynda, okyjysynyň nazaryny Hudaýyň Patyşalygyna gönükdirýär. Ol kitabyň başynda perişdäniň Merýeme çagasynyň «Ýakubyň öýüne ebedi patyşalyk etjekdigini, patyşalygynyň soňunyň bolmajakdygyny» wada berşinden başlap, tä soňky baplarynda Isanyň resullary bilen Patyşalyk ähtini baglaşan wagtyna çenli Patyşalyga bolan umydy belläp geçýär (Luka 1:33; 22:28, 29). Luka Isanyň Patyşalygy wagyz etmek işine ýolbaşçylyk edişini, başda 12 resuly, soňra 70 şägirdini iberişi hakda gürrüň berýär (Luka 4:43; 9:1, 2; 10:1, 8, 9). Isa Patyşalyga girmek üçin janyň-teniň bilen wepaly bolmagyň zerurdygyny jaýdar belläp: «Goý, ölüler öz ölülerini jaýlasynlar, ýöne sen git-de, Hudaýyň Patyşalygyny wagyz et» hem-de «eline azaly alansoň, yzyna seredýän adam Hudaýyň Patyşalygyna ýaraşmaz» diýdi (Luka 9:60, 62).
33 Şeýle-de Luka Hudaýa doga etmegiň wajypdygyny belläp geçýär. Onuň Hoş habary muny has gowy düşündirýär. Kitapda Zakarýa ybadathana girende, märekäniň doga edişi, Hudaýdan çaga bermegi sorap, edilen doganyň jogaby hökmünde Ýahýa çokundyryjynyň dogulmagy hem-de pygamber aýal Annanyň gije-gündiz doga edişi hakda gürrüň berilýär. Şeýle-de Isanyň suwda çokundyrylan mahaly doga edişi, 12 resuly saýlamak üçin uzyn gijäni doga edip geçirişi hem-de Isanyň görnüşi üýtgände eden dogasy beýan edilýär. Isa şägirtlerine «hemişe doga edip, asla ruhdan düşmezligi» ündeýär. Soňra işini adalatly çözüp berýänçä kazynyň ýanyna üznüksiz baran bir dul hatyn barada aýdyň mysal getirýär. Diňe Luka şägirtleriniň Isadan doga etmegi öwretmegi haýyş edendigini we Isa Zeýtun dagynda doga edýärkä bir perişdäniň ony güýçlendirendigini aýdýar. Şeýle-de, diňe Luka Isanyň soňky dogasynyň sözlerini ýazýar: «Eý Ata! Ruhumy Seniň eliňe berýärin!» (Luka 1:10, 13; 2:37; 3:21; 6:12; 9:28, 29; 18:1—8; 11:1; 22:39—46; 23:46). Lukanyň Hoş habary ýazylan döwründe bolşy ýaly, şu günler hem Ýehowa doga etmek — Hudaýyň islegini berjaý edýänleriň ählisini berkitmegiň wajyp çeşmesidir.
34 Luka özüniň synçylygy we janly beýany bilen Isanyň taglymatlaryny mähirli edip janlandyrýar. Isanyň gowşak, ejiz, göwnüçökgün adamlara bolan söýgüsi, mähri, rehimdarlygy we duýgudaşlygy kanunçylar bilen fariseýleriň doňýürekliginden, gözboýagçylygyndan, dar düşünjeliliginden hem-de ikiýüzliliginden göz-görtele tapawutlanýar (Luka 4:18; 18:9). Isa hemişe garyplara, ýesirlere, körlere we göwnüçökünlere göwünlik hem goldaw berýärdi. Şeýdip, ol «yzyny alyp götermek» isleýänler üçin ajaýyp görelde galdyrdy (1 Pet. 2:21).
35 Hawa, Hudaýyň gudrat görkezen kämil Ogly Isa şägirtlerini we ähli akýürekli adamlary söýüpdir we alada edipdir. Bizem onuň göreldesine eýerip, «Hudaýymyzyň ýüreginiň rehimliligine görä» söýgi bilen gulluk etmeli (Luka 1:78). Şonuň üçin «Lukanyň Hoş habary», hakykatdan-da, örän peýdaly. Biz «söýgüli tebip Luka» dogry, abatlaýjy we ruhlandyryjy kitaby ýazdyrany üçin Ýehowa ýürekden minnetdar bolup bileris. Çünki bu kitap «Hudaýyň gutaryşyny görkezjek» Isa Mesihiň ýolbaşçylygyndaky Patyşalygyň gutulyş getirjekdigini habar berýär (Kol. 4:14; Luka 3:6).
[Çykgytlar]
a «The Medical Language of Luke». 1954 ý. W. K. Hobart. sah. xi-xxviii.
b «A Lawyer Examines the Bible», 1943 ý., I. H. Linton, sah. 38.
c «Ýazgylara düşünmek», (iňl.) jilt 2, sah. 766, 767.
d «Modern Discovery and the Bible», 1955 ý., A. Rendle Short, sah. 211.
e «The Jewish War», V, 491—515, 523 (xii, 1—4); VI, 420 (ix, 3); şeýle-de seret: «Ýazgylara düşünmek», jilt 2, sah. 751, 752.