Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • jy bap 39 sah. 98—sah. 99 abz. 7
  • Gulak asmaz nesliň waý gününe!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Gulak asmaz nesliň waý gününe!
  • Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Meňzeş maglumat
  • «Meniň ýanyma geliň, men sizi ruhlandyraýyn»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
  • «Meniň boýuntyrygymy dakynyň»
    Hudaýa gullugymyz — 2008
Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
jy bap 39 sah. 98—sah. 99 abz. 7
Isa bu nesil bazarlarda oturyp, deň-duşlaryna şeýle diýýän çagalar ýalydyr. Biz siziň üçin tüýdükde saz çaldyk, siz bolsa tans etmediňiz; biz zaryn-zaryn agladyk, siz bolsa hasrat çekmediňiz diýişi ýalydyr

39-NJY BAP

Gulak asmaz nesliň waý gününe!

MATTA 11:16—30; LUKA 7:31—35

  • ISA KÄBIR ŞÄHERLERI ÝAZGARÝAR

  • OL ADAMLARYŇ ÝÜKÜNI ÝEŇLEDÝÄR WE GÖWÜNLIK BERÝÄR

Isa suwa çümdürýän Ýahýa hormat goýýardy. Emma adamlaryň köpüsi oňa nähili garaýardy? Isa şeýle diýýär: «Bu nesil bazarlarda oturyp, deň-duşlaryna şeýle diýýän çagalar ýalydyr: „Biz siziň üçin tüýdükde saz çaldyk, siz bolsa tans etmediňiz; biz zaryn-zaryn agladyk, siz bolsa hasrat çekmediňiz“» (Matta 11:16, 17).

Isanyň sözleri nämäni aňladýar? Ol şeýle düşündirýär: «Ýahýa hem gelende, hemmeler ýaly iýip-içmedi, emma adamlar oňa: „Ol jynly“ diýýärler. Ynsan Ogly gelende, hemmeler ýaly iýip-içse-de, adamlar oňa: „Ine, hajymelik, arakhor, salgytçylaryň we günäkärleriň dosty“ diýýärler» (Matta 11:18, 19). Ýahýa nazyr bolany üçin sada ýaşaýardy, ol hatda şerap hem içmeýärdi. Emma bu nesil oňa «jynly» diýýär (Sanlar 6:2, 3; Luka 1:15). Isa bolsa başga adamlar ýaly ýaşaýardy. Muňa garamazdan, adamlar ony çendenaşa iýip-içmekde aýyplaýarlar. Isanyň sözleri adamlara ýaranyp bolmaýandygyny görkezýär.

Isa bu nesli bazarlarda oturyp, deň-duşlary tüýdükde saz çalanda, tans etmedik, zaryn-zaryn aglanda, hasrat çekmedik çagalara meňzedýär. Ol: «Şeýlelikde, adam akyldardygyny dogry işleri bilen subut edýändir» diýýär (Matta 11:16, 19). Hawa, Ýahýanyň we Isanyň eden «işleri» olara garşy aýdylýan aýyplamalaryň ýalandygyny subut edýär.

Isa gulak asmaz nesil barada aýdanda, Horazin, Betsaýda we Kapernaum şäherlerini aýratyn agzap, olary ýazgarýar. Sebäbi ol şol ýerlerde täsin gudratlary görkezipdi. Eger Isa bu gudratlaryny gadymy Finikiýa ýurdunyň Sur bilen Sidon şäherlerinde görkezen bolsa, onda olaryň ýaşaýjylary toba ederdi. Şeýle-de ol köplenç barýan şäheri Kapernaum barada aýdýar. Hatda ol ýerde-de adamlaryň köpüsi Isanyň habaryna sowuk-sala garadylar. Isa Kapernaum hakda: «Höküm gününde Sodomyň ýaşaýjylaryna size garanyňda has aňsat düşer» diýýär (Matta 11:24).

Soňra Isa ruhy hakykatlary «akyldar we bilimli adamlardan» gizläp, çagalar ýaly pesgöwünli adamlara açan gökdäki Atasyna alkyş aýdýar (Matta 11:25). Ol kiçigöwünli adamlara: «Eý ýadap halys bolan we agyr ýükli adamlar, meniň ýanyma geliň, men size dynçlyk bereýin. Meniň boýuntyrygymy egniňize alyň-da, menden öwreniň, çünki men ýumşak we pesgöwünlidirin. Şonda janyňyz dynçlyk tapar. Sebäbi meniň boýuntyrygym ýumşak, ýüküm ýeňildir» diýýär (Matta 11:28—30).

Isa adamlara nädip göwünlik berýär? Dini ýolbaşçylar dürli däp-dessurlar bilen adamlaryň gerdenine agyr ýük basýardylar. Meselem, Sabat gününiň düzgünlerini has-da kynlaşdyrdylar. Isa adamlara Hudaý baradaky hakykaty öwredip, olary şol adatlardan azat edýärdi we göwünlik berýärdi. Şeýle-de ol syýasy ýolbaşçylaryň agalyk etmeginden ýaňa ezilen we günä zerarly ejir çekýän adamlaryň ýüküni ýeňledýär. Isa olara günälerinden saplanyp, Hudaýa ýakynlaşyp biljekdigini düşündirýär.

Isanyň boýuntyrygyny dakan adamlaryň ählisi özüni Hudaýa bagyş edip, gökdäki duýgudaş we rehimdar Atamyza gulluk edip bilýärler. Sebäbi Hudaýyň tabşyryklary asla agyr däldir (1 Ýahýa 5:3).

  • Isa döwürdeşlerini haýsy manyda çagalara meňzedýär?

  • Gökdäki Atasyny şöhratlandyrmaga Isany näme höweslendirýär?

  • Adamlaryň ýaşaýşyny näme agyrlaşdyrýardy, emma Isa olara näme teklip edýär?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş