Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 44 — Resullaryň işleri
Ýazan: Luka
Ýazylan ýeri: Rim
Ýazylan wagty: b. e. tak. 61 ý.
Öz içine alýan wagty: b. e. tak. 33—61 ý.
YLHAMLY ÝAZGYLARYŇ 42-nji kitabynda Luka Isanyň göge galan wagtyna çenli onuň we şägirtleriniň ýaşaýşy, işleri we gullugy barada gürrüň berýär. Mukaddes Ýazgylaryň 44-nji kitaby bolan Resullaryň işleriniň taryhy ýazgylarynda bolsa, mukaddes ruhuň kömegi bilen irki mesihçiler ýygnagynyň döreýşi hakda gürrüň berilýär. Şeýle-de onda ilki ýehudylaryň, soňra özge milletleriň arasynda hoş habaryň ýaýraýşy beýan edilýär. Ilkinji 12 babyň köp böleginde Petrusyň eden işleri barada aýdylýar. Galan 16 babynda bolsa Pawlusyň işlerine üns berilýär. Luka Pawlusyň ýakyn dosty bolup, köp syýahatlarda oňa ýoldaş bolupdyr.
2 Kitap Teofilusa niýetlenip ýazylýar. Oňa «gadyrly» diýilmeginiň sebäbi, belki, ol döwlet işgäri bolandyr ýa-da çuňňur hormat-sylagyň nyşany hökmünde şeýle ýüzlenendir (Luka 1:1). Kitapda mesihçiler ýygnagynyň döreýşi we ösüşi hakda taryhy taýdan dogry maglumatlar berilýär. Ol Isanyň direlip, şägirtlerine görünmegi bilen başlanýar we b. e. 33-nji ýylyndan takmynan 61-nji ýylyna çenli aralykda bolan möhüm wakalary gürrüň berýär. Jemi 28 ýyl töweregi öz içine alýar.
3 Gadym wagtlardan bäri, Lukanyň Hoş habaryny ýazan adamyň Resullaryň işleri kitabyny hem ýazandygy aýdylýar. Kitaplaryň ikisi-de Teofilusa ýüzlenilip ýazylýar. Luka Hoş habarynyň soňky wakalaryny Resullaryň işleri kitabynyň ilkinji aýatlarynda gaýtalaýar we iki kitaby bir awtoryň işi hökmünde birleşdirýär. Bu bolsa iki kitaby hem bir adamyň ýazandygyny görkezýär. Luka Resullaryň işleri kitabyny b. e. 61-nji ýylynda, ýagny Pawlus resul bilen Rimde iki ýyllap bolan döwrüniň ahyrynda gutaran bolmaly. Kitapdaky wakalary göz öňünde tutsak, onuň irräk gutarylmagy mümkin däl. Kitap hut şol ýyl ýazylan bolmaly, sebäbi Pawlus kaýsara beren arzynyň jogabyna garaşýardy.
4 Iň gadymy döwürlerden bäri, dini akyldarlar Resullaryň işleri kitabyny ylhamly Ýazgylaryň ýygyndysyna girýän kitap hasaplaýardylar. Bu kitabyň parçalaryny Injiliň şu günlere çenli saklanan iň köne papirus golýazmalarynyň arasyndan tapyp bolýar. Olardan b. e. III ýa-da IV asyryna degişli Miçigan No.1571 papirusy (P38) we b. e. III asyryna degişli Çester Bitti No.1 (P45) papirusy belläp geçmäge mynasypdyr. Şu golýazmanyň ikisi hem Resullaryň işleri kitabynyň Mukaddes Ýazgylaryň beýleki kitaplary bilen ulanylandygyny, şonuň üçin-de ylhamly Ýazgylaryň irki ýygyndylaryna girendigini görkezýär. Lukanyň Resullaryň işlerinde ýazan zatlary onuň Hoş habary ýaly täsin takyklygy bilen tapawutlanýar. Jenap Uilýam M. Ramziniň aýtmagyna görä, Resullaryň işleri kitabyny ýazan adam «birinji derejeli taryhçy». Soňra ol sebäbini düşündirýär: «Beýik taryhçynyň birinji hem möhüm häsiýeti — onuň dogruçyllygy. Aýdýan zatlary ygtybarly bolmaly»a.
5 Biz Lukanyň ýazgylarynyň dogrulygyny görkezmek üçin Birinji jahan urşy wagtynda Ortaýer deňzinde Britaniýanyň söweşjeň gämileriniň toparyna serkerdelik eden Edwin Smitiň sözlerini getirýäris. Onuň sözleri «Rul» atly žurnalyň 1947-nji ýylyň mart aýynda çykan sanynda berilýär: «Gadym wagtlarda gämiler häzirki ýaly ahterştewendäki halkadan asylan bir rul bilen gönükdirilmändir. Ol gäminiň iki yz tarapynda gurlan iki sany uly kürek bilen ugrukdyrylypdyr; şonuň üçin keramatly Luka olary köplük sanda agzap geçýär [Resullaryň işleri 27:40]. [...] Biziň barlaglarymyzdan görnüşi ýaly, bu gäminiň Gowy Duralgadan tä Maltanyň kenarlarynda batýança geçen ýoly barada keramatly Lukanyň gürrüňi iň takyk we kanagatlandyryjy daşky we garaşsyz maglumatlar bilen tassyklanýar; gäminiň deňizde bolan wagty geçen ýoluna deň gelýär; onsoňam, olaryň baran ýerlerini beýan edişi hakykata laýyk gelýär. Bularyň bary Lukanyň, hakykatdan-da, şol syýahatda bolandygyny görkezýär. Şeýle-de ony gürrüňleri we bellikleri iň ýokary ynama mynasyp adam hökmünde häsiýetlendirýär» (The Rudder).
6 Arheologiki tapyndylar hem Lukanyň ýazgylarynyň dogrulygyny tassyklaýar. Meselem, Efesosda geçirilen gazuw-agtaryş işleri netijesinde, Artemisiň ybadathanasy hem-de efesoslaryň Pawlusy urjak bolup, gozgalaň turzan teatry tapyldy (Res. iş. 19:27—41). Tapylan ýazgylar Lukanyň Selanik şäheriniň döwlet işgärlerine «şäher başlyklary» diýmeginiň dogrudygyny tassyklaýar (Res. iş. 17:6, 8). Maltada tapylan iki ýazgy bolsa, Lukanyň Publiusa «başlyk» diýmeginiň hem dogrudygyny görkezýär (Res. iş. 28:7)b.
7 Lukanyň kitabyndaky Petrusyň, Stefanusyň, Korneliusyň, Tertullusyň, Pawlusyň we başgalaryň aýdan sözleri äheňi hem düzülişi bilen tapawutlanýar. Hatda Pawlusyň dürli adamlara aýdan sözleriniň äheňi hem ýagdaýa görä üýtgeýär. Bu bolsa Lukanyň diňe öz eşiden zatlaryny ýa-da beýleki gözli şaýatlaryň gürrüň beren zatlaryny ýazandygyny görkezýär. Diýmek, Luka hiç zady özünden toslap tapmandyr.
8 Lukanyň şahsy durmuşy hakda köp zat belli däl. Lukanyň özi resul bolmasa-da, olar bilen ýakyn gatnaşyk saklapdyr (Luka 1:1—4). Pawlus resul Lukanyň adyny üç sapar agzaýar (Kol. 4:10, 14; 2 Tim. 4:11; Flm. 24). Ol birnäçe ýyllap Pawlus bilen hemişe ýoldaş bolandygy sebäpli, ol oňa «söýgüli tebip» diýýär. Kitapda «olar» we «biz» at çalyşmalary gezekli-gezegine ulanylýandygy Lukanyň Pawlusyň ikinji missionerlik syýahatynda onuň bilen Troasda bile bolandygyny görkezýär; megerem, Luka Filipide galyp, Pawlus birnäçe ýyldan dolanyp gelýänçä garaşandyr; soňra Luka kazyýetiň Pawlus hakda çykaran kararyny bilmek üçin onuň bilen Rime gidýär (Res. iş. 16:8, 10; 17:1; 20:4—6; 28:16).
PEÝDASY
32 Ýewreý Ýazgylarynyň ynama mynasypdygyna we Hudaýyň ylhamy bilen ýazylandygyna Resullaryň işleri kitabynda Lukanyň Hoş habaryndan-da köp subutnama getirilýär. Pentikost güni ýakynlaşanda, Petrus «Mukaddes Ruhuň Dawudyň agzy bilen ozalda bildiren» iki pygamberliginiň ýerine ýetendigini aýdýar (Res. iş. 1:16, 20; Zeb. 69:25; 109:8). Şeýle-de Petrus Pentikost gününe gelen haýran galan märekä, olaryň gözüniň öňünde: «Bu Ioel pygamberiň aýdanydyr» diýip, pygamberligiň ýerine ýetýändigini aýdýar (Res. iş. 2:16—21; Ýowel 2:28—32; Res. iş. 2:25—28, 34, 35 we Zeb. 16:8—11; 110:1-i deňeşdiriň).
33 Başga bir sapar Petrus ybadathananyň daşynda ýygnanan märekäni ynandyrmak üçin ýene-de Ýewreý Ýazgylaryna ýüzlenýär. Ilki Musanyň aýdan sözlerini getirip, soňra: «Samuilden başlap, bütin pygamberler, geplänleriň bary şu günleri habar berdiler» diýýär. Biraz wagtdan mejlisiň öňünde, Petrus olaryň taşlan daşynyň, ýagny Mesihiň «burçuň başy» bolup çykandygyny görkezmek üçin Zebur 118:22-de ýazylan sözleri getirýär (Res. iş. 3:22—24; 4:11). Filipus hebeşli wezire Işaýa 53:7, 8-nji aýatlarda ýazylan pygamberligiň ýerine ýetişini düşündirýär, ol bilim alyp, suwda çokundyrylmagyny kiçigöwünlilik bilen haýyş edýär (Res. iş. 8:28—35). Şonuň ýaly-da, Petrus Kornelius bilen Isa hakda gürrrüň edip, ol hakda «ähli pygamberleriň güwä geçýändigini» aýdýar (Res. iş. 10:43). Sünnet meselesi barada maslahat edenlerinde, Ýakup gelen kararyny şeýle esaslandyrýar: «Pygamberleriň sözleri-de munuň bilen utgaşýar; ine, şeýle ýazylypdyr» (Res. iş. 15:15—18). Pawlus resul hem şol abraýly kitaplara ýüzlenipdir (Res. iş. 26:22; 28:23, 25—27). Şägirtleriň we olary diňleýänleriň Ýewreý Ýazgylaryny Hudaýyň Sözüniň bir bölegi hökmünde höwes bilen kabul etmegi Ýazgylaryň Hudaýyň ylhamy bilen ýazylandygyny ýene-de bir gezek subut edýär.
34 Resullaryň işleri kitaby mesihçiler ýygnagynyň döreýşini we mukaddes ruhuň kömegi bilen ösüşini örän oňat görkezýär. Bu gyzykly kitaby okap, biz Hudaýyň hoş habary ýaýradyşyny, irki mesihçileriň batyrgaýlygyny we şatlygyny, olaryň yzarlamalara garamazdan berk durşuny hem-de özge milletlere hoş habary wagyz etmek baradaky çakylyga seslenip, Makedoniýa giden Pawlusyň göreldesine eýerip, Hudaýa uly höwes bilen gulluk edendigini görýäris (Res. iş. 4:13, 31; 15:3; 5:28, 29; 8:4; 13:2—4; 16:9, 10). Häzirki mesihçiler ýygnagy hem mukaddes ruhuň ýolbaşçylygynda «Hudaýyň uly işlerini» wagyz edip, söýgi, agzybirlik we umumy bähbitler bilen tapawutlanýar (Res. iş. 2:11, 17, 45; 4:34, 35; 11:27—30; 12:25).
35 Resullaryň işleri kitaby mesihçileriň Hudaýyň Patyşalygy barada nähili wagyz etmelidigini görkezýär. Pawlusyň özi hem görelde görkezip: «Peýdaly bolan zatlaryň hiç birini sizden gaýgyrman, hemmesini aç-açan hem öýden-öýe size ders berdim» diýýär. Şeýle-de ol: «Men düýpli wagyz etdim» [TD] hem diýýär. Şol «düýpli wagyz etmek» meselesi kitabyň içinden eriş-argaç bolup geçýär hem-de soňky abzaslarynda has-da köp üns berlip, Pawlusyň hatda türmede-de hoş habara wepadarlygy şeýle beýan edilýär: «Ol hem Hudaýyň Patyşalygyna güwä geçmek bilen, olara hakykaty düşündirdi. Ir ertirden giç agşama çenli Musanyň kanunyna, pygamberler ýazgysyna salgylanyp, olary Isa ynandyrmaga çalyşdy». Geliň, Patyşalyk hakda tüýs ýürekden wagyz edeliň! (Res. iş. 20:20, 21; 28:23; 2:40; 5:42; 26:22).
36 Pawlusyň efesosly gözegçilere aýdan sözlerinden häzirki gözegçiler köp peýdaly maslahat alyp bilerler. Bu gözegçiler mukaddes ruh tarapyndan bellenilýär, şonuň üçin olar «özüne we tutuş sürä göz-gulak bolup», ony mähirli bakmaly we «azgyn gurtlardan» goramaly. Dogrudan-da, bu aňsat iş däl! Gözegçiler hemişe oýa bolmaly we özüni Hudaýyň merhemet sözleri bilen abatlamaly. Ejizlere kömek edip, olar «Reb Isanyň hut Özüniň: «Bermek almakdan bagtlydyr» diýip aýdan sözüni ýatlamaly» (Res. iş. 20:17—35).
37 Pawlusyň beýleki çykyşlarynda-da Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleri aýdyň düşündirilýär. Meselem, onuň Ares depesinde epikurçylara we stoiklere getiren nusgawy delillerine seredeliň. Ol, ilki bilen, gurbanlyk edilýän ýerde ýazylan: «Nätanyş Taňra» diýen ýazgyny agzap, ähli milletleri bir gandan ýaradan ýeriň-gögüň Rebbi, hakyky Hudaýyň «olaryň hiç birinden uzakda däldigini» düşündirýär. Soňra jansyz gyzyl, kümüş ýa daş butlardan gelip çykandyrys öýtmegiň paýhasly däldigini görkezmek üçin olaryň öz şahyrlarynyň: «Biz-de Onuň zürýadydyrys» diýen sözlerini getirýär. Şeýdip, Pawlus sypaýylyk bilen diňe diri Hudaýy ykrar etmegiň wajypdygyny görkezýär. Diňe jemleýji sözlerinde direliş hakda agzaýar, ýöne şonda-da Mesihiň adyny agzamaýar. Ol ýokary häkimiýetiň ýeke-täk hak Hudaýyňkydygyny aýdyň görkezýär. Netijede, käbir adamlar Hudaýa iman edýärler (Res. iş. 17:22—34).
38 Resullaryň işleri kitaby «Ýazgylaryň hemmesini» yzygiderli hem erjel öwrenmäge çagyrýar. Pawlus Weriýadaky ýehudylara ilkinji sapar wagyz edende, olar «bu zatlar şeýlemikä?» diýip, her gün Ýazgylary gözleşdirip, sözi bütin göwünjeňlik bilen kabul etdiler». Şonuň üçin olar «has asylly» diýen öwgä mynasyp boldular (Res. iş. 17:11). Eger-de şu günler hem Ýehowanyň ruhundan doly ýygnak bilen ýakyn gatnaşyk saklap, Mukaddes Ýazgylary yhlasly öwrensek, onda sarsmaz ynanjymyz we berk imanymyz bolar. Hawa, Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwrenip, Hudaýyň prinsiplerine aýdyň düşünip bileris. Şol prinsipleriň käbiri Resullaryň işleri 15:29-da gowy berilýär. Şol aýatda Iýerusalimdäki resullardan we tejribeli doganlardan ybarat ýolbaşçylyk maslahatynyň gelen karary ýazylypdyr: indi ruhy Ysraýylyň agzalarynda sünnet edilmek talap edilmeýär, ýöne olar mundan beýläk-de butparazlykdan, gandan we zynadan gaça durmalydylar.
39 Mesihiň irki şägirtleri ylhamly Ýazgylary ünsli öwrenipdirler, gerek mahaly aýatlary getirip, olary ulanýardylar. Olar dogry bilimiň we Hudaýyň ruhunyň kömegi bilen ýowuz yzarlamalara çydapdyrlar. Petrus bilen Ýahýa ähli wepaly mesihçilere görelde görkezip, olary yzarlaýan başlyklara batyrgaýlyk bilen şeýle diýdi: «Hudaýdan zyýada size gulak asmak Hudaýyň ýanynda dogrumydyr? Özüňiz oýlanyp görüň! Çünki görenimizi, eşidenimizi sözlemezlik biziň üçin mümkin däl». Olara Isanyň ady bilen ders bärmäň diýip, «berk tabşyryk» berilse-de, ýene-de Mejlisiň öňüne eltenlerinde, olar çürt-kesik şeýle diýdiler: «Adamdan zyýada Hudaýa boýun bolmalydyr». Olaryň şaýatlyklary arkaly başlyklara oňat wagyz edildi. Resullaryň şeýle batyrgaýlygy belli kanunçy Gamaliýeli sežde etmek azatlygynyň tarapyny tutmaga höweslendirýär we ol soňy bilen meşhurlyk gazanan sözlerini aýdýar. Şondan soňra resullary boşadýarlar (Res. iş. 4:19, 20; 5:28, 29, 34, 35, 38, 39).
40 Ýehowanyň Patyşalyk baradaky şöhratly niýeti Mukaddes Ýazgylarda başdan-aýak agzalýar we Resullaryň işleri kitabynda örän aýdyň bellenýär. Kitabyň başynda Isa göge galmanka, 40 günüň dowamynda şägirtlerine görnendigi we «Hudaýyň Patyşalygy barada gürrüň berendigi» aýdylýar. Şägirtleri Isadan Patyşalygy haçan dikeltjekdigi barada soranda, ol şägirtleriniň, ilki bilen, ýeriň tä soňuna çenli güwäleri bolmalydygyny aýtdy (Res. iş. 1:3, 6, 8). Şägirtler Iýerusalimden başlap, Patyşalyk barada batyrgaý wagyz etdiler. Yzarlamalar başlananda, Stefanusy daşlap öldürýärler, köp şägirtler bolsa täze ýerlere ýaýraýarlar (Res. iş. 7:59, 60). Injilde aýdylmagyna görä, Filipus Samariýada «Hudaýyň Patyşalygy baradaky Hoş Habary» uly üstünlik bilen wagyz edýär, Pawlus we onuň ýoldaşlary bolsa Aziýada, Efesosda, Korintosda we Rimde «Patyşalygy wagyz edipdirler». Irki mesihçileriň bary Ýehowa we onuň ruhunyň kömegine bil baglap ajaýyp görelde görkezdiler (Res. iş. 8:5, 12; 14:5—7, 21, 22; 18:1, 4; 19:1, 8; 20:25; 28:30, 31). Olaryň mertligi we sönmez yhlasy hem-de Ýehowanyň beren bol berekedi hakda oýlansak, bizde-de wepaly bolmaga, «Hudaýyň Patyşalygyna düýpli güwä geçmäge» isleg dörär (Res. iş. 28:23, TD).
[Çykgytlar]
a «St. Paul the Traveller», 1895, p. 4.
b «Ýazgylara düşünmek» (iňl.), jilt 1, sah. 153, 154, 734, 735; jilt 2, sah. 748.