Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • bsi08-1 sah. 17—19
  • Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 45 — Rimliler

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 45 — Rimliler
  • «„Ýazgylaryň hemmesi“ ynama mynasyp we peýdaly» Tom 15
  • Sözbaşylar
  • PEÝDASY
«„Ýazgylaryň hemmesi“ ynama mynasyp we peýdaly» Tom 15
bsi08-1 sah. 17—19

Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 45 — Rimliler

Ýazan: Pawlus

Ýazylan ýeri: Korintos

Ýazylan wagty: b. e. tak. 56 ý.

BIZ Resullaryň işleri kitabyndan öň ýewreý mesihçileri rehimsiz yzarlan Pawlusyň özge milletler üçin Mesihiň yhlasly resuly bolandygy barada bilýäris. Rimlilere ýazylan hat bilen Injiliň 14 kitapdan ybarat bölümi başlanýar. Olary mukaddes ruhuň ylhamy bilen öňki fariseý, indi bolsa Hudaýyň wepaly gullukçysy ýazýar. Pawlus rimlilere ýazan hatyna çenli, iki wagyz syýahatyny gutaryp, üçünjisine başlaýar. Ol eýýäm bäş ylhamly haty, ýagny Selaniklilere birinji we ikinji haty, Galatýalylara haty hem-de Korintoslylara birinji we ikinji haty ýazdy. Muňa garamazdan, häzirki Injilde Rimlilere hatyň beýleki hatlaryň öňünden gelmegi ýerliklidir, sebäbi onda täze bir zada: ýewreýleriň we özge milletleriň deňligine, ýagny Pawlusyň wagyz eden iki toparynyň deňligine jikme-jik seredilýär. Pawlus bu hatda Hudaýyň öz halkyna näme sebäpden başgaça garandygyny düşündirip, hoş habaryň özge milletlere wagyz ediljekdigi barada Ýewreý Ýazgylarynda Hudaýyň ylhamy bilen kän öň aýdylandygyny görkezýär.

2 Pawlus ençeme delilleri getirýär we olary Ýewreý Ýazgylarynyň köp sanly aýatlary bilen esaslandyrýar. Şonuň üçin Rimliler kitaby Injiliň iň ynandyryjy kitaplarynyň biridir. Ol bu hatyny Tertiusa ýazdyrýar. Pawlus hatynda üýtgeşik owadan dil ulanýar. Ol irki mesihçileriň ýewreýlerden we greklerden ybarat bolan ýygnakdaky dörän kynçylyklara seredip geçýär. Ýewreýleriň Ybraýymyň nesli hökmünde greklerden artykmaçlygy barmy? Musanyň kanunyndan azat ruhy taýdan ýetişen mesihçiler köne däp-dessurlara eýerýän has gowşak ýewreý mesihçilere büdreme bolup bilermi? Şu hatynda Pawlus ýewreýleriň we ýewreý däl adamlaryň Hudaýyň öňünde deňligini hem-de olaryň Musanyň Kanuny esasynda däl-de, Isa Mesihe iman edip, Hudaýyň merhemeti arkaly dogry adam saýylýandygyny oňat düşündirýär. Şol bir wagtyň özünde Hudaý mesihçilerden dürli häkimiýetlere tabyn bolmagy talap edýär.

3 Rimde ýygnak nähili döredikä? B. e. öň 63⁠-⁠nji ýylda Pompeý Iýerusalimi basyp alan döwründen bäri Rimde ýewreýleriň uly topary ýaşaýardy. Resullaryň işleri 2:10⁠-⁠da b. e. 33⁠-⁠nji ýylynyň Pentikost güni Rimde ýaşaýan käbir ýehudylaryň Iýerusalime gelendigi we hoş habary eşidendigi aýdylýar. Dürli ýurtlardan gelip, mesihçilere goşulan adamlar resullardan ders almak üçin Iýerusalimde galýarlar. Soňra Rimden gelenler, elbetde, öýüne gaýdandyr. Käbirleri bolsa, megerem, Iýerusalimde yzarlama başlanda öýüne gidendir (Res. iş. 2:41⁠—⁠47; 8:1, 4). Şeýle-de şol döwürde adamlar köp syýahat edýärdi, belki, şol sebäpli-de Pawlus Rim ýygnagynyň köp agzalaryny ýakyndan tanaýardy. Olaryň käbiri hoş habary Pawlus Gresiýada ýa-da Aziýada wagyz edende eşiden bolmaly.

4 Biz bu ýygnak barada ilkinji ygtybarly maglumaty Pawlusyň hatyndan tapýarys. Ol ýygnak ýehudy we ýehudy däl mesihçilerden ybarat bolup, olaryň yhlasy öwgä mynasypdy. Pawlus olara: «Imanyňyz bütin dünýäde yglan edilýär» we «Siziň boýun bolanlygyňyz hemmäniň gulagyna ýetdi» diýýär (Rim. 1:8; 16:19). B. e. II asyrynda ýaşan ýazyjy Swetoniýiň aýtmagyna görä, Klawdiýiň hökümdarlygy döwründe (b. e. 41⁠—⁠54 ý.) ýewreýleri Rimden kowýarlar, ýöne olar soňy bilen yzyna göçüp gelýärler. Muny Akilanyň we Priskillanyň Rimde ýaşaýandygyndan bilse bolýar. Olar Klawdiýiň buýrugy boýunça Rimi terk eden ýehudylardy, Pawlus olar bilen Korintosda tanyşýar. Pawlus Rim ýygnagyna hat ýazan wagty bolsa, olar eýýäm öýüne dolanypdylar (Res. iş. 18:2; Rim. 16:3).

5 Hatyň ynama mynasypdygyna hiç hili şübhe ýok. Ilkinji aýatlarynda «Isa Mesihiň guly, resullyga çagyrylan... Pawlusyň... Hudaýyň Rimdäki ähli eý görýänlerine we mukaddeslige çagyrylanlara» ýazandygy aýdylýar (Rim. 1:1, 7). Rimliler kitaby Injiliň ygtybarlygyny tassyklaýan iň irki çeşmelerde agzalýar. Megerem, Pawlusdan 6⁠—⁠8 ýyl soň ýazan Petrus özüniň birinji hatynda şeýle köp meňzeş sözleri ulanýar welin, köp alymlar şeýle netijä gelýärler: ol Rimliler kitabyny okan bolmaly. B. e. I we II asyry aralygynda ýaşan Rimli Kliment, Smirnaly Polikarp we Antiohiýaly Ignatiý Rimliler kitabyny Pawlusyň hatlarynyň aýrylmaz bölegi hasaplapdyrlar we ondan aýatlary getiripdirler.

6 Çester Bittiniň papirusy No.2 (P46) atly ýygyndyda Rimliler kitaby Pawlusyň beýleki sekiz haty bilen duş gelýär. Bu irki ýygyndy hakda jenap Frederik Kenon şeýle diýýär: «Bu ýagdaýda bizde Pawlusyň hatlarynyň, megerem, b. e. III asyrynda ýazylan golýazmasy dolulygyna diýen ýaly bar»a. Çester Bittiniň Injil papiruslary b. e. IV asyrynda düzülen belli Sinaý ýygyndysyndan we Watikan ýygyndysy No.1209⁠-⁠dan-da has öň ýazylan. Bu ýygyndylarda Rimliler kitaby-da bar.

7 Rimlilere hat haçan we nirede ýazylypdyr? Mukaddes Ýazgylaryň teswirçileri biragyzdan hatyň Gresiýada, has dogrusy, Pawlusyň üçünji missioner syýahatynyň soňunda birnäçe aýlyk Korintosda bolanda ýazandygyny aýdýarlar. Kitabyň özi hem Korintosda ýazylandygyny tassyklaýar. Pawlus hatyny ýerli ýygnagyň agzasy Gaýusyň öýünde ýazýar we ol Korintosyň gämi duralgasy ýerleşýän Kenreadaky goňşy ýygnakdan Fibi atly uýany maslahat berýär. Ähtimal, haty Rime Fibi eltip beren bolmaly (Rim. 16:1, 23; 1 Kor. 1:14). Pawlus Rimliler 15:23⁠-⁠de: «Indi bolsa bu ýurtlarda maňa edere iş ýok» diýýär, indiki aýatlarda bolsa onuň missioner gullugyny dowam etdirmek üçin günbatar tarapa, Ispaniýa gitmekçidigi görünýär. Ol üçünji syýahatynyň soňunda, ýagny b. e. 56⁠-⁠njy ýylynyň başynda şeýle diýip bilýärdi.

PEÝDASY

20 Rimliler kitabynda Hudaýa iman etmek üçin paýhasly delil berilýär we «onuň göze görünmeýän zatlary, ýagny ebedi gudraty, Hudaýlygy dünýä döredilenden bäri ýaradylan zatlar bilen düşünilýär, görülýär» diýilýär. Şeýle-de Hudaýyň dogrulygy şöhratlandyrylýar hem-de merhemeti we ýagşylygy jar edilýär. Şu pikir zeýtun agaçly mysalda owadan düşündirilýär. Zeýtun agajyna ýabany zeýtun agajynyň baldaklary sapylýar, tebigy baldaklary bolsa kesilýär. Hudaýyň gatylygy we ýagşylygy barada oýlanyp, Pawlus şeýle diýýär: «Hudaýyň baýlygy, akyldarlygy, bilimi çuňdur! Onuň hökümleri akyla sygmaz, ýollary bilinmezdir!» (Rim. 1:20; 11:33).

21 Şonuň bilen baglanyşykly Rimliler kitabynda Hudaýyň mukaddes syrynyň gitdigiçe açylyşy hem düşündirilýär. Indi mesihçiler ýygnagynda ýehudy bilen ýehudy dälleriň arasynda tapawut ýok, ýöne ähli halklar Ýehowanyň merhemetini Isa Mesih arkaly gazanyp bilerler, sebäbi «Hudaýyň ýüz görmesi ýokdur». «Diňe içi ýehudy ýehudydyr, ýazgyda däl-de, ýüregiň ruhdaky sünnetliligi hakyky sünnetlilikdir». «Ýehudy bilen gregiň arasynda tapawut ýokdur; sebäbi, barynyň Rebbi birdir, Ol Özüni çagyrýanlaryň baryna sahydyr». Olaryň hemmesi işleri üçin däl-de, imany arkaly aklanýar (Rim. 2:11, 29; 10:12; 3:28).

22 Şu hatda rim mesihçilerine berlen peýdaly maslahatlar häzirki mesihçiler üçin hem peýdaly, sebäbi olar hem bu hudaýsyz dünýäde şeýle kynçylyklara duş gelýärler. Pawlus mesihçileri «ähli adamlar bilen», şol sanda ýygnaga degişli däl adamlar bilen hem «oňşukly ýaşamaga» çagyrýar. «Her kişi ýokary häkimiýetlere tabyn bolmaly», sebäbi olar Hudaý tarapyn goýlan tertipdir we kanuna boýun bolýan raýatlar üçin däl-de, ýaman iş edýänler üçin gorkunçdyr. Mesihçiler kanunlara temmiden gorkup boýun bolmaly däl. Olar mesihi wyždanyna görä kanuna boýun bolýarlar, şonuň üçin hem salgyt töleýärler, bermelisini berýärler, borjuny berjaý edýärler hem-de «biri-birini söýmekden başga hiç kime bergili bolmaýarlar». Söýgi kanuny berjaý edýär (Rim. 12:17⁠—⁠21; 13:1⁠—⁠10).

23 Pawlus ähli halklaryň arasynda wagyz etmegiň ähmiýetini belläp geçýär. Aklanmak üçin ýürek bilen iman getirilýändir, gutulyş üçin agyz bilen ykrar edilýändir. Ýehowanyň adyny «çagyran adam gutular». Munuň üçin wagyzçylar «ýagşy zatlaryň hoş habaryny wagyz etmeli». Sesleri «ýeriň uçlaryna ýeten» wagyzçylaryň arasynda bolmak nähili bagtly! (Rim. 10:13, 15, 18). Hoş habary wagyz etmäge taýýarlanyp, geliň, ylhamly Ýazgylary Pawlus ýaly gowy biljek bolalyň. Ol kitabynyň bary-ýogy bir parçasynda (Rim 10:11⁠—⁠21) Ýewreý Ýazgylaryndan ençeme aýatlary getirýär (Iş. 28:16; Ýowel 2:32; Iş. 52:7; 53:1; Zeb. 19:4; Kanun. 32:21; Iş. 65:1, 2). Pawlus ynam bilen şeýle diýýär: «Näme öňden ýazylan bolsa, bary çydam arkaly, Ýazgylaryň tesellisi arkaly umytly bolar ýaly, bize taglym üçin ýazylandyr» (Rim. 15:4).

24 Mesihçiler ýygnagynda birek-birek bilen nähili gatnaşykda bolmalydygy barada ajaýyp maslahat berilýär. Milleti, taýpasy we maddy ýagdaýy nähili bolsa-da, biziň hemmämiz «Hudaýyň halaýan oňat, kämil islegine» görä mukaddes gullugy etmeli (Rim. 11:17⁠—⁠22; 12:1, 2). Pawlusyň Rimliler 12:3⁠—⁠16⁠-⁠njy aýatlarynda bolsa näçe pähim-paýhas we sagdyn düşünje bar! Ol mesihçileri gullugy söýmäge, dogan-uýalar bilen kiçigöwünli bolmaga we olary mähirli söýmäge höweslendirýär. Jemleýji baplarynda Pawlus bölünme döredýänlerden esewan bolmaga we olardan daşda durmaga çagyrýar. Şeýle-de ol imandaşlar bilen tämiz gürrüňdeşligiň birek-birege şatlyk we gujur-gaýrat berýändigini aýdýar (Rim. 16:17⁠—⁠19; 15:7, 32).

25 Mesihçiler hökmünde biz biri-birimiz bilen gatnaşygymyza ünsli bolmagy dowam etdirmeli. «Çünki Hudaýyň patyşalygy iýmek, içmek däl-de, dogrulyk, parahatlyk we Mukaddes Ruhda şatlykdyr» (Rim. 14:17). Şeýle dogrulyk, parahatlyk we şatlyk Mesih bilen gökdäki Patyşalykda «bile şöhratlanjak» mirasçylara has-da mahsusdyr. Şeýle-de Rimliler kitabynda Erem bagynda Patyşalyk barada aýdylan pygamberligiň galan böleginiň ýerine ýetjekdigi aýdylýar: «Parahatlyk Hudaýy haý diýmän şeýtany aýaklaryňyzyň astynda mynjyradar» (Rim. 8:17; 16:20; Bar. 3:15). Bu ajaýyp hakykata ynanmak bilen, mundan beýläk-de, şatlykdan, parahatlykdan we umytdan dolalyň. Geliň, Patyşalygyň Nesli bilen ýeňiji bolup çykmagy ýüregimize düweliň, çünki biz gökde bolsun, ýerde bolsun hiç zadyň, «başga mahlugyň Rebbimiz Mesih Isada bolan Hudaý söýgüsinden bizi aýyrmagy başarmajagyna ynanýarys» (Rim. 8:39; 15:13).

[Çykgytlar]

a Frederic Kenyon. Our Bible and the Ancient Manuscripts. 1958, r. 188.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş