Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • bsi08-1 sah. 22—23
  • Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 47 — 2 Korintoslylar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 47 — 2 Korintoslylar
  • «„Ýazgylaryň hemmesi“ ynama mynasyp we peýdaly» Tom 15
  • Sözbaşylar
  • PEÝDASY
«„Ýazgylaryň hemmesi“ ynama mynasyp we peýdaly» Tom 15
bsi08-1 sah. 22—23

Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 47 — 2 Korintoslylar

Ýazan: Pawlus

Ýazylan ýeri: Makedoniýa

Ýazylan wagty: b. e. tak. 55 ý.

MEGEREM, b. e. 55⁠-⁠nji ýylynyň tomus aýlarynyň ahyrynda ýa-da güýz aýlarynyň başynda Korintos ýygnagynda Pawlusy alada goýýan meseleler entegem bardy. Onuň Korintoslylara birinji hatyny ýazanyna bary-ýogy birnäçe aý geçipdi. Ýahudada ýaşaýan mukaddeslere kömek ýygnamak üçin Titus Korintosa iberilipdi. Şeýle-de ol Pawlusyň birinji hatynyň korintoslylara nähili täsir edendigini bilmelidi (2 Kor. 8:1⁠—⁠6; 2:13). Bu hat olara nähili täsir etdikä? Olaryň gynanjy we toba edişi barada eşidip, Pawlusyň göwni aram tapandyr! Titus Pawlusyň ýanyna Makedoniýa hoş habar bilen dolanýar. Muny eşidip, Pawlusyň Korintosda ýaşaýan söýgüli doganlara ýürekden bolan söýgüsi has-da artýar (2 Kor. 7:5⁠—⁠7; 6:11).

2 Şol sebäpli Pawlus korintoslylara ýene-de hat ýazmagy ýüregine düwýär. Ol mähirli we ruhlandyryjy ikinji hatyny Makedoniýada ýazýar. Haty Titus eltip beren bolmaly (2 Kor. 9:2, 4; 8:16⁠—⁠18, 22⁠—⁠24). Onuň hat ýazmagynyň ýene bir sebäbi mesihçileriň arasynda «ýokary derejeli resullar» peýda bolupdyr. Pawlus olara «galp resullar... aldawçy işgärler» diýýär (2 Kor. 11:5, 13, 14). Ýaş ýygnagyň ruhy saglygyna howp abanýardy. Şeýle-de Pawlusyň resullygyny äsgermezçilik edýänler bardy. Şonuň üçin onuň ikinji haty örän ýerliklidi.

3 Pawlusyň: «Bu siziň ýanyňyza gitmäge üçünji gezek taýýarlanyşym» diýendigi geň zat (2 Kor. 12:14; 13:1). Ol birinji hatyny ýazanda ikinji sapar barmakçydy, ýöne olaryň «bähbidi iki esse bolar ýaly» näçe taýýarlansa-da, oňa barmak başartmaýar (1 Kor. 16:5; 2 Kor. 1:15). Pawlus öň Korintosda b. e. 50⁠—⁠52⁠-⁠nji ýyllary diňe bir sapar bolup, 1,5 ýyllap ýaşady we ol ýerde mesihçiler ýygnagy döredildi (Res. iş. 18:1⁠—⁠18). Emma ahyry Pawlus arzuwyna ýetip, Korintosa ýene-de bir sapar barmak başardýar. Megerem, ol b. e. 56⁠-⁠njy ýylynda üç aýlap Gresiýada bolan mahaly, biraz wagtlyk Korintosa-da baran bolmaly we şol ýerden rimlilere hat ýazýar (Rim. 16:1, 23; 1 Kor. 1:14).

4 Korintoslylara ikinji hat Korintoslylara birinji hat bilen bilelikde hem-de Pawlusyň beýleki hatlary hemişe-de Mukaddes Ýazgylaryň bir bölegi hasaplanýardy. Bize ýene-de Korintos ýygnagy bilen ýakyndan tanyşmaga we Pawlusyň korintoslylara ýazan ylhamly sözlerinden peýda almaga mümkinçilik berilýär.

PEÝDASY

18 Pawlusyň Koritoslylara ikinji hatynda mesihi gulluk barada joşgun bilen gürrüň bermegi diýseň ruhlandyrýar. Geliň, bu babatda ondan görelde alalyň. Biziň mesihçi bolmaga ukybymyz Hudaýdandyr we Hudaýyň sözüni alyş-çalyş etmek üçin ulanmaýarys, gaýtam, Hudaýa janypkeşlik bilen gulluk edýäris. Biziň üçin iň oňat maslahat haty — gullukda getirýän miwelerimizdir. Biziň Hudaýa edýän gullugymyz örän hormatly hasaplansa-da, bu tekepbir bolmaga esas däl. Hudaýyň gullukçylary bikämil adamlar, bu genji, ýagny gullugy olar toprak gaplarda saklaýarlar, şonda hemme zadyň Hudaýyň güýji bilen edilýändigi görünýär. Şoňa görä-de, Hudaýa hormatly gulluk etmek üçin kiçigöwünli bolmaly we biz diňe Hudaýyň merhemeti bilen «Mesihiň ilçileri» bolup bileris. Pawlusyň «Hudaýyň merhemetini boş ýere kabul etmäň» diýen çagyryşyna seslenmek nähili ýerlikli! (2 Kor. 2:14⁠—⁠17; 3:1⁠—⁠5; 4:7; 5:18⁠—⁠20; 6:1).

19 Elbetde, Pawlus mesihçilere ajaýyp görelde galdyrdy. Meselem, ol ylhamly Ýewreý Ýazgylaryň gadyryny bilýärdi we olary çuňňur öwrenýärdi, şol sebäpli-de ondan ençeme aýatlary getirýär, olara salgylanýar we ulanýar (2 Kor. 6:2, 16⁠—⁠18; 7:1; 8:15; 9:9; 13:1; Iş. 49:8; Lew. 26:12; Iş. 52:11; Ezek. 20:41; 2 Pat. 7:14; Hoş. 1:10). Şeýle-de ol gözegçi hökmünde ýürekden süriniň aladasyny edýärdi: «Men siziň janyňyz ugrunda barymy höwes bilen harçlap, bütinleý harçlanaryn». Hatyndan görnüşi ýaly, ol özüni doganlara bütinleý we doly bagyş etdi (2 Kor. 12:15; 6:3⁠—⁠10). Pawlus güýjüni gaýgyrman zähmet çekdi: mesihçiler ýygnagyny okadýardy, ruhlandyrýardy, Korintosdaky dogan-uýalary düzedýärdi. Ol tümlük bilen ýoldaşlygyň howpludygyny duýdurýar: «Imansyzlar bilen bir boýuntyryga girmäň». Pawlus olary söýýändigi üçin «ýylanyň Hawa enäni kezzaplyk bilen aldaýşy ýaly», korintoslylaryň hem pikirleriniň bozulmagyny islemeýärdi. Şol sebäpli ol tüýs ýürekden: «Imandadygyňyzy özüňiz barlap görüň. Özüňizi synaň» diýýär. Ol «Hudaý begenç bilen bereni söýýändir» diýmek bilen korintoslylary jomart bolmaga çagyrýar we «çendenaşa sylagy üçin Hudaýa şükür» edýär. Hakykatdan-da, korintosly doganlar Pawlusyň ýüreginiň daş sahypalarynda söýgi bilen ýazylan hat bolupdyr we ol yhlasly hem duýgur gözegçi hökmünde arman-ýadaman olaryň ugrunda gulluk edipdir. Biziň üçin nähili ajaýyp görelde! (2 Kor. 6:14; 11:3; 13:5; 9:7, 15; 3:2).

20 Başymyza synag düşende Pawlus resul bizi «rehimler Atasyna, bütin teselliler Hudaýyna» ýüzlenmäge höweslendirýär, sebäbi diňe Ýehowa bize güýç berip biler. Biz ähli zady çekip-çydap, täze dünýäde ýaşar ýaly, «ol her muşakgatymyzda bize teselli berýär». Şeýle-de Pawlus «gökde Hudaýdan bir ymaratymyzyň, el bilen ýasalmadyk ebedi öýümiziň bardygyny» aýdyp, soňra «şonuň üçin kim Mesihe bagly bolsa, ol täze mahlukdyr; köne zatlar geçdi, indi ählisi täze bolandyr» diýýär. Dogrudan-da, Korintoslylara ikinji hatda Pawlus ýaly gökdäki Patyşalygy miras aljaklar üçin ajaýyp sözler ýazylypdyr (2 Kor. 1:3, 4; 5:1, 17).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş