Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 49 — Efesliler
Ýazan: Pawlus
Ýazylan ýeri: Rim
Ýazylan wagty: b. e. tak. 60-61 ý.
AÝDALY, sen türmä düşdüň. Sebäbi missioner bolup mesihi gulluga yhlasly gatnaşanyň üçin, seni yzarlaýarlar. Sen indi syýahat edip, ýygnaklary ruhlandyryp bilmeýärsiň. Eýsem, şeýle ýagdaýda sen näme ederdiň? Senden hakykaty eşidip, mesihçi bolanlara hat ýazsaň bolmazmy? Mümkin, olar seniň hal-ýagdaýyňy bilmek isleýändirler we olary ruhlandyrmalydyr. Takmynan b. e. 59—61-nji ýyllarynda ilkinji sapar Rimde tussag edilen Pawlus resul ýaly, sen hem hat ýazyp başlaýarsyň. Pawlus öň Kaýsara arz edipdi we ol kazyýet seljerişine garaşyp, tussaglykda bolsa-da, käbir zatlary erkin edip bilýärdi. Pawlus «Efeslilere hatyny» takmynan b. e. 60-njy ýa-da 61-nji ýyllarynda Rimde ýazýar we ony Onesimusa ýoldaş bolan Tihikus arkaly iberýär (Efes. 6:21; Kol. 4:7—9).
2 Hatyň ilkinji sözlerinden ony Pawlusyň ýazandygy aýdyň görünýär we mundan başga-da ol özüniň «Reb ugrunda bendidigi» hakda dört sapar göni ýa-da gytaklaýyn aýdyp geçýär (Efes. 1:1; 3:1, 13; 4:1; 6:20). Haty Pawlusyň ýazmandygy baradaky deliller örän ujypsyz, şol sebäpli olara üns bermeli däl. Çaklama görä, takmynan b. e. 200-nji ýyly bilen senelenýän Çester Bittiniň No.2 (P46) papirusy 86 sahypaly ýygyndydan ybarat. Oňa Pawlusyň hatlary hem girýär. Olaryň arasynda Efeslilere hat hem bar, bu bolsa onuň şol wagtlar Pawlusyň beýleki hatlary bilen bile bolandygyny görkezýär.
3 Irki buthananyň taryhçylary bu haty Pawlusyň ýazandygyny we ony efeslilere ýüzlenendigini tassyklaýarlar. Meselem, b. e. II asyrynda ýaşan Lionly Irineý Efesliler 5:30-a salgylanýar: «Keramatly Pawlusyň efeslilere hatynda aýdyşy ýaly, biz Onuň bedeniniň agzalarydyrys». Lionly Irineýiň döwürdeşi Isgenderiýaly Kliment Efesliler 5:21-de ýazylan sözleri getirýär: «Şoňa görä-de, onuň efeslilere hatynda ýazyşy ýaly, Hudaýa bolan uly hormatyňyz bilen birek-birege tabyn boluň». Origen b. e. III asyrynyň birinji ýarymynda ýazan işinde, Efesliler 1:4-de ýazylan sözleri getirýär: «Resul hem efeslilere hatynda şuňa meňzeş jümleleri ulanyp: «Ol dünýä gurulmazdan öň bizi saýlady» diýýär»a. Irki buthananyň Ýewsewiý (takmynan b. e. 260—342 ý.) atly ýene-de bir taryhçysy hem Efeslilere haty Mukaddes Ýazgylaryň kanonyna goşýar. Irki buthananyň beýleki taryhçylarynyň hem köpüsi Efeslileri ylhamly Ýazgylaryň bir kitaby hasaplaýarlarb.
4 Çester Bittiniň papirusynda, Watikan golýazmasy No.1209-da we Sinaý golýazmasynda 1-nji babyň 1-nji aýadyndaky «Efesdäki» sözi düşürilipdir. Diýmek, kime ýazylandygy görkezilmändir. Käbir adamlar şu ýagdaýy we hatyň özünde efesli mesihçileriň atlary tutulyp salam aýdylmandygyny (Pawlus ol ýerde üç ýyllap yhlasly zähmet çekse-de) göz öňünde tutup, megerem, hat başga birine ýa-da Kiçi Aziýadaky ähli ýygnaklara, şol sanda Efesosdaky ýygnaga ýazylandyr öýdýärler. Emma beýleki golýazmalaryň köpüsinde «Efesdäki» sözi bar we ýokarda agzalyşy ýaly, irki buthananyň taryhçylary hatyň efeslilere ýazylandygyny boýun alypdyrlar.
5 Käbir taryhy faktlary gözden geçirsek, hatyň näme maksat bilen ýazylandygyna gowy düşünmäge kömek eder. B. e. I asyrynda Efesos şäheri jadygöýlügi, palçylygy, müneçjimligi we hasylyň taňrysy Artemise edilýän sežde bilen tanalýardyc. Artemisiň heýkeliniň daşynda gurlan äpet ybadathana älemiň ýedi gudratynyň biri hasaplanýardy. XIX asyrda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde, ybadathana ini 73 we uzynlygy 127 metr meýdanda gurlandygy anyklanyldy. Ybadathananyň ini takmynan 50 metr we uzynlygy 105 metr bolupdyr. Ony 100 mermer sütün bezäpdir, hersiniň uzynlygy takmynan 17 metrdi. Üçegi ak mermerden ýasalan uly çerepisa bilen ýapylypdyr. Käbirleriň aýtmagyna görä, mermer bloklary birikdirmek üçin palçyk hökmünde altyn ulanypdyrlar. Ybadathana ýeriň ähli künjeginden zyýaratçylary özüne çekýärdi, baýramçylyk mahaly bolsa şähere ýüz müňlerçe adamlar gelýärdi. Ybadathananyň kiçijik nusgalarynyň we Artemisiň heýkeljiginiň satuwy Efesosyň zergärlerine ep-esli girdeji getirýärdi.
6 Pawlus ikinji missioner syýahatynda, wagyz etmek üçin biraz wagt Efesosda düşleýär, soňra başlanan işi dowam etdirmek üçin ol ýerde Akila bilen Priskillany galdyrýar (Res. iş. 18:18—21). Ol üçünji missioner syýahatynda, Efesosa ýene-de gaýdyp gelýär we ol ýerde takmynan üç ýyl ýaşap, köp adamlara «Mesihiň ýoluny» wagyz edýär hem-de bu ýolda nädip ýöremelidigini öwredýär (Res. iş. 19:8—10; 20:31). Pawlus Efesosda yhlasly zähmet çekýär. A. Ýe. Beýli «Mukaddes Ýazgylaryň ýazylan döwründe gündelik durmuş» diýen kitabynda şeýle ýazýar: «Pawlus daň atandan, tä ir sagat 11-e çenli öz käri bilen meşgullanmagy endik edinipdi (Res. iş. 20:34, 35), edil şol wagt hem Tirannosyň mekdebinde okuw gutarýardy. Soňra sagat 11-den, tä öýlän 16-a çenli zalda wagyz ederdi, kömekçileri bilen pikir alyşýardy... ahyrsoňy, öýlän 16-dan, tä giç agşama çenli öýden-öýe aýlanyp, hoş habary wagyz edýärdi (Res. iş. 20:20, 21, 31). Onuň iýip-içmäge we ýatyp dynç almaga nädip wagt tapandygyna geň galaýmaly» (Daily Life in Bible Times. 1943, p. 308).
7 Pawlus yhlasly wagyz edip, Hudaýa sežde edende şekilleri ulanmagyň nädogrudygyny görkezdi. Bu şekilleri ýasaýanlaryň we satýanlaryň gaharyny getirdi. Olaryň arasynda Dimitrius atly zergär hem bardy. Uly galmagal turanda, Pawlus şäherden gitmeli bolýar (Res. iş. 19:23—20:1).
8 Indi Pawlus türmedekä, Efesos ýygnagynda dörän kynçylyklar barada oýlanýar. Efesli mesihçiler butparazlaryň arasynda ýaşaýardy, galyberse-de, hemme zatda Artemisiň beýik ybadathanasynyň täsiri duýulýardy. Elbetde, mesh edilen mesihçiler Pawlusyň ýerlikli getiren mysalyna mätäçdiler. Pawlus olaryň özleriniň «mukaddes ybadathanadygyny» we Ýehowanyň şol ybadathanada ruhy bilen mesgen tutýandygyny görkezdi (Efes. 2:21). Bu mysal efeslilere Hudaýyň «taslamasy» (işleri dolandyryşy) baradaky «syryny» açdy we Hudaý taslama boýunça Isa Mesih arkaly parahatçylygy hem-de agzybirligi dikelder. Elbetde, bu efeslileri örän ruhlandyrdy we teselli berdi (Efes. 1:9, 10). Pawlus ýehudy we ýehudy däl mesihçileriň Mesihde agzybir bolmagynyň wajypdygyny belläp, olary agzybir bolmaga çagyrýar. Şulary göz öňünde tutsak, bu kitabyň maksadyna we gymmatyna has oňat düşüneris hem-de mukaddes ruhuň ylhamy bilen ýazylandygyna göz ýetireris.
PEÝDASY
16 Efeslilere hat mesihçileriň durmuşynyň ähli taraplaryna täsir edýär. Şu günler jenaýatçylyk we horluklar gitdigiçe köpelýär, şonuň üçin Pawlusyň sagdyn we peýdaly maslahatlary Hudaýa ýaramly ýaşamak isleýän adamlara köp peýda berýär. Çagalar ata-enesi bilen özüni nähili alyp barmaly? Ata-eneler çagalary bilen özlerini nähili alyp barmaly? Är aýaly bilen, aýaly äri bilen özüni nähili alyp barmaly? Bu zalym dünýäde mesihçiler agzybirligi, söýgini we mesihi arassaçylygy saklamak üçin näme etmeli? Pawlusyň hatynda şu sowallaryň jogaby berilýär. Şeýle-de onda täze ýaradylyşy geýinmegiň näme aňladýandygy görkezilýär. Biz Efeslilere haty öwrenip, Hudaýa nähili şahsyýetiň ýaraýandygyna we «çyn dogrulyk hem mukaddeslikde Hudaýyň meňzeşliginde döredilendigine» has oňat düşüneris (Efes. 4:24—32; 6:1—4; 5:3—5, 15—20, 22—33).
17 Şeýle-de bu hatda ýygnakda jogapkärli borçlaryň we ýumuşlaryň näme üçin berilýändigi düşündirilýär. Bu ruhy taýdan ýetişer ýaly, «mukaddesleri düzetmek üçin, gulluk işi üçin, Mesihiň bedeniniň abatlanmagy üçin» edilýär. Biz, mesihçiler hökmünde ýygnakdaky jogapkärli borçlarymyz bilen baglanyşykly tabşyrylýan ýumuşlary yhlasly ýerine ýetirip, «söýgi bilen... bedeniň Başy bolan Mesihe baka her ugurdan öseris» (Efes. 4:12, TD, 15).
18 Efeslilere hat I asyrdaky mesihçilere uly kömek etdi: olar «Mesihiň syryna» has gowy düşünip başladylar. Bu hatda ýehudylar bilen bir hatarda «özge milletler» «mirasa şärik... olar hem bir teniň agzalary bolup, Hoş Habar arkaly Mesih Isada berlen wada şärik» bolmaga çagyrylandygy aýdyň görkezilýär. Ýehudylar bilen özge milletleriň arasynda diwar kimin duran «buýruklar kanuny» ýatyryldy. Indi Mesihiň döken gany esasynda hemmeler mukaddesleriň raýatdaşlary we Hudaýyň maşgalasynyň agzalary boldular. Butparaz Artemisiň ybadathanasyndan tapawutlykda, olar Mesih Isada birleşip, Hudaýyň ruhy bilen mesgen tutýan ymaratyny döretdiler, ýagny Ýehowa üçin «bir mukaddes ybadathana» boldular (Efes. 3:4, 6; 2:15, 21).
19 Pawlus mukaddes «syry» açyp, «bu taslama görä... Hudaý gökde [gökdäki Patyşalyk üçin saýlananlary] hem ýerde [Patyşlygyň hökümdarlygy astynda ýer ýüzünde ýaşajaklary] bolan bar zatlary Mesihde birleşdirer» diýýär. Şeýdip, Pawlus Hudaýyň parahatçylygy we agzybirligi dikeltmek baradaky ajaýyp niýetine üns berýär. Ýüreginiň gözleri aýdyňlanan efesliler Hudaýyň beren umydyna doly düşünip, «mukaddeslere miras goýan şöhratly baýlygynyň... biçak uludygyny biler ýaly», Pawlus olar hakda doga edýär. Bu sözler olaryň umydyny berkiden bolsa gerek. Efeslilere ýazylan ylhamly hat şu günler hem ýygnaklary ruhlandyrýar, şonuň üçin biz ähli zatda «Hudaýyň bütin dolulygy bilen dolup» bilýäris (Efes. 1:9—11, 18; 3:18).
[Çykgytlar]
a Origin and History of the Books of the Bible. 1868. C. E. Stowe, s. 357.
b New Bible Dictionary, second edition. 1986. Edited by J. D. Douglas. c. 175.
c «Ýazgylara düşünmek» (iňl.). Jilt 1, s. 182.