Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 46 — 1 Korintoslylar
Ýazan: Pawlus
Ýazylan ýeri: Efesos
Ýazylan wagty: b. e. tak. 55 ý.
KORINTOS «gündogaryň we günbataryň bozuklygyny birikdirýän belli hem owadan şäherdi»a. Korintos şäheri Peloponnes ýarym adasy bilen Gresiýanyň yklym bölegi arasyndaky inçejik gury ýerde ýerleşýärdi we onuň üstünden yklyma tarap ýol geçýärdi. Pawlus resulyň günlerinde şäheriň ilaty 400 000 adamdan ybarat bolup, diňe Rimiň, Isgenderiýaniň we Siriýa Antakiýasynyň ilatyndan azdy. Korintosyň gündogarynda Egeý deňzi, günbatarynda bolsa Korintos aýlagy we Ion deňzi bardy. Şeýlelikde, Korintos şäheri Kenrea we Leheý atly iki gämi duralgaly Ahaýa welaýatynyň paýtagty bolup, möhüm söwda merkezidi. Şeýle-de ol grek medeniýetiniň merkezidi. Bir kitapda şeýle diýilýär: «Onuň baýlygy şeýle meşhurdy welin, hatda nakyla öwrüldi. Onuň ýaşaýjylarynyň azgynlygy we haýasyzlygy hakda-da şeýle diýse bolar»b. Butparaz däp-dessurlar bilen bir hatarda Afrodite (rimlileriň Wenerasyna laýyk gelýär) tagzym etmek hem giňden ýaýrandy. Şonuň üçin Korintosyň butparazlygynda aýşy-eşret ýeterlikdi.
2 Takmynan b. e. 50-nji ýylynda Pawlus resul Korintosa baranda, bu uly şäher Rim imperiýasynyň gülläp ösýän, ýöne ahlak taýdan gitdigiçe bozulýan şäheridi. Pawlusyň Korintosda bir ýarym ýyl ýaşandygy sebäpli, ol ýerde mesihçiler ýygnagy döredildi (Res. iş. 18:1—11). Pawlus Mesih barada hoş habary ilkinji bolup gürrüň beren dogan-uýalaryny nähili söýen bolsa gerek! Ol korintoslylara ýazan hatynda aralaryndaky ruhy baglanyşygy hem agzap geçýär: «Mesihde on müňlerçe terbiýeçiňiz bolsa-da, köp ataňyz ýokdur; sebäbi, Mesih Isada Hoş Habar arkaly men siziň ataňyz boldum» (1 Kor. 4:15).
3 Korintosly mesihçileriň ruhy ýagdaýy hakda ýürekden alada edip, Pawlus üçünji missioner syýahatyndaka, olara şu birinji hatyny ýazýar. Onuň Korintosda ýaşap gaýdanyna birnäçe ýyl bolupdy. Takmynan b. e. 55-nji ýyly Pawlus Efesosdady. Megerem, ol ýaşajyk Korintos ýygnagyndan hat alan bolmaly we bu haty jogapsyz goýup boljak däldi. Şeýle-de Pawlusyň gulagyna ýaramaz habar degýär (1 Kor. 7:1; 1:11; 5:1; 11:18). Bu habar resuly şeýle ynjalykdan gaçyrypdyr welin, olaryň hatyna diňe 7-nji babyň başynda jogap berip başlaýar. Hut şol habarlar sebäpli-de, Pawlus korintosly imandaşlaryna hat ýazýar.
4 Pawlusyň Korintoslylara birinji hatyny Efesosda ýazandygy nämeden görünýär? Meselem, ol hatynyň soňunda dogan-uýalardan, şol sanda Akila we Priskilladan salam aýdýar (1 Kor. 16:19). Resullaryň işleri 18:18, 19-njy aýatlardan olaryň Korintosdan Efesosa göçüp barandygyny bilýäris. Akila bilen Priskilla şol ýerde ýaşandygy üçin we Pawlus Korintoslylara ýazan birinji hatynyň soňunda olaryň adyndan salam aýdandygy, onuň Efesosda bolup, bu haty şol ýerde ýazandygyny görkezýär. Galyberse-de, Pawlusyň 1 Korintoslylar 16:8-de ýazan sözleri asla şek-şübhe goýmaýar: «Men Hasyl baýramyna çenli Efesosda bolaryn». Diýmek, Pawlus Korintoslylara birinji hatyny Efesosda bolan wagtynyň ahyryna golaý ýazan bolmaly.
5 Korintoslylara birinji we ikinji hatyň ynama mynasypdygyna şübhe ýok. Irki mesihçiler bu hatlary Pawlusyňky diýip hasaplaýardylar we öz ýygyndylaryna goşup, olara ylhamly Ýazgylaryň kitaby hökmünde garaýardylar. Mundan başga-da takmynan b. e. 95-nji ýylynda korintoslylar üçin Rimde ýazylan Klimentiň birinji haty hökmünde tanalýan ýüzlenmesinde Pawlusyň Korintoslylara birinji haty agzalýar we onda azyndan alty sapar sitata getirilýär. Bu hatyň awtory Korintoslylara birinji hata göni salgylanýar we okyjylaryny «ýalkanan Pawlus resulyň hatyny gaýta-gaýta okamaga» höweslendirýärc. Şeýle-de Koritoslylara birinji hata Ýustin Şehit, Afinagor, Lionly Irineý we Tertullian salgylanýar. Pawlusyň hatlary, şol sanda Korintoslylara birinji we ikinji haty «I asyryň soňky onýyllygynda bir kitap hökmünde ýygnalypdyr» diýse bolard.
6 Pawlusyň Korintoslylara ýazan birinji haty Korintos ýygnagy bilen has oňat tanyşmaga mümkinçilik berýär. Bu ýygnagyň mesihçileri kynçylyklara duş geldiler we olar käbir meseleleri çözmelidiler. Käbir mesihçiler adamlaryň yzyna düşýändigi üçin, olaryň arasynda agzalalyk bardy. Aýylganç ahlaksyzlyk ýüze çykdy. Dürli dine iman edýän maşgalada ýaşaýanlar näme etjegini bilmeýärdiler: imansyz ýanýoldaşyň bilen ýaşamalymy ýa-da aýrylyşmaly? Butlara gurban edilen ete nähili garamaly? Olary iýmek bolýarmy? Korintoslylara duşuşyklary geçirmek we Rebbiň Agşam naharyny baýram etmek hakda maslahat gerekdi. Ýygnakda aýal-gyzlar nähili orun eýelemelidiler? Şeýle-de ýygnakda direlişi inkär edýänler hem bardy. Garaz, çözülmeli mesele köpdi. Pawlus resul, esasanam, korintoslylaryň ruhy taýdan dikelmegi hakda aladalanýardy.
7 Şol wagtky ýygnagyň ýagdaýy hem-de owadan we azgyn gadymy Korintosdaky şertler biziň günlerimize meňzeýär. Şonuň üçin Pawlusyň Hudaýyň ylhamy bilen ýazan peýdaly maslahatlaryna aýratyn üns bermeli. Onuň Korintosda ýaşaýan söýgüli doganlara we uýalara ýazan birinji hatyny dykgatly okasak, bize-de köp peýda berer. Geliň, şol döwri we ýerleri göz öňüne getireliň. Pawlusyň mukaddes ruhuň ylhamy bilen Korintosdaky imandaşlaryna ýazan içgin, tolgundyryjy sözlerini okap, korintosly mesihçileriň nädip hereket edendigi barada çynlakaý oýlanalyň.
PEÝDASY
23 Pawlus resulyň şu haty Ýewreý Ýazgylaryna düşünmäge uly kömek edýär, sebäbi ol oňa köp salgylanýar. Hatynyň onunjy babynda Pawlus Musanyň döwründe «ysraýyllylar ruhy gaýadan içýärdi. Ol gaýa bolsa Mesihdi» diýip belläp geçýär (1 Kor. 10:4; San. 20:11). Soňra bolsa, ýaramaz höwesleriň pajygaly netijeleri barada oýlanyp, Musanyň günlerinde ýaşan ysraýyllylar hakda şeýle ýazýar: «Ýöne bu zatlaryň bary olaryň başyna görelde hökmünde inip, döwürleriň soňuna ýeten bize ündew üçin ýazyldy». Şol sebäpli hiç haçan ýykylmaryn öýdüp, özümize ynamly bolmalyň! (1 Kor. 10:11, 12; San. 14:2; 21:5; 25:9). Ol ýene-de Kanundan mysal getirýär. Rebbiň Agşam naharyna gatnaşýan adamlaryň Ýehowanyň saçagyndan iýmäge mynasyp bolmalydygyny görkezmek üçin Ysraýylda berilýän parahatlyk gurbanlaryny agzap geçýär. Soňra bazarda satylýan eti iýmegiň dogrudygyny esaslandyrmak üçin Zebur 24:1-i getirýär: «Ýer we ondaky bar zatlar, dünýä we onda ýaşaýanlar Rebbiňkidir» (1 Kor. 10:18, 21, 26; Çyk. 32:6; Lew. 7:11—15).
24 Pawlus «Hudaýyň özüni söýenler üçin taýýarlan zatlarynyň» artyklygyny we «akyldarlaryň pikirleriniň boşdugyny» görkezmek üçin ýene-de Ýewreý Ýazgylaryna ýüzlenýär (1 Kor. 2:9; 3:20; Iş. 64:4; Zeb. 94:11). Günä edeni ýygnakdan çykarmak hakda bäşinji bapda beren görkezmesini esaslandyrmak üçin Ýehowanyň kanunyny getirýär: «Ýamany araňyzdan çykaryň» (Kanun. 17:7). Pawlus gulluk arkaly eklenmäge hakynyň bardygy barada pikir ýöredip, ýene-de Musanyň kanunyna salgylanýar. Musanyň kanunyna görä, işleýän mala iýim iýmez ýaly tumşuklyk geýdirmek bolmaýardy, ybadathanada gulluk edýän lewilileriň bolsa gurbanlykdan paýy bolmalydy (1 Kor. 9:8—14; Kanun. 25:4; 18:1).
25 Pawlusyň Korintoslylara ýazan birinji hatyndaky ylhamly öwüt-nesihatlary okap, näçe gymmatly pikirleri tapýarys! Meselem, bölünişikden ägä bolmak we adamlaryň yzyna eýermezlik hakdaky maslahaty kömek edýär (1—4-nji baplary). Şeýle-de aýylganç ahlaksyzlyk hakda Pawlusyň ýygnagy ahlak taýdan arassa saklamagyň wajypdygyny belläp geçendigini ýadymyza salalyň (5, 6-njy baplar). Öýlenmezlik, nika we aýry ýaşamak barada nesihatlarynyň üstünde-de oýlanalyň (7-nji bap). Şeýle-de Pawlusyň butlara hödürlenen gurbanlar hakda aýdanyny hem-de adamlar üçin büdreme bolmazlygyň we butparazlyga baş goşmazlygyň wajypdygyny unutmalyň (8—10-njy baplar). Mundan başga-da, Pawlus dogry tabynlyk, ruhy sylaglar, her zada çydaýan we asla tükenmeýän söýgi barada aýtmagy hem ýatdan çykarmandyr. Pawlus ýygnagyň duşuşyklarynda tertip-düzgüni saklamagyň wajypdygyny nähili oňat görkezipdir! (11—14-nji baplar). Ol direliş barada taglymaty goramak üçin Hudaýyň ylhamy arkaly nähili güýçli deliller getirýär! (15-nji bap). Pawlusyň hatyny okanymyzda, şu we beýleki zatlar göz öňümizden ötýär hem-de häzirki mesihçilere köp peýda getirýär.
26 Bu hat Hudaýyň Patyşalygy baradaky ajaýyp tema düşünmäge köp kömek edýär. Onda adalatsyzlaryň Hudaýyň Patyşalygyna girmejekdigi barada berk duýduryş berilýär, soňra bolsa olara päsgel berýän ençeme günäler sanalyp geçilýär (1 Kor. 6:9, 10). Emma iň wajyby, onda direliş bilen Hudaýyň Patyşalygynyň arasyndaky baglanyşyk düşündirilýär. Onuň hatynda direlişiň «ilkinji miwesi» Mesih «Ol [Hudaý] bütin duşmanlaryny aýak astyna salýança höküm sürer» diýilýär. Soňra ol ähli duşmanlary, şol sanda ölümi hem ýok edip, «Hudaý hem ähli zatda höküm sürer ýaly» «Patyşalygy Ata Hudaýa tabşyrar». Ahyrsoňy, Erem bagynda wada berlen Patyşalyk geler: Mesih direlen ruhy doganlary bilen Ýylanyň başyny hemişelik mynjyradar. Isa Mesih ýaly gökdäki Patyşalykda ebedi ýaşajaklara nähili ajaýyp gelejek garaşýar! Direlişe bolan şol umyda esaslanyp, Pawlus şeýle diýýär: «Şonuň üçin, eý söýgüli doganlar, elmydama berk, durnukly bolup, Rebbiň işine yhlasly ýapyşyň, çünki zähmetiňiziň Rebde boş däldigini bilýänsiňiz» (1 Kor. 15:20—28, 58; Bar. 3:15; Rim. 16:20).
[Çykgytlar]
a Genri Gelleý. Mukaddes Ýazgylar boýunça maglumat. 1996. s. 590.
b Smith’s Dictionary of the Bible. 1863. Vol. 1. p. 353.
c The Interpreter’s Bible. Vol. 10,1953 p. 13.
d The Interpreter’s Bible. Vol. 9,1954, p. 356.