Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • bsi08-1 sah. 24—25
  • Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 48 — Galatýalylar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 48 — Galatýalylar
  • «„Ýazgylaryň hemmesi“ ynama mynasyp we peýdaly» Tom 15
  • Sözbaşylar
  • PEÝDASY
«„Ýazgylaryň hemmesi“ ynama mynasyp we peýdaly» Tom 15
bsi08-1 sah. 24—25

Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 48 — Galatýalylar

Ýazan: Pawlus

Ýazylan ýeri: Korintos ýa-da Siriýanyň Antakiýasy

Ýazylan wagty: b. e. tak. 50⁠—⁠52 ý.

PAWLUSYŇ Galatýalylar 1:2⁠-⁠de ýüzlenen «Galatýadaky ýygnaklaryna», Pisidýa Antakiýasynda, Konýada, Listrada we Derbede ýerleşýän ýygnaklar degişli bolmaly. Bu şäherler dürli ýerlerde ýerleşseler-de, Rim welaýatyna girýärdi. Resullaryň işleri kitabynyň 13 we 14⁠-⁠nji baplarynda Pawlus bilen Barnabasyň Galatýa boýunça eden birinji missioner syýahaty hakda gürrüň berilýär, netijede, ol ýerde ýygnaklar döredildi. Şol ýygnaklar ýehudylardan we ýehudy däl adamlardan ybaratdy. Elbetde, olaryň arasynda keltler ýa-da gallar hem bardy. Bularyň bary takmynan b. e. 46⁠-⁠njy ýylynda Pawlusyň Iýerasalime baranyna biraz wagt geçenden soň bolup geçýär (Res. iş. 12:25).

2 B. e. 49⁠-⁠njy ýylynda Pawlus bilen Silas Galatýada ikinji missioner syýahatyna başladylar. Netijede, «ýygnaklaryň imany berkişýär, sanlary gün-günden artýar» (Res. iş. 16:5; 15:40, 41; 16:1, 2). Emma olaryň yzysüre ýygnakda ýalan mugallymlar, ýagny iudaizmiň tarapdarlary peýda bolup, Galatýadaky ýygnaklaryň käbir agzalaryny mesihçileriň sünnet edilmegine we Musanyň Kanunyny berjaý etmäge ynandyrýarlar. Şol wagtlar Pawlus Misiýanyň deňinden geçip, Makedoniýa we Gresiýa barýar, ahyrynda bolsa Korintos şäherine baryp, ol ýerde doganlar bilen 1,5 ýyldan gowrak wagt bolýar. Soňra b. e. 52⁠-⁠nji ýylynda Efesosdan gämä münüp, köplenç bolýan ýerine — Siriýa Antakiýasyna barýar (Res. iş. 16:8, 11, 12; 17:15; 18:1, 11, 18⁠—⁠22).

3 Pawlus Galatýalylara hatyny nirede we haçan ýazdy? Elbetde, ol iudaizmiň tarapdarlary barada habary eşiden badyna ýazandyr. Şol wagtlar ol Korintosda, Efesosda we Siriýa Antakiýasynda bolan bolmagy ahmal. Ähtimal, ol b. e. 50⁠—⁠52⁠-⁠nji ýyllary Korintosda 1,5 ýyl bolan wagty eşidendir, çünki Galatýadan habaryň ýetmegine biraz wagt gerekdi. Hatyny Efesosda ýazan däldir, sebäbi ol gaýdyşyn bu şäherde köp wagt bolmady. Soňra b. e. 52⁠-⁠nji ýylynyň tomsunda Siriýa Antakiýasynda «birnäçe wagt galan» bolmaly. Bu şäher bilen Kiçi Aziýanyň arasyndaky aragatnaşyk örän gowy bolany üçin, iudaizmiň tarapdarlary barada habary şol ýerde eşidip, galatýalylara hat ýazandyr (Res. iş. 18:23).

4 Bu hatda Pawlus «adamlar tarapyndan we adamzat arkaly däl-de, eýsem Isa Mesih we... Ata Hudaý arkaly resul» hökmünde suratlandyrylýar. Şeýle-de Pawlusyň ýaşaýşy we resul bolup gulluk edendigi barada köp deliller getirilýär. Bu onuň Iýerusalimdäki beýleki resullar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edendigini we resul hökmünde hatda beýleki bir resuly — Petrusy düzedendigini hem subut edýär (Gal. 1:1, 13⁠—⁠24; 2:1⁠—⁠14).

5 Galatýalylara hatyň ynama mynasypdygyny we kanona degişlidigini nämeler subut edýär? Bu hat lionly Irineýiň, aleksandriýaly Klimentiň, Tertullianyň we Origeniň ýazgylarynda agzalýar. Şeýle-de ol Mukaddes Ýazgylaryň wajyp golýazmalarynda-da duş gelýär: Sinaý ýygyndysynda, Aleksandriýa ýygyndysynda, Watikanyň No.1209 ýygyndysynda, Ýefremiň ýygyndysynda, Bezanyň ýygyndysynda we Çester Bittiniň No.2 (P46) ýygyndysynda duş gelýär. Mundan başga-da, ol Injiliň beýleki kitaplary we içinde köplenç agzalýan Ýewreý Ýazgylary bilen ylalaşýar.

6 Pawlus «Galatýadaky ýygnaklara» ýazan täsirli hem ynandyryjy hatynda şulary subut edýär: 1) özüniň hakyky resuldygyny (sebäbi iudaizmiň tarapdarlary şübhelenýärdiler) we 2) Kanunyň işleri bilen däl-de, Isa Mesihe iman bilen aklanyp bolar, şonuň üçin mesihçilere sünnetlenmek gerek däl. Pawlus hatlaryny adatça kätibine ýazdyrsa-da, Galatýalylara hatyny «öz eli bilen... uly harplar bilen ýazýar» (Gal. 6:11). Pawlusa-da, galatýalylara-da kitapda ýazylanlaryň ähmiýeti uludy. Onda mesihçileriň Isa Mesih arkaly gowşan azatlygyna minnetdarlyk bildirilýär.

PEÝDASY

14 Pawlus Galatýalylara hatda şeýle suratlandyrylýar: öňler mesihçileri rehimsiz yzarlapdyr, soňra özge milletler üçin resul bolýar, indi bolsa köp wagyz edip, doganlaryň bähbidi üçin göreşmäge hemişe-de taýyn (Gal. 1:13⁠—⁠16, 23; 5:7⁠—⁠12). Pawlus öz mysalynda gözegçiniň ýalan düşünjeleri Mukaddes Ýazgylar esasynda paýhasly paş edip, ýüze çykan meseläni derrew çözmelidigini görkezdi (Gal. 1:6⁠—⁠9; 3:1⁠—⁠6).

15 Bu hat Galatýadaky ýygnaklara köp kömek etdi, sebäbi onda Mesihiň mesihçilere beren azatlygy düşündirilýär we hoş habary ýoýjak bolýanlar paş edilýär. Şeýle-de adamlaryň iman bilen aklanýandygy we halas bolmak üçin indi sünnetlenmegiň zerur däldigi açyk aýdylýar (Gal. 2:16; 3:8; 5:6). Indi bedendäki tapawutlandyryjy alamatyň ähmiýeti ýokdy. Bu bolsa ýygnakdaky ýehudylaryň we özge milletleriň has-da agzybir bolmagyna ýardam etdi. Ýöne Kanundan azatlyk «günäli teniň nepi üçin ulanylmaly däl», sebäbi: «Goňşyňy özüň ýaly söý!» diýen prinsip entegem ýöreýärdi. Bu tabşyryk şu günlerem mesihçileriň esasy prinsipi bolup durýar (Gal. 5:14).

16 Pawlus öz hatynda Ýewreý Ýazgylaryndaky aýdyň mysallaryň kömegi arkaly galatýalylara mesihi taglymatlaryň köpüsini düşündirýär. Onda Hudaýyň ylhamy bilen Işaýa 54:1⁠—⁠6⁠-⁠nji aýatlarda agzalan Ýehowanyň zenanynyň «ýokarky Iýerusalimdigi» görkezilýär. Şeýle-de bu hatda Hajar we Sara baradaky «meňzetme» düşündirilýär hem-de Mesihiň Hudaýyň wadasyny miras aljaklary halas edendigi, indi olaryň Kanun astynda däldigi görkezilýär (Gal. 4:21⁠—⁠26; Bar. 16:1⁠—⁠4, 15; 21:1⁠—⁠3, 8⁠—⁠13). Pawlus hatynda şuny aýdyň düşündirýär: Kanun ähti Ybraýym bilen ähti ýatyrmandyr, ýöne onuň üstüni doldurypdyr. Mundan başga-da bu ähtleriň arasyndan 430 ýyl geçipdir, bu bolsa Mukaddes Ýazgylaryň ýyl ýazgysynda örän wajypdyr (Gal. 3:17, 18, 23, 24). Bularyň bary häzirki mesihçileri imanyny berkitmek üçin ýazylypdyr we biziň günlerimize çenli saklanypdyr.

17 Galyberse-de, Galatýalylar kitabynda pygamberleriň sabyrsyzlyk bilen garaşan Patyşa Nesli ýalňyşsyz görkezilýär: «Wadalar Ybraýyma, onuň nesline berildi... bu-da Mesihdir». Isa Mesihe iman arkaly Hudaýyň ogullary bolanlar şol nesliň mirasdaşlary hasaplanýar. «Mesihiňki bolsaňyz, onda Ybraýymyň nesli, berlen wada boýunça mirasçysyňyz» (Gal. 3:16, 29). Patyşalygyň mirasçylary we olaryň ýoldaşlary galatýalylara aýdylan çagyryşa gulak asmaly: Mesihiň bize beren azatlygynda berk duruň. Ýagşylyk etmekden ýadamalyň; çünki gowşamasak, wagtynda orarys. Hemmelere, ylaýta-da, imanlylar içerisine ýagşylyk edeliň (Gal. 5:1; 6:9, 10).

18 «Ten işlerini» edýänlere-de berk duýduryş berilýär: «Bulary edýänleriň Hudaýyň Patyşalygyny miras almaz». Geliň, bu dünýä mahsus azgynlygy we dawa-jenjeli goýalyň-da, «Ruhuň miwesini», ýagny «söýgini, şatlygy, parahatlygy, sabry, mähribanlygy, ýagşylygy, sadyklygy, ýumşaklygy we nebsiňe buýurmaklygy» ösdürmegi ýüregimize düweliň (Gal. 5:19⁠—⁠23).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş